. (+/-)
## PIKIRLER
10.04.2026 / 14:06
Näme üçin Eýranyň töweregindäki ýagdaý ýadro betbagtçylygna tarap barýar?**
Gündogary öwreniji Ýuliýa Roknifard ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýran bilen gapma-garşylygynyň parahatçylyga däl-de, ýadro ýaragynyň ulanylmagyna tarap barýandygyny belleýär. Ol RTVI üçin beren düşündirişinde, yglan edilen atyşygy bes etmek ylalaşygynyň näme üçin ilkinji sagatlardan başlap puja çykýandygyny, Eýranyň içinde nämeler bolup geçýändigini we ýagdaýyň betbagtçylyga golaýlaşmagynda kimiň günäli duguny gürrüň berýär.
### Bolmadyk ylalaşyk
28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl Eýrana garşy Trampyň **"Epic Fury"** (Epiki Gazap) diýip atlandyran harby operasiýasyna başladylar. Kyrk günüň dowamynda ýadro desgalaryna, harby infrastruktura we dolandyryş merkezlerine zarbalar uruldy. Aýatulla Ali Hameneýi wepat boldy. Eýran muňa Ysraýyla we goşny döwletlere raketa hüjümleri bilen jogap berdi hem-de dünýä nebit söwdasynyň esasy arteriýasy bolan Ormuz bogazyny ýapdy. 8-nji aprelde taraplar iki hepdelik ot açyşlygy bes etmek barada yglan etdiler.
Tramp muny ýeňiş diýip atlandyrdy. Eýranyň Milli howpsuzlyk geňeşi bolsa "söweşiň ähli maksatlaryna diýen ýaly ýetildi" diýip bildiriş ýaýratdy. Iki tarapyň hem birden mamla bolmagy mümkin däl, ýöne şeýle-de bolsa, her tarap bolup geçenleri öz bähbidine görä düşündirýär.
Emma hakykat ilkinji sagatlarda hemme zady öz ýerine goýdy. Ylalaşyk güýje giren güni Ysraýyl Liwana tutuş uruş döwründäki iň uly zarbasyny urdy: on minudyň içinde "Hizbullahyň" 100 nyşanasy hatardan çykaryldy, 300-den gowrak adam wepat boldy. Netanýahu bolsa munuň sebäbini Liwanyň parahatçylyk ylalaşygyna girmeýändigi, şonuň üçin bu ýerde harby operasiýalary dowam etdirip biljekdigi bilen düşündirdi. Tähran muňa jogap hökmünde Ormuz bogazyndan gämileriň geçmegini togtatdy — holbuki bu bogazyň açylmagy ylalaşygyň esasy şertleriniň biridi. Yslamabatdaky gepleşikler entek başlamanka, ylalaşyk eýýäm sarsýar. Bu atyşygy bes etmek däl, bu iň gowy ýagdaýda wagtlaýyn dyngydyr.
Görünüşe görä, Tramp ylalaşygyň nähili şertlerde baglaşylandygyna doly düşünmän, Tähranyň 10 madda ybarat meýilnamasynyň özüni kanagatlandyrýandygyny aýtdy, soňra bolsa gürrüňiň Amerikanyň 15 maddalyk meýilnamasy baradadygyny öňe sürüp başlady.
Şol bir wagtda, Eýranyň 10 maddasy ýönekeý bir islegler sanawy däl-de, doly maksatnamadyr: Liwan hem goşulmak bilen ähli duşmançylykly hereketleriň bes edilmegi; sebitden amerikan goşunlarynyň çykarylmagy; ýetirilen zyýan üçin öwez tölegi (reparasiýa); Eýranyň urany baýlaşdyrmaga bolan hukugynyň ykrar edilmegi; Ormuz bogazyna gözegçilik. Bogaza gözegçilik etmek bolsa tutuş global ykdysadyýete basyş guralydyr. Hatda amerikan daýhanlary hem dökün ýetmezçiligini hasaba alyp, ekin meýilnamalaryny üýtgetmäge başladylar. Afrikadan Latyn Amerikasyna çenli urşuň täsirini hemme kişi duýdy.
Gepleşiklere gelsek, Eýran tarapy fewralda Omanda parahatçylyk işiniň "örän gowy" barýan wagty, amerikan-ysraýyl koalisiýasynyň ilkinji zarbalarynyň urlandygyny gowy ýatlaýar. Hiç hili illýuziýa (boş tama) ýok.
### Näme üçin Netanýahu saklanyp bilenok?
Eýranyň şertlerinde parahatçylygy kabul etmek Ysraýyl üçin syýasy janyna kast etmek bilen deňdir. Ysraýyl jemgyýetiniň köpüsi urşy goldaýar. Eýran köp ýyllaryň dowamynda Ysraýylyň köpçülikleýin diskursynda "baş gargyşly duşman" hökmünde görkezildi, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky gyrgyçylykdan soň bolsa bu obraz doly berkedi. Umuman, HAMAS we "Hizbullah" Eýranyň sebitdäki täsiriniň bir bölegi hökmünde kabul edilýärdi. "Eýran bilen hasaplaşmak" indi 7-nji oktýabr üçin jogap bermek diýmekdir.
