Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Sen ondan birje soze garasyarkan, Ol basgasyna roman yazyar.
Şygyryýet dünýäsi
Ýadadym ýalanlardan+4
Men ýalandan, ýananlardan,
Ýadadym ýalany ýasaýanlardan,
Ýaşyrýanlardan,
Ýalan ýaşaýanlardan.
Göwnüm her bir söze ynanýanlardan.
Iblisiñ içinde görýän perişde,
Herişde mañlaýym urýan boşluga,
Üzülmez bergim bar geçen ýaşlyga.
Öz toslan zadyma ynanyp bilýän,
Kä özümden gorkup añalyp bilýän.
Şlýapadan towşan çykarýanlar köp,
Iñ arzan bahadan satylýar edep,
Sosial ulgamlar bolupdyr mekdep.
Ýaşym üç onlukdan aslyşýar häli,
Öm...
dowamy...Hyyalbent (05.11.2024 / 17:35) okaldy (136) teswirler (1)
Kakañ bolsa+5
Jebri-jepa hiç bilinmez, Señ arkañda kakañ bolsa. Ejizligiñ gőze ilmez, Señ arkañda kakañ bolsa. Iki aÿakly tiz ulalar, Ÿalñyşlarña gőz ÿumular, Ăhli bela tiz sowular, Señ arkañda kakañ bolsa. Kă eşdeniñ kăÿinç bolar, Kă edeni sőÿenç bolar, Gadyryn bil, soñ giç bolar, Señ arkañda kakañ bolsa. Gamgyn bolsa ber gőwinlik, Bu őmir dăldir őmirlik, Alkyşy geler őwirlip, Hyzmatlaryñ măkăm bolsa Señ arkañda...
dowamy...@menin_dunyam (05.11.2024 / 17:22) okaldy (122) teswirler (2)
Lal gyza+7
Ümsümlige tussag edilen bilbil,
Saýramany oñýar çäresizlikden.
Sözlerniñ şekilin çekýär elleri,
Derdini añladýar sessiz sözlükde.
Taýýarlyksyz, bu synaga girsede,
Doglup, zulmat içre gözlerin açyp.
Käte ýakyn-ýady ondan irsede,
Nätsin, ýazgydyny almandy seçip.
Dodagyñdan okap bilýär diýýäniñ,
Añýar ol, köpleriñ üstünden gülşün.
Hemmä, synagdygny goja dünýäniñ,
Kakabaş jahyllar, nireden bilsin.
Gursagnyñ göwheri görünme...
dowamy...Hyyalbent (04.11.2024 / 11:58) okaldy (179) teswirler (5)
"Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym" (Agyr goşgy söýgiden ýananlar okamaň
+10
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Söz nämä gerekmiş aýrylmak üçin?
Aslynda söz ulanylýar bialaç,
Düşnüşip bolmasa aýdylmak üçin.
Bar hakykat aýna ýaly gözlerden,
Düşüp durka ýüreklere serpilip.
Agramy diller däl gabaklar çekýär,
Düşer bar dert myźźyk bolan kirpige.
Hoşlaşyk sözüni aýtman gaýtdym,
Bolardy bolmanda diýemde -Hoş gal!
Ýöne, biz bar zada gözden başlapdyk,
Başlapdyk bu yşga dilleri goşman.
Söz artykmaç bu çak...
dowamy...KonulYoly (04.11.2024 / 10:59) okaldy (218) teswirler (9)
Ynha-al ÿűregim+9
Ynha al ÿűregim,
Oÿna sen biraz,
Iñ halaÿan kăriñ dălmidir eÿsem.
Ynjyt, aglat, ÿene kemsitgin garaz,
Bu-da biwepalañ ÿoludyr bilseñ.
Sen űçin sogap bor, men űçin gűnă,
"Aglatmaklyk"-eziz gőren ynsanyñ.
Juda őzgeripsiñ, sőz berdiñ kime?!
Orta ÿolda ÿitiripsiñ ynsabyñ.
Nazarlarma siñip giden gőreçleñ,
Bu gűn kimleñ nazarynda eglenÿăr?!
Hasratlarña gűlkim bilen gőreşsem,
Gűn geldikçe ÿene gőzim çyglanÿar.
Ynha al ÿűregim...
dowamy...@menin_dunyam (04.11.2024 / 00:35) okaldy (210) teswirler (6)
Şatlygyma gam düşüpdir+1
Şatlygyma gam düşüpdir,
Ýüregimem çölleşipdir,
Çukurlaşypdyr dertlerim.
Gözlem yşyk gözläp sermenişipdir.
Geňgörüşipdir,
Içimden bakan.
Kimleriň gözünde, düşüpdir baham.
Dahanym ezildi gussaň ýagşyna,
Haýran sagatlaryň gyssanaýşyna.
Hemmeler bir ýana meň özüm birýan,
Barýan,
Ýol-ýodanyñ nemli ýerinden.
Serimden bugaryp akýar saçlarym.
Dilimde dogaly sanawaçlarym,
Ýolum aç meniň!
Diliňe bitmeýär ähli aýdanyň,
Başga zadam e...
dowamy...Hyyalbent (03.11.2024 / 12:50) okaldy (166) teswirler (2)
Durmuş sapaklary (sonetler çemeni)+1
Durmuş sapaklary (sonetler çemeni)
1.
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Bilimlilik ol gapynyň açary .
Hany açyň , giňden açyň gapyňyz ,
Söýgüli myhmanlar girsin içeri .
Asudalyk girsin saba howa deý .
Agzybirlik töriňizden çykmasyn.
Balalarňyz bolsun nesil dowamy.
Baýlyk ojagňyzy dikläp saklasyn.
Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok , görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby,
Soň näme boljagny bilip bolanok...
dowamy...Gerceknazar (03.11.2024 / 07:41) okaldy (91) teswirler (2)
12:00+6
Sagat 12:00,
Hemme ÿer űmsűm,
Ÿene oÿa batÿan gijăniñ ÿary.
Egsilmez derdimi kagyza gőmsem,
Ÿűrek aglar, gőrip kőÿen ykbaly.
Ÿekeligiñ ezÿetlerne serhet ÿok,
Yazjaklarmam çykar bir gűn çygyrdan.
Bilÿăn seni indi asla gőrmek ÿok,
Ejiz gelÿăn ÿazyklarma çydardan.
Haraÿ barmy sensiz çekilen derde?
Umyt ber baryny a:ñarym ÿaly.
Goÿ bolsun, ăhli gűnăler mende,
Dolansañ bor,
Gujagma salarym ÿaly.
Sagat 12:00
Hemme ÿer űmsűm,...
dowamy...@menin_dunyam (03.11.2024 / 00:58) okaldy (224) teswirler (4)
“Ýaşa, dünýäm!..”+7
Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Ähli gowulyklary görer ýaly birbada,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Özüňi aýa, Aýym!
Baryňda göwnüm gurgun,
Düşlemen özge ýerde, bes maňa seniň kalbyň!
Haçan bolsa-da tapdy:r şol bir tümmejik gabrym,
Ýaşa, dünýäm!
Ýaşagyn!
Hemem ýaşatgyn meni!
Diýme: “Dünýe gyzyksyz, jaý tapamok janyma”,
Dünýe — özüň,
janyňam goý janymyň...
dowamy...Baron (02.11.2024 / 12:19) okaldy (242) teswirler (5)
Sen ýadyma düşdüň+3
Sen ýadyma düşdüñ... Ne gözel ukymyñ böwrüni deşdiñ. Bir ýerden damagma dykyldy kesek, Ýetim çagajygyñ gözleri deýin, Çäresiz kalbym. Unudyp bolýarmy görsek, görmesek, Kän ertirler geler şu gün ölmesek. Ýalňyzlygym senden wepaly çykdy, Yşkyma bürenen akja gargalar, Gözlerim çokdy. Üstünde gezýänñe ýer namys etse, Gursakda göterdim, sesim çykmady. Aýyplaryň gelip gapym jyklady, Bakmadym... Bazara çykaran gyly...
dowamy...Hyyalbent (02.11.2024 / 10:41) okaldy (171) teswirler (3)
02:00 garaz...+6Iligini çözdüm käbir syrlaryň,
Gussalary gysman saldym erkine.
