📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
Azar berme besdir!+4
Azar berme,kakma ÿapan gapymy,
Açylan ÿüregmi har edšiñ besdir.
Azar edip ÿazma soÿgi hatyny,
Okanlarma çyndyr öÿdüšim besdir.
Elli bäš oglandan doÿur göwnüñi,
Šolar bilen bašyñ aÿlanšy besdir.
BeGGañ"Azar berme"diÿen aÿdymny
Irdenden agšama diñleÿšim besdir.... dowamy →
👤 xuliganka📅 26.01.2024 / 09:30👁️ 135💬 0
Çary Ýegenmyradowdan goşgular0

Indi hiç zat ýüregimi gozganok,
Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da.
Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada.
Dünýäniň şowhuny azalan ýaly,
Ýekelik höwesi aňyma ýaýran.
Edil häzir jaýlar uçup gitse-de,
Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran.
Her zat boljak eken ýagty dünýäde,
Bolman biljek eken bolmaly zadam.
Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.
Menem s... dowamy →
👤 Sardarjan📅 27.01.2024 / 10:09👁️ 128💬 0
Hekaya 10

21:32Erkin guş
ERKIN GUŞ
Meniň ýokary okuw jaýyny tamalanyma üç ýyl boldy. Köp şükür,ähli babatda meni goldap duran enem-atam bar. Ýokary okuw jaýyny tamamlap,öz söýgüli kärimde zähmet çekýärin. Emma şahsy durmuşymda weli hiç hili özgeriş ýok. Men henizem ýalňyz guşjagaz. Söz aýdýan oglanlar ýeterlik bolsa-da olar arzuwymdaky şazada asla meňzänoklar-da.
Men şu wagta çenli ýalňyz bolsamam,erkin guşjagaz. Ejem bilen kakam... dowamy →
👤 Sardarjan📅 27.01.2024 / 10:23👁️ 151💬 0
Cilnen gije0

22:26Çilnen gije / hekaýa
ÇILNEN GIJE
GULP
Bu gije bolsady bary ekildi, geçmişimiz dökün bolup döküldi. Şu günki durmuşymyzdan gaýry ähli gürrüňler gozgaldy, ýöne gaçyp-gutulyp bolmaýan Häzir ertir bilen bagly ham-hyýalda öte geçmezligi, öten-geçenleri ýatlanymyzda-da häzir bolmagy duýduryp, öňümizde-ardymyzda şlagbaum deýin keserdi durdy.
Söhbetimiz ilkibada dolulygyna açylyşyp gidibermedi. Geçmişiň wajyp sahypalaryn... dowamy →
👤 Sardarjan📅 27.01.2024 / 10:28👁️ 134💬 0
Mejnun eden Leýli gyz". Arzymy kime aýtmaly, kime ýetmeli derdim?0

Hatlarym jogapsyz galdyla meniň
Bu durmuşda hasratyň ençesin gördüm
Leýli gyz janymy aldyla meniň.
Leýliň derdin çekip, daglara barsam
Daglar gümmür eýläp, aglar megerem
Aýdaýyn derdimi çöllere diýsem
Çöl hem nala çekip gurar megerem.
Men saňa näçeler goşgy goşsamda
Seň görküň müň goşga taýdyr, geregim
Ýoluňa bägüli müňläp seçsemde
Ýörän ýoluň gül beýwana taýdyr, geregim.
Kanalyň boýunda, ýylgyn düýbünde
Aýly gije görsedi... dowamy →
👤 Sardarjan📅 27.01.2024 / 10:12👁️ 124💬 0
Taladro - Dudaklarinda yalan kalmis0
Seni özlemiyor değilim ha
Sadece yollarını gözlemiyorum
Düşlerimin bahçesinde kaç çiçeğin katilisin
Bilsen, başka bir şey söylemiyorum
Hırs fazla zararlıdır hırslanana
Yağmur ıslanana, ilişki kıskanana
Dayanmaz iki topuğum hızlanana
Ve sen bu şehre geç gelen bir yağmursun ıslanamam
Umarım mutlu olursun Kaf dağından inip
Bi' yıldönümü kutlar, inandırır aşka biri
Ve gelir hizasına gözlerinin, aşk kadehi
Ben bile beni unuttu... dowamy →
👤 yurekdes📅 27.01.2024 / 17:27👁️ 145💬 0
Hoş gal diýme, hoşlaşmaly ezizim+2
Hoş gal diýme, hoşlaşmaly ezizim,
Üzmäli biz söýgimiziñ taryny,
Eger sen isleseñ, bereyin sana
Bu dünýäde genji käni barymy
Hoş gal diýip kowma meni kalbyñdan,
Ýandyrma söýginiñ alow odyna,
Ýadyňdamy, bagtly bolup gezerdik,
Birje pursat sal geçeni ýadyña.... dowamy →
👤 Dreamfull📅 01.02.2024 / 00:17👁️ 108💬 0
Çakylyk+1
«Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady!
Salamatmysyň?
Gudratlynyň beýikdigni bildirýän
Alamatmy sen?
Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň?
Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar?
Seslen!
(Men bilmek isleýän bilmesiz zady).
Kämahal asmanda bulutlar taýýar,
Basylýan.
Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm,
Ýitirýän özüm.
Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak,
Basymrajyk gel-de, eliňi uzat.
Eý, nurçyrag!
Şöhleleriň çeşmesi».
Uzak gije öz ukymdan ogurlap,
Şeý... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:33👁️ 109💬 0
Ýar0
Aglap ynjalan göwün deý iňrikde,
Asman için döküp guýýar ýagyşyn.
Damjalar syrygyp,süpürip geçýär,
Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym.
Gijeleriň kirpikleri irkilmez
Olar öýkelere düşüpdir ýesir.
Ozal köňle yşyk salan söýgümiz
Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim.
Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle
Ýa şübhe ynamňy ýaraladymy?
Günäsiz kalbyňa zäheri ornap
Täleý depderimi garaladymy?
Nädeýin,ýolumdan dänip bilmedim
Aýralyga pida e... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:34👁️ 107💬 0
Saña0
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede
Ne- hä yşkdan,
ne hesretden gandyk biz.
«Söýýänem» diýipdik birek -birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.
Dözmezim sen,
gözleriňden syrykdym.
Dözmezim sen—saňa gurban bolaýyn.
Goýnuma dä l,
sen düýşüme giripsiň,
Söýgüden ezizim, dostdan golaýym!
Seniň penje -penje çasly gülküleň
Gül kimin galypdyr garyň astynda.
Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?!
Söýgi diýmek aýrylykm... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:40👁️ 128💬 0
Tanyşlar öwrülýa nätanyşlara0
Ýüz bermeseñ, bökmändim men boýnuña,
Mar deý çakarsyňam, girsem goýnuña,
Düşünip bilmedim, DURMUŞ, oýnuña,
Telim ýola aldandym men yşlara
Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara.
Sende tapanjama kaýyl boldum men,
Yşka däl-de, söze maýyl boldum men,
Bir ýürekdeş dosta saýyl boldum men,
Neçüýn garaşaýyn ýazda gyşlara,
Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara.
Kynçylygyñ itip, şu döşüm bilen,
Ýaşadym huşum däl, ah, huşum bilen,
Gözde dolup gal... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:43👁️ 134💬 0
Ýitirdiñ0
Bagş etsemde saňa juwan döwrümi
Maňa tarap dönmedi ýol öwrümi
Özge ýara berip sen öz göwnüňi
Saňa bolan çyn söýgümi ýitirdiň.
Köňül içre muhabbetim puç boldy
Dönme yza dönaýseňem giç boldy
Eden sylag hormatlarym hiç boldy
Saňa bolan hormatymy ýitirdiň.
Men bolup galsamda sensiz bir geňli
Bolarsyň bir güni sen maňa deňli
Ozal saňa garasamda mähremli
Saňa bolan mährimi hem ýitirdiň
Ýokdur indi saňa ünsüm öňkije
Arzuwdyr... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:44👁️ 128💬 0
Uýañdyr0
Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr. Enä meňzeş gussada. Gamlananda uýaňdyr. Iliň-günüň toýunda, Çyzgalandyr bilegi. Ak gündizler küýünde, Mähribanlyk dilegi. Ýazlara telwas etse, Edepsizdir çaklama. Güldür ol, şemal össe, Enesine ýaplanar. Gyz bolsa öz ýoluna, Enä ýakyn diýiler. Ýöne ataň halyna Oguldan öň gyýylar. Daşarda gaý gopsa-da, Närahatdyr deňiz deý. Bijaý sözüň oklama, Yzy galar meň... dowamy →
👤 yurekdes📅 05.02.2024 / 00:45👁️ 128💬 0
''MEN BAGT AHYRYN!..''+2
Bagt näme?” diýýäňmi?!
Men-dä şol!
Seret gözüme!
Şu çaka çen aňmadyňmy?!
Gije-gündiz salgy:m tapman,
Kalbyň dara bagladyňmy?
Gyw, dur, duraweri!
Onçakly uzagam-a däl,
Ses ýetimlik golaýyňda.
“Duýdurmadyň” diýýäňmi?!
Men Bagt ahyryn!
Biraz syrly bolaýyn-da!
Indi duýduň.
Gaçmagymam ahmal
Badyhowa ýeller bilen.
Ýet-dä hany, ýetebilseň,
Geçebilseň özgelerden!
“Garaş!” diýme, men has gedem
Seniň üçin özgererden.
Durnuksyzlyk... dowamy →
👤 Plany📅 05.02.2024 / 01:04👁️ 116💬 0
Eje0
Agyr eken, durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym, eje!
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda, men juda sadadym, eje!
Sadalygy niçik guýdyñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnim, öñde-soñda gülmedi.
Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym, çar ýana galgadym, eje!
Ynjytmajak bolup emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje!
Ynandym ýalanlar, allar ý... dowamy →
👤 Shirin📅 05.02.2024 / 10:59👁️ 130💬 0
.....+2
Ýasamalyklardan ýadasa kalbym,
Hakykaty boýun alyp bilmesem,
Gözlerimden biygtyýar ýaş aksa,
Düşündirip ýa düşünip bilmesem.
Söýgimi,gaýgymy gizläp gursakda,
Hantama bolamda azajyk söýgä,
Hem mähriňe zar bolsam her pursatda,
Kätelerim azaşaýsa duýgulam,
Şonda,düşünmesem özüm-özüme,
Ýaşajak bolamda öýkünüp özgä,
Ýalan bilen ýylgyrýanlygym üçin
Bagyşla...
Kalbyma düşnüksiz gussa çöküpdir,
Men ýüregmi juda aýasym gelýär.
Düş... dowamy →
👤 Shirin📅 05.02.2024 / 11:01👁️ 112💬 0
Adamyn gözi barada+3
- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;
- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;
- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;
- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;
- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şek... dowamy →
👤 Plany📅 04.02.2024 / 19:05👁️ 112💬 0
Telefon barada gyzykly maglumatlar+3
Telefon ulanyşynyza seredin we häsiýetinizi bilin.
Smartfon we häsiýet barada psihologik test.
1. Smartfony sag elinin başam barmagy bilen ulanýan adamlar.
Hünärmenlerin pikirine gorä, smartfonynyzyn elinizin başam barmagy bilen dolandyrmagy makul bilýän bolsanyz,onda sizde gaty ýokary ynam koeffisiýenti bar.Bu bolsa omrünizin dowamynda hiç zat hakda pikir etmän uly towekgelçilik edip,islän zadynyz üçin akylly hereket edi... dowamy →
👤 Plany📅 04.02.2024 / 19:50👁️ 129💬 0
Magtymguly Pyragy - ady äleme dolan söz ussady+2
Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.
Ady äleme dolan beýik söz... dowamy →
👤 Plany📅 04.02.2024 / 19:59👁️ 137💬 0
Jo Jirard islan zatdyñy islendik birine nädip satmaly 2nji gun0
Müňlerçe awtoulagy hut öz elim bilen satdym, diňe täzeje ulaglary, özem diňe bölek satuwda ýerledim. Söwdalaşamda kimdir biriniň hakyny iýjek bolmadym, çürkejek bolmadym, gözüne çöp atmadym. Her biriniň ýanyna baryp, ýüzbe-ýüz gürleşdim, ynandyryp bildim we bir-birden satdym. Menem edil siziň müşderileriňiz ýaly adamlar bilen iş salyşdym. Söwda-satuw bilen gündelik meşgullandym. Tapawudy ýok, siz ulag söwdasyny ediň, egin... dowamy →
👤 erkin1997📅 02.02.2024 / 12:33👁️ 114💬 0
Jemi: 1636 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta






