Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
boshver : Ýeri men òzgàni sòýemde nàme? Oñ ýeriñde señ keşbiñi gòrsem.. Tàze pursatlara ynanyp bilmàn, kòne duýgulara allanyp ýòrsem.. Ýùregim iki dàl emma hakykat òzge bilen bagtly diýmànem bilmen. Señ màhriñi ýene duýmaklyk ùçin, howwa-a-a.. Men òzgàni sòýmànem bilmen..

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
EÝ, HESER...+5
[i]Eý, Heser, elheder! Hyýalymdaky Keşbe juda-juda meňzeýän Eser! Damakdaky agy ýaly, gözümiň Owasyndan daşa dyňzaýan Eser! Eý, giç gelen Ylham! Eý, göwni Joşgun! Saçy özündenem uzyn Gözellik! Ykbaly özgertjek bagta çalymdaş, Asmanpisint göwni göwne gönezlik! Sözleň bilen gowulanýar teň halym, Köňül kölüm gözleň bilen suwlanýar. Nazaryňa nyşan bolsa (eý, aman!), Ýanyp duran o:t üşeýär, suw ýanýar. Eý, gujagy Behişt! Hi...dowamy...
Dostuma...+6
[i]Ykballara ýanaly biz, Derdi gizläp geçirere ömür çäkli. Şonuň üçin, Otur, dostum, içeli-le. Gel, meý bilen ýuwudaly Kalba agram berýän gamy. Dünýäň irmän ýepbekleýşin, Ýekirişin seni, meni Unudaly biraz salym. Serhoşlar deý göçeli-le. Goý, ýazylsyn damarlarmyz, Birazajyk içeli-le. Ogurladan düýnlermiziň Ahmyryny ýetireli. Iň bolmanda, öz-özümiz Göwnümizi götereli. Ýazmakdanam irdik indi, Setirlere “gep gatnadyp”. Gu...dowamy...
Çagalykda galdy çagalyk söýgüm+5
Çagalykda galdy ,çagalyk söýgüm, Baky bile borduk ulalmasadyk. Çagajyk bolardym , bolmazdy gaýgym, Ulalmak melhemni ulanmasadyk. Her gün aýlanardym eliňden tutup, Oýnardym,ýaýnardym,saýrardym joşup. Ýaşardym pelegiň oýnuny utup, Söýgünem bilmezdim bolmazdym aşyk. Indi "Zaman" diýlen zalyma duşup, Gün geçdigçe garrap, ölüp barýana. Bolsun arasynda täsin duşuşyk, Bolmasa ýatlama bolup barýaňa. Kalbymda kerepläp galdymy g...dowamy...
Galamdaş gyza+7
[i]Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen, Uzak sen adaty gürrüňden-gepden. Kalbyň iň gyzykly kitaplaň biri, Duýgularyň — galam, ýüregiň — depder. Ýazgylaň ýaz ýaly. Göwnüň ýazýany Goşgy görnüşine giren sedamy?! Maýyl edýän gürrüňleriň bilen sen Kül-peýekun edip barýaň edamy... Erkime erk edýäň. Soňky döwürler Ynjyk bir adama öwrülip barýan. Sözleň aýazyndan üşeýän aşa, Kalbyň yssysyndan gowrulyp barýan. Aýdyma meňzeş sen, meňz...dowamy...
Kakasyz gyzlar+6
Kesek bilen urun, agyrmaz jany, Yuka gownundedir yaraly yzlar. Gayryn soze aglar, ezmez bashgany, Gozi yashly guler kakasyz gyzlar. Enan gadryn in kop olar bilyandir, Kayyl hyzmatynda epilse dyzlar. Kaka diysen uludan dem alyandyr, Gadryn bilin kakasy bar shagyzlar. Duyun, nala cekyan yurek gohuny, Beyanymdan aglap durka kagyzlar. Almawerin shol yureklen ahyny, Bitmez yaralydyr kakasyz gyzlar....dowamy...
Yrymçyldyň...+7
[i]...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok. Ýöne sen yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!). Gorky bilen tisginerdiň käte bir Öňümizden gara pişik geçende. Ýyldyzly asmana seredip siňe, Balkyldadyp jeren bakyş dideleň: “Erte howa gowy bolar, ýyldyzlar patrak ýaly seçilende gijeler” — diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy. Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem. Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin Men yryma ynanmajak däldimem... Birden dünýämizde boşluk...dowamy...
Mekdep durmuşyndan goşgy.+5
Ýada düşýärbuz örtülen ýollardan. Eýläk-beýläk Mekdep diýipgatnanym Öz erkime ýantorbamy süýrärdim Okamaklyk bolmasa-da matlabym Synplaň içi gülki bilen dolardy Bir hyýally oglan-gyzlar üýşende Şol gyzlarda telim göwnüm galandyr Günde birin alyp gaçyp düýşümde Günsaýyn däl,sagatsaýyn ösýärdik Göz öňümde ýigit çykdy barysy Birmahalky gar oýnaşyp ýörenleň Pikirlerniň giňäp gitdi örüsi Biz bilen deň okuw o...dowamy...
