Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Gadyrym bilinmeyan yerde sekundam eglenmen)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Beýiniň peýdasy
Premium
 BAYOGUL [1s]
 03.10.2024 / 17:59
 Yurekdesh.ru

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.




Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan miwe bolup, ol daş ýerlere daşalanda zaýalanmaýar. Miwelerini çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir. Miwelerinde 8,2-12,0% şeker, witamin C, pektin 0,33%-e çenli we 0,2-0,8% turşular saklanýar. Şeýle hem miwesiniň düzüminde eýleýji (dubil) maddalary, efir ýaglary saklanyp, beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar.




Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Häzirki wagtda halk lukmançylygynda içgeçmede we içki organlardan gan gelende beýi tohumynyň gaýnadylan ergini ulanylýar. Ýürek, gan-damar keselleri sebäpli döreýän näsaglyklarda beýi atylan çaý içmek maslahat berilýär. Aslynda beýi iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Sebäbi onuň daşynda tüýjümek örtükler bolandygy üçin hem diýilýär. Emma, häzirki wagtda seçgiçiligiň ösmegi bilen seçgiçi alymlarymyz beýiniň tüýjümek örtüksiz ýa-da ýylmanak görnüşlerini döretdiler.


138

10

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 03.10.2024 / 18:01

+1

"Behi, aýwa" diýilýär biz tarapda.


Premium
BAYOGUL [1s] (03.10.2024 / 18:02) 

Baron, biz tarapda beyi diyilya dasoguzda


Özümiziňki
Jasmin  (03.10.2024 / 20:46) 

BAYOGUL, Beha

Beyi diyanizmi siz


Premium
BAYOGUL [1s] (03.10.2024 / 21:25) 

Jasmin, howwa


Özümiziňki
Jasmin  (03.10.2024 / 21:27) 

BAYOGUL, birinji gz esdyan


Premium
BAYOGUL [1s] (03.10.2024 / 21:29) 

Jasmin, beyi 2 nji gezek esitdin indi


Özümiziňki
Jasmin  (03.10.2024 / 21:32) 

BAYOGUL, alma nm diyaniz uzume erige setdala:


Premium
BAYOGUL [1s] (03.10.2024 / 21:32) 

Jasmin, alma alma diyyas uzume uzum setdala sepdaly diyyas


Özümiziňki
Jasmin  (03.10.2024 / 21:34) 

BAYOGUL, sepdaly onoñ basga haysy miwelerIn adlary uytgesik


Premium
BAYOGUL [1s] (03.10.2024 / 21:35) 

Jasmin, blmk sen ozun denesdirip goraymesen


Özümiziňki
Jasmin  (03.10.2024 / 21:41) 

  1. hm
BAYOGUL,

 Täzeje
 BerdiB [off]
 03.10.2024 / 19:40

+0

HAna ishikde dokulup dur gerek bolsa yygyp alyp gidin, ozem gowy iymage yone baly has suyji bolyar

 Täzeje
 BerdiB [off]
 03.10.2024 / 19:42

+0

Hemem tohumunyn yanyndan cykyan ak shire Sahar kesellerine we ashgazan asty mazin ishlemegine tasiri uly diyip eshdipdim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mesawy söhbet


😆😆😆 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Belki (Şugün, 15:12)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Don Kihodyn gyz nikimi sen )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Belki (Şugün, 14:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


oňarypsyn indi has uly maksatlara ýetmek üçin instagramy gör iller daşary ýurda gidýär , senem eneň-ataňa daşary ýirda gezelenje gitjek diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Boniya (Şugün, 13:24)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)

Arwah gelyan gijesi 2


Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä t...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:20)

Arwah gelyan gijesi 2


ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:17)

Arwah gelyan gijesi 2


olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde- de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabs...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:16)

Özüñe üns ber!


Hemmesem meň edyen zatlam eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Belki (Şugün, 10:09)

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика