“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Özüni beýikde tutýanlar ýerdäki ýapraga serediň, bir wagtlar olaram depedi!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ÖZIME NEKROLOG
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 16.04.2026 / 14:28
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Bu dünýäde käbir adamlar bolýar… olar ümsüm ýaşaýar. Olaryñ barlygy has köp ýokluga deñeçer bolýar. Olar ömrüniñ ýaşan döwründe sessiz ýaşasalarda, gidenlerinde bütin bir dünýäni boş goýup,uly bir ses döredip gidýär. Mawy gyz hem şolardan biridi.
Mawy… öz ady bilen,özi ýaly, göwünleri serinledýän, ýürekleri rahatlandyrýan, deñiziñ sypaýy,mylaýym tolkunlaryny ýadyña salýan bir gyzdy. Ol mylakatlydy, sözleri hiç haçan ýürek döwmezdi, göwün ýykmazdy. Ol agyr başlydy, her ýagdaýda sabyrly, paýhasly, giñ göwünli durmagy başarýan gyzdy. Ol gözel göwünlidi, onuň kalbynda erbetlik üçin ýer ýokdy.
Ol ýaşaýarka, köpler onuň gymmatyny doly duýmadyk bolmagy mümkin… sebäbi ol özüni görkezýänlerden däldi.Ol sada hem sessiz gyzdy. Ol sesini çykarman, kömek edip, söýüp, düşünip,düşünüşip ýaşaýardy. Emma onuň ýoklugy… sessizje ýüreklerimizi gyýýar.
Mawynyň gülküsi indi diňe ýatlamalarda ýaşar. Onuň ýyly sözleri,mähirli häsiýeti indi diňe kalplarda orun alar. Onuň ýumşak ýüreginiñ orny bolsa, bu dünýäde bir boşluk bolup galar.
Käwagt iň gowy adamlar ir gidýär… sebäbi bu dünýä olaryň päkligine dar gelýän ýaly.
Mawy, sen diňe bir adam däldiň… sen bir duýgudyň. Sen bir ýagtylykdyň. Indi ol ýagtylyk bu dünýäde söndi… ýöne başga bir dünýäni ýagtyldar diýip umyt edýän.
Mawy, öz ýalñyz başyna ýaşaýan,garypja otagynda, ýazyñ gara bulutly, ýagyşly güni, ýeke ōzi ýalñyzlykda aradan çykdy.
Merhum gyz Mawy, nähili göwni açyk, ýüzi ýagty, alçak häsiýetli bolsada, onuñ dosty-ýary, ýakyn jorasy ýokdy. Onuñ iñ ýakyn syr berip, syr alyşýany, içini döküp, derdini paýlaşýany bu onuñ kitaplardy. Sessizligi, ümsümligi halasada, hak-hukuk ugrunda adalatsyzlyklara öz güýçli sesini goşanlaryñ biridi. Ol adalatsyzlyga, kemsidilmäge, adam ynjytmaga düýbinden garşy gyzdy.

" Ìl-ulusdyr dosty-ýary ýekäniñ" # M.Pyragy. diýip şahyryñ belleýşi ýaly Mawynyñ dosty we ýakynlary onuñ töweregini gurşan ynsanlardy.
Goý, seniň ornuň jennetde bolsun. Seni tanaýan her bir ýürekde bolsa sen hemişe ýagşy pikirler, owadan duyĝylar bolup müdümi ýaşa...


Temadan daş düşmäñ! ✓Mawy


137

29

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Ýalňyşmakdan gorkup, biz ýene bir gezek ýalňyşýarys...
 16.04.2026 / 16:38

+1

Eger setirleriň arasyndan okamaly bolsa, saýty taşlap gitjek diýen many görünýär...

Ýöne bu hakykata näçe % ýakyn?

Aslynda syr alyp berişmeklik bu ýakynlaryň känligini aňlatmaýar ähwetin? çünki diňe gepleşibem öz derdiňi aladalaryňy we şm ýeňledip bolýara.

Depreýsiýanyň iň gowysy şo ýakynlanda ýekelikde az wagyt garaşyp ony ýeňip bilseň geçer gid


Özümiziňki
Mawy  (16.04.2026 / 18:01) 

Fantom, şo ýakynlygyñ % ni üýtgäp dur, bellisi ýokda)

 Öwreniji
 Kapiro [off]
  Allah diýene Allah ýetişer
 16.04.2026 / 23:07

+2

Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakda asla pikir etmeýärler,eger pikir etselerde nädogry pikir edýärler . Bu zatlar barada ýeketäk dogry düşünje berýän Yslam dinidir .Adam Allahyň buýruşy ýaly ýaşamasa nähili gowy adam bolsa bolybersin,nähili atly-abyraýly ýa millarder bolubersin şol adam bu dünýäden betbagt bolup,ahyreti dowzahydyr, bu zatlary men aýdamok Allah bildirýär . Kä adam diýýär mollasumaklar ony diýýä buny diýýär diýip, molla-ahun özünden zat aýdanok Allahyň dini we Kurany Kerimde aýdyşyny bildirýär. Sözüň gysgasy hakyky bagtyýarlyk özüňçe ýaşamaklyk ýa ile görä ýaşamaklyk däl-de bizi bu dünýä getiren ,ýaşadan we ýene özüne hasap üçin dolajak Allahyň buýruşy ýaly ýaşamakdyr, başgaça ýaşaýyşda diňe soňky puşmanlyk we soňsuz betbagtçylyk garaşýandyr.


Özümiziňki
Mawy  (17.04.2026 / 18:39) 

Kapiro, Dogry.

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 18.04.2026 / 19:31

+0

Garaz, gowy adam bolmak kyn-da...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Minnetdar! Dogrysy Gerçeknazaryň Hydyr Ylýasmy şo ýaşulylaryň ady? häzir ýadymda däl, ana şolar bilen geçiren edebiýat agşamyndan ýazanyny okapd...dowamy...

Nobatguly Rejebowdan


Özünii bilen welii diýipdirler. Edebiýatdaa ölmez-öçmez yz galdyrjak beýik şahyr bolmasadaa welää bolupdyr şahyr agaa. :)...dowamy...

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap


"Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar." Häzir Türkmenistandaa näçee adam bar bolsaa şolar...dowamy...

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap


Sohbetdeşlikleriñiziñ hemmesinde hem şuñ yaly diñe edebiyata, dõredijilige degişli sorag jogaplar bar bolsa bu hemmeler üçin gyzykly bolmasa ger...dowamy...

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap


Gyzykly görseňiz döredijilik adamlary bilen geçirlen sorag jogaplary ýene paýlaşjak nesip bolsa. Dowamy gelsin diýseňiz pikirlerňizi ýazyp galdyr...dowamy...

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Berekella ýetirenňize minnetdar köp sagboluň!...dowamy...

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Byrynjydan-a "Ahalyllaň" diýip zat ýok. Haçanda resmi yglan edilende diýip bilersiň ony. Aşgabat Ahal-a degişli däl. "Merkezde" diýseň ýerlikli...dowamy...

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Haladym!Gaty haladym.Islenende hem tema edip paylaşmagyña sabyrsyzlyk bn garaşýardym.Işlerimi birýanýüzli edenimden soñ heziller edip okayardym....dowamy...

Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy


senden soran bamy nirede näme bolandygy geçiniň öň aýagy ýaly boluberme...dowamy...

Garry gyzyň ykbaly /hekaýa


samsyk tema...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
masterdollar (30.05.2026 / 10:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->