Salam+7
<<Salam hem modadan çykyar>> diyanmi? Hawa kopelipdir ses- uynsuz salam Elini yetirde gulagyn yanna Arkayyn geçiber salam wessalam. Tansynmy dostunmy gonsynmy kimmi? Hokmanmysmy yanna dykylyp barmak biperway kellani çalaja silkde Geçiber geplesmek namane gerek. Yasayarkak tygsytlylyk dowrunde Her tygsytlan sozun bir dowum çorek <<Salam>> diymek parahatlyk dilemek Sol mukaddes sozden guyç alyar zaman Arada powrize dagla...dowamy...
Öýdäkiň sekgizinji martyna sowgod+4
Sen hikirdäp gülme Otuz ikiň görünýä Olary görüp meň Aňrym bärime gelýä Sen maňa bakma-how Ýürejigim dilinýä Ýaşlykky ýalňyşym Basyp, egnime münýä Iňňildiň goýsana Şüşş çagalar oýanýa Hany heleýbaý, gaharlanmasana Sen nähili bolsaňam Äriň saňa guwanýa. Awtory: O'nore de Bazzzyk wuzzuk...dowamy...
Tüýs wagtynda geldiň...+8
[i]Güýzän ýüregime bolup teselli, Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem. Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa, Iglän arzuwlarna bolduň-da direg. Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini, Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly. Geçip barýan günler garrylyga däl, Äkidip barýan deý ýaşlyga sary. Gözleň göl döredip göwün öýümde, Kalbyma keşde deý çekildi adyň. Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym. Bilýän, bu pursatl...dowamy...
Alla agyr synar+8
Bir adamyň ogul perzendi boldy, Emma 2 ýaşda dünýeden ötdi. Alla oňa ýene bir ogul berdi. 1 ýaşda onam topraga gatdy. 2 perzendini jaýlan bu bendä 4 sany gyz berdi ýene Hudaýym. Gyzlaň ulusy kemala gelip, Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn. Emma olam 20 ýaşyň içinde Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy. Bir agtyk söýdürip 2-nji gyzy, Olam bakyýete gadamyn urdy. 2 gyzy-ogly öz eli bilen Gömen ata gamyn ile paýlady. Soň 3-nji gyz...dowamy...
Söhbet Döwletow "SÖÝERIN SENI"+4
Jan tenden çykýança söýerin seni, Söýerin men seni ömür bakylyk. Kän zady däl, ýalňyz zady söýdüm men, Bolduň tümlügimde ýalňyz ýagtylyk. Goňur gözlerime ýerleşdiň birden, Iller seni gözlerimden tanarlar. Söý, sen meni berme özge ellere, Goý, bizden daş dursun, ajy ýalanlar. Söý sen meni, kemsidilen bu göwnüm, Janlansyn birden-kä gudratyň bilen. Görejim güýçlendi bu dünýä üçin, Çünki, gözlerime nazaryň siň...dowamy...
Söhbet Döwletow "ÖMÜR"+4
Geçmiş köpeldikçe, geljek azalýar, Boş-boşuna geçip barýar bu ömür. Sarp edilip manysy ýok zatlara, Gymmatyndan gaçyp barýar bu ömür. Göwün göterilse dünýä sygmajak ýaly bolýar ynsan, durman ylgajak, Bir gitse yzyna hijem gelmejek Guşlar kimin uçup barýar bu ömür. Garyp bendäň artdyrman hiç nanyndan, Adamzady doýuryp öz janyndan, Gam-gussasy bilen ynsan ganyndan, Edil suw deý, içip barýar bu ömür. Kemeli...dowamy...
Gözleg (sonetler çemeni)+1
Gözleg (sonetler çemeni) 1 Göýä aýsyz gije azaşan ogry -- Oýlar jeňňelinden yz çalyp barýan. Ne jogap, ne sebäp görünýär oňly, Bir melgun sowala müň gapan gurýan. Bu ýowuz "nämüçin" , ýalňyz "nämüçin" Gulagymda şarpyk bolup ýaňlanýa... Kän eşitdim jany bir diýp gämiçiň, Deňiz bolsa "doýmadym" diýp hiňlenýä. Asman aglar her ýyldyrym çakanda, Ýeller pellehana bilmezler ýetip... Bu sapaly, bu jepaly jahanda Her kimiň öz...dowamy...
Sen maňa ýalan ber!+2
Sen maña ýalan ber! Ýyljajyk ýalan, Mähirden püre-pür ýalan, Mylaýym ýalan. Söýgiden ýanan, Yşga çoýunan Bir galandar Ýalan ber maña. Sen maña ýalan ber! Uçgunly ýalan, Ýüregi o:t alan ýalan, Bekeşen ýalan. Galplygy synan, Kalbyña ynam Bir ýekeje Ýalan ber maña. Men seniñ ýalanyñ gujagma basyp, Uklaýyn ynamyñ düýşümden asyp. Edepli Gödek....dowamy...
Biziň aýbymyz.+2
Biziň aýbymyz. Biziň şeýleräjik aýbymyz bardyr... Ýas ýerin toýhana öwürjek bolýas. Ölüni hormatlap gelýän juda az, Kim neneň aglaýa synlajak bolýas. Biziň şeýleräjik aýbymyz bardyr... Myş-myşa daýanyp ýürek duzlaýas. Egnine galanda bir halal bende, Ýaman tarapyndan sebäp gözleýäs. Biziň şeýleräjik aýbymyz bardyr... Päk gyza çalýalar gazan garasyn. Etmedik işine jeza çekdiren, Şeýle betpälleriň nesli gurasyn. Bizi...dowamy...
Geljekdäki maňa!+2
Çöken göwnüň ýaryn gözläp, Enteklerem ýanyp ýörmiň?! Ýakynlardan syryň gizläp, Uzaklara ýazyp ýörmiň?! Kagyz bilen iç döküşip, Säherlere giç ýetişip, Gaýta-gaýta iç çekişiň, Gizläp "alkyş" alyp ýörmiň?! Her ädimiň öte gidip, Ýollar-da ynamyň iýdip, Durmuşyň şarpygyn dadyp, Ýykylyp soň galyp ýörmiň?! Enteklerem telbe bolup, "Çyn söýgi" diýp, teşne bolup, Her suwsana çeşme bolup, Özüň kepäp solup ýörmiň?! "Ýörejek" diýp...dowamy...
OGLUM(Täze öýlenýän ýigide nesihatym)+4
* Mertebesin belent sakla är bolup. Haka gulluk ediñ agzybir bolup. Käte serho$lykdan dawa-$er bolup. $eýtanyñ ugruna gitmegin oglum. * Gùýjüñe buýsanyp sütem etmegin. Ma$gala ba$ysyñ,gapyl ýatmagyn. Bilmedigin öwret,ga$yñ cytmagyn. Bolar-bolmaz sözi aýtmagyl,oglum. * Demirgala bolup gora da$yny. Ki$ä dü$ürmegil mü$gül i$ini. Syla boýda$laryn,deñi-du$uny. Ýalancyda gapyl ýatmagyn oglum. * Hic ýerde kemsinip,ýeke galmasyn....dowamy...
Basym toyun tutuljak+8
Hawar geldi basym toyun tutuljak Sonda umyt galmadygna dusundum Soyga kepen sana kurte atyljak Mana bagtyn gulmedigne dusundim Cyg yayrady gamdan dolan yuzume Nalet etdim sonam aldym yzyna Wah dozemok sen arzylan gyztma Taleymin on bolmadygna dusundum Yatdym turdum yazdym yandym ot bolup Sozler dile geldi peryat dat bolup Senli bagtdan galyberdim at bolup Munun baky armandygna dusundum Kalpda soygi yogsa...dowamy...
Mena bizar boldum yeke gezmekden.+5
Oye barsam öýeriñ sen meni. Hudaym saklasyn yeke otmekden. Bar goshy satyp öyeriñ meni Aptekdan derdime tapamak derman. Yurekde galmasyn yekeje arman. Ahli yurtlara iberin perman. Şu gyşda jan edip öyerin meni Ýoldaş al yanyña Sapar agany. Aylan Gökce, Tejen, Sakarcagani. Aşgabat Gökdepe, Gushgy Kakany. Gayrat edip indi oyerin meni. Sawcy bolup gidin Stanbul yola. Biliñiz berk gu$añ bolmañ agzala. Käte sigan gelyärmiş...dowamy...
Jemi: 1349
<< 1 ... 30 31 32 33 34 ... 68 >>

Soňky teswirler

Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam


13 ýaşda sapakdan gaçyp sony oýnamana giderdik......dowamy...
Degişmeler älemi | Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam:)
Soho (Şugün, 10:21)

Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)


Sankçyýa şo wagydam bar ekenow?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)
Fantom (Şugün, 10:20)

Gülkünç wakajyklar


Gaty gowy, ýetirip dur, ýylgyrtdy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Soho (Şugün, 09:57)

Şu gün bagra bas ejeňi


Gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Sasiyona (Şugün, 09:52)

GOŞGULY KAGYZ 📃


Yakan adamy yakmalymysh...dowamy...
Erkin mowzuklar | GOŞGULY KAGYZ 📃
rexha (Şugün, 09:21)

“Aglap bilerdim owal...”


Gözyasha guynch name uchin yetenokka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
rexha (Şugün, 08:37)

SESSIZLIK


Gowy goshgy eken....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:27)

SESSIZLIK


Dide name...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:24)

Şu gün bagra bas ejeňi


Ejelermiziň jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
rexha (Şugün, 06:21)

Şu gün bagra bas ejeňi


💥💖🎯❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Fantom (Şugün, 05:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика