Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yağmur gibi sev beni. Kaçmak mümkün olmasın

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ÖMÜRJIK... (hekaýamtyk)
 Gytyndan
 Baron [off]
 23.09.2024 / 09:33
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

...Hemişekilerinden ir oýandy. Töweregi üçin, ony tanaýanlar üçin geňlikdi. Ol bu gün gerinmedi hem. Toýa, özem öz toýuna taýynlyk görýän ýalydy bolşy. Hemişe bulam-bujar edip turup gidýärdi, a bu gün emaý bilen, usullyk bilen, juda tertiplilik bilen ýorgan-düşegini ýygnady. Indi bir aýdyr, ýatanda gapdalynda saklaýan gülgüne gyz ýaglygyny üýtgeşik bir mähir bilen sypady. Birenaýy ýylgyrdy. Bu ýylgyryşda kän-kän ýatlamalaryň, kän-kän arzuw-hyýallaryň ýatandygyny bilmek üçin oňa azajyk beletlilik ýeterlikdi. Beýleräginde ýatan portfelini eline aldy. Ony açyp, kimdir birleriniň suratlaryny çykardy. Gözüniň alnynda, ine, birnäçe adamyň keşbi dur suratlara siňen. Her suraty eline alanda ýüzünde üp-üýtgeşik duýgular peýda boldy. Hem ýylgyrdy, hem bozuldy. Içinde, ho-ol içiniň bir künjeginde düşündirip bolmaýan titremeler döredi. Galpyldady... Birdenem hasyr-husur suratlary ýygnady-da, adaty däl hereketleri bilen mübtela boldy. Otagyndaky çalam-çaş bolup ýatan eşiklerini tertipläp başlady. Asgyçdan asmalylaryny asdy, epläp goýmalylaryny epledi. Ýöne, näme üçindir, ýuwmalylaryna, ütüklemelilerine üns bermedi. Olary hem edil bolmaly ýerlerindäki ýaly ýerlerde ýerleşdirdi. Eline bir ýazylyp gutarylmadyk ýandepderçäni aldy. Agdaryşdyrdy. Käbir sahypalarda ýylgyrdy, käbir sahypalarynda azajyk gussa batdy. Ony hem emaý bilen ýerinde goýdy-da, portfelindäki suratlara ýene elini uzatdy, özem bialaç... Otagyndaky işlerini tamamladym etdi-de, aşaky gata düşdi, maşgalasyndakylaryň öýde bolanlary bilen salamlaşdy, özem adaty däl duýgy bilen. Öýde dällerine hem gaýybana salam berdi, salam aldy...
Hammama girdi. Ömrüne namaz okamadyk, şonuň üçin täret hem almadyk halyna, bir kemini goýman täret aldy...
Ertirlik naharyny edinmedi. Iň gowy görýän eşiklerini geýdi: iň gowy görýän köýnegini, penjegini geýdi, iň gowy görýän galstugyny dakyndy. Atyr sepindi. Birkemsiz taýyn boldy köpe çykmaga. Çykdy. Ýürekdeşdir öýdýänleriniň ýanyna bardy, adaty gümür-ýamyr etdi. Ýöne hoşlaşanynda welin, üýtgeşik bir duýgular bilen hoşlaşdy. Gün öýle boldy. Hemişeki gelýän naharhanasyna geldi. Ýene, adatdakylar ýaly, nahar iýmedi, kofe içdi, köp içdi. Heziller edip çilim çekdi. Iňrik garaldy. Öýlerine gelip, agşamlyk naharyny iýdi ýakynlarynyň KÄBIRI bilen. Öz otagyna geçdi. Iň bir tämiz eşiklerini geýdi we birnäçe wagtdan bäri peýläp ýören ýerine ugrady...

...Ertesi ony iň bir gowy sözler, ýatlamalar bilen soňky ýoluna ugratdylar. Şeýdibem birnäçe Arzuwlar, Umytlar, Hyýallar eýesiz galdy...


©Sapa HOMMADOW


156

22

2

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Tiidaly [off]
 23.09.2024 / 11:49

+1

Bahhhh her zat tapyanay nammolarka diydim cilim cekip tazeden okadym bahhhh. molodec atam yerin ayrydyr!!!

 Özümiziňki
 Gulmahrem [20s]
 23.09.2024 / 15:24

+0

Mübtela sözüne düşünmedim


Gytyndan
Pegas  (23.09.2024 / 15:37) 

Gulmahrem, könelişen söz. "Derdeser, gaýgy, gam, hasrat, eser, başagaý" manysynda.


Özümiziňki
Gulmahrem [20s] (23.09.2024 / 23:57) 

Baron, sag boluň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:40)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:38)

MUGALLYM !!!


Zakaz alañokmaý doss)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Ahmal (Şugün, 17:28)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Meniň üçin iň gyzykly ýeri şu:"Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:55)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Gitmänkäň Tik Tok sahypaňy paýlaşyp gitsene!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:54)

Mesawy söhbet


😆😆😆 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Belki (Şugün, 15:12)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Don Kihodyn gyz nikimi sen )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Belki (Şugün, 14:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


oňarypsyn indi has uly maksatlara ýetmek üçin instagramy gör iller daşary ýurda gidýär , senem eneň-ataňa daşary ýirda gezelenje gitjek diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Boniya (Şugün, 13:24)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика