Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
birthday
Dowran (31), Akgyz99 (27), EVA (21)
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
Ýürekdeş+2
avatar
Sen syrdaşym, ýürekdeşim, ýakynym, Bir sen bilýäñ, ýüregimiñ zaryny. Saña duşyp düşündim, men durmuşa, Şoñ üçin, sen maña şeýle arzyly. Ýalñyzlyk goýnunda galan mahalym, Maña mähir gollaryny uzatdyñ. Onsañ kem-kem öz özime dolanyp, A:zam bolsa, ýalñyşlarym düzetdim. Şatlanan wagtymda bile şatlanyp, Gama batan wagtym derdim çekişdiň, Ara daş bolsa-da, mähriñi duýup, Ähli işe höwes bilen ýapyşdym. Gam-gussa kalbyma beren... dowamy →
👤 yurekdes📅 04.02.2024 / 01:32👁️ 127💬 1
Güberilip gümmez çekip gabyrlar...+1
avatar
Güberilip gümmez çekip gabyrlar, San sajaksyz gömülen duýgyñ jesedi. Oña derek gussa çykýar gabyrdan, Galpyldadyp göwnim, gorkunç ses edip. Gün günden daralýar, peselýär sussum, Ýegşerdip barýar, gussanyñ ahy, Ynha, ýene-de täzeje mazar, Doguldy iññildäp duýgymyn ruhy. © Remezan Mämetgurbanow... dowamy →
👤 yurekdes📅 04.02.2024 / 01:29👁️ 104💬 1
Rap karoly kim?!0
avatar
Salam hemmanize Rap karoly edil shu wagtlar shu sorag gaty gyzyklandyryar hemmani kim karol yagny?! Yagny karol Harasat 😊😂 Sebabi Harasat diysen tanamayan yok 7. Yashdan 70 yasha cenli kop kishiden sorasan Syke dalini yada Aydayozin diysen tananoklar bul menin pikrim😂😊... dowamy →
👤 Kuryazov📅 04.02.2024 / 01:14👁️ 176💬 4
Jogapsyz soygi+1
avatar
Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni Seň bilen durmuşym örän hezildi Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni Joşan göwnim gam kölinde ezildi Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni Kalbymyň törinde diňe sen bardyň Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň Şanyňa ençeme goşgy ýazardym Galam ,kagyz meniň hemram bolardy Elmydama seni ýatlap gezerdim Seň suratyň meniň gümram bolardy Ýadymda henizem şol geçe... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 18:57👁️ 106💬 0
,,Hakyky söýgi"+6
avatar
Owadan baharyň ajap möwsümi, Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy. Maňa säwlik bilen sataşan oglan, Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy. Deň-duş joralamdan salgymy sorap, Soňam ençe sapar idäpsiň meni. Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap, Bahanajyk tapyp aldapsyň meni. Ýöränimde ogryn-ogryn seredip, Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?! Ýüregime şugla saçyp keseden, Asyl söýgiň özi senmidiň, oglan?! Kalba hyruç berýär joşan d... dowamy →
👤 Arzuw📅 03.02.2024 / 18:54👁️ 124💬 1
,,Galsyn" (uçurumlar üçin!)+8
avatar
Akja kepderi goýnuňda uçdyk, Ýelekleri ak bolup gollarda galsyn. Misli bir pursatda ýagan ýagyşdyk, Damjalan damjalar güllerde galsyn! Ýoluňda ýykylsak ýene-de galdyk, Bir-birege gol berip dostluk gurduk, Käte-käte jahyllyga uýardyk, Mugallym sözi dillerde galsyn! Ýatlasak bahary, ýatlasak gyşy, Göwünler galkynar, ýüregiň daşy, Mekdebim deňärin nurly Güneşe, Owazly aýdymlar ýellerde galsyn! Çagalygym sende, ýaşlygym... dowamy →
👤 Arzuw📅 03.02.2024 / 18:37👁️ 142💬 3
Ene mukaddesligine çäksiz hormat+1
avatar
Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimi... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 18:25👁️ 116💬 1
Gaýgysyzyñ söýgi synagy.+2
avatar
