Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr.
Döwletleriň baýdaklary barada gyzykly faktlar
Premium
BAYOGUL [on] 03.10.2024 / 18:01
Baýdak bu döwlet nyşanlarynyň hataryna girýär. Ol halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hem hasaplanýar.
1. Dünýäniň ilkinji mata baýdaklary Hytaýlarda b.e.öň 1100-nji ýyllarda döredilipdir diýip takmynlar bar.
2. Dünýäniň iň owadan baýdagy Serbiýanyň baýdagy hasaplanýar. Dünýä belli Ranker portalynda millionlarça adamyň ses bermegi arkaly geçirilen bu bäsleşikde Serbiýa respublikasynyň baýdagy dünýäniň iň owadan baýdagy diýlip saýlandy.
3. Dünýädäki ähli baýdaklar diýen ýaly 2:3 ölçegdedirler.
4. Dünýäde iň seýrek duş gelýän reňk bu fiolet reňkidir. Sebäbi XIX asyryň ortalaryna çenli bu reňk dünýäde iň gymmat reňk hasaplanypdyr. 1856-njy ýylda fiolet reňkini almagyň arzan görnüşi oýlanyp tapylypdyr. Häzirki wagtda ykdysady sebäplere görä hiç bir döwletiň baýdagynda bu reňk duş gelmeýär.
5. 1983-nji ýylyň 1-nji maýynda kabul edilen Mozambik döwletiniň döwlet nyşany bolan baýdagy dünýäniň iň täsin baýdagy hasaplanýar. Baýdagyň ýüzünde häzirki zaman ýaragynyň “Kalaşnikow” şekili ýerleşdirilen bolan bu baýdak dünýäde ýaragyň suraty bar bolan ýeke-täk baýdakdyr.
6. Garaşsyzlygyny yglan edenden soň iň köp baýdagyny çalşan döwlet bu Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. ABŞ-nyň döwlet nyşany bolan baýdagynda 50 sany ýyldyzjyk şekili onuň 50 sany ştatyny, 13 sany çyzyk bolsa 13 sany koloniýasyny aňladýar.
7. Iň gadymy baýdak bolsa taryhda XIV asyra çenli dowam eden resmi taýdan hasaba alnan Danneborg döwletiniň baýdagydyr.
8. Ýaponiýanyň ikinji ady bu günüň dogýan ýurdudyr. Ýaponiýanyň baýdagynda ak reňkiň üstünde , baýdagyň merkezinde gyzyl tegelek şekil ýerleşdirilendir. Ýaponlar öz baýdagynyň üsti bilen dogup gelýän güni şekillendirendiklerini aýdýarlar.
9. Iň çylşyrymly baýdak bolsa Mongoliýanyň we Şri Lankanyň baýdaklary hasaplanýar. Çylşyrymly şekiller, olaryň has köp many aňlatmaklary dünýäde uly gyzyklanma döredýär.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Arwah gelyan gijesi 2
Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini
diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly
zatlary ýere göm, ýa köçä t...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly
ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyz...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-
de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň
gabs...
dowamy...
Ýokaryk