Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAY-HAN : Erkeksiräp el göterme zenana, Senem zenan getirendir kemala

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hemaýat
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 03.10.2024 / 18:35

Ejiz adamlara howandar bolmak
Meniňem borjumdyr,
Seniňem borjuň.
Şol borjuň öňünde ejizlemeseň,
Tä ömrüň ötinçä sylagly borsuň.

Onsoň barypýatan ilogly borsuň.
Ejizi goldasaň il seni goldar.
Iliň goldaýarmy - salkyndyr tomsuň,
Kyrkçilläň buzunda daragtyň güllär.

Her basan ýeriňi ulus-il bellär.
Adyň il içinde bolar soragly,
Bir goja tanşymyň aýdyşy ýaly,
O dünýe, bu dünýe
borsuň sylagly.

O dünýe diýmeklik näme diýmekkän?
Bu sowal üstünde oýlanyp köp ýyl,
Ahyrsoňy şeýle netijä geldim:
Senden ile galjak terbiýe, akyl,
Bilim, paýhas, edep, adamkärçilik,
Ýagşy at, ýagşy söz - şodur o dünýä
Bu dünýä inende ynsan diýen zat
Şeýdip o dünýäsin maksat edinýä.
...Ejiz adamlara howandar bolmak
Onuňam, meniňem, seniňem borjuň.
Emma diňe ejizlere gol berip,
Güýçlini unutsaň,
günäkär borsuň.

Ejiziň ýüregne iki söz bilen
Basyp bolýan bolsa ýitmejek gara,
Güýçliniň ýüregne
ýeke söz bilen
Salyp bolar käte bitmejek ýara.

Ejize delalat,
Güýçlä hemaýat –
Biri-birisinden zerur gylykdyr.
Ejizi goldamak - uly zerurýet.
Güýçlini goldamak gahrymanlykdyr.

Awtoryny bilemok


175

14

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 03.10.2024 / 18:58

+2

Kerim Gurbannepesow


Täzeje
BerdiB  (03.10.2024 / 19:45) 

Baron, Kerim agan kitaplarynda dushmadym, mumkindushanam bolsam anymda galmandyryn, yone goshgy gaty kamil yazylypdyr ony kamil cykan adam yazandygy gornup dur, Mumkin Kerim agankydyr yone ceshmesi anyk bolmasaaytmak kyn


Gytyndan
Pegas  (03.10.2024 / 19:46) 

BerdiB, edebiýat mugallymynyň aýtmagy ýeterlik dälmi?)


Täzeje
BerdiB  (03.10.2024 / 19:51) 

Baron, Bolmagy mumkin emma eshiden den bolmaz goren goz bilen diylen bir zadam bardyr


Gytyndan
Pegas  (03.10.2024 / 19:52) 

BerdiB, gör onda özüň)


Täzeje
BerdiB  (03.10.2024 / 19:58) 

Baron, Gownunize degjek bolmadym, edebiyatdan gaty dash emma Kerim agan ahli kitaplaryndaky goshgysyny okandygym un
kitaplarynda dushmandygym barada aytdym, Size kem baha bermek niyetim yokdy bagyshlan

 Täzeje
 BerdiB [off]
 03.10.2024 / 19:19

+1

Gowy goshgy gaty Manyly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mesawy söhbet


😆😆😆 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Belki (Şugün, 15:12)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Don Kihodyn gyz nikimi sen )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Belki (Şugün, 14:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


oňarypsyn indi has uly maksatlara ýetmek üçin instagramy gör iller daşary ýurda gidýär , senem eneň-ataňa daşary ýirda gezelenje gitjek diy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Boniya (Şugün, 13:24)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Eminlik teklibine hic zat diymansiniz weli kabul edemok diydiginiz oydyen ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)

Arwah gelyan gijesi 2


Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä t...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:20)

Arwah gelyan gijesi 2


ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:17)

Arwah gelyan gijesi 2


olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde- de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabs...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:16)

Özüñe üns ber!


Hemmesem meň edyen zatlam eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Belki (Şugün, 10:09)

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика