Ýürekdeş sözler!
Gaýybana söýgülim ýene bir gezek
Mishel [off]
Düýn, 22:05
Meniň gaýybana söýgüm. Bu hili söýgi bar diýip siz hem eşiden dälsiňiz. Bu näme söýgi diýip siziň käbiriňiz bilmek isleýändir. Onda düşündireýin. Düşünmez ýaly hiç zat ýok. Eliňize türkmen dessanlary ýazylan kitaby alýaňyzda okap başlaýaňyz. Diýeli ilki bilen Zöhre-Tahyry, yzyndan Şasenem-Garyby, onsoň Leýli-Mejnuny. Ortaýa gyzlardan Zöhre, Şasenem, Leýli çykýar. Oglanlardan bolsa Tahyr, Garyp, Mejnun çykýar. Şu gahrymanlardan biri beýleikilerden size has ýakyn. Siz bu gahrymany beýlekilerden ýokarda tutyp oňa bolan duýgyňyz söýgi derejesine çenli baryp ýetýär. Ýöne bu gahryman diri däl. Ol kitapda ýaşaýar. Durmuşda bolsa ýok. Siz bu gahrymany söýüp meniň durmuşdaky söýgülim şu gahryman ýaly bolsady diýip arzuw edýäňiz. Ine şu kitapda ýaşaýan söýgüňiz bolsa siziň gaýybana söýgüliňiz bolup galýar.
Meniň gaýybana söýgülim meniň kalbymda nähili döränini bilemäk. Onuň kimdigi hem belli däl emma bu gaýybana söýgi meniň kalbyma salgym bolup gelip her gezek meniň aňymda janlanýar.
Şol wagt men bu hadysanyň gaýybana söýgümdigini bilýärin.
Meniň bu hili sözlerimden soň size elbetde gyzykly. Kim ol meniň gaýybana söýgülim. Şu soragy beren wagtymda siziň beýniňize kimem bolsa biri gelendir. Özüňize ine şu seniň gaýybana söýgiň diýip aýdyp hem bilersiňiz. Elbetde kimde ýeterlik intellekt bar bolsa. Ýogsa meniň gaýybana söýgüm size pikir hem bolup barmaz.
Onsoňam nämä gerek meniň gaýybana söýgüm size. Onuň ornuna öz gaýybana söýgüňiz barada pikir etseňiz, arzuw-hyýallara münseňiz özüňiz üçin gowy. Men bolsa öz gaýybana söýgüm üçin özüm alada ederin.
Meniň gaýybana söýgülim gyzyl köýnekli, gyzyl dodakly, kellesi tahýaly, elleri apbakja hem näzijek, ýaňakalry gyzaryp duran gyz.
Kim şu gyz. Şunyň ýaly gyzy bilýäňizmi ýada seniň özüň şu gyzmy?. Dillen kim bolsaň. Dogrylap aýytda goý. Men seniň gaýybana söýgüliň diýip. Mundan seniň ýitirýän zadyň ýok tersine köp zat utarsyň. Men öz gaýybana söýgümi gözläp barmakçy däl. Men diňe özümiň ýalňyşmaýandygymy bilsem bolany.
Meniň gaýybana söýgülim meni aldady diýip men öňki mowzygymda ýalan aýytdym. Meniň gaýybana söýgülimiň meni aldap bilmejegi görünip duran zat. Çünki ol durmuşda ýok adam. Meni aldan adamyň özi ýok.
Men mowzygy gyzykly edip size ýetirmekçi bolup gaýybana söýgülim meni aldady diýip tosladym. Ýok gaýybana söýgülim meniň bilen başga ýoly tutdy.
Ony ýoldan urdylar. Meniň gaýybana söýgülim durmuşa janly bolup girip meniň bilen kontakta girmekçi we meni söýmekçi boldy.
Men bolsa durmuşdaky janly söýgülimi taşlap eserdäki ýada internetdäki gaýybana söýgülime tarap gidip biljek däldim. Çünki men lebizli adam we şu wagta çenli söýüp gelýän adamymy gaýybana söýügülim üçin taşlap bilmerin.
Ýöne men bir zat etmelidim. Eserdäki gaýybana söýgülimi bir zatda aýyplamalydym. Şeýdip men öz ýüregimde bar bolan gaýybana söýgülime söýgümi söndürmelidim. Men hem şeýle etdim. Gaýybana söýgülimde hiç hili aýyp bolmasada men oňa aýyp ýükledim.
Men bu gaýybana söýgülim bilen bir tapjanda bile otyryp çaý içip bilmejegim belli zat ahyry. Onda maňa nämä gerek gaýybana söýgi. Hiç zada. Göý meniň gaýybana söýgülim durna öwrülsinde häzir gyk-gyk diýip uçyp gitsin, ýaz çykanda bolsa ýene gyk-gyk diýip gaýdyp gelsin.
Düşündiňizmi bir zatlar. Gadyrdan okyjylarym. Meni sylap okaýanlar hökmany suratda öz gaýybana söýgülisini kalbynda görerler.
9 |
6 |
0 |
0 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gaýybana söýgülime hat
Meni bu mowzugy okamana mejbur eden bu basylan minuslar boldy yone @Mishel awtor ozin bolsa berilyan tankytlardan dogry netije cykarmany basar hi...dowamy...
ÝÜREK POEMASY
Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy. (Erkekde beýle zat görmändim şindi!) Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi, Siz gyýylmaň, Meniň, gyýylşym besdir...dowamy...
Sorag .
Bilmeýän zadymda dine ýykylýan. Ol nikalanan. Diýmek men barmaryn. Oňa derek durmusy halal ýaşamaga çalyşaryn. Onsaň jennede baranymda, Biribarda...dowamy...
Mynasypmy? Barladyk! 2
Tuweleme! Durmusdan alnan wakamy? Yogsada Ideallider bu kim? Ozüñ barada hem maglumat yazay......dowamy...
Две лекции А. Дугина
Muny nahili magsat bn paylasdynyz aydyñda kime peydaly bolup biler????...dowamy...
...
...