“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Hep o kiramadigimiz insanlar hizi param parca etti

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Söýgi görk islemez (mi?)
 Özümiziňki
 Belki [1m]
 10.02.2024 / 20:59
 Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...

Salam, saýtdaşlar. Sizde azda-kände pikir alşyljak agzalaryñ barlygyny göz öñünde tutup, şeýleräk temanam gozgaýyn diýdim. Rusçada şu mazmunda nakyl bar: "Daşky görnüşine seredip garşy alarsyñ, içki dünýäsi bilen ugradarsyñ". Eýsem, söýgi gatnaşyklarynda bu näderejede rol oýnaýar? Häzirki döwürde ýaşlarymyz daşky görnüşleriniñ sazlaşygyna seredip, söýgi gatnaşyklaryna başlaýarlar. Ýuwaş-ýuwaş içki dünýäni, dünýagaraýyşlaryny öwrendigiçe ýagny, garşysyndakyny "açdygyça" aralaryndaky çaprazlyga düşünýärler. Özümizem şoña ýakyn. Ýagny, "Daş ýüzüni halamadyk kitabymyzy okamzok".
Bu düşünjäniñ añasty añymyza guýulyşy çagalygymyzdan gaýdýar. Gyzjagazlaryñ oýnaýan Barbie gurjaklary owadan, beden ölçegleri birkemsiz. Çagalygymyzda tomaşa eden ähli kinolarymyzda baş roldaky gyz, ýigit daşky görnüş taýdan naýbaşy. Onsoñ añasty añda dörän düşünje: Görmegeý däl kişi söýülmäge mynasyp däl.
Ine, şu düşünje bilen ulalan nesillerem soñlugy bilen içki dünýäsini bilmedik, daşky görnüşi göwnüne ýaran kişiler bilen durmuş gurýarlar. Niçikmi, bir öýe girilip, bir hojalygyñ keşgi çekilýär, onsoñ başlaýar "hezillik".
Men bir kişä gabat geldim saýtlarda. (Elbetde atlandyrjak däl) . Ol wirtual sahypalaryñ köpüsinde bardy maşgalalydygyna garamazdan. Ol hakynda kellämde aýlanýan sowaly özüne-de berdim: Siz bagtlymy? Az-owlak gaçmak synanyşyklaryndan soñ özüniñ bagtly däldigini boýun aldy. Ýanýoldaşy bilen dünýägaraýyşlarynyñ hiç hili gabat gelmeýändigini, aralarynda mähir ýokdugyny, şol ýetmezçiligem wirtual dünýäden agtarýandygyny... Nähili betbagt ýagdaý şeýle dälmi?
Durmuş gurmazdan öñürti garşymyzdaky bilen dünýägaraýyşlarymyz gabat gelýärmi, her haýsy bir meselede pikir alşyp bilýäsmi, bile wagt geçirmekden lezzet alýasmy, ine, şu sowallaryñ üstünde durup geçmelimikä diýýän. Iñ esasy zadam şol aslynda. Mowzugymyñ başyndaky nakyly şeýle-de üýtgetse bolar onda. "Daşky aýratynlyklara garap ýol birikdirilýär, içki aýratynlyklara garap, ýol aýrylýar.


136

29

14

9

1

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 10.02.2024 / 21:09

+1

,,Owadan görkden kyrk günde doýarsyň, owadan edepden kyrk ýylda-da doýmarsyň" diýlen söz bardymy

 Premium
 BAY-HAN [off]
  gazak gözlüm
 10.02.2024 / 21:09

+0

hmbah, aý bolýar, göz öňüne tutaryn diyip umyt edýärin


Özümiziňki
Belki  (10.02.2024 / 21:12) 

BAY-HAN, ýo oñ ýaly mejburlyk ýog-a. Gaýta, tersine pikir bar bolsa beýan etseñiz begenerin


Premium
BAY-HAN  (10.02.2024 / 21:14) 

