Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ony hiç görmezlik başga biribilen göreniñden gowudyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

Degişme.
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 08.08.2024 / 00:13
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Degişme.

Telefon bu gowy zat,
Hemme üçin elýeter.
Oňa muňa gideňok,
Möhüm işiň tiz biter.


Ýüz keşbiňi görmersiň,
Bir sere uzak ara.
Köp gürle sen az gürle,
Parhy bildirmez ýara.


Emma welin bir zady,
Aýdaýyn men şu ýerde.
Moda bolup üç sekunt,
Ahlini goýdy derde.


Duşuşyk bellejegem,
Ulanýar ol üç sekunt.
Söýup soňra aljagam,
Aýlap goýýar üç sekunt.


Nahar bişir Keýjeim,
Seniň meniň söýjegim.
Ähli diýjek goýjagym,
Duýgun öçer üç sekunt.


Ezizim seni söýýän,
Ýene gitdi üç sekunt.
Ugruňda ýanyp köýýän,
Hana gitdi üç sekunt.


Dostjan bu gün öýdemiň,
Barjak seniň ýanyňa.
Telefonda pul azdyr,
Duk-Duk deger janyňa.


Ýöne her-bir modanyň,
Azajyk bir ömrü bar.
Bir-gün ýapdy TM Cell,
Indi bolduk oňa zar.


Uly kiçi ýaş diýmän,
Başagaý etdi bizem.
Soňa baka öwrenşip,
Gürläp durduk tiz-tizem.


Ahyr gitdi üç sekunt,
Ara açyp aradan.
Seň Ulgamyň 1-bilen
Tanyş bolduk täzeden.


Bu taryfyň gowlugy,
Her-minudyň 1-teňňe.
Emma uzak durmady,
Geçmelidiň öň ýeňňe.


Ýaňy öwrenşdik welin,
Bu taryf hem ýapyldy.
Emma onuň ýerine,
Amatly hem tapldy.


Örän köpdür taryflar,
3-ji hem-de tygşytly.
Sada, hem-de Serpaýdyr,
Önsaň ýene ýeneler.


Amatly+1,
Çykdy begendik bizem.
Begenç diýer masahat,
Giriip görseňiz sizem.


Indi ähli muşdakda,
Amatly+1-dyr.
Internet, her jaňlarda,
Amatlysy hem şoldyr.


Şahyr Begenç Orazow


171

23

4

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 brauzer_2008 [off]
  ?
 08.08.2024 / 00:26

+0

Musdakda name zad


Gerekli
Aixcam_nx  (08.08.2024 / 00:27) 

brauzer_2008, mnm basga yerden allm


Täzeje
brauzer_2008  (08.08.2024 / 00:28) 

Aixcam_nx, ha


Premium
General  (23.09.2024 / 16:43) 

brauzer_2008, bu goshgyny nirden aldyñay dost


Premium
General  (23.09.2024 / 16:44) 

brauzer_2008, wiiiiii yalñyşyp size ýazypdyrna bagyşlarsyn brauzer_2008,

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 08.08.2024 / 16:01

+1

Telefon bu gowy zat


Gerekli
Aixcam_nx  (08.08.2024 / 16:02) 

Aynabat, da

 Premium
 Darkify [off]
  Who are you referring to?
 23.09.2024 / 16:47

+0

Aixcam_nx, dost bu goşgyny nirden aldyñaý

 Premium
 Darkify [off]
  Who are you referring to?
 23.09.2024 / 16:49

+0

boljak

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика