Ýürekdeş sözler!
Mowzuklar
+4
Günleriň bir güni güneşe çoýunyp ýatan ýaşy bir çene baran pişigiň ýanyndan haýdan-haý ylgap barýan ýaş pişijek büdräp ýykylypdyr. Dessine aýaga galybam halkalaýyn ylgapdyr.
— Näme edýäň? — diýip, gözüni çalaja açyp garryja pişik sorapdyr.
— Men öz guýrugymy tutmak üçin yzyndan ylgaýan — diýip, demi-demine düşmän ýaş pişijek jogap beripdir.
Bu jogaby eşiden garry pişik hezil edip gülüp: « Näme üçin?» diýip sorapdyr.
— Maň...
dowamy...Gulmahrem (Şugün, 11:12) okaldy (11) teswirler (1)
+4
Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.
Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.
Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.
Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür...
dowamy...Gulmahrem (Şugün, 11:05) okaldy (13) teswirler (1)
+4
Waspyña şygyrlar ýazasym geldi,
Dert başymdan agyp geçdi-le käbäm!
Dostlaryñ ahwaly gijiräk belli,
Köp kişi ynamdan gaçdy-la käbäm!
Mätäjem öwüt ber sypap saçlarym,
Sen bar ahyr özgä syrym açmaryn.
Baglarda saýran nije guşlaryñ,
Gadyry bilinmän, uçdu-la käbäm!
Çarhypelek bat berdi-de çarhyna,
Aýlady daşyma gamdan çarçuwa,
Yrýa saýdym yş görünse şam çyra,
Eregen şem bolup, öçdü-le käbäm!
Baglar güllese, galkynyp göwnüm...
dowamy...Gulmahrem (Şugün, 10:50) okaldy (10) teswirler (0)
+1
Şäheriň kän adam-gara barmaýan künjeginde her hili gudrat
görkezip bilýän garry derwüş ýaşaýar diýen gürrüň gulagyma
degdi. Meniň gündogar gözbagçylarynyň görkezýän oýunlaryndan
habarym bardy. Ýöne olara kän bir pitiwa etmezdim. Aýdylýan
geplerden çen tutsaň, bu derwuş beýleki bolgusyz gözbagçylaryň
çaky dälmiş. Ol ölüp giden hanlaryň janyny-da çagyryp getirip
bilýärmiş. MunymeniňýaşaýanöýümiňeýesiOrazhem
tassyklaýar. Gar...
dowamy...Fantom (Şugün, 10:21) okaldy (7) teswirler (0)
+2
Tylla tarlaryny çözläp çar ýana,
Duýguçyl ýüregi salar lerzana,
Neneñ gözel görnüş -ýapraklar täne,
Çeker köñle kämilligiñ keşdesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Gül güýzüm,gujagy lälezar güýzüm,
Jadyladyñ,sende näme bar güýzüm?
Ömür kitabynyñ sahabyn düýrüp,
Bagt serpaýly günler basym ötmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara
Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa,
Men ýañad...
dowamy...Daniel (Şugün, 09:43) okaldy (8) teswirler (0)
+1
“Ýamanyň ýagysy ýanynda, halalyň hemaýatkäri özünde” diýilýäni (Muny ýeke sözde: “ynsap” diýip atlandyrsaňam bolarmyka diýýän?!), şahsyýetde öz-özünden emele geläýenok, birdenem bolaýanok. Muny emele getirmek, zähmet. Irginsizlik bilen juda sabyrly bolup, öz jylawyňdan käte näçe kynam bolsa aýak diräp dartyp, käte näçe ýaltansaňam, däliräsiň, gaharlanasyň gelmese-de özüňi mejbur edip, dergazaba münülip, özüňe agram saln...
dowamy...dabir (Şugün, 08:55) okaldy (13) teswirler (0)
+1
Kyýas düýş görüpdir. Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja adajyk, adajygyň üstünde-de aýaklayny suwa salyp Kyýas otyr diýýä. Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sö...
dowamy...Huzur (Düýn, 21:35) okaldy (18) teswirler (0)
+1
Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi. Humaý begenmedem, gynanmadam.
— Gowy edipsiň – diýdi.
Nurtäç jibrinip gepledi:
— Nähili edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip gelýänem bolsa gaýtmazdym.
— Näm boldy, gyz, beýle?
— Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da, gyw...
dowamy...Huzur (Düýn, 21:32) okaldy (14) teswirler (0)
+1
Indi meniň halym äýan boldy özüme. Seretsem, oýlansam, ýüregimiň törüne seretsem ol ýerde bir gyz otyran eken. Aýyň bölegi ýaly günüň şöhlesi ýaly. Ilki bilen bu bir salgymdayr diýdim özüme. Meniň maksadym ýokdy bu gyza aşyk bolmak.
Emma ýüregimi barladyp gördüm doktora. Ol meni kardiogramma etdide sizde infarkt bar diýidi. Men soradym ondan
-Sebäbi nämedir bu ahwalyň
Onda doktor içip otyran bir käse çaýyny bokurdagyna...
dowamy...Mishel (Düýn, 14:35) okaldy (20) teswirler (0)
+2
Salamaleykum dostlar kimin dostyyazyjy ṣahyr bolsa we oz yureginde bir arzuw yasyan bolsa ol arzuwam menem programmam bolsa halk kopculigine cyksady diyanlere yatlatyan!!! Guruni yok tayynlap beryan dine janyz sagbolsun we manada alkys aytsanyz bolany alkyş dunye baylygyndanam gymatmysyn sogabam gerega dine pul bilen sylanmak sylamak gerekdala sagabolun ozunizi goran
Sizin bilen Kuwwat Allanazarow...
dowamy...Mmmmm (Düýn, 00:14) okaldy (59) teswirler (1)
+2
Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy:
— Kyýas!
— Hm?
— Çaga galypdyr…
— Ä? Näme diýdiň?
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
— Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin… Bir gatyja zat ba weli...
dowamy...Huzur (02.11.2025 / 22:58) okaldy (44) teswirler (4)
+2
Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý! Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”. Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsady...
dowamy...Huzur (02.11.2025 / 22:54) okaldy (32) teswirler (1)
+1
Humaýy “satdylar”. Şäher içine. Sähet bellenen güni ýeňňesi Nurtäç oňa pitjiň atdy:
— Şäherlä äre çykyp dişiň-ä ýyrşarmaz. Şon-a öňünden aýdyp goýaýyn. Obaň gara işinden gaçan bolýansyň welin, gör-de duruber. Ýene oba gowy bolup çykar. Obaň oglanlaram gaýratlydyr. Gara zähmeti gören-dä. Şäherlini är edinýänçäňem äňiň ýazyp gider. Iş görmedik oglany nädip är edinjek?!
— Beý diým-ä, gelneje! Nä meň bagtymy baglajak bolýaňmy...
dowamy...Huzur (02.11.2025 / 22:51) okaldy (33) teswirler (0)
-1
Ejemdir kakamyň dawalaşmalary uzaga çekdi. Ejemiň aýdyşyna görä, men bäş ýaşymda, «eýýäm ullakan adam” bolsamam, olaryň näme sebäpden beýle goh-galmagal edip, käýineşýändiklerine düşünip bilemok. Aslynda ulular näme üçin şeýdip uruşýandyklaryna hiç düşünemok, hemme zat owadan-a dünýäde, gök asman asuda, arassa howamyz bar, içmäge suwumyz bar, ýaşamaga öýümiz bar, hat-da üçegimize gonýan guşjagazlaram bizi begendirmek üçin...
dowamy...Huzur (02.11.2025 / 18:16) okaldy (31) teswirler (2)
+3
Ene ata...Dünýäde seni şertsiz,söýýän yeke-täk iki ýürek.Seni iydirip,geydirip,yaşatmak üçin özüni unutjak derejede alada edýän ynsanlar.Olaryň bir ýylgyryşy-öýüň ýylylygy.Bir bakyşy-ýüregiň rahatlygy.Olar seniň bagtyň üçin ýaşap,öz arzuwlaryny unutyarlar.
