Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Çagaňyza hiç kime hakyňy iýdirme iýdirme diýip däl-de HIÇ KIMIŇ HAKYNY IÝME diýip öwrediň

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Gûÿzûñ gelerine garaşýadym men.+4
Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat ýeke söz üçinem göreşýädim men. Hiç kime duýdurman, hemem assadan, Güýzüň gelerine garaşýadym men. Üstüme gülleriň ysyn sepelän, Ýeller, ak çabgalar ýazlarda galdy. Ýöne meniň görmek isleýän zadym, Süýji arzuwlarym ýazlarda däldi. Köýnek geýip egne sary güllerden, Begenýädim güýz gelende çaga deý. Aýdyň maňa, urup duran ýüregiň küýsegine bolupmydy çäre heý? Bir işiň başyna barmaly bols...dowamy...
ÝÜREKDEN SÖÝ SEN.+3
Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,. Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi, Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň. Häzir başga birin salsa-da ýada Şapaga boýalan galňas köýnegiň, Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň. Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup, Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene, Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip, Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa. Duýulmasyz zatlar...dowamy...
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, Bigünä söýgüden ar alanynda…+1
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap, Ýene göz öňümde janlandy şol gün. Neçün, henizlerem bilip bilemok— Şol gün juda-juda göründiň solgun. Durnalaň toýnugna dikip nazaryň, Sypalap durşuňa güýzüň güllerin. Bir zat diýmekçidiň, başarmadyň sen, Eda bilen gozgansa-da lebleriň. Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi, Seň ahmyrly gözleriňden okadym. Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden, Goýup söýgimiziň soňky nokadyn. Haýran bol...dowamy...
Sensiz oñmaryn.+1
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,. Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly Uzak aýralygy depeläp, syçrap, Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly. Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen, Öz öñümde aklamaga özümi. Döwüş gurap köräp duran nar bilen, Sowatmaga ýüregimiñ közüni. Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma, Täzeden direlip dörärim ýaly. Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma, Doñup dur seresap ýörärim ýaly! Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur...dowamy...
Sapdyň+2
Sada söýdüň, sada synadyň, Säherler senada ýada saldygym. Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn, Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň. Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim, Permanym pes gelip pälwan pelekden. Sensiň diýip bagrym dilip diňledim, Gök titredip aglanynda melekler. Nerkes gözüň nury öçdi gussada, Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme. Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata, Taýyn däldik beýle agyr hijrana. Kem-kem boýun aldym h...dowamy...
Gabanma!+2
"Gabanyan" diyemde, "Gabanma" diydin. "Aglayan" diyemde, "Gamlanma" diydin. Kate gowunlikdin. Ejiz kalbyma, Kate gownum yykdyn, Donup salgyma. Goresim gelende,"Sabyr et" diydin, Shygyrlarmy okap,"Gabyr et" diydin. Duymadyn yuregmin,Ejiz galanyn, Cydaman dowuldi,Ejiz galamym. "Men yeke" diyemde,Sowdun yuzuni. "Men iki" diyemde,Yashlap gozuni "Meni yekelikde tashlama" diydin. "Menem bir wagtlar tashlanan" diyd...dowamy...
Söýgi bilen dolumydy kükregiň+1
Söýgi bilen dolumydy kükregiň Ýa-da özüň durşuň bilen söýgümi Ygşyldadyp gülälekleň ýapragyn Durmuş berdi maňa seniň aýdymyň. Hasrat bilen dolumydy gözleriň Ýa-da özüň doňup galan gaýgymyň? Ygtyýarym elden alyp sözleriň Meni derde goýdy seniň aýdymyň. Ýa şatlyga ýugruldymy ýüregiň Ýa baharlar joşup akýan derýamyň? Seni diňläp hem söýgüden, hem gandan Hem şatlykdan doldy meniň çar ýanym. Göý, ýaşasyn aýdy...dowamy...
****+2
"Bir derdim var artık tutamam içimde..."                                           (Aýdymdan) Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim. Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!". Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?! Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri. Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik Unutdyk ertiri,öýle,giçligi Dünýä gurduk ikimizden ybarat Soñam oña salaýmadyk hiç kimi. Ökünýäñmi? Egmesene başyñy! Indi yza garamaklyk nä gerek?! Bu dünýäde...dowamy...
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap...+4
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap, Gyssandyň gunçala:n gőwnűň açmaga Sebàp ýokdy bukjalaryň gujaklap Őnűp-ősen ojagyňdan gaçmaga. Gaçdyň gitdiň,sorup ýuwdunaryňdan, Az ýaly őýňűziň tàmiz howasy Çagalykdan diňlàn hűwdűleriňden Ýakymlydyr őýtdűň yşkyň owazy Aýdym-saza hem zenzelà çolaşyp Ýetdiň edýàň arzuwyňa-geregňe Şatlan,aldyň bu şatlygy çalşyp Ataň-eneň sőýgűsiniň deregne. Diýýàň bu gűn«Razy bol» bir diysemd...dowamy...
Gitmeýäň gerek.+3
Geçmişiň çolaşan ýumagyn söküp Henizem sen meni ýatlaýaň gerek?! Ýalňyzkaň otagda göz ýaşyň döküp Armanly günlere ätleýäň gerek?! Keşbimi küýsäňde suratym jyklap Kalbyňy ýalandan şatlaýaň gerek?! Hyýalyňda ötünç sorap, gujaklap Söýgüde özüňi aklaýaň gerek?! Ömrüme ýakymly ýatlama diýip Menli günleriňi toplaýaň gerek. Aýralygyň otly donuny geýip Janyňy ataşa oklaýaň gerek. Bir namardyň ýazgarylsa edeni Sessiz başyň egip...dowamy...
Ýaman aýal hakynda.+1
Diňle dostum ýaman bolsa aýalyň, durmuşda köp bolar çeken zyýanyň, köýüp gider arzuw bilen hyýalyň, aýal öýde höküm sürse şeýle bor. Aklyň haýran bolar çaşyp dargarsyň, zeýrenersiň öz özüňe gargarsyň, içiň ýanyp wagtyndan ir garrarsyň, aýal öýde höküm sürse şeýle bor. Etjek işiň üstüne gar ýagdyrar, sygmajak ýeriňe depip sygdyrar, çagalaň öňünde başyň egdirer, aýal öýde höküm sürse şeýle bor. Doganlaryň gele bilmez, çe...dowamy...
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy)+2
Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn, (Munça içmekligiñ ýokdy geregi) Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ, çenden aşa köp içende aragy. çüýşleriñ sany bolupdyr elli, Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli, Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli, çenden aşa köp içende aragy. Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden, Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan, Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden, çenden aşa köp içende aragy. Jülgedir,Awaza hem-de ak bugda...dowamy...
Degisme aheñde(Gyzlar!)+1
Bizar boldum telefonyň jaňyndan. Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan Oglumy gününe goýuň siz gyzlar "Söýýän" diýip ony oda salýaňyz Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Agşama howlugýar sagadyn belläp Duşuşanda berjek sowgadyn telläp Käte urlup gelýär,dodagyn sallap Oglumy gününe goýuň siz gyzlar Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar Düýş...dowamy...
Aglasdylar goterdiler jesedin...+1
Aglaşdylar, Göterdiler jesedin, Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ Ýöne il içinde gepi köpeldi, Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn. -Ol, edeplidi. Estagfuralla, Adamzat ölmese, görjek her zady Akylly diýäniñ çykýar bihaýa Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady. -Özüne kast etjek gyzlardan däldi. -akyllydy, -edeplije çagady, -Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme? Ene welin, bagryn tutup aglady, Gyz gitdi. Göwrelimiş diýdiler, Käsi ý...dowamy...
