Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Vücudumun %70'i su falan değil, bildiğin sıkıntı. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Köneçil ýarym bilen jedel...+4
Meniñ söýen ýarymyñ, Şeýle gözel görki bar, Gözellikde beýleki, Gyzlardan köp parhy bar. Emma ol ýar köneçil, Egninde-de keteni. Göýä şol köne köýnek, Oñ arzuwlap ýeteni. Diýdim bir gün “Söýenim, Senem döwrebap bolaý, Hanha ähli gözeller, Pommaha geldi golaý”. Hat-da olañ käbiri, Ýupkajygam geýipdir. Çünki olar bu döwrüñ, Lezzetini duýupdyr. Diýdi:-Gutaran bolsañ, Indi sen meni diñle. Duşanyma u...dowamy...
Ejeme hat.+1
Kalbymdaky mähir senden bolmaly, Ony birçak hüwdiň bilen guýansyň. Biribardan etjek dilegleriňem, Ogluň täleýine baglap goýansyň. Gijeler goluňda göterensiň sen, Özüňden özgäge dözmäniň üçin. Ejejan, ýolumda kynçylyk ýokdur, Maňa derek baryn çözläniň üçin. Edýän işlem aňsat bolup durandyr, Gowuşansoň edýän dileg- dogalaň. Wah,ejejan, saňa galsa, berersiň, Öz paýyňa düşýän ähli sogabam. Nurana, mähirli ýylgyrşyň bilen, Gaý...dowamy...
Kerim Hally "Ýitgi"+6
[color=#f82e00]Puluñy ýitirseñ kän zadyñ ýitmez, Dostlaryñ azalar, kemär şatlygyñ. Duýarsyñ dünýäde hakyky dosty Mäkäm saýlamagyñ möhüm zatdygyn. Şonda ykbal gamgyn sazyny çalar, Darykma, gaýtadan gazanyp bolar. Saglygyñ ýitende, ýiter kän zadyñ, Ýatladar bu jahan saña ýatdygyn. Duýarsyñ dünýäde ähli barlykdan, Jandaky saglygyñ möhüm zatdygyn. Gaýtaryp bolsa-da, mal-mülk, begligi, Gaýtaryp bolmaýar ýit...dowamy...
Ejeme juda kän ýalan sözledim+7
Ejeme juda köp ýalan sözledim, Gowy diýdim soran wagty halymy. Diýmedim,ezdiler,ýykdylar meni, Ýitirdim jan käbäm dogry ýolumy. Oglum ýüzüň salyk,saglykmy-diýse, Ýylgyrdym,hem ýene ýalan sözledim Arkamdan aýawsyz pyçaklap duran, Durmuşyň awysyn ondan gizledim. Gözüň gyzarypdyr,aglana dälsiň Ýok,aglamok eje daşary sowuk Diýemde ýol boýy aglan ýüregim, Gözýaşy diňdirdi,bogazym bogup. Iý oglum,bu söýýän nah...dowamy...
EJE MAÑA MAÝSA GYZY ALYP BER+5
Oba gyzlaryndan bir şony söýdüm, Eje maña Maýsa gyzy alyp ber?! Oña “Hökman seni alaryn”diýdim Eje maña Maýsa gyzy alyp ber?! Seret eje ondan tapmarsyñ kemi, Uzyn saç,gara göz, ap akja teni, Beýhuş etdi meni şonuñ edebi, Eje maña Maýsa gyzy alyp ber?! Göwnüme ýaranok seniñ saýlanyñ, Şol ýeňil gyzymy Meňli daýzanyñ? (Men suwun islämok,döwük küýzäniñ) Eje maña Maýsa gyzy alyp ber?! Indem ýapyşdyñ sen dükançy gyza, Öñem...dowamy...
Soygi...+4
Soygi guldur,Yesiri bolmaz... Soygi olumdir,Tabydy bolmaz... Soygi garypdyr,Coregi bolmaz... Soygi erbetdir,Menzesi bolmaz... Soygi komurdir,Kuli bolmaz... Soygi gosgudyr,Galamy dymmaz... Soygi oynakdyr,Yerinde durmaz... Soygi myhmandyr,Gapyda durmaz... Soygi coldir,Suwy tapdyrmaz... Soygi ummandyr,Denizi bolmaz... Soygi hakykatdyr,Yalany bolmaz......dowamy...
Ynam+5
Men ony goradym ýaman gözlerden, Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan, Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden, Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan. Goradym göripleň gargaýyşyndan, Ýakynlarymdanam goradym ony. Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan, Hiç bir zada rowa görmedim ony. Bişişini synlap ullakan almaň, Şol uly alma-da gorkuly garap, Ony ähli zatdan goradym, arman, Özümi şol gyzdan bilmedim gorap. Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýa...dowamy...
"Dünyede her kimiñ öz gylygy bar..."+7
[i]Dünýede her kimiň öz gylygy bar, Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler. Edep-sypaýçylyk adamy bezär, Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler. Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm, Gödekligem meni kowlap ýörmedi. Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim, Oň nä derdi — asyl gaty görmedi. Sypaýy diýlenler bolýar her hili Juda sypaýylar daşym aldylar. Duýman durka, kastlary bar ýaly, Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar....dowamy...
Gutarylmadyk goşgy+12
Bu dünýede didaryňy görme ýok, Sataşmak ýok ikimize hiç haçan. "Oglum!" diýip, gujagyňy germe ýok, Senden gök asmany gabandy ajal. Ah, seni şeýle bir göresim gelýär, Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp. Iň bolman düýşüme girsene, käbäm, Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum. Delminip-delminip gitme yzyňa, Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan. Maňa birje gezek dözümlilik et, Çekinme tisginip oýanmagymdan....dowamy...
Dünýe-ha owadan+8
Dünýe-hä owadan, Durmuş jadyly. Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok. Ýöne bolýan oýunlara syn edip, Özüň öňki özüň bolup galmak ýok. Namart merde sapak berer sakyrdap, Pes-beýiklik hakda gürlär oturar. Paýhas päki dek ýiti danalar Akmakdan utanyp derlär oturar. Düýnem ýaradana jort atyp ýören Bu gün selle oranandyr başyna. Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap, Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne. Bir gün geň gal...dowamy...
Edil düýn ýalydy+5
Edil düýn ýalydy. Ýaňy ýalydy, Sagadyň dillerin rehimsiz towlap Seň ýanyňa duşuşyga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyň asuda köçelerinden Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň. Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyň, Men bolsa çepe. Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan. Ýöne agşam bir dü...dowamy...
Şöhrat+5
Şöhrat näme, bilemok, Ýaşap ýörün dünýäde. Gözüm açyp görenim Şu zemindir, şu asman. Gelin geldi uz ýaşynyp, Elinde tylla bada, Maňa oňat sözler diýdi, Saçym sypap bir zaman. Men oňa bar git diýdim, Işiň bilen bol diýdim. Işim başymdan agdyk Galamym iş küýseýär. Ol gözüni güldürdi. Gel, goýnuma dol, diýdi, Beýle gelin saňa aşyk Bolup gezer niçezar. Seniň saçyň sypaýyn Öpeýin gül ýüz...dowamy...
Ýaşlyk+6
Gazaply kazy deý, mydam başymda Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk. Bir zada düşünýän: şowhunly günler Al atymy çapyp ýören haladym, Öňümden çykana gül ýaşlygymy Hormat edip, sowgat kimin paýladym. Jomartlygym üçin «sagbolsunlara» Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim. Ýaşlygymy gerekmejek dostlara Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim. Öwgülerde...dowamy...
Söýgi poemasy+6
I Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz. Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da, Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz. Okuwdan soň baha sanaşygynda Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz. Söýginiň deregin basdaşlyk tutup, Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz. Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm. II Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy. Emma za...dowamy...
Ykbal we ýazgyt.+2
Belki ykbal,belki durmuş yoludyr, Belki ýokdur nesibede görüşmek. Ýazgydymyz ýazylmasa bir daşa, Elde däldir ýazgyt bilen göreşmek. Senä isläp gitdiň,menem alaçsyz, Alaçsyz terk etdim içki dünýämi. Günäli men ýa-da senmi bilemok, Terk etdik biz başarmadyk söýmäni. Aradan aýyryp wagtyň serhedin, Unut,ýöne geçmişiňi otlama. Ömrüme pent bolsun ýeke haýyştym, Meni ýaman ýazyk bilen ýatlama. Awtor:Salyh Halmyradow...dowamy...
Men seni söýäýdim,söýaýdim öýtdýän+4
Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Soňky günler maňa bir zad-a bolýa. Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýa. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Seni seredenden gabanyp ýörün. Käte seň ýanyňda egnimi gysyp, Kä donuma sygman gabaryp ýörün. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Sen maňa birhili ýowuz görünýäň. Men seniň ýanyňa baryp bilemok Hem oňup bilemok saňa görünmän. Men s...dowamy...
Magtymguly Pyragy+6
Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende, söz manysyn bilmeýen, Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. Hudaýym saklasyn şerden, gahardan, Minnetli aş ajy bolar zäherden, Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden, Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy. Her kimiň özüne Müsürdir jaýy, Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy, Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy....dowamy...
Günleriñ bir güni menem ölerin+10
Günleriñ bir güni menem ölerin! Günleriñ bir güni menem ölerin, Umydym üzerin ýagty jahandan. Şol tabydym göterlende asmana, "Gowy adam": diýen boluñ ýalandan. Günleriñ bir güni menem ölerin, Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli. Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi, Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli. Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden, Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ. Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan, Men...dowamy...
Mekdep ýatlamasy+10
Shol gun surat bolup ana sinipdir Chishirilen sharlar...Edil duyn yaly Her kim gursagyna shatlyk danypdy Shatlyga owurip uly dunyani Bagtdan hyn beryardi yureklerimiz Uchurym adyny alandan sonra Wah, nenen achypdyk yurekleri biz Gownumiz asmana galandan sonra Aydymlar aydylsa ses goshup batly Okalan gutlaga bash atypdyk biz Bilinmedik syrlan tagamy datly Shonda ichimizi boshadypdyk biz Yukumizi tutup bagtdan,h...dowamy...
Adam+3
Täzeçe bir many aldy köp zatlar, Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy. Bir ömürde meniň gören gudratym: Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy. Adam adama dost diýlen sözlere Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi, Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly, Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy. Dogry, şindem onuň şol öňki ady, Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi. Ýöne ol — şol öňki adam däl indi, Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy. Ol juda k...dowamy...
Jemi: 1346
<< 1 ... 49 50 51 52 53 ... 68 >>

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Şugün, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Şugün, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Şugün, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Şugün, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Şugün, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Şugün, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика