Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Ahal : Nebsiňiz bilen, açlyk we suwsyzlyk bilen söweşiň...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Yatlarsyn meni......
 Täzeje
 Maymynjyk [off]
 21.09.2024 / 21:40

Yatlarsyn meni......




Bu gün aýra düshdi durmush ýolumyz,
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!
Ýa uly boldumy tutan pälimiz,
belki, toý gününde ýatlarsyñ meni!

Aýralyk derdi bar meniñ bashymda,
Ýatsam düýshümde sen, tursam hushumda,
Sheýdip däli boldum juwan ýashymda,
Belki, gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni!

Eliñ bilen öz bagtyñy ýatyrdyñ,
Ömürlik ýoldashyñ baky ýitirdiñ,
Düshünýän, saña-da hasrat getirdim,
Belki, hasratly gün ýatlarsyñ meni!
Uzak oturmarsyñ gyzlygña garap,

Her gün sawchy geler rugsadyñ sorap,
Hossarlaryñ saña bererler azap,
Belki, azaply gün ýatlarsyñ meni!
Ahyr bir gün toý sähediñ alynar,

Shondan soñ hem toýuñ güni bellener,
Shol gün…shol gün seniñ gelinalyjyñ geler,
Kürtäñ ichindekäñ ýatlarsyñ meni!
Toý gutarar, adam galmaz dashyñda,

Bir ýash ýigit gelip durar gashyñda,
Gzyl kürtäñ aýlap urar bashyñdan,
Belki, shol pursatda ýatlarsyñ meni!
Gyzlyk buýsanjyñy alar eliñden,

Ýapyshar ol seniñ näzik teniñden,
Ol gün isleg-arzuw soralmaz senden,
Belki, gözýash bilen ýatlarsyñ meni!
Dañ atar, gutarar hasratly gije,

Shol günden soñ adyñ bolar gelneje,
Umytly bakarsyñ ýagty geljege,
Belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!
Ýyllar gecher bir-birine meñzemän,

Özge ýar gujakda dökersiñ gözýash,
Süýji arzuw, umyt gachar senden dash,
Belki, arzuw bilen ýatlarsyñ meni!
Ine, shondan soñra, söýgülim, adyñ

Sähelche zat üchin alynar badyñ,
Ýadyña düshermi ýakan ýigidiñ?
Belki, gam-hasratda ýatlarsyñ meni!
Aý gecher, gün gecher — dogular chaga,

Az-kem ýatdan chykar gaýgy-alada,
Shonda-da käwagt bakarsyñ ýola,
Belki, ýola bakyp ýatlarsyñ meni!
Goshgy ýazýar bu gün ýüregi para,

Aýralyk derdine tapylmaz chäre,
Ashyk oglan gözýash döker bichäre,
Ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni!
Aýdýan bu gün saña aýralyk güni,

Ýadymdan chykarman, söýgülim, seni!
Diñle, söýgim, meniñ soñky sözümi:
Belki, shu goshguda ýatlarsyñ meni!


180

12

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 BerdiB [off]
 21.09.2024 / 23:27

+0

Mena yatlamazdym bir ayrylanson, ya yatlarmykam

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mesawy söhbet


😆😆😆 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Belki (Şugün, 15:12)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Don Kihodyn gyz nikimi sen )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Belki (Şugün, 14:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


oňarypsyn indi has uly maksatlara ýetmek üçin instagramy gör iller daşary ýurda gidýär , senem eneň-ataňa daşary ýirda gezelenje gitjek diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Boniya (Şugün, 13:24)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)

Arwah gelyan gijesi 2


Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä t...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:20)

Arwah gelyan gijesi 2


ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:17)

Arwah gelyan gijesi 2


olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde- de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabs...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:16)

Özüñe üns ber!


Hemmesem meň edyen zatlam eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Belki (Şugün, 10:09)

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика