Ýürekdeş sözler!
Manolya : dün deli gıbı istedıgım şey bu gün midemi bulandırıyor
Şygyryýet dünýäsi
☆Öpeýin☆+8Opusmek diyseler Türkmende ayyp
onda seni gizlin halda opeyin
tum garanky gija sayat bol diyip
adam gecmez gizlin yolda opeyin
Opusilse gow bor saklansa serhet
yone ka erkekler bolyarda erkek
gyzykly yerime yetmankam entek
basyn sypap manlayyndan opeyin
Opusmegin diysen lezzeti basga
yone kan lezzedin ezyeti basda
keypi yakyn goyup,hayany dasda
balyn sorup dodagyndan opeyin
Meznun kibi soyip men seni opsem
armanym ne...
dowamy...Babaniyazow (08.02.2024 / 15:05) okaldy (251) teswirler (5)
Kerim Gurbannepesow+3
Söýgi näme? "Söýgi näme diýip soradym Taldan. Ol diýdi:"Söýgimi gidirip goldan, Örtenip, miwesiz galdym men,guzym. Indi miwäm yok-da, boyum bar uzyn". "Söýgi näme?" diyip soradym Hozdan. Hoz diýdi:"ýeňilip bir ajap gyzdan, Gabygym gatady, çürüşdi maňzym. Ondan beýlesinem özüň bil, oglum!" "Söýgi näme?" diýdim bir gara Garga. Ol diýdi: "Sataşyp yşk diýen urga, Garalyp galdym men, bişirdi hazan. Edil pamyk...
dowamy...imissyou (07.02.2024 / 15:59) okaldy (198) teswirler (4)
Kadinlar+3
Bazen,
Bazi kadinlar,
Saklar yarasini,
Korktuklarindan degil,
Cesur olduklarindan.
Tek başlarina ayakda durmaya alişik olduklarindan.
Sürmelerini çekerlar,
Saçlarini keserler,
Gülüşlerini ertelerler.
Ama ertelemedan haýellerini,
Devam ederler yaşamaýa.
Güven duýgusunu saklayarak.
Sakladiklari yaraya.
*Fatih Pala...
dowamy...imissyou (07.02.2024 / 15:00) okaldy (159) teswirler (5)
Käte seni şeýle göresim gelýär+6Käte seni şeýle göresim gelýär,
Egsesim gelýär köne derdimi,
Ellerim uzatsam yetermi saña,
Ýa sen elyeterden uzak yerdemi?
Käte seni şeýle göresim gelýär
Göwnümiñ güllerne ýetende şikes
Sebapsiz öýkelän çaga mysaly
Adyñ gaýtalayar içimdaki ses.
Käte seni şeýle küýseýän çensiz,
Ýüregim yüregñe basasym gelyar
Sensiz geçen günleñ sessizligini
Gözýaşlarym bn aýdasym gelýär......
dowamy...Dreamfull (07.02.2024 / 12:33) okaldy (171) teswirler (5)
Ümsümlik+1
Ümsümlik,
Aslynda üstünlik bize.
Galmagaldan, adamlardan çekilip.
Özüň bilen , diňe özüň gepleşseň,
Ýetdirmejek bagt ekeni ýekelik.
Käteler ýalňyzlyk iň gowy ýoldaş,
Kähalat ümsümlik iň ajap syrdaş.
Etsem-petsemlerňi aňyňda aýla,
Soňra jemle,
Soňra, amal et,
Synanş.
Wagt-puldyr.
Hatda puldanam gymmat.
Wagt Biribaryň peşgeşi bize.
Iň gowy peşgeşler puly berilmez,
Iň gowy peşgeşler görünmez göze.
Bolsa bolup geçsin töwer...
dowamy...yurekdes (06.02.2024 / 08:06) okaldy (146) teswirler (2)
... okañok indi.+5
Ädimlermi ýagta tarap ädeýin,
Ýogsam, tümlük halys ýüregme siñdi.
Setirlerme agram berip nädeýin?!
Barybir sen ony okañok indi.
Göwnüme bolmasa...
Ýok, göwnüme däl,
Bulañ bary turuwbaşdan gurnalan.
Gyşy çagyrmaga gidäýdimikä,
Ýazda gelip, ylham beren durnalar?
Bagtyñ gulagyny şyñladardyk biz,
Emri bilen kalba siñen hoş päliñ.
Emma bildim seni ýitiremde men,
Melamatyñ takdyrymdan daş dälin.
Ýöne ýagta tarap...
dowamy...Perman (06.02.2024 / 08:04) okaldy (146) teswirler (1)
Hemma bagt paylayan kiçijek ynsan+0
Ah cagajyk sen nahili mahirlije oz yylgyryan owadanja gulkin bilen aglap gelyan adamy guldirmage ukyply jadyly adamjyk... Yany gyzlar bilen seyilgahin icinden yorap baryadyk her yerinden bogulan edil kirpijikda diydiryan enayyja kicijek gyzjagaz ejesi bilen seyilgahde gezelenc edip yordi ojagaz nasyja guljagaz yorap barsyna "eje seret suw akya... anyrdada akya, seret eje hoool yerde suw akya" dp ejesine suw cuwdirimlerini...
dowamy...yurekdes (06.02.2024 / 08:04) okaldy (144) teswirler (1)
Eliñi ber baş goýaýyn goluña...+1
Eliñi ber baş goýaýyn goluña,
Demim mähir doly gursagña siñsin...
Erkiñ bilen bir pursatlyk söý meni,
Ajygan heserim yşgyñdan emsin.
Gözlermi ýumaýyn sämesin serim,
Pyşyrdyñ gulagmy geçsin gyjyklap.
U:ka berileýin günasiz cagañ,
Enesini ýatyşy deý gujaklap.
Gora düýşlerimi perişde bolup,
Gorasañ, bagtyma daýanaryn men.
Hem dañ säher wagty diñe bir seni,
Söymekligim üçin oýanaryn men.
Laçyn Öwezowa....
dowamy...yurekdes (06.02.2024 / 08:00) okaldy (173) teswirler (1)
Gosgy ''Gijeki myhman''+2
Gijeki myhman
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.
– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.
– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip...
dowamy...Plany (05.02.2024 / 17:58) okaldy (180) teswirler (1)
Bir söz paralady ýürek-bagrymy+3Bir söz paralady ýürek-bagrymy,
Bir demde kül boldy saňa ynamym.
Düşünip bilmediň ýürek urgyňa,
Ýa-da söýýänligiňe ýokdy ynamyň.
Kejirligimdenmi bilmedim, neçüýn
Özgeleň söýgüsin kabul etmedim.
Göreçlende görmek isläp özümi
,Belki şol sebäplem senden gitmrdim.
Unudaýyn diýip göwnüme düwsem,
Belkem, bir gün ýat bolarsyň dünýäme.
Düşünmez çekmedik bu duýgyň jebrin,
Agyr bolar bir düşünip bilýäne.
Terzide durun ölçäp duýg...
dowamy...Dreamfull (05.02.2024 / 09:20) okaldy (142) teswirler (4)
?????+4
Çagyryldym, bardym seniň toýuňa,.
Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy
Gutlamaly boldum, den-duşlam bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi.
Bokurdakda bir uly dash donup dur,
Bir soz diysem erap, yash bolup damar.
Emma, gutlamaly syrym bildirman,
Gozlerimden anar dostlaryn senin.
Ah, senem otyrsyn mana seredip,
Yekeje soz diysem gapyp alarsyn.
Onson men gozume yyldyzy goz dalde
Yyldyrym goz bilen talan salarsyn.
Ýylgy...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:47) okaldy (157) teswirler (5)
Uýañdyr+0
Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr. Enä meňzeş gussada. Gamlananda uýaňdyr. Iliň-günüň toýunda, Çyzgalandyr bilegi. Ak gündizler küýünde, Mähribanlyk dilegi. Ýazlara telwas etse, Edepsizdir çaklama. Güldür ol, şemal össe, Enesine ýaplanar. Gyz bolsa öz ýoluna, Enä ýakyn diýiler. Ýöne ataň halyna Oguldan öň gyýylar. Daşarda gaý gopsa-da, Närahatdyr deňiz deý. Bijaý sözüň oklama, Yzy galar meň...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:45) okaldy (131) teswirler (0)
Ýitirdiñ+0
Bagş etsemde saňa juwan döwrümi
Maňa tarap dönmedi ýol öwrümi
Özge ýara berip sen öz göwnüňi
Saňa bolan çyn söýgümi ýitirdiň.
Köňül içre muhabbetim puç boldy
Dönme yza dönaýseňem giç boldy
Eden sylag hormatlarym hiç boldy
Saňa bolan hormatymy ýitirdiň.
Men bolup galsamda sensiz bir geňli
Bolarsyň bir güni sen maňa deňli
Ozal saňa garasamda mähremli
Saňa bolan mährimi hem ýitirdiň
Ýokdur indi saňa ünsüm öňkije
Arzuwdyr...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:44) okaldy (114) teswirler (0)
Tanyşlar öwrülýa nätanyşlara+0
Ýüz bermeseñ, bökmändim men boýnuña,
Mar deý çakarsyňam, girsem goýnuña,
Düşünip bilmedim, DURMUŞ, oýnuña,
Telim ýola aldandym men yşlara
Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara.
Sende tapanjama kaýyl boldum men,
Yşka däl-de, söze maýyl boldum men,
Bir ýürekdeş dosta saýyl boldum men,
Neçüýn garaşaýyn ýazda gyşlara,
Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara.
Kynçylygyñ itip, şu döşüm bilen,
Ýaşadym huşum däl, ah, huşum bilen,
Gözde dolup gal...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:43) okaldy (126) teswirler (0)
Saña+0
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede
Ne- hä yşkdan,
ne hesretden gandyk biz.
«Söýýänem» diýipdik birek -birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.
Dözmezim sen,
gözleriňden syrykdym.
Dözmezim sen—saňa gurban bolaýyn.
Goýnuma dä l,
sen düýşüme giripsiň,
Söýgüden ezizim, dostdan golaýym!
Seniň penje -penje çasly gülküleň
Gül kimin galypdyr garyň astynda.
Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?!
Söýgi diýmek aýrylykm...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:40) okaldy (121) teswirler (0)
Unudylmajak eken mekdep ýyllary+0
Unudulmajak eken mekdep ýyllary
Oýnap ýaynap geçirerdik günleri
Partadaşa gowşurardyk gülleri
Ah çagalyk ýyllary ?
Ýürejikden dolar ýaşlyk depderi
Iki arada gatnar söygü hatlary ?
Gijelerne bolsa alagalmagal
Goñşylarny ýatyrmazdy itleri
Gündizlerne ogryn ogryn seredip
Goýardyñ sen yaş kalbymy eredip
Aýlanardym arzuwlarda armansyz
Şol gyzyñ şanyna şygyr döredip
Ine şeýdip yetdik ýetginjeklige
Uçrum bolup uçup gitdik çar...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:39) okaldy (155) teswirler (1)
Tahýa+0
Her agşam az-azdan paýlap gutardyň
Elbukjaňda gizläp ýören kişdäňi.
Şonda-da irkilmän, synlap otyrdym
Ak gaýmaly tahýa çeken keşdäňi.
Ak barmaklaň arasynda sozulyp,
Işilerdi ak ýüpekleň gaýmagy.
Gije-gündüz arzuw etdik biz alyp
Şol tahýany başymyza geýmegi.
Ýalňyz şerti bardy ony geýmegiň.
Sebäbi sen garaşýardyň ýaryňa.
Garaşýardy tahýa kimdir biriniň
“Agam gelýär” diýip, buşdularyna.
Hiç birimiz ony buşlap bilmedik.
Ý...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:37) okaldy (122) teswirler (1)
Ýar+0
Aglap ynjalan göwün deý iňrikde,
Asman için döküp guýýar ýagyşyn.
Damjalar syrygyp,süpürip geçýär,
Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym.
Gijeleriň kirpikleri irkilmez
Olar öýkelere düşüpdir ýesir.
Ozal köňle yşyk salan söýgümiz
Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim.
Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle
Ýa şübhe ynamňy ýaraladymy?
Günäsiz kalbyňa zäheri ornap
Täleý depderimi garaladymy?
Nädeýin,ýolumdan dänip bilmedim
Aýralyga pida e...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:34) okaldy (118) teswirler (0)
Çakylyk+1
«Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady!
Salamatmysyň?
Gudratlynyň beýikdigni bildirýän
Alamatmy sen?
Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň?
Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar?
Seslen!
(Men bilmek isleýän bilmesiz zady).
Kämahal asmanda bulutlar taýýar,
Basylýan.
Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm,
Ýitirýän özüm.
Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak,
Basymrajyk gel-de, eliňi uzat.
Eý, nurçyrag!
Şöhleleriň çeşmesi».
Uzak gije öz ukymdan ogurlap,
Şeý...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:33) okaldy (150) teswirler (0)
Gözlerim ýetmedi duýgularyña...+2
Gözlerim ýetmedi duýgularyňa,
Sözlerim bilenem aýdyp bilmedim.
Beletsiň belki-de meň gylygyma,
Tenim içre tüweleý deý düwledim.
Ýülmedim ne gözel arzuwlarymy,
Serhetden geçmäge gurbum çatmady.
Uzakda şagallaň uwlamalary,
Ot berdi gursaga
Ahyr çatlady.
Emr edere ne erk galdy, ne ýürek,
Ýarym aý dek bir bölegim hüýt gara.
Şu hal gelip alyp gitse batbörek
Sesim çykmaz gökde bürgüt tüýtse-de.
Bir bişowyň bijesi men, gözgyn...
dowamy...yurekdes (05.02.2024 / 00:33) okaldy (122) teswirler (1)
Jemi: 1339
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk