Ýürekdeş sözler!
Chocolate : Где другие строят стены, Мы построили мосты
Dostuma...
Gytyndan Baron [off] 03.10.2024 / 12:33 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Ykballara ýanaly biz,
Derdi gizläp geçirere
ömür çäkli.
Şonuň üçin,
Otur, dostum, içeli-le.
Gel, meý bilen ýuwudaly
Kalba agram berýän gamy.
Dünýäň irmän ýepbekleýşin,
Ýekirişin seni, meni
Unudaly biraz salym.
Serhoşlar deý göçeli-le.
Goý, ýazylsyn damarlarmyz,
Birazajyk içeli-le.
Ogurladan düýnlermiziň
Ahmyryny ýetireli.
Iň bolmanda, öz-özümiz
Göwnümizi götereli.
Ýazmakdanam irdik indi,
Setirlere “gep gatnadyp”.
Gussa çekip ertir-agşam,
Dyrnak ýaly nep tapmadyk.
Bagrygirýan duýgularyň
Kirişlerin gowşadaly.
Şonuň üçin, otur, dostum,
Gursaklary gowzadaly.
© Sapa HOMMADOW
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 03.10.2024 / 13:53+1Gowy eken
Soňky teswirler
Arwah gelyan gijesi 2
Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini
diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly
zatlary ýere göm, ýa köçä t...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly
ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyz...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-
de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň
gabs...
dowamy...
Ýokaryk