“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Darkify : Bir öpüm karyz ber yzyna gaýtarmana söz berýän Loveapp

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
KÖSENME!!!+3
Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn, Goý, ol seni depesine täç etsin! Nobatguly Rejebow Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy… Otyryn bularyň jogabyn tapman. Duşmadym bir elde iki garpyzly, Ýadyma düşenok çykaran hokgam. …Arzuwlaryň günbe-günde ösende, Aňsatmy olara eşik tikäýme. Sen depäme çykjak bolup kösenme, Özüm seni täç ederin depäme. EZIZIM!...dowamy...
Ýör, göwnüm!+1
Tur, göwün, gideli, gaşymyz çytman, Ykbalyň ýalkajak, güljek ýerine. Bu ýerlerden biziň tamamyz çykmaz, Bu ýerler degenok alyn deriňe. Haýsy kysmat bilen geldik azaşyp, Göripleriň bagty çüwen ýerlere?! Gara bagryň gidermikä badaşyp, “Körlere” — yş, owaz bolup “kerlere”?! Ýör, gideli, yzymyzda turuzyp Bahyllara süýji-süýji gybaty. Hemem olaň begenjini örüzip, Gün bereli, ýaşasynlar ybaly. Aýaklarna tiken çümüp nalanl...dowamy...
Gujagňa dolaýyn bagra bas, eje!+5
Söýgim saklap ýüregimiň töründe, Gujagňa dolaýyn bagra bas eje. Elleriň yzy bar şamar örümde, Serhoş boldum mähiriňden tas eje. Geçmişimde, geljegimde, ertämde, Saçym çöşlän şemal ýüzüm ýelpände, Hyýallarym gujagyňda entände, Şonda özüm bagtly duýýan has eje. Azan sesi ýaň berip dur äleme, Aý görküni saljak bolýar tärimden, Ýetmek üçin arzuwlanan kärime, Ýollarymyz b...dowamy...
Söÿen gyzyñ gözÿaşy+2
Eÿÿäm niçe wagt içim soragly, Gideñsoñ däl indi daşym goragly. Aÿym,günüm öñkisi deÿ dogarmy, Bilmen saña näme ÿetmedi oglan. Söÿgi diÿseñ söÿgi berdim,çäksizdi, Beren mährim tükeniksiz,çaksyzdy. Gara gözlem senden özgä bakmazdy, Bilmen saña näme ÿetmedi oglan. Özge gujak ÿylydymy meñkiden, Birden üÿtgäÿdiñle,janym öñküden. Kimkä seni menden aÿryp añk eden, Bilmen saña näme ÿetmedi oglan. Hat ÿolladym,okap jogap bermän...dowamy...
Aýdymlar seni ýatlatmasyn!+4
"Göwnüm gitdi saña,göwnüñ beräý maña..." Birnäçe gün mundan öñ "Şu ýöntemje aýdymy haýsydyr bir oýlanmaña epigraf edip alarsyñ" diýseler gülerdim. Geñ göreniñ alnyna. Öñler ruhumda täsir döretmeýän bu aýdym häzir ýüregimde dutaryñ kirişleri kimin inçejik yza döredýär. ...Aýdymy ugradanyñy görenimde awtomenzildäki oturgyçda münjek awtobusymyñ ugramagyna garaşyp oturdym. Senden gelen ses ýazgysyny görüp, bilesigelijiligime...dowamy...
Meniñki sol bir söz_Göwnim seni küýseýàr!+2
Käte ýalňyzlykda otursam özüm, Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm, Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm, Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar, Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Göreşlerde gujur bilen batlansam, Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, Arzuwlarym göge galyp şatlansam, Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar! Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Bahar geler, güller bilen şaýlanyp, Seýran etsek baýyrlary aýlanyp, Akja bulut «Ýagsammy...dowamy...
Men saňa gün-günden höwrügip barýan.+2
Men saňa gün-günden höwrügip barýan. Görmesem bu ýürek oňmajak ýaly. Hem sadyk guluňa öwrülip,barýan Yşgymy seň bilen soňlajak ýaly. Sensiz maňa gyzygy ýok bu dünýäň Gyzygy ýok sensiz geçýän günleňem Duýgulam seniňki,sen meniň dünýäm Daşlaşyp ýaşamak kyn eken neneň. Ömür çäkli sen dünýäni geňleme Menzillerde mährimizi garaly Gybatlary,göýdükleri diňleme Biz kim bolsak,şonlugymyza galaly. Sensiz maňa gyzygy ýok bu düný...dowamy...
