Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Geljegi bilemzok emma asyrlar boyy arzuw edyas
Şygyryýet dünýäsi
YkbaI arzyly gün, ilkinji iş gün+3
YkbaI arzyly gün,ilkinji iş gün
Birdöwür hiläniň ýumrugna girip,
Aýrylypdy ýodalarmyz,ýollarmyz.
Gezdim şunça wagt derdimden irip.
Gitdiň bagt gözläp,özgäňki bolduň,
Meň hemrama öwrülipdi kitaplar.
Olar tukat dünýäm şowhuna büräp,
Yok bolupdy gala-goply girdaplar...
Ine arzyly gün,ilkinji iş gün
Altynsow gapynyň gulpyny towlap,
Gadam basanymda iş otagyma,
Sen otyrsyň,ýürek ot aldy lowlap... ?
Bir wagtlar söýgüm bile...
dowamy...King-official (04.02.2024 / 11:59) okaldy (126) teswirler (1)
Goşgy..!+7
Mazaryň başynda otyryn ümsüm,
Hol aňyrdan sesi gelýär garganyň,
Indi eýýäm uly adam bolsamam,
Duýman galdym gozüme ýaş aýlanym.
Bu ýerde goş basyp ýatyr tukatlyk,
Gara ýer astynda ýatyr ynsanlar,
Şowhun-galmagaldan juda uzakda,
Dynç alýar bu ýerde baka gidenler.
Her mazar astynda ýatyr bir dünyä,
Hersiniň ýetmedik arzuwy bardyr...
Kim bilýär,belki-de bu ýatanlaryň,
Öz islegi bilen gidenem bardyr???
Ululy-kiçili sans...
dowamy...Arzuw (04.02.2024 / 06:21) okaldy (145) teswirler (2)
Aglama Dünýäm+1
Ýollar aýra düşdi,aglama dünýäm!
Aýyp bor, gözleriñ ýaşlara ezmek,
Agyram degýän eken,elleriñ bilen,
Söýeniñi özge gollara bermek.
Aglama sen dünýäm,öýme atsalar,
Gizle gülüm,balkyraýan gözüñi,
Keşde nagyş a:l kürtäniñ astynda,
...Bagtdan aglaýana meñzet özüñi!
Aglama dünýäm,gussalarña solaşyp
Hasratlaryñ ýyllañ goýnunda gizle.
Bagtyñ baglap, burma saçly ýigide,
"Bagtyýar men"diýip,müñlerçe sözle!
Giderin men, öz ýolum...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:34) okaldy (146) teswirler (1)
Ýürekdeş+2
Sen syrdaşym, ýürekdeşim, ýakynym,
Bir sen bilýäñ, ýüregimiñ zaryny.
Saña duşyp düşündim, men durmuşa,
Şoñ üçin, sen maña şeýle arzyly.
Ýalñyzlyk goýnunda galan mahalym,
Maña mähir gollaryny uzatdyñ.
Onsañ kem-kem öz özime dolanyp,
A:zam bolsa, ýalñyşlarym düzetdim.
Şatlanan wagtymda bile şatlanyp,
Gama batan wagtym derdim çekişdiň,
Ara daş bolsa-da, mähriñi duýup,
Ähli işe höwes bilen ýapyşdym.
Gam-gussa kalbyma beren...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:32) okaldy (131) teswirler (1)
Güberilip gümmez çekip gabyrlar...+1
Güberilip gümmez çekip gabyrlar,
San sajaksyz gömülen duýgyñ jesedi.
Oña derek gussa çykýar gabyrdan,
Galpyldadyp göwnim, gorkunç ses edip.
Gün günden daralýar, peselýär sussum,
Ýegşerdip barýar, gussanyñ ahy,
Ynha, ýene-de täzeje mazar,
Doguldy iññildäp duýgymyn ruhy.
© Remezan Mämetgurbanow...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:29) okaldy (128) teswirler (1)
Jogapsyz soygi+1
Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi
Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň
Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy
Ýadymda henizem şol geçe...
dowamy...Shatlyk (03.02.2024 / 18:57) okaldy (124) teswirler (0)
,,Hakyky söýgi"+7
Owadan baharyň ajap möwsümi,
Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy.
Maňa säwlik bilen sataşan oglan,
Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy.
Deň-duş joralamdan salgymy sorap,
Soňam ençe sapar idäpsiň meni.
Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap,
Bahanajyk tapyp aldapsyň meni.
Ýöränimde ogryn-ogryn seredip,
Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?!
Ýüregime şugla saçyp keseden,
Asyl söýgiň özi senmidiň, oglan?!
Kalba hyruç berýär joşan d...
dowamy...Arzuw (03.02.2024 / 18:54) okaldy (143) teswirler (1)
,,Galsyn" (uçurumlar üçin!)+9
Akja kepderi goýnuňda uçdyk,
Ýelekleri ak bolup gollarda galsyn.
Misli bir pursatda ýagan ýagyşdyk,
Damjalan damjalar güllerde galsyn!
Ýoluňda ýykylsak ýene-de galdyk,
Bir-birege gol berip dostluk gurduk,
Käte-käte jahyllyga uýardyk,
Mugallym sözi dillerde galsyn!
Ýatlasak bahary, ýatlasak gyşy,
Göwünler galkynar, ýüregiň daşy,
Mekdebim deňärin nurly Güneşe,
Owazly aýdymlar ýellerde galsyn!
Çagalygym sende, ýaşlygym...
dowamy...Arzuw (03.02.2024 / 18:37) okaldy (151) teswirler (3)
YENE EJE HAKYNDA+6
EJE
Durmuş ýoly öwrüm-öwrüm
Özüm däl ýykylan göwnüm
Her bir işe boldum ýüwrük
Eje meni ýadatdylar
Diýme maňa ýüzüň salyk
Jan jan diýip janym alyp
Gara gözüme gül salyp
Eje meni aldatdylar
Ýara salyplar bu jana
Şuwlap geçen hol şemala
Hä o ýana, hä bu ýana
Eje meni galgatdylar
Gowy däldir halym bilseň,
Ýürek däl-de dilim dymsa,
Asyl sen däl eken kimse,
Eje meni aglatdylar...
awtory: UZUK Nowruzowa...
dowamy...erkin1997 (03.02.2024 / 00:38) okaldy (202) teswirler (9)
Aýlanyş...+6
Oglanlykda garyşdyrdym bar zady, Ýaşadym ýok zatlaň hasratyn süýräp. Görünjek bolardym juda akylly, kese durup, elim eňegme diräp. Hemme zat aklyma sygar durardy, Ellermi galgadyp, diýdim“Düşün, sen!“ Söýgi mätäç däldir filosofiýa, Söýmek başartmaýar söýgä düşünseň! Gülli köýnegiňden jennet bark urup, Külli köýmegimi sowdy beladan. Nara agyz urup, ýanan aşygyň, Gözelleşdi, indi ol has del adam....
dowamy...Perman (02.02.2024 / 21:32) okaldy (215) teswirler (4)
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!+7
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Mizemez binalaryň peýman-ygtymary,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Uly-kiçi her işde kaýyldyr ol gutlugyna,
Külli türkmen halky üçin janly tilligine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!
Müň ýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine-mätäçlere Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan zamanlaryň çyn-h...
dowamy...King-official (02.02.2024 / 19:18) okaldy (168) teswirler (5)
Goşgy...+9
Ýüregimde ýer yrandy düýn agşam,
Häzir bolsa tüweleýler içinde.
Dünýäň başga gowgasyndan habarsyz,
Bir sen diýýän pyşyrdy bar içimde.
Bir saňa howlugýar ädimlerim meň,
Bir sende ýatyşýar içimiň ody.
Ynha häzir görünersiň uzakdan,
Ne tüweleý galar ne ýeliň bady......
dowamy...Arzuw (02.02.2024 / 06:23) okaldy (161) teswirler (3)
Sypaýy söhbet.+4
Sen gitdiň, özümi özüme dözüp, Jaň edip tapmadym öňki belgiňden. Bergimi – ýüregmi bilmämsoň üzüp, Halas dälsiň senem maňa bergiňden. Sen barkaň, lezzetdi her alýan demim, Sen barkaň, Hudaý bar, duýýardym bagty. Sen nähili begenýänmi bilsediň, Nätanyş belgiden jaň gelen wagty. Töwekgel sözüm bar, ýüregim ýygra, Ýöne ol iru-giç sypar agyzdan. Ynanyp söýgüniň hakykatdygna, Kim aman galypdyr sapalagyn...
dowamy...Perman (01.02.2024 / 21:01) okaldy (140) teswirler (1)
14 - nji fewral...+3
Ýedi ýyldyr tanaýaryn men seni.. Ýedi jorap ýedi ýylda sowgadyñ.. Dördi gara üçi goñur reñkleri.. Ak joraba meni rowa görmediñ.. Her fewral, on dördüne sen meni.. Ogşan bolup ,,saña sowgat..." diýýärsiñ.. Menden bolsa gymmat sowgatlar alyp.. Gülüm ysgap, şokoladym iýýärsiñ.. Saña ýygnan galyñ pulumyñ bary.. Ýedi ýyllap, sekizinji mart pytratdy.. Bu ýyl bolsa bermäne zat galmady.. Gaçmana ýer gözläp g...
dowamy...Perman (01.02.2024 / 20:41) okaldy (145) teswirler (2)
Söýýân diýip seslener...+7Hany yigit dur diyip, men yakamdan tutsalar,
Soyupsin ol gyzy diyip, oka tutyp atsalar,
Janym tenden cykanson, oda tutyp yaksalar,
Ya bolmasa jesedim, dar agacdan assalar,
Jansyz jeset sallanyp, soyyan diyip seslener.
Soygulime gol berip, soyyan sozum aydamda,
Gujak acyp golumy, yar boynuna salamda,
Gelip dayy-yegenlen, golum towlap tutanda,
Gynnan sowrup pycagyn, gursagymdan uranda,
Parcalanan yuregim, soyyan diyip s...
dowamy...Babaniyazow (01.02.2024 / 02:23) okaldy (226) teswirler (5)
Yigrenip bilemok,bilemok söymän+4Yigrenip bilemok,bilemok söymän,
Ynsanlaryñ yag$y,yaman,barysyn.
Yogsam kän ynjapdy pamyk dey köñlüm,
Men bolsa ho$ sözüñ,mähriñ zarydym.
Yigrenip bilemok,bilemok söymän,
Geciryän biwepa dostlañ günäsin.
Unudylmajak derdi unudyan köñlüm,
Bu gün cekyär yalan dostluk yzasyn.
Yigrenip bilemok,elyetmez olar,
Arzylan dostlarym,has beter söyyän.
Sebäp $ol ejizleñ kömegi bilen,
Bu gun men özumiñ kimdigmi duyyan......
dowamy...Dreamfull (01.02.2024 / 00:34) okaldy (145) teswirler (4)
Bu gün ýene yza bakdy gözlerim.+4Bu gün ýene yza bakdy gözlerim.
Dolandym men ýazmak ücin öýkäñi.
Men başgany gysyp duryn gujagma.
Sen özüñe ýar edinip özgäni.
Näbelli günleriñ başyny jemläp.
Ak bagtyñ geljegin düzýän gijeleñ.
Bu gün meni dälde özgäni diñläp.
Başga bagtym diýip bakýar dideleñ.
Bu gün ýene yza bakdy gözlerim.
Ýatlamany gecenleri señ bilen.
Belki senem küýseýänsiñ duýýansyñ.
Menä duýýan ýürek bilen dem bilen.
Ýatlamalam bilen gowuşýan s...
dowamy...Dreamfull (01.02.2024 / 00:22) okaldy (118) teswirler (2)
Hoş gal diýme, hoşlaşmaly ezizim+2Hoş gal diýme, hoşlaşmaly ezizim,
Üzmäli biz söýgimiziñ taryny,
Eger sen isleseñ, bereyin sana
Bu dünýäde genji käni barymy
Hoş gal diýip kowma meni kalbyñdan,
Ýandyrma söýginiñ alow odyna,
Ýadyňdamy, bagtly bolup gezerdik,
Birje pursat sal geçeni ýadyña....
dowamy...Dreamfull (01.02.2024 / 00:17) okaldy (134) teswirler (0)
Sargyt+4
SARGYT
Saňa aýdan sözlerimi unutma!
Saňa aýtjak sözlerimi ýada sal!
Gögi gaplap geleninde bulutlar
Gora meni öz-özümden ýadasam.
Men sesimi goýberdim öz gelşine
Arasynda sesin ýitiren horuñ.
Söz berýän: Söýgime hem ýigrenjime
Soňky demime çen wepaly borun.
Söýlüp garşy alaly her ýazy biz,
Möwsümler uzakdyr tä bagta çenli.
Daşa siňip giden aýak yzymyz
Mydam bolup dursun ýollarda çelgi.
Däliräp çöle git, esräp daga çyk....
dowamy...yurekdes (31.01.2024 / 16:37) okaldy (131) teswirler (2)
"Zäherlenýän başga güli ysgasam...”+0
Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde
(Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga),
Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da
Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla;
Bagyşla kalbyma, aňyma siňen
Perişde deý durkuň bilen oňýanym —
Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem,
Birje gezek eden işim oňlanyň.
Tas özümi ýitiripdim ýoluňda,
Tas elden gidipdi kelebiň ujy.
Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda,
Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy.
Düşün meň düşünip bilme...
dowamy...yurekdes (31.01.2024 / 01:56) okaldy (119) teswirler (1)
Jemi: 1339
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk