Ýürekdeş sözler!
Meniň täze idealym
Mishel [off]
Şugün, 07:52
Manyly diýip şu günki ýazan makalam ertirki gün üçin köne bolup dur. Näme ýazsamda manysyz ýaly bolup dur. Meniň bu günki gozgaýan meseläm eýýäm düýn başga adam tarapyndan ýazylyp indi meniň ýazmam wajyp däl ýaly bolup görünip dur.
Mysal üçin , parahorluk barada örän köp ýazylan. Parahorluk ýaman zät. Parahorluk etmeli däl diýip ençeme adam ýazypdyr. Menem öz gezegimde şol adamlaryň göz ýetiren parahorluk ýaman zat diýen netijesini goldap, hawa parahorluk ýaman zät diýip ýazanym bilen paraholugyň togtap galmajagy belli.
Onda meniň ýazmagym nämä gerek?
Nämä gerek şol bir zady ençeme gezek gaýtlamak? Ýa gaýtalap ýazybermelimi. Heý, adamlar parhorluk ýaman zat diýip.
Eger men parahorlugy togtatjak bolup diňe bu barada ýazyp wagtymy ýitirip otyrsam meniň wagtym şol bir zada sarp bolup gider otyrar. Şeýdip men başga zatlar barada ýazyp bilmän galsam men birtaraplaýyn ýzayjy hökmüne adamlar aňynda galaryn.
Bu meniň üçin utanç. Onsoňam täze ideal barada ýazasym gelýär. Täze arzuwlary öňe goýasym gelýär.
Parahorluk barada ýazmak bolsa umuman utanç. Hakyky ýazyjy-şahyr yza galak düşünjleleri ýazmaly däl. Ol ýagty gün, bagtly durmuş, gözellikler barada ýazmaly.
Adamlaryň klabyna täze güller ekmeli.
Parahorlugy ýok etmek barada bolsa ýörite edaralar bar. Goý, olar göreşsinler parahorlyga garşy.
Ine, şu setirleri ýazdymda onsoň oýalanyp başladym. Yzyny näme barada ýazyp dowam etmeli.
Biraz wagt togtap duryp, hawa täze ideal barada ýazmaly diýipdim. Şol barada ýazaýyn diýdimde yzyna täze idealym barada ýazdym.
Ine, bu täze idealymda adam bagtly durmuşda ýaşaýar. Adamlar parahorlygyň nämedigini bilenok. Çünki bu täze ideýalymda parahorluk ýok. Parahorlygyň ajy tikenleriniň ornuna güller parlap dur.
Adamlar urşanok. Sögüşenok. Olar ylalaşykly ýaşaýar. Hemme adamyň ýüreginde söýgi biri-birine. Hatda bu iedealda ölüm hem ýok.
Onda ýazyjy näme ýazmaly bu täze idealda?
Söýgi barada. Söýgini magtamaly, öwmeli. Özüň söýmeli. Wagtyňy söýgä bagyşlap geçirmeli.
Meniň bu idealymda çöregi nähili tapmaly. Çörek üçin işlemeli ahyry. Işlemek bolsa agyr.
Indi men näme etmeli bu idelaymda. Näme edenimde adamlary agyr zahmetsiz ýaşadyp bilerin?.
Adamlary agyr zähmetsiz ýaşatmak üçin ylymy, bilimi, tehnologiýany ösdürmäli.
Ýöne ylymy ösdürmek üçin hem zähmet çekmeli. Okuw okamaly. Ýasamaly, döretmeli.Demir etretmeli tehnologiýany ösdürmek üçin.
Meniň bi idealymda zähmet çekmeli boldy barybir. Bu bolanok. Bu ideal häzirki biz adamzadyň ýaşaýan jemgyýety. Biziň bu idealymyz gowy däl. Bu idealda adamlar gynanýar. Ölýärler.
Ýok başga bir ideal gözläp tapaýyn.
Indiki täze idealy oýlap tapdym.
Bu gelen idealym öňki idealymdan gowy.
Başga planeta göçüp gitmeli.
Bu idealymda hemme zat ýeterlik.Hemme zat tebigatda bar eken.
Hemme zat bol. Adamlar ölenok. Iýim –içim mugt.
Zähmet çekmek gerek däl.
Indi wagtyňy diňe söýgä sarp edibermeli. Ýöne ynha täze bir problema ýüze çykdy. Meniň bu idealyda käbir adamlar söýüşmek islänoklar. Olaryň bir özleri ýaşasy gelýär. Men ýene täze ideal tapmaly boldum.
Oýlanyp otyryp bu idealy hem tapdym.Bu ideal hemmesinde gowy.
Söýgi bilen ýaşamak islemeýänleriň hemmesini bir ýere jämlap olary başga bir planeta tarap uçyryp göýberdim. Indi meniň bu idealymda çözülmedik mesele galmady. Hemme ýerde taze güller. Täze arzuwlar. Bu arzuwlar şol bada amala aşyp dur.
Näme diýýäňiz okyjylar. Bu ideal gowymy ýada häzirki biziň ýaşaýan ýaşaýyş obrazymyz
17 |
5 |
2 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeVandenes [off]
Şugün, 09:34
+0
- Adamlaryň kalbyna täze güller ekmeli.
Gaty gowy. Idealyňam, mowzugyňam.
Utopik žanrda ýazylan.
Tomas Moruň "Utopiýasy", Marksizm Leninizm ýadyma düşdi. Komunizmdenem ötri boljak, sebäp işlemeli däl eken 
Wi birem otrisatel meşhurlardan Gitleri ýatlatdy, ýöne ol başga planeta ugradanokda, öldürip "arassalap" goýberýä Ýer ýüzüni)
Mishel (Şugün, 10:04)
Vandenes, Gaty pessimist ekeniň. Ýönekeý zatlary ullakan gorkunç zat edip görkezýäň. Eýýäm bu saýtyň agzalryny gorkyzdyň. Indiki mowzygymy oka. belki bu mowzygymy goldarsyň
Orhideya [off]
Şugün, 10:09
+0
Seniň idealyň hakda serial çykardylar apple tv kompaniýasy одна из многих bolmaly ady
Soňky teswirler
Buhgalter kim? Näçe aýlyk alýarlar? Iş kynmy?
logotiger diýen programmany kursuna gatnap öwrenipdim , başda gaty çylşyrymly ýaly soň öwrendigiňçe aňsatlaşýar...dowamy...
Meniň täze idealym
Seniň idealyň hakda serial çykardylar apple tv kompaniýasy одна из многих bolmaly ady...dowamy...
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!
Alhamdulillah, şu mowzugy bassyr 4-njy ýyl açýan. Ýenede köp ýyllar açmak nesip etsin....dowamy...
Meniň täze idealym
- Adamlaryň kalbyna täze güller ekmeli. Gaty gowy. Idealyňam, mowzugyňam. Utopik žanrda ýazylan. Tomas Moruň "Utopiýasy", Marksizm Leninizm ýa...dowamy...
...
...