Gosgy+1
Hasrat cekip bagtly gunlen yuzune Gecip baryan yaslygymyn deninden Ajy gozyas dolup bu gun gozime Aydym aydyan kecpelegin heninden Inni gen goremok soyenlem gitse Genlamok dostlaram gulse ussimden Men durmusdan dine bir zat hantama Kemal tapsam bolya ata kesbinden Yok men ykbalymdan nalamok asla Gapym kakar ahyr bagtly gunlerem Janym sagat, şükür bolamok hassa Janlanyar ahyry solan güllerem Dost diyenlem...dowamy...
GEREK DÄL. ÖTÄGIT. ÖZÜŇ AKLAMA...+2
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama, Barybir öz pikirlemden dänmerin. Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa, Keseki doldurar dolmadyk ýeriň. "O dünýede hökman duşarys!" diýme, Şu dünýede gören görgim azmy nä. Sen zerarly şine ýardy beýnimde Saňa duşanymdan soňky bar günä. Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň, Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma? Gitdiň. Men maňlaýym tutdum oturdym, Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma. Ýogsa How enäniň edeni...dowamy...
Cagajykdym..+5
Cagajykdym heniz ,eje gujakda Bilermidim?Bu dunyaniñ zulmuny Dunya ineniñden bashlayar durman Ajy hem suyjúli,'Durmush' synagy. Cagajykdym,ak-garany saygarman Kimsi dos,kimsiniñ netini bilman Yylgyrardym ,bagtlydym men bir dowur Sol..cagallyk dowrim,gecipdir galman Cagajykkañ hezil,durmushuñ guni Jahyllyk wagtyñ hem bilenok ceni Wagty gelse,gozñe basyp owredya Bu ykbalda,oz ornuñy bilmegi...dowamy...
Gözlen oynamasyn sakla erkini+2
Gözlen oynamasyn sakla erkini, Din-Imana bagla yürek örküngi, Elwan bägüllerden ajap görküni, Yaman gözlilerden gizläp saklagyn.. Dost diyip dushmana baglayma bili, Musulman gyzysyn yitirme dini, Öljegini bilsende aldama ili, Dine hakykaty sözlap yashagyn. Bir gün gyz bashyna atarlar kürte, Shol gün gyz bolsanda gelinsin erte, Süyjülik suwuny yüzüne sürtde, Bagty bir nikadan gözlap yashagyn.....dowamy...
Gosha juwan+3
Ýeke dogýar eneden, Ýeke-de ölýär ynsan". Diýen pelsepäñ bilen. Asla ylalaşmaýan. Ekiz taýy hasap däl, Ony mysal aljak däl... Ýöne ýañky pikirñe, $ärik bolup biljek däl. Gyz maşgala dogulsa, $übhesiz sheýle bolyar: Şol gyz üçiin nirededir, Taý oglanam dogulýar. Şol gyz bilen şol oglan, Alyp görsek, aslynda, Dünýäniñ başlangyjy, Hem dowamy neslinde... Gep şol gerekli gyzy Ýigidiñ tapmagynda, Iki uly arzuwyñ, Ykbaly çatmagy...dowamy...
Hoş gal+5
Hoş gal, göwni bölegim! Hoş gal! Mundan beýläk çekmäli ejir! Gamly pikirsizem ýaşap göreýin, Senem günleriňi şatlykda geçir! Aý dolanda, ýekelikde synlaýyn, Senem düşün, täk başym bar meniňem. Hatda, indi düýşüme-de girme-de, Bolup törde uz ýaşynýan gelinim. Hoş gal, söýgim! Hoş gal, kalby gubarlym! Hoş gal! Hoşlaşmaga ýaýdanmaly hiç! Geçilmeli ýol uzakdyr, belki-de, Ykbalyma meňzeş ykballa d...dowamy...
Jemi: 1338
<< 1 ... 64 65 66 67 >>

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика