Ýürekdeş sözler!
Sebap : Seň ynjadan ýüregiňi Allah söýýän bolsa näme???
Şygyryýet dünýäsi
Men saňa gün-günden höwrügip barýan.+2Men saňa gün-günden höwrügip barýan. Görmesem bu ýürek oňmajak ýaly.
Hem sadyk guluňa öwrülip,barýan
Yşgymy seň bilen soňlajak ýaly.
Sensiz maňa gyzygy ýok bu dünýäň
Gyzygy ýok sensiz geçýän günleňem
Duýgulam seniňki,sen meniň dünýäm
Daşlaşyp ýaşamak kyn eken neneň.
Ömür çäkli sen dünýäni geňleme
Menzillerde mährimizi garaly
Gybatlary,göýdükleri diňleme
Biz kim bolsak,şonlugymyza galaly.
Sensiz maňa gyzygy ýok bu düný...
dowamy...Dreamfull (15.01.2024 / 12:14) okaldy (131) teswirler (3)
Ömri kül eden kirpik)+3
...Jübüt gumry toýa taýynlananda,
Gyz ýüzüne makýaž baryn etdirdi.
Ýasama dyrnakdyr,ýasama kirpik,
Hemmesini bir-birden ýelmetdirdi.
Şol pursat kirpige çalynýan ýelim,
Gyzyñ çep gözüne syrygyp damdy.
Bezenip,durmuşa çykmaly Zenan,
Indi gözden juda düşen adamdy.
Bir gözi görmeýän gözel zenana,
Geýdirdiler akja gelin köýnegi.
Gyzy "çyndan söýdüm" diýýän ýigide,
Agyr düşdi synasynyñ köýmegi.
Oglanyñ ýakynlary göwnemedi,
B...
dowamy...EjegyzS (15.01.2024 / 12:11) okaldy (126) teswirler (5)
Mana sensiz kyn !!!+1Maña sensiz kyn ezizim bilýäñmi?! Duýýañmy dönenmi ganatsyz guşa? Barha undup çynym bilen gülmäni Ýazym ornun berdi aýazly gyşa! Parhy ýitdi geçýän sagadyñ,ömrüñ Şonsuzam kalbymyñ ýetigä derdi... Ýañy söýüläýjek söýäýjek döwrüm Ykbal aýralygyñ gussasyn berdi! Ýalançynyñ agyr ýükün ýüklenip Öwrendimem aglandan soñ diñmäni! Şum ykbala garşy durdym diklenip, Ýöne sensiz kyn ezizim bilýäñmi?! Ýoklugyñda ýa...
dowamy...Dreamfull (15.01.2024 / 12:09) okaldy (131) teswirler (1)
Bagyşla!..+1
Eý sen syrly dünýe, eý syrly asman!,
Maña düşünermiñ syrymy diñläp,
Saña gürrüñ berjek yzyny kesmän,
Ynç alarym ýaly ýüregim ýeñläp.
Düýnümde birje söz göwnümi gyýdy,
Ýerine müñ sözem tutmady derek,
Derdimi dostlarma paýladym welin,
Güldüler, göwünlik bermäne derek.
Şu gün köp zatlary serimde aýlap,
Gaýgyly heñlere hiñlenip gezdim,
Semiz duýgylaryñ arrygyn saýlap,
Iki ýüzlülerden gizlenip gezdim.
Indi bolsa ýyldyzlara...
dowamy...yurekdes (15.01.2024 / 11:17) okaldy (143) teswirler (0)
Kalbymyñ dilegi+2
Synagly dünÿede,çäresiz wagtym,
Sabr ber,kalbymy dar etme,Allam.
Atadyr-Enedir,iñ uly bagtyñ,
Şolaryñ mährine zar etme Allam.
Durmuşda düşsemde oduñ ÿalnyna,
Ÿagşy zatlar,ÿazylsyn bu alnyma.
Ömür baky şikes goÿup kalbyma,
Öz bagtymy,özgä ÿar etme Allam.
Başymdan sow,ÿolumdaky gapany,
Özüñ ÿalka,senden Medet tapany.
Haksyzlara,iÿdirme hiç hakymy,
Rysgymy joşup ber,hor etme Allam.
Tanaÿyn durmuşda duşman kellesin,
Atan o...
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:16) okaldy (130) teswirler (1)
Kän zat gerekdäl+4
Maña ÿylgyrmana kän zat gerekdäl,
Bolÿar ÿakynlarmyñ barlygyn duÿsam.
Hemem bir-birege hormat goÿmagy,
Şygryñ üsti bilen gursagna guÿsam.
Maña ÿylgyrmana kän zat gerekdäl,
Şükür çagalarymyñ ÿetişenin görsem.
Daşyndan guwanyp şolañ bagtyna,
Sag-aman ojagymdan öÿümden örsem....