Belki, mejburlyk diymedimä.....aý borla

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 10.02.2024 / 21:12

+2

azajyk görkem isleýän bolmagy mümkin

 Premium
 Dreamfull [2m]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 10.02.2024 / 22:57

+0

Herkim oz pikirini galdyran bolsa ,iniki gezegi men almakcy.
Gorshimiz yaly (hazirki dowre)yuz tutanymyzda sizin aytyan 5 sanawynyzdan esasy(yuz keshbini we maddy baylygy)Talap edilyar .Bu saylawlaryn sudnamalary acyk aydynmyka diyyan,kop sanly yetginjekler(oglan ya gyz)ozinden kici ya uly diyman ,ka halatda yuz keshbinede seretman masgala guryalar.
Oz kriteryam hakda aytsam,duybinen wagtlayyn zadlar gyzyklandyrmayar,esasy soyyan dalde dushinyan adamy saylamaly diyip bilyan.Hazirem aydarlar(hazir gapgara birni ya bedroyy goyjak ya pulsyz garyby yashashyp bilersinmi?)A name ucin bolmasyn?!Dunyade ozimizde islegdir umyd bar bolsa (ynsanyn)basharmajak zady yokmuka diyyan.


Täzeje
Muawiye  (10.02.2024 / 23:16) 

Dreamfull, Gelşiksiz, özüne seretmeýän, timar bermeýän biri bilen gürleşerin diýip, dünýäniň iň uly ýalanyny aýtmasaň bolýar.)


Premium
Dreamfull  (10.02.2024 / 23:32) 

Muawiye, Yuzi bedroy,pukara hojalykdaky yashayan yigidlerinem arassasy we yyrtygam bolsa yamap utuklapjik geyyani,(bay we owadanlaryn)esigni isrip edp yeke geyp cykaranson zyñyany hem bardyr unudma)


Täzeje
Muawiye  (11.02.2024 / 00:23) 

Dreamfull, Häzir düşündirmekçi bolsam, ýene uly teswir ýazmaly bolaryn, gepiň keltesi, biraz ulalaňda we özüňe degişli hakykatlary kabul etmegi başaraňda düşünersiň.


Premium
Dreamfull  (11.02.2024 / 09:09) 

Muawiye, Ahmal,6 yylap seyle terbiyelenip solbir dushinjeden yuz owurmedik bolsam....(senki dogry).

 Özümiziňki
 Perman [off]
  ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀
 11.02.2024 / 05:55

+0

Teswirler we makalanyñ özi daşky keşbi öñde sürýär, geñ galaýmaly.
Şu ýerde (başgalary ha bilmedim) öz düşünjäm bolsa muña ,,daşky keşp" (daşky owadanlyk) garşy. Içki dünýäsi gowy (dinimizi, özini ýaradan barlygyny tanaýan, we öz ynsanlyk borjyny ýerine ýetirýän..." biri bolsa muña näme ýetsin ?!
Howwa, bu düşünjäni hemmä hem guýup bolmaýanlygy kä halatlarda meni gynaýandygyny nygtasam hem nädogry bolmazmyka diýýän !
Ýöne bu (makalada, teswirlerde bellenýän) ,,daşky keşp, görk görmek..." düşünje barada Pygamberimiz hem belläp geçenini bir wagzda eşdipdim. Ýöne doly ýadymda ýoklugy üçin sizlere ýetirip bilmeýän.
Emma esasy zadlary belläp geçmeli, bu döwürde gözellige garap netije çykarylýan bolsa mende düýpgöter (tersine) başga dünýägaraýyş bar.
,,Owadanlyk" bar bolup öz ynsanlyk wezipesini ýerine ýetirmeýän bolsa (ynsan Allanyñ gulydygyndan hawarsyz bolsa ýa-da hawarly bolup, oña baş egip din-de nygtalýan parzlardan hawarsyz bolup), şu dünýäniñ owadanlygyna guwanyp ötmekligi saýlap eýlesini unutýan birini halanyñdan (siziñ atlandrşyñyz ýaly) ,,bedroý" biri bolsa emma öziniñ ,,nireden gelip nirä barýa" diýilen soraga jogap gözleýän ynsan bolsa, şol ýakymly dälmi eýsem?!


