Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Я делаю вид, что всё прекрасно. Умирая изнутри.
Aýgytly ädim kinofilmi
Premium
BAYOGUL [on] 15.09.2024 / 22:38
Aýgytly ädim - (rus. Решающий шаг) sowet döwründe "Türkmenfilm" studiýasynda düşürilen, režisser Alty Garlyýewiň reňkli filmi. Berdi Kerbabaýewiň "Aýgytly ädim" romanynyň sýužeti boýunça.
Türkmen kinematografiýasynyň 60-njy ýyllarda gazanan uly üstünliginiň biri “Aýgytly ädim” filminiň döremegidir. 1965-nji ýylda düşürilen iki seriýaly “Aýgytly ädim” kinofilmi Berdi Kerbabaýewiň meşhur romany esasynda döredildi. Filmi režissýor Alty Garlyýew goýdy. Türkmen halkynyň rewolýusiýa gelşi we göreşiň jümmüşinde rewolýusion akymyň taplanyşy hakda gürrüň berýän bu film tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. “Aýgytly ädim” kinofilmi türkmen kinematografiýasynyň abraýyny artdyrdy. Ol diňe bir ýurdumyzda görkezilmän, daşary ýurtlarda-da görkezildi we millionlarça tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. 1966-njy ýylda bu film üçin ýazyjy B. Kerbabaýew, režissýor A. Garlyýew, aktýorlar Baba Annanow we Žanna Smelýanskaýa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldular.
Kinonyň sazyny meşhur kompozitorymyz Nury Halmämmedow ýazdy. Bu barada Oraz Ýagmyryň “Nury Halmämmet” kitabynda şeýle diýilýar: ““Aýgytly ädim” kinosyna saz ýazmaga Alty Garlynyň Nury Halmämmedi saýlap almagy bu kinonyň iň uly utuşy boldy. Edil “Şükür bagşyda” bolşy ýaly, bu kinonyň hem iň beýik tarapy-kino sazy boldy….Meşhur “Aýna” aýdymynyň orginal notasy Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowda saklanýar. “Bir gezek Nury ikimiz telewideniýede çykyş edýäs. O mahal “Aýgytly ädim” surata alynsa-da heniz görkezilmändi. Onsoň Nury maňa : “Hany “Aýnany” aýtsana” diýdi. “Alty Garly käýýär, kino çykýança aýdymyny aýtmaň diýip tabşyrdy” diýdim. “Alty aga öz ýaşulymyz. Käýese käýýär, ýençse ýenjer. Sen aýtsana” diýdi. Onsoň Nurynyň özi pianinoda sazyny çaldy, menem aýtdym . Ertiri bütin halk “Aýnany” aýdyp başlady”. Bu ýaşuly artistimiziň ýatlamasy.”
Kinoda oynan artistler:
Artyk - Baba Annanow
Aýna - Žanna Smelýanskaýa
Aşyr - Artyk Jallyýew
Mawy - Hommat Müllük
Gully han - Alty Garlyýew
Halnazar baý - Durdy Saparow
Eziz han - Muhammet Çerkezow
Bally - Aleksandr Ýakubow
Pökgi bala - Akmyrat Bäşimow
Mowzugy vip edenler:
Kuryazov - 1 sagat vip etdi!
(16.09.2024 / 22:07)
Teswirler:
Özümiziňki Aynabat [off] Слава Аллаху. 15.09.2024 / 23:13+0iki yuzli adamra Gully han yaly diyäler bärdä 
Özümiziňki Perhat_Sabirovv [off] Men hiçkim birazajyk pikirlen...! 16.09.2024 / 12:19+0Aýnany kim alsa şol alsyn bize diňe toý bolsun
Täzeje Tiidaly [off] 16.09.2024 / 19:28+0Name ucin Eziz hany kiçeldyaler ya awtorda mesele bamy??? Awtoram Berdi Kerbabayew sotayyny halamok
Premium
Admin [1s] Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim! 17.09.2024 / 11:27+0Aygytly Adim kinofilmdaki aydymy remix etdilera sho aydymyn dolysy kimde bar
Soňky teswirler
Lolular
Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...
dowamy...Lolular
Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....
dowamy...Lolular
Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone
Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...
dowamy...
Ýokaryk