“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Bezzat : 23-nji fewraly kakasyz, 8-nji marty ejesiz girenler barka 14-nji fewralym sensiz geçmez öýtýäňmi?


Ýürekdeş sözler

Kimler saýtda?!
5 / 18

Agzalar (1022 / +3)

Pikirler

Saýt dükany 7 (+3)

Suratlar (227 )

Dolandyryjylar

Forum (1309 / 4027)

Meşhurlar

Düzgünnama

Derejeler

Media Lenta

Şugün doglanlar
Melanie (28-ýaş) Aurora (126-ýaş) Miss (126-ýaş)
Soňky paýlaşylan suratlar
Sirin tarapyndan, 30.11.2025 / 22:07 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar Sirin tarapyndan, 07.11.2025 / 22:29 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar Sirin tarapyndan, 07.11.2025 / 22:28 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Täze | Jedelli | Okalan

Öz-özüm

+3
Hossa bolsa gussa her hal her ýanda, Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men. Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da, Öz-özümi garsa gujaklaýan men. Hol görünýän daglar meniň armanym, Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar. Gorky diýip hasaplamaň barmanym, Gitsem, geljegime nebsim agyrýar… Ak alkym säherleň sowuklaç mähri Içimden ýylylyk gözleýän ýaly. Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim Menden bir zatlary gizleýän ýaly. Ýadyrgaýan ýa...dowamy...

Bu gije...

+2
Bu gije gussa kän kalby gemirýän, Tebigat dem alýar agyr hem tukat. Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda, Şemallar ses edip gidýärler uka. Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman, Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün. Oýunçylja guşlar näme, Şolaňam bu gün göwünleri birgeňsi çökgün. Dagyň agraslygy artana meňzeş, Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam. …Menem gidip barýan çola köçeden — Iň bir näzik duýgulary talanan. Hyýallarym uçup ýö...dowamy...

Ikimiziň aramyzda

+2
Sary sähra dymyp otyr Ikimiziň aramyzda. Dogum bizsiz oňup otyr Ikimiziň aramyzda. Ýer aýlanýar (okuna güýç!..), (Ýaryl, ýürek! Ornuňdan süýş!) Düýnler ýatyr, görýändir düýş Ikimiziň aramyzda. Günler — çaman, ömür — ýyndam, Paýhas — çaman, göwün — ýyndam, Geçip ýadamaz bu ýyllar Ikimiziň aramyzda. Syýa reňkli gamlar artar, Gije geçer, daňlar atar, Söýgi ölmez — iňlär ýatar Ikimiziň aramyzda… Sapa Hommadow...dowamy...

Aýralyk goşgusy

+2
Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen, Düýşde görsem, depäm gögi elleýär. Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum Bedenime wagty bilen gelmeýär. Demiň demýeterde bolsady käşgä, Eliň elýeterde bolsady… Arman… Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim, Ruhumyň garaşýan ýerine barman. Asmany özüme syrdaş tutundym, Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek. Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi? Gel ahyr, söýgimi ömürlik...dowamy...

Ýürege ýüzlenme

+2
Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk, Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä. Çünki ak ertirler berdi çakylyk, Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl. Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin, Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele. Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň, Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile. Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik, Şujagaz ömürem köp zat öwretdi. Täze ýara alyp, könämiz bitip, Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi. Ýat boldy ýakynlar...dowamy...

Saňa

+3
Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim, Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem. Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi, Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem. Indi has süýjedi ömrüň tagamy, Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň. Göwnüme itleriň üýrüşem ajap, Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen. Söýýän çogly Güni, söýýän buludy, Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň. Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar, A meň üçin olaň sany bire deň. Gijeler gündiz deý ýap-ýa...dowamy...

Jähennem boldy. (Gošgy)

+8
Her diýleni çekmeli, diliñ ýylan awusy, Bilbil bolup saýrasam, bular islär tawusy, Üstünlige ýeteñde göýä söýer hemmesi, Olañ söýgi sözleri soñunda ezýet boldy. Özi ýylanmak üçin meñ janymy ýakanlar, Arkamdan pyçak urup, ýüze gülüp bakanlar, Peýdasyna degmeseñ, saklamazlar atarlar, Olañ ýakan her çöpi maña jähennem boldy. Eziz Amanow...dowamy...

Manyly dusunje

+5
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr. Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 2.

+5
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 2. 11. 💖 Seň maňa nämçün gerekligiňihä bilemok, ýöne sen maňa güýçli gerekdigiňi bilýän. 12. 💖 Söýgüňizi goraň, ýogsam ýatlamaryňyzy goramaly bolarsyňyz. 13. 💖 Özüňizi goraň, çagalaryňyz üçin. Sebäbi siziň söýüşiňiz ýaly çagalaryňyzy hiçkim söýmez. Buwagt çagalaryňyz ýokmy? Gelejekde bolar, ynanyň. 14. 💖 Kim seni hemişe bagşlan bolsa, saňa garaşan bolsa, ynanan bolsa, hormatlap-sy...dowamy...

Cagedaki yazgy

+8
Çägedäki ýazgy Bir adam beýlekisine habar atypdyr: – Men öňräk daşgyn wagty hasamyň ujy bilen çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, adamlar henize çenli ony okamak üçin säginýärler hem-de onuň ýok bolup gitmezligi üçin alada baryny edýärler. – Menem çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, ýöne ol gaýtgyn wagtynda bolup, deňziň ägirt uly tolkunlary ony ýuwup äkidipdir. Aýtsaňyzlaň, siz näme ýazypdyňyz? – diýip, ol sorapdyr. Birinji...dowamy...

Ine seyle bolup baslady

+3
Gomüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler Ýurdy birýanyndan ýyka başlady. Jemagatsyz azan bir gury sesdir, Niçe mollaň okan ylmy hebesdir, Kazylaryň käri çaý bile nasdyr, Bir bozuk nyşana tuta başlady. Işanlary her gapyda tapylar, Mollalarna ýok myjabat ýapylar, «Öwlüýä men» diýip jögi sopular, Gygyryp, asmana böke başlady. Çykar beýabana gyzy, gelini...dowamy...

Satyn alynan bir sagatlyk wagt

+6
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de: – Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän: – Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi. – Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan. Oglanjyk biraz oýurganyp...dowamy...

Okamak - uklamagyň iň aňsat usuly ;)

+8
Uklap bileňokmy? Onda eliňe kitap al. 3 sahypa oka. 3 sahypada çiläň açylýar (bellisi bolýar). Ýa-ha, dowam edersiň (gyzygyp), ýa-da pallap başlarsyň we geçip ýatarsyň... iki ýagdaýda-da sen ýeňersiň. Uklasaňam seňki plyus, okasaňam. Uklamak - eýýäm 1nji täsiri. Uklan ýeriňe çenli alan maglumatyň peýda getirdigi şol... hahaha (Gülküli, emma barlap görüň) Bir abzasda eýýäm aýdyp gutardym. Jemläýsemem bolýa indi şutaýda...dowamy...

Ýylyň ilkinji mowzugy

+2
No comment...dowamy...

Täze yylyňyz bilen gutlayan..!

+1
Salam eziz agzalar hemmaňiziň yetip gelen täze ýyl bayramcylygyňyz bilen gutlayan goý bu ýyl gowy ýyllaň biri bolsun ve arzuwlaryňyza yeten yylyňyz bereketli rysgal döwlet getirsin her birimiziň ojagynyza elmydama gülki,şatlyk paýlap dursyn allajan yene bir gezek eziz adamlar Täze ýylyňyz bilen tüys yüregimden gutlayan...!☃️🎉 Gutlamak bilen:@Талант...dowamy...

yaltanman okan

+4
Gyzykly maglumatlar (kop okan,kop biler) 1. Hakykatdanam mynasypdygy üçin baýrak berilýän, hakykatdanam mynasyp däldigi üçin baýrak berilmeýän eser seýrek bolýar. 2. Onuň iň howply tarapy ýüregindäki ýamanlygy daşyna çykarman saklap bilmeginde. 3. Üstünde ýöreýäniň üçin ýeriň agramy ýokdur öýtmeli däl. 4. Gowy eseriň gowy baha almazlygy gowuluk bolmasa-da, erbetlik däl. Belkem, ol awtor üçin bähbitlidir. Ýöne erbet eseriň...dowamy...

okan hany bulam gyzyklydyr

+2
Rowayat. Ir dowurler Mahmyt atly bir patysha oz shalygynda hokum suryan eken. Onun Alisher atly bir weziri bolupdyr. Patysha name etsede yada diysede weziri onunam hayyry bardyr diyip mydama patyshanyn sozuni sonlayar eken. Gunlerde bir gun patysha weziri bilen awa chykanynda bir sebapler bolup patyshanyn orta barmagy gopyar. Weziri onunam hayyry bardyr diyeninde patyshanyn ol sozlere gahary gelip weziri zyndana saldyryar...dowamy...

tapdym biyerden okap gorin gyzyklymy

+2
Gaygyly wakalar rubrikasyndan "Soygim puch boldy" bolan waka! Durmushda garashmayan zatlaryn gozun achyp yumunchan bolup gechyar.Kawagtlar ozuni sheyle bir yeke duyyan,kawagtlar bolsa senden bagtly ynsan yok yaly dunyade,gysgajyk durmushymy size beyan edeyin 95 yylda doguldym orta mekdebi tamamlanymdan son,arzuwym Turkmenistanda okamakdy,yone nesibamde yok ekeni,sheydip dashary yurda okuwa gaytdym,elbetde menin ene...dowamy...

Kriştianu Ronaldunuň "Al- Nasr" topary Türkmenistanda Arkadag topary bilen duşuşar.

+2
[color=#454545]«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar. Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär. Pleý-off tapgyrynyň bije çekilişiginiň netijeleri şu gün belli boldy. Türkmen toparynyň garşydaşynyň düzüminde diňe bir Kriştianu Ronaldu däl-de, eýsem Sado...dowamy...

UMYT WE TAMA

+8
(Rowaýat) Ýaş ýigitleriň biri akyldaryň ýanyna barypdyr. “Dana babam, ep-esli wagtdan bäri bir pikir serime hiç ynjalyk berenok. Arzuwsyz adam ýok. Arzuwyň bir ujunda hem geljekde boljak gowy zatlara garaşmak, bolaryny towakga etmek ýaly duýgular ýatyr. Emma her gezek ol-bu adamlaryň ýanynda arzuw-islegimi ýaňzydyp, içimi dökenimde, “seniň munyň tama bolýar, tamakinlik bolsa eý görülýän häsiýet däl” diýýärler. Men bolsa...dowamy...
1 2 3 ... 66 >>
Mowzuklar: 1309

Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->