Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Degişip oyun edip aýdylan sözlere üns beriň, güýçli hakykat bardyr...
360 dereje aýlanýan jaý satuwa çykaryldy
Premium
BAYOGUL [on] 03.10.2024 / 18:03
Täze Zelandiýada 360 dereje aýlanma aýratynlygy bolan jaý satuwa çykaryldy. Inžener Don Dunick tarapyndan döredilen "Çyra" atly jaý Demirgazyk adadaky Auckland şäheriniň kenarýakasy bolan Maraetai-de ýerleşýär.
35 ýyl ozal gurlan bu jaý, 360 dereje öwrümini tamamlamagy üçin 33 minut gerek. Dunick, aýlanýan jaý ideýasynyň beýleki inžener dostlary bilen söhbetdeşlikde ýüze çykandygyny aýtdy.
Jaýyň esasy aýratynlygy jaýy islegiňe görä, üýtgedip bolmagydyr. Meselem gün şöhlesini isleýäňizmi onda siz jaýy günüň düşýän tarapyna öwrüp bilersiňiz ýa-da gije tupan sesini eşidesiňiz gelmeýän bolsa penjireleri şemalyň gelmeýän tarapyna dogry öwrüp bilersiňiz.
Dunick 360 dereje aýlanyp bilýän jaýda elektrik, suw we sanitar-tehniki turbalaryň bu herekete laýyklykda dizaýn edilendigini aýtdy we dostlary bilen guran taslamasynyň 5 ýyl gerek bolandygyny belledi.
Inžener, döreden bu ulgamy bilen guruljak jaýlaryň hem ýokary we aşak hereket etmegini hem üpjün edip boljakdygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, jaýlary suw joşmasyndan gorap bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 360 dereje aýlanyp bilýän jaýlaryň bahasy azyndan 1 million Täze Zelandiýa dollary möçberinde bolar.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Arwah gelyan gijesi 2
Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini
diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly
zatlary ýere göm, ýa köçä t...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly
ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyz...
dowamy...Arwah gelyan gijesi 2
olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-
de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň
gabs...
dowamy...
Ýokaryk