Eger Netanýahu häzir — HAMAS ýok edilmedik, Eýranyň ýadro maksatnamasy ýatyrylmadyk we "Hizbullah" ýaragsyzlandyrylmadyk ýagdaýynda ylalaşyga razy bolsa, diýmek hiç kim hiç zat üçin jogap bermedigi bolar. Bu onuň şahsy syýasy karyerasynyň soňy bolar. Bu bolsa örän gorkuly bir logikany ýüze çykarýar: **ýitirmäge zady galmadyk syýasatçy iň howply syýasatçydyr.**
Käbir seljermeciler eýýäm taktik ýadro ýaragynyň ulanylmagynyň mümkinligini çynlakaý ara alyp maslahatlaşýarlar. Men hem munuň mümkindigine ynanýaryn. Eger Ysraýyl şeýle ädim ätse, Eýran "hapa bomba" ýa-da mysal üçin Demirgazyk Koreýadan alan ýaragy bilen jogap bermäge ukyplydyr. Şonda dünýä öň hiç haçan bolmadyk ýagdaýa düşer, bu bolsa wakalaryň ösüşini çaklamagy has-da kynlaşdyrar.
### Eýran garaşylanyndan güýçli çykdy
Eýranyň raketa mümkinçilikleriniň çäklidigi we iru-giç gutarjakdygy barada giňden ýaýran ýalňyş düşünje bardy. Beýle däl eken. Eýranyň harby kuwwaty Günbatar seljermecileriniň çaklamalaryndan has ýokary bolup çykdy. Nämedir bir sebäp bilen Günbatar paýtagtlary özlerini aldamagy makul gördüler — holbuki Eýranyň reaksiýasyny we urşy uzak wagtlap dowam etdirip biljekdigini öňünden bilmek mümkindi.
Emma Eýranyň ýaragy gutaran ýagdaýynda-da, Russiýa bilen Hytaýyň ony ýeke goýmagy gaty gümana. Russiýa häkimiýetleri eýýäm Eýranyň "Şahed" dronlarynyň esaslandyrylan we kämilleşdirilen görnüşi bolan "Geran" dronlaryny berýärdi, gerek bolsa gepleşik raketalar barada hem gidip bilerdi. Bu deňlemede KHDR (Demirgazyk Koreýa) hem bar.
Eger kimdir biri hemme zat Yrakdaky ýaly bolar diýip umyt eden bolsa, Eýran meselesinde bu işlemeýär. "Çöldäki tupan" operasiýasynyň şowly bolmagynyň sebäplerinden biri — Saddam Hüseýniň rejimini goramaga halkyň uly isleginiň bolmazlygydy. Ýöne Eýranyň garşylygynyň özeni Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylar Korpusy (YRSK) ýa-da Hameneýi däl. Bu — daşarky güýçleriň iki asyrlap ýurduň ykbalyny kesgitlemäge synanyşmagyna garşy emele gelen kollektiw ýatdyr: Britaniýanyň nebit konsessiýalaryndan başlap, 1953-nji ýyldaky Mossadygyň hökümetine garşy guralan agdarlyşyga çenli. Eýranlylar muny refleks derejesinde duýýarlar.
### Eýranyň içinde nämeler bolup geçýär?
Eýran jemgyýeti Yslam Respublikasyna wepalylykda bir bitewi däl. Soňky ýyllardaky protestler hakyky we režime bolan nägilelik hiç ýere gitmedi. Ýöne uruş wagty başga logika işleýär. Her kes gorkýar. Köçä çykmak diňe polisiýa sebäpli däl, eýsem golaýyňa bomba düşmegi mümkinligi üçin hem howply. Esasy zat — eýranlylaryň köpüsi Tramp bilen Netanýahunyň halky azat etmäge däl-de, ýurdy ýene-de garaşly ýagdaýa salmaga gelendiklerine düşünýärler. Bu düşünje hatda rejimi ýigrenýänleri hem birleşdirýär.
Üstesine, uruşdan öňki protestlerde eýranlylar "Mossad" agentlerini görýärdiler, muny Ysraýylyň özi hem boýun aldy. Parahatçylykly demonstrasiýalaryň arasynda birden peýda bolýan ýaragly adamlar gözden sypmady. Akylly eýranlylarda "azatlyk" şygary astynda gelýän daşarky güýjüň eýran halky üçin gelmeýändigi barada düşünje şol wagt emele geldi. Esasanam, soňky günlerde Trampyň Eýran siwilizasiýasyny doly ýok etmek baradaky aýdan sözlerinden soň.
Häzir Eýranda durmuş dowam edýär. Bir eýranly sosiologyň aýdyşy ýaly: "Biz bu urşa hemişelik weýrançylyk kadrlary arkaly seredýäris, ýöne ýurduň içindäki adamlar beýle ýaşamaýar." Olar turýarlar, işe gidýärler, maşgalasyny nähili eklemelidigi barada oýlanýarlar. Operasiýa başlanyndan bäri Eýrandaky dostlarym bilen gürleşip bilmedim — internet elýeterli däl. Ýöne "ýeňildik" diýen ruhy pesligiň azdygyna ynanýaryn. Has dogrusy — ýadowlyk we ejizlik duýgusy bar, sebäbi uruş göni kelläň üstünde bolup geçende edip biljek zadyň az.
### Ýurdy hakykatda kim dolandyrýar?
Resmi taýdan Eýranyň Ýokary lideri — 28-nji fewralda öldürilen Ali Hameneýiniň ogly Mojtaba Hameneýidir. Ýöne ol saýlananyndan bäri bir gezek hem köpçülige görünmedi. Günbatar aňtaw gulluklarynyň maglumatyna görä, ol bejergi alýar we kararlar kabul etmäge ýagdaýy ýok. Eýran häkimiýetleri muny inkär edýärler, ýöne hiç hili wideoýazgy görkezmeýärler.
Hakyky häkimiýet YRSK (Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylar Korpusy) bilen baglanyşykly adamlaryň elinde jemlenen görünýär. Bu adaty bir harby hunta däl-de, harby, güýç edaralarynyň we syýasatçylaryň kollegiýasydyr. Olaryň arasynda parlamentiň spikeri Mohammad Bager Galibaf hem bar. Bu adamlaryň umumy karary şeýle: zarbalar dowam etdigiçe, olara jogap bermeli. Ýadro we ballistik maksatnamadan, Ormuz bogazyndan we Liwandaky täsirden el çekmek — doly boýun egmek diýmekdir.
Häzirki şertlerde Mojtaba Hameneýiniň sagalmazlygy hem esasy zady üýtgetmez. Täze Ýokary lideriň saýlanmagy diňe YRSK-nyň agdyklygyny has-da berkider we häkimiýete has barlyşyksyz adamlar geler. Liderleriň öldürilmegi garşylygy gowşatman, täze höwes döredýär, sebäbi bu ABŞ bilen gepleşik geçirip bolmaýandygynyň ýene bir subutnamasy hökmünde kabul edilýär.
### Amerikanyň "Süweýş pursady"
Mende şeýle duýgy bar: biz häzir ABŞ üçin "Süweýş pursadyny" görýäris. 1956-njy ýylda Britaniýa we Fransiýa Süweýş kanalyny yzyna almak üçin harby operasiýa başladylar, ýöne ABŞ we SSSR-iň basyşy bilen saklanmaly boldular. Şol wagt bu iki ýurt özleriniň öňki beýik döwletler däldigine düşündiler.
Bu operasiýa çenli Amerikanyň artykmaçlygy baradaky illýuziýa saklanyp gelýärdi. Eýran bogazy ýapmak bilen, ABŞ bolsa ony açmak bilen haýbat atýardy. Praktikada muny barlap görmek howplydy, indi bolsa netijesini görýäris. Operasiýa başlan gününden amerikan gämileri bogazdan örän uzakda durdular, ýogsam adaty dronlaryň nyşanasyna öwrülerdiler. Eýran garaşylanyndan güýçli, Amerika bolsa ejiz çykdy.
Amerikan harby toparlarynda bu şowsuzlyga düşünmek operasiýanyň onunjy gününde başlandy. Wýetnam bilen deňeşdirme öz-özünden ýüze çykdy, ýöne ol ýerde uruş ýyllar bilen dowam eden bolsa, bu ýerde hemme zat birnäçe hepdede puja çykdy. Şol bir wagtda amerikan harby-senagat toplumy baýady, bu hem suratyň bir bölegidir. Ýakyn Gündogarda urşuň dowam etmeginden bähbitli taraplar bar we muny indi hiç kim gizläp hem duranok.
Bu kontekstde atyşygy bes etmek ylalaşygy — dymyp bir gyra çekilmek, hiç kim ynanmasa-da "ýeňiş" yglan etmek we meseläni ýapmak synanyşygyna meňzeýär. Ýöne munuň üçin Ysraýyl bilen bir zat etmeli, bu bolsa Ak tamda ýok bolan syýasy erk-eradasyny talap edýär. Netanýahu saklansa hemme zadyny ýitirjekdigine düşünýänçä, ol muny etmez. Şonuň üçin soňky günlerde ýagdaý parahatçylyga däl-de, betbagtçylyga has ýakynlaşdy.
*Awtoryň pikiri redaksiýanyň we okyjylaryň pikiri bilen gabat gelmän biler.*