Baş gahrymanymyz Gaýgysyz, ady Gaýgysyz bolsa-da özi gaýgyly, bar gaýgysy siz bolan Gaýgysyz, ýokary bilimini Türkiýede tamamlap, „Hasam bilimli bolaýynla“ diýip ýewropanyñ iñ ösen şäherleriniñ wii ýurtlarynyñ biri bolan Estoniýa mastera gitdi. Öran üstünlikli okap nijeme konferensiýalarda çykyş etdi. Aý indi ata watana gaýdyp getiräýelile, ýa ýene ýewropada galjakmyka? Borla men bir getireýin. Türkmenistana giñ düşünjeli... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 18:19👁️ 130💬 1
Salpyja (Bolan waka)+3
avatar
Çagalyk döwründäki görlüp-eşidilen gyzykly wakalar hiç ýatdan çykmaýar. Ol wagtlar meniň üçin hemme zat gyzyklydy. Biz Goşa-guýujyk diýen ýerde ýaşaýardyk. Depelik-daglyk bolany üçin, obamyz bir oýda ýerleşerdi. Adyna Goşa-guýujyk diýilmegiň sebäbi, ýanaşyk edilip, iki sany guýy gazylypdyr, ol guýularyň kim tarapyndan, haçan gazylanyny bilýän ýokdy. Meniň gürrüň berjek eşegime «Salpyja» diýerdiler. Çopanymyz Gökje daýyny... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 18:11👁️ 142💬 1
" Gynançly söýgi wakasy "+1
avatar
Salam hemmäňize Erkek adam aýalyny juda söýýär, hemde şeýle bir gawanýardy. Günortan öz iş ýerinde nahar berilsede, her öýlän uzyn ýoly geçip öýüne gelýärdi. Aýaly bilen birlikde nahar iýýärdi. Aýaly, ärini diňe nahar iýmek üçin gelýändir diýip pikir edýärdi. Bilmeýän zady bardy aýalynyň, äriniň her gün aýalyna göz aýlap gitýänini bilmeýärdi. Elbetde äri gelibem, öýünde aýalyny tapmadyk wagta çenli. Gapyny açyp seslend... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 18:02👁️ 123💬 1
D-ine soygi hakda setirler. I-n ajayyp sozler hem pikirler. N-agys kimin owadan sozler. E-nce0
avatar
yanlanyar mylayym sazlar S-oygi yok diya kop kisiler O-nda name ucin asyk bolyalar Y-esir dusup bir gyzyn ysgyna G-elip soygin bardygyn boyun alyalar I-n nazik duygynyn soygidigin bilyaler H-akyky bar soyguden yananlar A-glap aglap bu durmusdan doyanlar K-ate gabat gelya yalan donun geyenler Y-nha soygi yok diya sol yalany soyenler N-ahilidigin aydar sol soygiden koyenler D-ostlarym soygi mukaddes ony ayanlar A-syk boly... dowamy →
👤 Shatlyk📅 03.02.2024 / 17:53👁️ 286💬 0
Awesta+1
avatar
“Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň mukaddes kitabydyr. “Awesta” sözi wesýetnama, nesihatnama, üýtgewsiz ýa-da jedelsiz kada-kanunlar diýen manyny berýär. Bu kitabyň dörän ýeri häzirki Türkmenistan diýlip çak edilýär. Otparazçylyk dini müňýyllyklaryň dowamynda dini ynanç hökmünde Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Otparazçylyk dini bilen baglanyşykly ynançlar biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:21👁️ 156💬 0
Taleýnama+2
avatar
Her bir adamyň üýtgeýän şahsyýeti hem-de ikinji şahsyýeti bardyr. Hamal – Sabyrsyz: Gödek häsiýeti bilen meşhur bolan hamallaryň iň uly gowşaklygy sabyrsyzlykdyr. Olarda bar bolan energiýa hiç wagt gijikdirmäge ýol bermeýär. Mysal üçin, uzyn nobatda garaşmazlyk üçin elinden gelenini edýärler. Gitmek isleýän ýerlerine gitmek isleseler, hiç zat olary ýolundan saklap bilmez. Sowur – Bulaşyk Sowurlar görýän her bir ow... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:21👁️ 133💬 2
Şampunlar hakynda bilmeli zatlarymyz0
avatar
Ýuwmak, guratmak we bezemek prosesi dogry ýerine ýetirilmedik halatynda saçyňyza zeper ýetirýär. Saçyňyzy her gün ýuwmak we ideg etmek diýseň gowy. Ulanýan şampunyňyz saçyňyzyň galyňlygyna we uzynlygyna görä üýtgeýändir. Saçyňyzy ýuwanyňyzda gyzgyn suwdan gaça durmaly, sebäbi saçyňyzyň düşmegine we zaýalanmagyna sebäp bolýar. Sowuk suw bolsa saçyňyzy janlandyrýar we ýagtylandyrýar. Şampunlaryň köpüsiniň ýaramlylyk möhlet... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:20👁️ 109💬 0
Banan gabygyny zibile zyňmazdan öň…+1
avatar
Banan gabygyny dogry we peýdaly ulanmaklygyň birnäçe ýolunyň bardygyny bilýäňizmi? Ine, banan gabygynyň dürli ulanylyşy: — Eger-de ýüzüňizde düwürtik bar bolsa we bu sizi ynjalyk edýän bolsa, banan gabygy düwürtikleri azaltmaga kömek edýär. Sebäbi banan gabygynda C we E witaminleri, kaliý, sink hem-de demir bar. Bu iýmit toparlary çişen derini köşeşdirip, düwürtikleri azaldýar. Banan gabygyny deriňize süreniňizden soň... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:16👁️ 125💬 1
Sen nirede (oýlanma).0
avatar
Ne-hä öziň gelýäň , ne habarlaşýaň, Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip,, Ýakynlaşma derek barha daşlaşýaň Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip. Bag-bakjamyň güllerini s:araldyp, Gaşyň çytyp, älem ýüzin ç:alardyp. Ýüregiň gysdyryp, dünýäm d:araldyp, Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip.. Gündiz kuýaş, mahy-tabanym gije, Gözleseň köňle nur, güýç goşýaň güýje, Birdenem b:ar zady çykaryp puja, Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip. Men öňler... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:10👁️ 134💬 0
A:zandan gora!!!0
avatar
Eý Allam ýazgydym ýagşy eýläwer, Kişiniñ minnetli duzundan gora. Nesibämi ykbalymdan saýlawer, Bagtymy bet niýet gyzlardan gora! Umyt bilen garşy alsam säheri, Aýlansam ilimde bűtin şäheri, Başym belalara duşsa a:hyryn, Bela däl, belalañ yzyndan gora! Dost diýemde ýakyn saýyp göwnime, Gitmesin ol keseki bir őwrime, Yşkym galsa şemallara sowrula, Ýoldaş däl, imany a:zandan gora! Janlary sag bolsun ýakynlarymyñ, Başlary... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:09👁️ 105💬 0
Kakam bolsady+1
avatar
Giderdim armanlañ sakasyn ýykyp, Şu wagt ýanymda kakam bolsady. Syrymy saklaýan illerden bukup, Şu wagt ýanymda kakam bolsady. Beren nesihatlañ ýűregmiñ zary, Ýatlama garyldy geçenleñ bary, Şeýle kyn ekeni bu ykbal ýoly, Şu wagt ýanymda kakam bolsady. Maşgalaña sen şeýlebir gerekdiñ, Biz bir gämi, a sen bolsa kűrekdiñ, Ejizleýän çagym ýanymda ýok sen, Şu wagt ýanymda kakam bolsady. Ebedi saklaryn beren őwdiñi, Ýuwudary... dowamy →
👤 Admin📅 03.02.2024 / 17:08👁️ 113💬 0
Doglan Aýyňyz Siziň Kimdigiňizi Aýan Edýär, Barlap Görüň+5
avatar
Doglan aýymyz özümiz hakda köp maglumat berýär. Aşakdaky häsiýetleriň haýsysy size dogry gabat geldi? Teswirlerde belläp geçiň ÝANWAR *Ýanwar aýynda doglan zenanlar Hemişe ýaş galmagy başarýar Daşyndan sowuk görünsede, güýçli özüne çekijiligi we söýgüsi bar Öz ýaşyny aňsat aýtmaýar Wepalydyr, söýýänlerini taşlamaz Halaýan erkegini öwýär, ony ýokary derejä göterýär Ýeri gelende ähli ýüki öz boýnuna alýar Tyg... dowamy →
👤 EpifiZ📅 03.02.2024 / 15:54👁️ 167💬 6
5 Manyly Gysga Hekaýa+8
avatar
HEKAÝA 1 Günleriň birinde obanyň ähli ýaşaýjylary Ýagyş ýagmasy üçin doga etmäge çykmaga karar beripdirler. Doga etmek güni ýetip gelipdir jemagat toplanypdyr emma diňe bir çagajyk saýawanly gelipdir. INE MUŇA YNANÇ DIÝILÝÄR HEKAYA 2 Bäbejikler ýa-da kiçijek çagalar ýokary zyňaňyzda gülýärler. Çünki olary tutjagyňyzy bilýärler. INE MUŇA YNAM DIÝILÝÄR HEKAYA 3 Her gün agşamlyk, ertesi oýanjagymyz b... dowamy →
👤 Arzuw📅 03.02.2024 / 06:44👁️ 136💬 3
<< 1 ... 56 57 58 59 60 ... 82 >>
Jemi: 1636 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->