Ene doymany biler,ýöne sen açmy diyip pikir eder.Ata yadaw bolar,ýöne sen uklasaň dynç alar.Emma biz käte olaryň ýüzüne seretmäge-de wagt tapmaýarys...
Bir gün olaryň s...
dowamy...Талант (01.11.2025 / 20:58) okaldy (46) teswirler (4)
+0
Gurbanjemala oba arasynda-da, mekdepde-de hemmeler Guba diýerdiler. Onuň hakyky adyny ýekeje adam dogry tutýardy. Ol Gurbanjemalyň klasdaşy Allamyrat. Ilkibadalar muňa hiç kim ünsem berenokdy. Üns berere esasam ýokdy. Her kimiň öz bolşy bolýar. Kimler sähelçe zadyň aňsat tarapyny gözleýär, kimler her zadyň hakyky bolşuny.
Gurbanjemal ýyl geçdigisaýy barha görklendi, barha syratlandy. Baýdak kimin bolup, klasdaşlarynyň ara...
dowamy...Huzur (01.11.2025 / 18:39) okaldy (55) teswirler (4)
+3
Rowaýata görä bir wagtlar bir baýyň ogly bolupdyr. Oňa „Baýogly“ diýip at goýupdyrlar. Ata-enesi ony zatdan kem etmändir. Oňa elmydama Watany eziz dörmegi, halka wepaly bolmagy sargapdyrlar. Ýöne ol ýigit olaryň bu nesihatlaryny unudypdyr. Haçan-da obasyna duşman çozanda, ol eline ýarag alyp, duşman bilen söweşmegiň deregine öz janyny halas etymegiň aladasyny edipdir. Oglanyň atasy, obadaşlary duşman bilen bolan söweşde w...
dowamy...Gulmahrem (01.11.2025 / 10:57) okaldy (32) teswirler (1)
+4
Uzaklara dikip gamgyn nazarym,
Hasaplaýan gussalarmyñ çakyny.
Men hazir şeyle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.
Çagakam hemmeler sorardy menden,
Sen ejeñ gyzymy ýa kakañ gyzy.
Şol soragy häzir maña berseler,
Pikirlenmän diýjek: "Kakamyñ gyzy!"
Mahal-mahal gazma dutar heñ eder,
Gezekleşip dişlärdik oñ sapyndan.
Sen saz çalyp ýeñledipsiñ ýüregñi
Oýlanmadyk sen ýüregiñ hakynda.
Maý tapaýsañ çalyp altyn bir...
dowamy...Gulmahrem (01.11.2025 / 09:28) okaldy (39) teswirler (2)
+4
Bir oglanjyk çörek alyp gelýärdi,
Köçäniň çepinden, sagyna geçdi.
Köçäň gyrasynda lowurdap duran,
Täzeje maşyna, gözleri düşdi.
Hyýallar älemine, çümdi oglanjyk,
Täze maşyn, oň erkine goýmady.
Aňyrdan göründi, geýnüwli ýigit,
Oglanjyk oň geleninem duýmady.
"Saňa meniň ulagym ýarady öýtýän?"
Gele-gelmän, oglanjykdan sorady.
Soňrasynda üstjagazny timarlap,
Buýsanç bilen maşynyna garady.
"Meniň bir agam bar, işi şowuna,
B...
dowamy...Gulmahrem (01.11.2025 / 09:18) okaldy (32) teswirler (2)
+5
Toý etseň, maňa aýtma...
(Aýdymdan)
Meni jan-dilden söýüpdiň
Indem söýmersiň öýtmerin.
Toý etseň «Aýtma» diýipsiň,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Çykyp yşkyň meýdanyna,
Ynanyp seň idäniňe,
Zar bolsam-da didaryňa
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Seret, söýgüde bir şert bar,
Yşga düşen kişi mert bor,
Aýtsam, dert üstüne dert bor,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Ykbala bagty bagladyp,
Duşmanyň keýpin çagladyp,
Çyn dostlary gan agladyp,
To...
dowamy...Gulmahrem (01.11.2025 / 09:05) okaldy (47) teswirler (1)
Mowzuklar: 1108
Soňky teswirler