***
Boş geçiren günlem üçin
Bu gün özüm bagyşladym.
***
Soragyň jogaby ýönekeý juda,
Ony men has soňa goýaryn dymyp.
Aňyňy beketsin, doýursyn durmuş,
Mensizlikden seni galmaýyn alyp.
***
Gijeler pikirler agyr basdyrýar,
Gögerip gelýänje umytlaň üstün.
Aýdyň, söýülmekmi, söýmekmi ýa-da,
Haýsysy rüstem.
***
Ähli bilýän ugrum saňa çykyp dur,
Sen bolsa und...
dowamy...Agzamen (02.11.2024 / 02:08) okaldy (153) teswirler (6)
Őziñ islediñ+5
Islemedim asla ayra bolmagy, Maña sensizligi őziñ islediñ. Unudupdum gideniñde gűlmegi, Hatda ÿalñyzlygy őziñ islediñ. Tapylmazak ÿola rowana etdiñ, Bu ÿoly saÿladyñ maksada ÿetdiñ, Ne ÿakynym bolduñ, Ne-de bir ÿa:atdyñ, Indi sőÿmezligi őziñ islediñ. Őrtendim oduña, bu gőwin çőkdi, Arzuwlardan umytlarym elçekdi, Seni sőÿÿăn Perman őñler alçakdy, Sende ga:almazlgy őziñ islediñ. Bar dowam et, bu ÿo...
dowamy...@menin_dunyam (01.11.2024 / 23:05) okaldy (188) teswirler (2)
Şeýle...+8
Göwni ahmyrlar gysanda Ýyglabam diňip bolmaýar. Ýürek derdini gusanda Söz bilen ýeňip bolmaýar. Göwnüňe dag egilende, Düwünler has çigilende, Duýgularňa degilende Armanyň gömüp bolmaýar. Ýollar çatak düşse ýagta:, Umyt azalaýýar bagta... (Bagtym, meni özüň agtar! Bu halda eňip bolmaýar.) Yşka girew goýdum jany (Yşkym — ömrüň hany-many), Unutdym çyndan joşmany, Nädeýin, ýanyp bolmaýar! “Dymjak” diýd...
dowamy...Baron (01.11.2024 / 20:42) okaldy (183) teswirler (6)
Şahyrlar ir ýogalýarlar+6
Şahyrlar ir ýogalýarlar ,
Gidýärmikä aýny wagty ?
Ýa gidende duýýarmykak,
Ýanymyzda duran bagty?
Elinde aglaýar galam,
Derdini depder göterýär.
Deňiz deý dälirän ruhy,
Çagany dünýä getirýär.
Şahyrlar ir ýogalýarlar ,
Sebäbini bilýäňizmi?!
Kalp syzlasa syzarsyňyz,
Ýaşaýarka ölýändigni.
Ýazýar derdini siňdirip,
Her setirde müňläp yza.
Ýürekdäki hasratlarny,
Sygdyranok ak kagyzam.
Ýaralar çişýär ýürekde,
Göreşýär öz-özi...
dowamy...Gerceknazar (01.11.2024 / 16:27) okaldy (153) teswirler (1)
Ýetim oglanjygyň içindäki o:ýlary...+4
Köne ejem öýe haçan gelerka,
Täze ejem öýden haçan giderka?
Kakam ýokka maňa "Ýetimçe" diýýär,
Muny täze ejem,
Näme üçin näme üçin diýýär?
Ony köne ejem gelen mahaly,
Aýtsam täze ejeme geler gahary.
Köne ejem gelenok eýýäm ýaz düşdi,
Köne ejem gelenok bugdaýlar bişdi.
Köne ejem gelenok döwek döwülýär,
Ýa öýmüzden ýagşymyka öwülýä?
Orazmyrat Daşgynow......
dowamy...KonulYoly (01.11.2024 / 14:40) okaldy (168) teswirler (2)
Erkin däl erkim+4
Ganatym gyryldy, erkin däl erkim.
Remezan Mämetgurbanow
Erkin däl erkim,
Ruhum kapasda.
Men bagty gözleýän,
Döwük kompasda.
Iññe deşiginden bakýaryn dünýä,
Gözel görünýä.
Ýüregimiñ ýüregi bar.
Dört diwar,
Dert azar,
Derdi zar kalbym.
Garypja külbämde, gülleýän köñlüm.
Penjireden nurly Güneş ýylgyryp,
Ýygrylyp,
Ýyllaryñ ýyndamlygynda,
Şatlyk nämedigni unutdy beýnim.
Senem hakydamdan günlerde bir gün,
Ö...
dowamy...Hyyalbent (01.11.2024 / 09:38) okaldy (180) teswirler (4)
Aÿdylmadyk hakykat+4
Sőÿgi diÿdiñ, Sőÿme diÿdim, őÿkelăp, Ÿene duÿgularña bererdiñ erkiñ. Menem diÿdim, Seni sőÿdim, sençerăk, Ÿogsam birgűn ÿalanlardan ykbalym, Ÿanjagyny bilip, dymyp ÿőrerdim. Sen bilmezdiñ, hakykaty boÿnuña Monjuk deÿin dűzjegimi bir gűni. Yazgydyñdan ÿazylanlar alnyña, Geljegini bilÿărdimem her gűni. Saña ÿalan sőzlemăge borçludym, (Kă gűnăli bolaÿsamam őñiñde), Wada etdim, őzge deÿin gaçmadym, Hem wepaly...
dowamy...@menin_dunyam (31.10.2024 / 23:56) okaldy (195) teswirler (2)
Ussadym+9
(Seýitmyrat Geldiýewe)
Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň.
Ynamyňdan yza galsam – agsasam,
Ýazygymy öteweri, ussadym.
Söýdüm adamlary, söýdüm durmuşy,
Ýetdiginden mähir berdim köp kişä.
Gussa batdym gussalyny göremde,
Has köp şatlyk berdim keýpi kök kişä.
Bugdaý nanym bolmasa-da, käteler
Bugdaý sözmi paýlap berdim gysganman.
Eýýäm saçlarymda akja "zer" gördüm,
(Haýran, wagt bir ýe...
dowamy...Baron (31.10.2024 / 12:00) okaldy (187) teswirler (2)
Arman+2
Çildiñ gitdiñ ýüregimi,
Dünýäniñ düzüw mahaly.
Yşk kör etdi garagymy,
Dünýämiñ düzüw mahaly.
Nepesimden ýakyn saýyp,
Möhürledim keşbiñ kalba.
Oda düşdüm gökde gaýyp,
Bişeninde gyzyl alma.
Eñegimiñ köse wagty,
Ýañagym gyzartdy söýgi.
Arzuw bilen ekdim bagty,
Harmanymda gussa, görgi.
Gör nähili jepakeşdim,
Ömrüm paýlap ýyllaryma.
Ýalñyzlygy jeza kesdim,
Senden aýran ýygralygma.
Wagty yza dolap bilsem,
Kalbymdaky gül sol...
dowamy...Hyyalbent (31.10.2024 / 11:20) okaldy (165) teswirler (1)
Ÿetimler őÿinde bir çagajygyñ aÿdanlaryndan+4
Bagşlañ meni
"-Ejejan-Kakamjan bagşlañ meni,
Bimahal bu dűnÿă gelenim űçin.
Bagşlañ bimaza edāÿdim sizi,
Men gűnăli, ÿada ykbal gűnăli,
Alla maña bu jany bereni űçin.
Her gűn ÿoluñyza bakÿar gőzlerim,
Kiçijek ÿűrekde hasrat ornaşdy.
Ejeleri alyp gidÿăr őzgeleñ,
A men bolsa ÿadamadym asla-da
Şo:ol "Gelerle"- umyt bilen garaşdym.
Belkide bar bolaÿsañyz dűnÿede,
Hőkman bolar, ÿerde galmaz dilegim.
"Ÿetim diÿmesinler"- diÿ...
dowamy...@menin_dunyam (30.10.2024 / 23:55) okaldy (216) teswirler (3)
Jemi: 1349
Soňky teswirler
Gülkünç wakajyklar
Çagalar bagynyň terbiýeçisi ejesine oglanjygyň goňşusynyň miwe şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdyp arz edýär. Ejesi şol tüýküren şerbedini og...
dowamy...
Ýokaryk