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:13) okaldy (164) teswirler (2)
Ýüregim gysýa+5
Ertir näm boljagym belli däl heniz,
Garjaşan beýnimi agyrlyk basýar,
Şükir ähli zadym ýerbe-ýer ýöne,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Her sekuntda çyrşap gara kirşenin
Ýalanlar tiz-tizden gursagma busýar,
Ýalñyzlyk derdine baglanan ýaly,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Ençe meýillere hyýala berilip,
Demir diýenlerim gidipdir poslap,
Idegsiz ekin deý, güne serilip,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Arzymy aýdara ada...
dowamy...yurekdes (15.01.2024 / 11:13) okaldy (198) teswirler (2)
Ikilik eden oglana+3
Öz gülüñi soldurypsyñ,Gutlaÿan!
Indi saman ysgap ÿörersiñ,dostum.
Gyzyñ aglaÿşyny görmeseñ-de sen,
Günäñ iñ beÿigini görensiñ dostum.
Gadry bipmeÿändir söÿülÿänlerem,
Oña señ daşyñdan göz ÿetirdim has.
Söÿülÿänimize göz ÿetiremizde,
"Menden başga gitmez"diÿip ÿaşaÿas.
Bu günüñ-ä geçer,keÿpi-sapada,
Ullakan geljek ÿatyr-a gör,öñde.
Belki ÿumşar,daşdan has gaty kalbyñ,
Öz gyzyñda edenlerñi göreñde.
Hem-ä hemmä ÿigrendird...
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:10) okaldy (167) teswirler (3)
Gujaklasym gelyar ozum ozimi... (Her sahyrdan bir bent)+4
Biwepalyk etse ýakyn ynsanym,
Tyg eýleýip kalba bassa közüni.
Bu dünýäde gaçyp hemmä ynamym,
Gujaklasym gelýär özüm-özümi.
Kerim Hallyýew
Dogryñ ýok ýerinde ýalan mesele,
Belki bardyr bir ýerlerde çözüwi.
Eger duşsam söýgi atly kesele,
Bejeresim geler özüm-özümi.
Jemşit Hajymammedow
,,Dost" diýip ýüz görsem, tämizlik üçin,
Käte diýip bilmän diýjek sözümi,
Meni şatlandyrjak kämillik üçin,
Ýazgarasym gelýär özüm-özümi....
dowamy...yurekdes (15.01.2024 / 11:09) okaldy (154) teswirler (2)
Bolmasa+5
Erkek ÿeke galar käri bolmasa,
Aÿal gepe galar äri bolmasa.
Peÿda ÿokdur sandykdaky puluñdan,
Keseliñ derdine derman bolmasa....
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:08) okaldy (143) teswirler (1)
Meňzejek eken+3
Aÿal gördüm erkek kimin gurbatly,
Erkek gördüm aÿalça ÿok müñ gepli.
Kä aÿallar erkekdenem haÿbatly,
Erkegem aÿala meñzejek eken.
Adam gördüm haÿwança ÿok wepasyz,
Kä adam bar bu durmuşa sapasyz.
Bolmaÿarmy munda ÿaşap jepasyz,
Adamam haÿwana meñzejek eken....
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:05) okaldy (137) teswirler (2)
Duÿular saña+3
Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña,
Yza dönmejegmi bileñde baky.
Sessiz gijelerde batarsyñ gama,
Ne men dolanaryn,ne-de bir uky.
Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña,
Günler sähel kemäÿse ÿylgyrşyñy.
Peÿdasyz galanda töwerek-daşyñ,
Ÿatlarsyñ sen göwnüñ tapyp durşumy.
Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña,
Tapylman söÿgüde men dek aÿnadan.
Köçäñizden ÿat adamlar geçende,
Mendir öÿdüp gararsyñ sen aÿnadan.
Bir gün meñ ÿoklugym d...
dowamy...Admin (15.01.2024 / 11:00) okaldy (138) teswirler (3)
Ölmäne taÿyn+8
Gördügimçe ÿene gözlerim küÿsäp,
Ÿaşamana höwes artÿar gün saÿyn.
Ÿüregime eÿe çyksañ ezizim,
Zülpüñden asylyp ölmäne taÿyn.
Gözlerime dikseñ birje nazaryñ,
Ynanaÿ şol pursat bar zada kaÿyl.
Bagt guşuma dönüp gonsañ ömrüme,
Demimden kesilip ölmäne taÿyn.
Eger duÿman geçseñ näzik duÿgulam,
Bolsañ özge yşga tötänden maÿyl.
Ÿerden çañ göterip galan aÿaklañ,
Astynda basylyp ölmäne taÿyn....
dowamy...Admin (15.01.2024 / 10:58) okaldy (188) teswirler (5)
Ine, köçe. Ine-de biz. Ümsümlik.+4Ine, köçe. Ine-de biz. Ümsümlik. Ädip barýas ädimimizi gyssanman. Ümsümligi sheýle söýüpsiñ weli, Hatda, ony gijedenem gysganýañ. Dury asman. Patrak ýaly ýyldyzlar. Ýañy dogan Aýam bezeg asmana. Hut shu görnüsh hemsaýaña öwrülip, Ýüregiñ sesine gulak asmaga. Ýardam berýär hemem göwündeshiñ ol, Okaýar kalbyñy - içki dünýäñi. Dash-töwerek sheýle imisalalyk, Ýaprak ygshyldysy, bagdan tänýäni. Eshdilip dur....
dowamy...Dreamfull (15.01.2024 / 09:53) okaldy (126) teswirler (1)
"Bagyşla..!"+10
Öllense leblerim gözüňden akan ýaşa,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.
Kalbym ýerinden oýnar adyňy her tutuşda,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.
Ne baharda gelersiň, ne ýagmyrda, ýagyşda,
Belki menem aglaryn gözlerim her doluşda,
Bu söýginiň ýelleri az hem bolmazla başda,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.
Geçse sensiz bir ömür adyň galsada daşda,
Damjalar seni ýatladar, her ýagan ýagyşda.
M...
dowamy...Arzuw (15.01.2024 / 05:06) okaldy (149) teswirler (3)
Ýagsana kalbymyň üstüne!+5
Ýagsana, kalbymyñ üstüne, Duýgularmy buýdursana, Göwnüm añzakda ýaly, Gar bolup ýag, Ýagmyryña zar bolupdyr, Seni küýsän hyýallarym, Zyýanlylañ zyýanlaryn, Bu beýnimiñ dumanlaryn, Ynamymyñ gümanlaryn, Bagrymda öýen ganlary, Ýuwar ýaly ýag, Ýagsana. Dul şatlygy sallah gussa, Durmuşa çykar, ýa öýer, Guran arzuwlarmy suwla, Uklan umydymy oýar, Men özüme geler ýaly, Damja bol, ýüzüme dam sen, Ýag sen. S...
dowamy...King-official (14.01.2024 / 15:06) okaldy (151) teswirler (1)
Iliñ çagasy)+5
"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol kakamyñ öwýän "iliñ çagasy".
Bäş wagtyna namaz okaýan eken,
Goñşymyz Myradyñ naskeş agasy.
"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol ejemiñ öwýän "iliñ çagasy".
Obamyzda ar-namysly Almagül,
Başga ýerde on oglanyñ balasy.
Olar-şerbet eken,men bolsa erbet,
Olar- gül bolupdyr,men bolsa tiken.
Olar-kislaroda baý agaç bolsa,
Men-saman ekenim,çöl ýerde biten.
Şeýdip öýdäkileñ beren badyn...
dowamy...EjegyzS (14.01.2024 / 11:08) okaldy (159) teswirler (3)
Agladar+4
Cagalykda bolsa yekeje kemin Kemin yuze basyp den dus agladar Bagt gozlap gezsen butin omurin Bir akmaga gonup bagt gus agladar Akyl berer sana bir giden "Dana" Isin dusse gider hersi bir yana Yalnysmagyn "dost" diyip her ynsana Kyn gunun yuz sowsa yalnys agladar Oyini yylatsa baylygyn kozi Men diyip asmana tutsanam yuzi "Ejiz" diyip agladayma bir gyzy Gargasa omrune gargys agladar Bu dunyanin armany kan...
dowamy...yurekdes (13.01.2024 / 23:02) okaldy (155) teswirler (4)
Gaýdyp gelme! Gaýdyp berme bagtymy!+4Gaýdyp gelme! Gaýdyp berme bagtymy!
Goý, garañky dünýäm shonlugna galsyn!
Indi derdiñ çekäýerden agyrrak,
Ýatlamalaryñam syr, süpür barsyn!
Bagrymy daglady özgäni söýshüñ,
Meñ söýgümi alyp aýak astyna.
Indi men düshündim, sho bolshuñbilen,
Çykypsyñ sen ak bagtymyñ kastyna....
dowamy...Dreamfull (13.01.2024 / 23:02) okaldy (140) teswirler (3)
Aglama ey gözel, süpür yaşyñy!+2Aglama ey gözel, süpür yaşyny, Yere garap durma,galdyr başyny
Bir azajyk darap goyber saçyny,
Gamlanma gyz, uyajygym gam çekme
Syyn edip gör, gamgyn gözel akyl et,
Entak yaş sen, bu yaşyna şükür et,
Durmuş kyyndyr,duryp biraz pikir et,
Bilip bolmaz ykbalyny önünden
Yigitler düyşünde görerler seni,
Uyam! Her zadynam bardyr bir çeni,
Eger senem biraz sylasan meni,
Bu howlukmaç yigitlere at dakma
Her yigidin bardyr az-kem ya...
dowamy...Dreamfull (13.01.2024 / 11:54) okaldy (147) teswirler (2)
Jemi: 1337
Soňky teswirler
Ýokaryk