Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Köp adamyň gadyry diňe ol wepat bolandan soň bilinýär.
Şygyryýet dünýäsi
Bagt hakynda+4
BAGT HAKYNDA.
Gujak-gujak bagt gowşuryp gujagma,
Delje-delje goşgy baryn goşduran,
Şahyrlaryň derdi ýaly dert berip,
Ýürejigmiň bagjygyny açdyran!
Bulutlara boýdaş bagt berdiň maňa,
Sen meniň kalbymda bahar oýardyň.
Arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp,
Goşgy ýazmagyma bahana berdiň.
Seniň arzuwyňda gijelerine
Keýp edip ýazdym men, waspdan irmedim.
Hyýalymda saňa goşgy diňledip,
Seniň islegiňçe redaktirledim....
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:09) okaldy (198) teswirler (1)
Sòýgà+4Söýgä
Ýanyp-köýüp otyranym düýndi-le,
Bu gün buza döndüm,
nämüçin beýle?!
Öñem käbir gülüp bakmaýan ykbal,
Diýdi: "Sen indi bir dogry ýol saýla!".
Ýogsa entek söýjekdim men bagrymy
paralap
hem agaçlary gujaklap,
Ýok,sen birden beýdip öçmelem däldiñ,
Goýduñ neçüýn aýaklarmy dushaklap?!
Söýjekdim-ä onuñ ýylgyryshlaryn,
Oýnaklaýan gözleriniñ agyny.
Ony ýüregime ýat kyldyñ,
indi
kim çekisher ýüregimiñ dagyny.
Ýok,men entek bu...
dowamy...Dreamfull (10.01.2024 / 23:33) okaldy (145) teswirler (3)
Bir yurekdesh gozledim men.+5Aglan wagtym yalnyzlykda
Derdim ceken ozim boldum
Gynalamson aram-aram
Men bir yurekdesh gozledim
Menzil gecip yollar ashyp
Kan satashdym,nadanlara
Ikiyuzli,yalancylyk
Gelishyarem ka ' adama.
Gunam name ,bilmedim men
Soradym her bir otenden
Aydyñsana name etdim men
Bir yurekdesh gozlapdim men...
Avtor nabelli......
dowamy...Dreamfull (10.01.2024 / 23:27) okaldy (195) teswirler (3)
Sen gitdiñ.....+2Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp, Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň. Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk.
Diňlemeli boldum,diňlejek däldim.
Indi asla eşdebilmen sözleriň,
Seňem meni görebilmez gözleriň.
Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin
Alkyşymam, gargyşymam dözmerin.
Indi bize iller ogryn garamaz,
Indi baga barmarys biz bileje.
Barmaklarym saçlaryňy daramaz,
Posadan soň bulaşanda çalaja.
Sen gidip, gör, jyda düşd...
dowamy...Dreamfull (10.01.2024 / 17:50) okaldy (147) teswirler (0)
Enemiň üçi güni ýazylan setirler+5
Sen barada galp setir çyrşamak jenaýatdyr. Sen öwretdiň galp sözüň, çyn sözüň yslaryny. Beýik ene dilimde (diýmek, Seniň diliňde) Paýlapdym il-günüme sözleriň rastlaryny. Seniň diliňde gepläp, iliň gaşyna çykdym, Şol dil bilen ýazgardym biweçleň köstlerini. Şol dil bilen pyşyrdap, Baş söýgimi syzdyrdym. Şol dil bilen göterdim mukaddes tostlarymy. Bu gün meniň ýüregme ne tost,...
dowamy...halmyradov (10.01.2024 / 14:42) okaldy (145) teswirler (2)
Şahyr+3
Dünýäde köp boldugyça
uly şahyr kişiler,
Dünýäň bagty beýgeler,
dert-azary kiçeler,
Şeýledigin bilýändirler
ähli menden ulular,
Bilsin menden kiçiler.
Şahyryň şahyrlygy näme
bilen ölçeler?
Ony mydam ölçäpdirler
iň uly ölçeg bilen.
Şahyr çyn şahyr bolanda,
ykbaly örkli bolar
Dünýäň şu güni bilen,
dünýäň geljegi bilen.
Dünýäde köp boldugyça
şeýle şahyr kişiler,
Dünýäň ömri uzalar,
dert-yzasy kiçele...
dowamy...halmyradov (10.01.2024 / 14:40) okaldy (136) teswirler (2)
Özüme+5
On üçmi Ýa on dört ýaşap, Çepek geýip, ile çykdyň. Galamyňy dula taşlap, Çep gulakly pile çykdyň. Ataň öldi. Towlanmadyň. Möňňürmediň. Togalanmadyň. (Ýa-da juda oglanmydyň? Ne sebäpden beýle çykdyň? Aga ýitdi, ata öldi, (Gezermikäň hülli-hülli!) Ýöne Seniň bagtyň geldi – Eneň bilen ýola çykdyň. Kabul etdi agras Tejen, Bugdaýlary goňras Tejen. Burugsa, burugsat, Tejen. Bir ot gözläp...
dowamy...halmyradov (10.01.2024 / 14:37) okaldy (143) teswirler (1)
Gyrgyz ýüregi+5
Gyrgyz şahyry
Guwançbek Mälikowa
Aladagyň başy bolsa-da ala,
Gyrgyz ýüreginde görmedim ala.
Gyrgyz ýüreginiň päkizeligi
Ak gardan-da päkdir ýüzlerçe ýola.
Ýa-da ak garlar hem päkizeligi
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?
Dereleň gujagy gözeldir-gözel,
Her otuň ýapragy tutuş bir gazal.
Eger bilen bolsam, iň gözel ýeri
Gyrgyz deresine deňärdim ozal.
Ýa-da dereler hem gözelligini
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?...
dowamy...halmyradov (10.01.2024 / 14:36) okaldy (132) teswirler (1)
Ömrümde bir gezek ýalan sözledim+6
Köne soldatyň öýünde. Ömrümde bir gezek ýalan sözledim, Bagyşla, köşegim, bagyşla meni. Nädip aldamaýyn, saňa dözmedim. Durmuşda hemme zat bolýan ekeni. ...Onda ýaşajykdyň. Dil bitip ýaňy, Zordan ony-muny sorap bilýärdiň. Biri bir zat diýse, eje-kakaňy Gygyryp, gapydan aglap gelýärdiň. Derrewem öýkäňi ýatdan çykaryp, Boýuma-boýuma bökerdiň ýene. Oýunjaklaň baryn gapdan çykaryp, Üýşürip öňü...
dowamy...halmyradov (10.01.2024 / 14:34) okaldy (250) teswirler (3)
Igor Agliýskiniň "Ýüz sözdäki durmuş" goşgusyna wariasiýa+3
Agy. Emzik. Sallançak. Düýş.
Hüwdi. Gundag. Galpak hem diş.
Selpeme. Oýunjak. Jigi.
Keman. Şänik. Aşyk. Jübi.
Mekdep. Ikilik, soň bäşlik.
Pökgi. Badak hem basdaşlyk.
Oýun. Ýaňsy. Dawa. Ýumruk.
Syrylan baş. Otly. Gulluk.
Oba. Köçe. Mellek. Pagta.
Şäher. Dellek, soň paýtagta.
Kitaphana. Tahýa. Synag.
Talyp ýyllar. Käýinç. Sylag.
Söýgi haty. Gyz. Duşuşyk.
Leksiýa. Uky. Kitap. Yşyk.
Internet. Arzuw. Ýyldyzlar.
Eller. Leble...
dowamy...yurekdes (10.01.2024 / 11:15) okaldy (154) teswirler (4)
Seň toý günüň ...+6
Seň toý günüň...
Toýlan günüň gaýgymy
Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...
Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,
Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.
Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,
Howlugardyk bir-biregi görmäge.
Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.
Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!
Degerli bir bahana-da tapmandyň
Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.
Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,
Menem artyk söz tapmandym diýmäge.
Şeýdip, ahyrlady...
dowamy...yurekdes (10.01.2024 / 11:10) okaldy (170) teswirler (5)
Zar men+5
Öýkelegim öýke saklama menden.
Söýüp seni cykdym çak bilen cenden. Men pahyrda yshk peryadyn döreden
Seniñ shirin sözleriñe zar menem
Didelerñe satashanda gözlerim
Derbi dagyn bolyar aytjak sozlerim
Leýlajan diýmäge zardyr dillerim
Ayam söýýän sözleriñe zar menem
Gözümden daman yash adyñy ýazýar
Olar has köpelip topragy ezýar
Ine gülim eyyäm guÿz yetip gelyar
Mydamalyk ýar bolarña zar menem
Kemciliksiz adam yokd...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:36) okaldy (140) teswirler (3)
Meniň syrym sen+7
Ýyldyzlar süýndi, arzuw etdim men. Ýyldyzlar dey cäksiz umydym bolduñ!
On dördi gijäniñ aýy dey bolup,
Tümüssan dünýäme nur bolup dolduñ!
Ölen duýgularmy gaýta oýardyñ,
Bu gün goşgy yazmagyma sebäp sen!
Ellerimden tutduñ, düşdüñ öñüme,
Barýaryn sen bilen ba:tly ýöräp men!
Ykbal bize bagt wada berip du:r,
Ýylgyryp bakyp du:r bize bu durmuş.
Ynanýañmy? Geljegmizde täze-ce
Hemem bagtly günler garaşyp du:rmyş.
Meniñ...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:33) okaldy (207) teswirler (2)
Bolaýyn+4
Göwnüm aram tapýar sesiň gelende. Sözle sen sözleriňe maýyl bolaýyn.
Söýgüň ganat berdi galdym belende
Bu yşkyň jebrine kaýyl bolaýyn.
Mende ne erk goýduň ne-de ygtyýar
Göwnüm berip boldym mydan bagtyýar
Seniň barlygyňda jahan ýagtylýar
Ugruňda ser-sepil saýyl bolaýyn.
Kalbym elek kimin elendi her ýan
Göwnüm sende galdy gözlerim girýan
Bu älem ýüzünde şatdygyň görýän
Bulut ýaryp çykan Aýyň bolaýyn.
Goý ýagsyn ýa...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:30) okaldy (135) teswirler (1)
Müň gözelden birin saýlasaň+4
Müñ gözelden bir gözeli saýlasañ,
Ähli yşkyñ bir gözele gitmeli.
Müñ gözelden bir gözeli saýlasañ,
Müñ gözeliñ hatyrasyn tutmaly.
Söýgi diýilýänem umman ýalydyr,
Ahyr bir ýerlerden yklap çykmaly.
Ýöne müñ gözelden birin saýlasañ,
Tä ölinçäñ şonuñ näzin çekmeli....
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:28) okaldy (126) teswirler (2)
Sen owadan gyzdyň nowjuwan gyzdyň+3
Sen owadan gyzdyñ,nowjuwan gyzdyń
Seniñ kyrk keniziñ-yazyñ yelleri
Seyrana çykardyñ gulgun yaz bolup
Humay guş deý,yuz kereshme naz bolup
Örūm saçlań leylisaçyñ telleri
Òpsem,ópsem,ópsem diyyar yerleri!
Akyl-huśdan ayyrmasa yshk bormy?
Gözi yaşdan doyurmadyk yşk barmy?
Heser bilen balkyldayan dideleñ
Gursagymda umman bolup daşyardy
Gòzler gamaşyardy,Akyl çaşyardy
Seniñ kyrk keniziñ-yazyñ gulleri
Sen seyrana gel...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:26) okaldy (154) teswirler (2)
Gyz-Gelin waspy+3
Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
llerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr.
Gözleriniň agy-dünyaň...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:20) okaldy (138) teswirler (2)
Ejejan, Sen hakda ýazasym geldi...♥♥+4
Her adamda iki sany ganat bolýar: biri Eje, beýleki Kaka. Biz şol ganatlar bar wagty al-asmana uçup bilýäris. Ýöne, bir ganat bilen uçmak kyn düşýar... Has agyram eger sen pyýada ýöreýän bolsañ. Ene-atañyz gadyryny biliñ. Diñe olar sizi asmana uçurjak ynsanlardyr...
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!
Ogul-gyzyn adam...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:17) okaldy (151) teswirler (4)
Öwünjeň däl men)+2
Munkyň çeken suratyndan elhenç men,
Niliň joşan akymy deý bulanyk,
Bir ýagşynyň dünýesinde ýigrenç men
Ýigrenc gözler synlar meni guwanyp.
Açyş men- ýigrimi ikinji asyrdan
Pazyrygyň halysyndan köne men
Gözlemeli bor- bäşinji pasyldan
Ker eşider görünerin köre men
Çaplini-de hereketsiz güldirip
Wang:a palçy boljakdygyny aýdan-men
"Öli" deňzi bir ýumrukda öldirip
"Ortaýeriň" ortasyndan gaýdan men
Syrlydyryn. (Piramidaň n...
dowamy...yurekdes (10.01.2024 / 00:48) okaldy (150) teswirler (3)
??????+2
Sen gitdiñ. Şo pursat boşady ruhum.
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.
Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyñ manysy ýitdi.
Hatda öz ruhuñam aldyñ-da gitdiñ;
Gol, gaşyñ, egniñi gözden salamok,
Ýöne olañ baryn öñki bolşy deý,
Seniñ syratyñda jemläp bilemok.
Çasly çeshmelerim akýar...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:48) okaldy (141) teswirler (3)
Jemi: 1468
Soňky teswirler
16.06.2025
Şu sözleriň halka wada bermekligiňi aňladýar
Öňki gaçgak meni görmek islämok. Durmuşymda nämeden gorkýan bolsam şoňa tarap ýörejek indi....
dowamy...16.06.2025
Daşoguzlylara şatyr diýäýmeseň başga bir peýdaly zat ýazyp biljegiňe men ynanmaýan. Seniňki ýaly islegi köp adamlar wada beýärin. Prezident Tramp...
dowamy...
Ýokaryk