Täzeje
Muawiye  (11.02.2024 / 06:23) 

Perman, Makala dini makala däl.


Özümiziňki
Burning  (11.02.2024 / 06:56) 

Muawiye,teswir ýazylýan ýer ,,Teswirlerde agzalar makalany makullasyn" ýa-da ,,makalanyñ dowamyny ýazsyn..." diýilip döredilmedik bolsa, diýmek bu makala barada öz pikirimi dogry ýere ýazypdyryn. Bu diýdigim, Makaladaky gürrüñdir teswirlerñizi nazara alyp, bu barada öz pikirimi bildiripdim...
Makala din barada gitmedigi üçin başgaça pikirlenmeli diýilen zad bardymy, bar bolaýan ýagdaýynda bu ,,başgaça pikir" (öz içiñ makullamaýan zadyny) ýazmaklyk düşnje dogry bolardymy ?


Täzeje
Muawiye  (11.02.2024 / 16:28) 

Perman, "Makala dini makala däl", bulam meniň pikirim.


Özümiziňki
Burning  (11.02.2024 / 16:47) 

Muawiye, Diýilip aýdylyp biliner emma bir taraplaýyn jogap bermeklik bolsa kä halatlarda ýalñyşlygada getirip bilýär...

 Özümiziňki
 Belki [1m]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 11.02.2024 / 06:16

+0

Kä wagt birinde şeýle bir ruh, şeýle bir dünýägaraýyş görýärsiñ welin, onuñ keşbi nähilem bolsa kabul edip bilermikäm öýdýäñ. Elbetde, özüñ 55-60 kile halyña 90 kilelik biri bilen halaşyp bilmersiñ. Hemme zatdan öñürti energiýañ gabat gelmez.
Ýöne ondan bärräkdäki zatlar babatda oñşup bolarmyka diýýän. @Muawiye agzanyñ sanan talaplaryndan birinji orunda goýýanym 3-nji. Beýlekileriñem hersinden az-az bolmagyny isleýärin. Azajyk keşp, maddy ýagdaýy özüm ýaly laýyk bolsa, häsiýetem şeýle. Ýagny, garşymyzdaky bu sanawlaryñ biri babatda 100% bolup, beýlekisi babatda 0 bolsa barybir, söýgi gatnaşygy uzaga gitmez. Esasy zat deñagramlylyk


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:25) 

Belki, garaz semiz bolmasyn diýýäňdä ýöne oglanlaň narmalny agramlysy, figuralysy boýyny hem goşaňda 80kg bolýa)


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:26) 

Belki, gyzlaryňky hem ortaça 50-60 kg aralykmyka diýýän


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:26) 

Belki, gyzlaryňky hem ortaça 50-60 kg aralykmyka diýýän


Özümiziňki
Belki  (11.02.2024 / 06:27) 

Arzuw, semize semiz hora hor bolsa gowy diýäýseñ. Meselem bile aýlanmaga gitseñ semizler çalt ýadaýar. Ýo, 80 kadaly. 90-100 bolsa semiz (oglanlar babatda)

 Özümiziňki
 Belki [1m]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 11.02.2024 / 06:21

+0

"Hemme zat adamlar üçin" diýýär-ä türkler. Daşky görnüşini görmegeý hasaplap, gyzyklanan garşy jynslarym bolupdy. Niçikmi, "Şuny tanap göräýmeli" diýip, başlaýañ welin, uzak däl, bary-ýogy 3-4 günüñ içinde hatda bile gürrüñdeşligem gurnap bilmeýäniñi duýýañ. Onsoñ,beýdip diñe seredip oturmakdan lezzet aljak bolsam öýe bir heýkel alsamam bor-la diýip, başlaýşyñ ýaly soñlamak bilen bolýañ.

 Özümiziňki
 Belki [1m]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 11.02.2024 / 06:25

+0

Ýa-da tersine, garşyñdaky seni diñe daşky görnüşiñe seredip halapdyr. Içki dünýäñ hiç hili gyzykly däl. Seni tanamak üçin soraglar berenok, häsiýetiñi biljek bolanok. Bar aladasy diñe görmek. Onsoñ pikir edýäñ, "Meñ ýerimde kimem bolsa, oña kän bildirmezdi, meñ boýumda, meñ kilämde islendik jynsdaşym oñ ünsüni çekip biler". Ana, şu pikirem ynsana ýokuş degýär. Oñ nazarynda hiç hili parhyñ ýok.


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:27) 

Belki, örän dogry pikir

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 11.02.2024 / 06:30

+1

eger garşydaş jynsyňyz näme etse gatnaşygy keserdiňiz, nähili söýýän hem bolsaňyz?!


Özümiziňki
Belki  (11.02.2024 / 06:32) 

Arzuw, ikilik.


Özümiziňki
Belki  (11.02.2024 / 06:33) 

Arzuw, señ durmuşyñda biri bar öýdýän şuwat. Sen nämetse kesersiñ?


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:39) 

Belki, ýalan sözlese


Özümiziňki
Belki  (11.02.2024 / 06:47) 

Arzuw, wiy birem asa gabanjanlyk edip ony eytme muny beytme dip durmusyma gosulyp baslasa göni "bye!" diyyan ))


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:50) 

Belki, oň üçin gatnaşygy kesmeýän, sebäbi özümem şolar ýaly))


Özümiziňki
Belki  (11.02.2024 / 06:54) 

Arzuw, dogry-ha dal )


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 06:58) 

Belki, nätjek, häsiýetdä)

 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "Hello Everybody, My Name İs..."
 11.02.2024 / 08:46

+0

Hâzirki yašlaryň iň kôp edyân yalňyšy šol. Ilki gysgača tanyšyarlar. Adyň, yašyň, nireden. Soň biraz gurlešyârlerde "seni sôyyân" diyip bašlayarlar. Bagtsyzlyga učradyanam šu. Intâk biri birini doly tananoklar, diňe birki agyz sôz bilen tanyšdyk ôydyârler. Eger čyndan sôyûšmek, mašgala gurmak niyetinde bolsa, oňa ôzûňi olam ôzûni doly tanyšdyrmaly, kemčiliklerini boyun almaly. Eger partniyor čyndanam sôyyân bolsa kemčiligiňize kayyl bolar. Umuman partniyoryny tanaman mašgala guryarlar, ondan soňam tananyň peydasy yok

 Premium
 BAY-HAN [off]
  gazak gözlüm
 11.02.2024 / 12:16

+0

hm biri-birinden gyzykly teswirler

 Täzeje
 Seyidovfilm [off]
 11.02.2024 / 12:29

+0

Dasky sypatyna uns beryaler su dowurde gyz oglan tapwudy yok birem baylygyna gyzyalar kopusi

 Täzeje
 Мерет [off]
 16.04.2024 / 03:21

+0

Мана эдере пикир галмандыр мена тесвирлакилерин бары бн разылашян!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ölmän galan oglanjyklar


Ozn duzznmi gowy bolpdr ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
Yekejelai (Şugün, 13:29)

Betbagyt gyz 5


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Yekejelai (Şugün, 13:27)

Owadanlyk bagtmy?!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
Yekejelai (Şugün, 13:26)

Ajy hakykat!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Yekejelai (Şugün, 13:25)

Ajy hakykat!


mmmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Мерет (Şugün, 11:25)

Ene yuregi


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
Kicxikge (Şugün, 11:11)

kakam barka


...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Kicxikge (Şugün, 11:10)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 09:45)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика