Ýürekdeş sözler!
Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Fantom [4m]
Şugün, 06:05
Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
Şu gün Päkistanyň paýtagtynda ABŞ bilen Eýranyň arasynda gepleşikler başlanýar. Bu duşuşyklar iki hepdelik okatyşygy, ýagny uruş hereketleriniň wagtlaýynça duruzylmagyny, dowamly we durnukly parahatçylyga öwrüp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny kesgitlemeli.
Duşuşyklar ýapyk görnüşde, ýagny köpçülige we metbugata bildirilmezden geçiriler. Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň berýän maglumatlaryna görä, bu maslahatlar on bäş güne çenli dowam edip biler. Päkistanyň döwlet telekanaly bolan PTV, gepleşikleriň geçiriljek ýeri hökmünde Yslamabatdaky Muhammed Aly Jinna adyndaky maslahat merkeziniň saýlanyp alynmagynyň mümkindigini habar berdi.
Geňeşmeler mekyk diplomatiýasy diýlip atlandyrylýan usul esasynda alnyp barlar. Mekyk sözi aslynda dokmaçylykda ulanylýan, ýüpi bir tarapdan beýleki tarapa gatnadýan guraly aňladýar. Diplomatiýada bolsa bu usul, gapma-garşy taraplaryň wekilleriniň aýry-aýry otaglarda oturmagyny we araçylaryň olaryň arasynda gatnap, habarlary we şertleri biri-birine ýetirmegini aňladýar.
Amerikan wekiliýetine, ýagny belli bir wezipäni ýerine ýetirmek üçin ugradylan wekiller toparyna, wise-prezident Jeý Di Wens ýolbaşçylyk edýär. Onuň düzüminde prezidentiň ýörite wekili Stiwen Uitkoff, Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşner we ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň serkerdesi, admiral Bred Kuper bar.
Eýran tarapy gepleşiklerde hut Wensiň bolmagyny talap etdi. Tähranda, ýagny Eýranyň paýtagtynda we hökümet merkezinde, diňe onuň boljak ylalaşyklaryň doly berjaý edilmegini kepillendirip biljekdigine ynanýarlar. Eýran wekiliýetine bolsa parlament başlygy Mohammad Galibaf we daşary işler ministri Abbas Arakçi ýolbaşçylyk edýär.
Päkistana ugramazyndan ozal Wens žurnalistlere beren beýanatynda gepleşiklerden umytlydygyny aýtdy. Emma ol, Eýran tarapynyň hilegärlik etjek bolan ýagdaýynda amerikan toparynyň muňa ýol bermejekdigini duýdurdy. Tramp bolsa geňeş başlanmazdan ozal Eýrana basyş etmäge synanyşdy. Ol gämileriniň dünýäde iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylandygyny aýdyp, Eýranyň diňe şu gepleşikler sebäpli aman galandygyny we olaryň elinde hiç hili kozur, ýagny ýeňiş getirjek artykmaçlyk ýokdugyny öňe sürdi.
Eýran tarapy bu gepleşiklere örän seresaply çemeleşýär. Prezident Masud Pezeşkianyň aýtmagyna görä, okatyşyk we gepleşikler baradaky karar, ABŞ-nyň Tähran tarapyndan goýlan şertleri kabul etmeginden soň, ýokary lider Mojtaba Hameneýi tarapyndan tassyklanyldy.
Gepleşikleriň öňüsyrasynda Mohammad Galibaf, ABŞ-nyň entek ähli talaplary ýerine ýetirmändigini, hususan-da Liwandaky ok atyşygy besetmäni üpjün etmelidigini we Eýranyň doňdurylan maliýe serişdelerini, ýagny daşary ýurt banklarynda ulanylmagy gadagan edilen pullaryny açmalydygyny belledi.
Päkistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif halka ýüzlenmesinde parahatçylyk gepleşikleriniň 11-nji aprelde Yslamabatda geçjekdigini resmi taýdan tassyklady. Ýurduň häkimiýetleri bu çärä iň ýokary derejede jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Yslamabadyň Gyzyl zolagyny, ýagny döwlet edaralarynyň ýerleşýän we iň ýokary derejede goralýan sebitini polisiýa doly gurşap aldy.
Päkistanyň Içeri işler ministri Mohsin Raza Nakwi, myhmanlaryň howpsuzlygy üçin ýörite meýilnamanyň taýýarlanandygyny we gepleşikleriň ýedi goranyş halkasy bilen gurşalan döwlet binalarynda geçiriljekdigini bildirdi. Gorag işlerine bäş müňe golaý harby gullukçy çekildi.
Iki tarap hem birek-birege gapma-garşy bolan şertleri öňe sürýärler. Eýranyň esasy talaplarynyň arasynda Ormuz bogazyna gözegçiligi saklamak we urany baýlaşdyrmak, ýagny ýadro ýangyjyny ýa-da ýaragyny taýýarlamak üçin zerur bolan fiziki amaly amala aşyrmak hukugynyň ykrar edilmegi bar. Şeýle hem olar sanksiýalaryň aýrylmagyny, ýagny ykdysady we syýasy gadagançylyklaryň bes edilmegini we amerikan goşunlarynyň sebitden çykarylmagyny talap edýärler.
ABŞ bolsa öz gezeginde Ormuz bogazynyň erkin deňiz zolagyna öwrülmegini, Eýranyň raket maksatnamasynyň çäklendirilmegini we bar bolan ýadro ätiýaçlyklarynyň halkara gözegçilerine tabşyrylmagyny isleýär.
Bilermenleriň pikirine görä, köp ýyllaryň dowamynda dörän ynamsyzlygy birnäçe günüň içinde aradan aýyrmak aňsat bolmaz. Şeýle-de bolsa, iki tarapyň hem uruşdan ýadamagy we wagtlaýynça hem bolsa asudalyga mätäçligi belli bir derejede oňyn netijelere umyt döredýär. Emma bu okatyşyk entek doly parahatçylyk däl-de, diňe bir mümkinçilikdir.
Söz soňy:
Donald Tramp tarapyndan yglan edilen bu okatyşyk, ýagny uruşýan taraplaryň belli bir möhlet üçin ok atmagy duruzmagy, dünýä jemgyýetçiliginde seresaply bir umyt döretdi. Emma anyk düşünmeli zat bar: wagtlaýyn ylalaşyk entek doly parahatçylyk diýmegi aňlatmaýar. Bu iki hepdelik möhlet mazmunly gepleşiklere hem alyp baryp biler ýa-da islendik pursatda bozulyp, urşuň has elhenç tapgyryna hem geçip biler.
Bu ylalaşygyň nä derejede näzikdigini we gowşakdygyny ýatdan çykarmaly däl. Waşington islendik pursatda Eýrany hyýanatçylykda aýyplap, harby hereketleri täzeden başladyp biler. Iň gyzykly tarapy bolsa, ABŞ-nyň bu gepleşikler üçin Eýranyň öňe süren on bendi öz içine alýan meýilnamasyny esas hökmünde kabul etmegidir.
Eger Trampyň aýdyşy ýaly, Eýran hakykatdan hem uruşda ýeňilen bolsa we ýurt hökmünde weýran edilen bolsa, onda näme üçin Waşington Tähranyň şertlerini ara alyp maslahatlaşmaga razy boldy? Bu sorag köp sanly syýasy seljerijileriň ünsüni çekýär.
Eýranyň meýilnamasyndaky esasy talaplar örän ýiti we jedelli meseleleri öz içine alýar. Meselem, amerikan goşunlarynyň sebitden çykarylmagy diýen talap, ABŞ-nyň onlarça ýyllaryň dowamynda Ýakyn Gündogarda guran harby binýadyny we täsirini öz eli bilen ýykmagy diýmekdir. Tramp Amerikanyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda we özüniň 80 ýaşynyň toýlanjak ýylynda beýle geosyýasy kapitulýasiýa, ýagny garşydaşyňa doly boýun egmek we ýeňilmek ädimine gidişini göz öňüne getirmek kyn.
Meýilnamadaky ýene bir möhüm zat, urşuň ähli taraplarda, şol sanda Liwan ugrunda hem duruzylmagydyr. Emma häzirki wagtda Ysraýylyň Liwandaky Hezbolla toparyna, ýagny Eýran tarapyndan goldanylýan harby guramanyň bölümlerine urýan zarbalarynyň dowam edýändigi barada maglumatlar gelýär. Ysraýyl tarapy häzirki wagtda özüne harby ýeňiş gazanmak üçin basyşy güýçlendirýär. Şonuň üçin bu eee,bölegiň durmuşa geçirilmegi örän kyn görünýär.
Iň esasy we strategik meseleleriň biri Ormuz bogazyna bolan gözegçilikdir. Bu bogaz dünýäde energiýa serişdeleriniň, ýagny nebitiň we gazyň daşalýan iň esasy suw ýoludyr. Eger ABŞ Eýranyň bu bogazda hökmürowanlygyny ykrar etse, onda Tähran bu ýerden geçýän gämilerden, esasanam özüne dostlukly nazary bn garamaýan döwletlerden uly mukdarda töleg alyp başlar.
Tähran eýýämden her gämiden iki million dollar möçberinde töleg almagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu bolsa Eýran üçin gytaklaýyn bir maliýe öwez tölegi ýaly bolar. Ýagny, ABŞ Eýrana göni pul bermese-de, dünýä söwdasynyň iň möhüm ýolunyň açaryny Eýrana bermek arkaly, oňa ykdysady taýdan kuwwatlanmaga mümkinçilik berýär.
Bu gepleşiklerde iň real amala aşyrylyp bilinjek zatlar sanksiýalaryň, ýagny ykdysady gadagançylyklaryň tapgyrlaýyn aýrylmagydyr. Ýadro meselesinde bolsa, ABŞ Eýranyň urany baýlaşdyrmak hukugyny sözde ykrar etse-de, iş ýüzünde ony şeýle bir köp halkara gözegçilik we tehniki şertler bilen gurşap alar welin, Tähranyň hereket meýdany örän daralar.
Gepleşikleriň näme üçin hut Yslamabatda geçirilýändigi hem tötänlik däl. Päkistan dünýädäki ýeke-täk ýadro ýaragyna eýe bolan musulman döwletidir. Ol hem ABŞ, hem-de Eýran bilen işjeň gatnaşyklary saklap gelýär. Bu gepleşikler arkaly Päkistan dünýä arenasynda öz abraýyny we täsirini artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem bu waka Günbatar dünýäsinden we halkara guramalardan daşda, has ýapyk we bitarap şertlerde ylalaşyk gözlemegiň täze bir nusgasydyr.
Netijede, bu gepleşikleriň nähili gutarjakdygy belli däl.
Ana saýtdaşlar, ýagdaýa şeýleräk...
5 |
3 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a
Men-de musulman diýmek ýeterlik bolmaýar. Pygambermiz saw-yň we sahabalarynyň durmuş ýoly, ýaşaýşy we din üçin bitiren hyzmatlaryny bilmek we ol...dowamy...
...Sözler ýatyr aramyzda
Meňki däl sen ezizläre, Namart däl men ejizläre. Ses-sedasyz bir biçäräň, Ynamyn döwüp gitdiňmi? Alnyna gidip ýalanyň, Ýazan erksiz galamym, Kag...dowamy...