Ömri kül eden kirpik)+3
...Jübüt gumry toýa taýynlananda, Gyz ýüzüne makýaž baryn etdirdi. Ýasama dyrnakdyr,ýasama kirpik, Hemmesini bir-birden ýelmetdirdi. Şol pursat kirpige çalynýan ýelim, Gyzyñ çep gözüne syrygyp damdy. Bezenip,durmuşa çykmaly Zenan, Indi gözden juda düşen adamdy. Bir gözi görmeýän gözel zenana, Geýdirdiler akja gelin köýnegi. Gyzy "çyndan söýdüm" diýýän ýigide, Agyr düşdi synasynyñ köýmegi. Oglanyñ ýakynlary göwnemedi, B...dowamy...
Mana sensiz kyn !!!+1
Maña sensiz kyn ezizim bilýäñmi?! Duýýañmy dönenmi ganatsyz guşa? Barha undup çynym bilen gülmäni Ýazym ornun berdi aýazly gyşa! Parhy ýitdi geçýän sagadyñ,ömrüñ Şonsuzam kalbymyñ ýetigä derdi... Ýañy söýüläýjek söýäýjek döwrüm Ykbal aýralygyñ gussasyn berdi! Ýalançynyñ agyr ýükün ýüklenip Öwrendimem aglandan soñ diñmäni! Şum ykbala garşy durdym diklenip, Ýöne sensiz kyn ezizim bilýäñmi?! Ýoklugyñda ýa...dowamy...
Bagyşla!..+1
Eý sen syrly dünýe, eý syrly asman!, Maña düşünermiñ syrymy diñläp, Saña gürrüñ berjek yzyny kesmän, Ynç alarym ýaly ýüregim ýeñläp. Düýnümde birje söz göwnümi gyýdy, Ýerine müñ sözem tutmady derek, Derdimi dostlarma paýladym welin, Güldüler, göwünlik bermäne derek. Şu gün köp zatlary serimde aýlap, Gaýgyly heñlere hiñlenip gezdim, Semiz duýgylaryñ arrygyn saýlap, Iki ýüzlülerden gizlenip gezdim. Indi bolsa ýyldyzlara...dowamy...
Kalbymyñ dilegi+2
Synagly dünÿede,çäresiz wagtym, Sabr ber,kalbymy dar etme,Allam. Atadyr-Enedir,iñ uly bagtyñ, Şolaryñ mährine zar etme Allam. Durmuşda düşsemde oduñ ÿalnyna, Ÿagşy zatlar,ÿazylsyn bu alnyma. Ömür baky şikes goÿup kalbyma, Öz bagtymy,özgä ÿar etme Allam. Başymdan sow,ÿolumdaky gapany, Özüñ ÿalka,senden Medet tapany. Haksyzlara,iÿdirme hiç hakymy, Rysgymy joşup ber,hor etme Allam. Tanaÿyn durmuşda duşman kellesin, Atan o...dowamy...
Kän zat gerekdäl+4
Maña ÿylgyrmana kän zat gerekdäl, Bolÿar ÿakynlarmyñ barlygyn duÿsam. Hemem bir-birege hormat goÿmagy, Şygryñ üsti bilen gursagna guÿsam. Maña ÿylgyrmana kän zat gerekdäl, Şükür çagalarymyñ ÿetişenin görsem. Daşyndan guwanyp şolañ bagtyna, Sag-aman ojagymdan öÿümden örsem....dowamy...
Ýüregim gysýa+4
Ertir näm boljagym belli däl heniz, Garjaşan beýnimi agyrlyk basýar, Şükir ähli zadym ýerbe-ýer ýöne, Käteler şeýle bir ýüregim gysýar. Her sekuntda çyrşap gara kirşenin Ýalanlar tiz-tizden gursagma busýar, Ýalñyzlyk derdine baglanan ýaly, Käteler şeýle bir ýüregim gysýar. Ençe meýillere hyýala berilip, Demir diýenlerim gidipdir poslap, Idegsiz ekin deý, güne serilip, Käteler şeýle bir ýüregim gysýar. Arzymy aýdara ada...dowamy...
Ikilik eden oglana+2
Öz gülüñi soldurypsyñ,Gutlaÿan! Indi saman ysgap ÿörersiñ,dostum. Gyzyñ aglaÿşyny görmeseñ-de sen, Günäñ iñ beÿigini görensiñ dostum. Gadry bipmeÿändir söÿülÿänlerem, Oña señ daşyñdan göz ÿetirdim has. Söÿülÿänimize göz ÿetiremizde, "Menden başga gitmez"diÿip ÿaşaÿas. Bu günüñ-ä geçer,keÿpi-sapada, Ullakan geljek ÿatyr-a gör,öñde. Belki ÿumşar,daşdan has gaty kalbyñ, Öz gyzyñda edenlerñi göreñde. Hem-ä hemmä ÿigrendird...dowamy...
Gujaklasym gelyar ozum ozimi... (Her sahyrdan bir bent)+3
Biwepalyk etse ýakyn ynsanym, Tyg eýleýip kalba bassa közüni. Bu dünýäde gaçyp hemmä ynamym, Gujaklasym gelýär özüm-özümi. Kerim Hallyýew Dogryñ ýok ýerinde ýalan mesele, Belki bardyr bir ýerlerde çözüwi. Eger duşsam söýgi atly kesele, Bejeresim geler özüm-özümi. Jemşit Hajymammedow ,,Dost" diýip ýüz görsem, tämizlik üçin, Käte diýip bilmän diýjek sözümi, Meni şatlandyrjak kämillik üçin, Ýazgarasym gelýär özüm-özümi....dowamy...
Bolmasa+5
Erkek ÿeke galar käri bolmasa, Aÿal gepe galar äri bolmasa. Peÿda ÿokdur sandykdaky puluñdan, Keseliñ derdine derman bolmasa....dowamy...
Meňzejek eken+2
Aÿal gördüm erkek kimin gurbatly, Erkek gördüm aÿalça ÿok müñ gepli. Kä aÿallar erkekdenem haÿbatly, Erkegem aÿala meñzejek eken. Adam gördüm haÿwança ÿok wepasyz, Kä adam bar bu durmuşa sapasyz. Bolmaÿarmy munda ÿaşap jepasyz, Adamam haÿwana meñzejek eken....dowamy...
Duÿular saña+2
Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña, Yza dönmejegmi bileñde baky. Sessiz gijelerde batarsyñ gama, Ne men dolanaryn,ne-de bir uky. Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña, Günler sähel kemäÿse ÿylgyrşyñy. Peÿdasyz galanda töwerek-daşyñ, Ÿatlarsyñ sen göwnüñ tapyp durşumy. Bir gün meñ ÿoklugym duÿular saña, Tapylman söÿgüde men dek aÿnadan. Köçäñizden ÿat adamlar geçende, Mendir öÿdüp gararsyñ sen aÿnadan. Bir gün meñ ÿoklugym d...dowamy...
Ölmäne taÿyn+7
Gördügimçe ÿene gözlerim küÿsäp, Ÿaşamana höwes artÿar gün saÿyn. Ÿüregime eÿe çyksañ ezizim, Zülpüñden asylyp ölmäne taÿyn. Gözlerime dikseñ birje nazaryñ, Ynanaÿ şol pursat bar zada kaÿyl. Bagt guşuma dönüp gonsañ ömrüme, Demimden kesilip ölmäne taÿyn. Eger duÿman geçseñ näzik duÿgulam, Bolsañ özge yşga tötänden maÿyl. Ÿerden çañ göterip galan aÿaklañ, Astynda basylyp ölmäne taÿyn....dowamy...
Ine, köçe. Ine-de biz. Ümsümlik.+4
Ine, köçe. Ine-de biz. Ümsümlik. Ädip barýas ädimimizi gyssanman. Ümsümligi sheýle söýüpsiñ weli, Hatda, ony gijedenem gysganýañ. Dury asman. Patrak ýaly ýyldyzlar. Ýañy dogan Aýam bezeg asmana. Hut shu görnüsh hemsaýaña öwrülip, Ýüregiñ sesine gulak asmaga. Ýardam berýär hemem göwündeshiñ ol, Okaýar kalbyñy - içki dünýäñi. Dash-töwerek sheýle imisalalyk, Ýaprak ygshyldysy, bagdan tänýäni. Eshdilip dur....dowamy...
Jemi: 503
<< 1 ... 18 19 20 21 22 ... 26 >>

Soňky teswirler

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Düýn, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Vector_Pro (20.06.2026 / 23:58)

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (20.06.2026 / 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (20.06.2026 / 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
MG8 (20.06.2026 / 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->