Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Çok dostum var benim, yeter ki işleri düşsün.
Şygyryýet dünýäsi
Bu gun yene goz yas menin yoldasym+5Bu gun yene goz yas menin yoldasym
Ayralyk aydymy menin syrdasym
Seni kuyseyanim sen bir bilsedin.
Indi sen bagtyny ozga bagladyn
Belki ovadandyr saylap soyenin
Belki sylayandyr acyandyr govnun
Sana yeke arzuv sag bolsun janyn
Dine sol gyz bolsun dunyade baryn.
Unut indi menli gecen gunleri
sen unutdyn berem vadalaryny
Bu gun yere çaldyn beren sozlemi
Gynamany yaraladyn yuregmi.
Yeke soze calysdyn sen soyguni
Yeke soz...
dowamy...Dreamfull (12.01.2024 / 08:09) okaldy (158) teswirler (1)
soydum men+2
Senin ucin sahyr bolup bilmedim, Ona derek soydum seni sahyr dey, Gije turup sana gosgy yazmadym, Ona derek cyn yurekden soydum men. Soyan seni soyjek sonky deme cen, Senin barlygynda sahyr Kerim men, Cyn yurekden soysen sonda sahyr sen, Sonun ucin yurek berip soydum men. Atory onki PowerTwo...
dowamy...Akademik2 (12.01.2024 / 03:30) okaldy (227) teswirler (3)
Ertir toýy boljak gyzyň nalasy....+7
Ertir toýy boljak gyzyň nalasy.... Aglap gyzarypdy eýýäm gözlerim, Gözýaşlam galamdan akýar syrygyp. Uzyn gije söýgimiziň şanyna, Meniň bilen ýel aglady gygyryp. Bagtym. Wah, şol meniň ejizje bagtym, Seni ellerimde saklap bilmedim. Meniň bu halymy uzakdan görüp Aýt! Näme üçin bagtsyzlygmy geňlediň? Şol oglan bolupdy bagtyma sebäp, Aýyňam bu bagta gözi giderdi. Gijelerne ýapraklaryň içinden Jyklap bize gizlin...
dowamy...yurekdes (11.01.2024 / 22:20) okaldy (220) teswirler (6)
Sen gideňsoň...+3
Sen gideñsoň, şu şäherde
galasym gelmedi
meňem.
Galmady öňküligim –
Üsti-başym eleşan,
Başdan aşak goşgy,
Saçlarym dagynyk,
ýüzümde gamgyn nyşan.
Ellerim jübimde,
Ýeke özüm ygyp ýörün
köçede.
Ýolda duşsaň tanamarsyň.
Gyş sowulmady…
Köçeler dym-dyrs,
Guşlar entek dolanmady.
Adamlary howlukmaç bu şäheriň.
Teatrlar boş,
Köpçülik duralgalar…
Gün-güzeran gaýgysy.
Bir men işsiz entäp ýören,
Gören zadym ýazyp ýörün.
…Bilseň,...
dowamy...Yashyl (11.01.2024 / 22:19) okaldy (188) teswirler (1)
Içki dünyäm+4
IÇKI DÜNÝÄM.
Öz içki dünýämi synladym,
görsem,
Paşmadyk arzuwlañ eli hasaly,
Pikirlem gyrlyşýar bir-biri bilen,
Köñülim tapman ýör gözlän wysalyn.
Gursagymda dag bar eken ullakan,
Bag bar eken şahalary döwülen,
Daş görnüşi göýä ýürege meñzeş,
Et bar eken içi oýuk, köwülen.
Hyýallarym kelep eken durşuna,
Akmaklygam, gödekligem kän eken,
Umytlarmy howry bilen ýyladyp,
Şem ýanyp dur, çogly güneş däl eken.
Sussypeslik, he...
dowamy...yurekdes (11.01.2024 / 22:10) okaldy (155) teswirler (1)
Men uçmak isledim...+3
Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum,
Ikilikçiligme guşlar günäkär).
Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,
Oýlamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soñ, özüme täze asman döretdim.
Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup, özün asfalta urýar).
Besdir indi,...
dowamy...Yashyl (11.01.2024 / 22:00) okaldy (176) teswirler (2)
soyyguli yaryma+2
Nameden baslajagym bilemok yene,
Taryp etjek bolyan bolonok yene,
Elime gelem dal alyan rucgany,
Sana yazjak bolup jana soygulim.
Soyan seni soyjek ozga seretman,
Adyn yazdym yuregime nur edip,
Indi basgan adyn yazyp bilmerin
Cunki sen menkisin jana soygulim....
dowamy...Akademik2 (11.01.2024 / 21:09) okaldy (132) teswirler (4)
Garaz...+3
Sensizlikde her sekundym asyrka
Neneň dözýäñ aýralyga, asyl-ha?
Her bir söziň ýüregimden asylsa
Belki-de bilýänsiň belki bileňok
Gowy däl ýagdaýym ,
Aldap bilemok
Kalpdan çyksa duýgularyñ tebigy
Wagt bolmaz ähli ýarañ tebibi
Sensiz bolsam "şowsuzlygyñ garyby"
Belki-de bilýänsiň belki bileňok
Gowy däl ýagdaýym
Aldap bilemok.
Ýasamadan has ýasama gülkileñ
eýesikäm,
şolam ýarar, gör, kime
Öwrülmeseň şor maňlaýmyň görküne
B...
dowamy...yurekdes (11.01.2024 / 20:58) okaldy (169) teswirler (3)
Şahyra+7
ŞAHYRA.
Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar.
Şahyr ýigit!
Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,
Ýene-de birini okap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.
Galamyña buýsanyp, joşgunly oka!
Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen.
Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregi bilen.
Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal,
Ygşyldasyn başy gök derekleriñ.
Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz,
Pyşyrdysy bolsun p...
dowamy...Belki (11.01.2024 / 17:58) okaldy (169) teswirler (3)
Oýandym. Gije...+4
OÝANDYM. GIJE...
Ýüregim tisgindi,
Oýandym. Gije.
Sen düýşüme girdiň diliň aýnadyp.
Daýanyp kän ýyl öň kemsinen güýje
Dikelýän, oturýan kofe gaýnadyp.
...Nokat goýup gitdiň eşret-aýşyma,
Aglamjyrap diýip “Boldy, bes indi!”.
Göýä, toý lybasyň şyňňyrdaýşy bar
Nikel çemçäň jäje degýän sesinde.
Men özüme nesip etmedik gijäň
Haky üçin köp gijeler ýatamok.
Ah, ýöne meň üçin, bilmedim, niçün
Şol günden soň göýä g...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 17:48) okaldy (151) teswirler (2)
Baha+1
Baha ...Bir gün mekdebime öý işim etmän, Mugallymdan pes bahalar alypdym. Şonda kitaplaryň gatyna çümüp, Depderime berlen ýumşy ýazypdym. «Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip, Bu bahany öpüp, papkama dykdym. «Men ökde okuwçy bolmaly» diýip, Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym. Bu gün... Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy, Jan etsem-de, biraz sulbum büküdip. Goýdy, mollumd...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 17:43) okaldy (148) teswirler (1)
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa...+5
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa
Mähribanym "Inni näme" diyme sen
Ýüregim azajyk ejizlik basýa
Ýyly söziñ bilen göwnüm güýme sen
Şu gün maňa yrsaraýa ýüregim
Aldanan duýgulam zaryn aglaýa
Wah sadalygym hem gurasyn eje
Aldansamam ýene umyt baglaýan
Maňa diñe sen düşünýäň Mähriban
Senden görýän garşylyksyz söýgini
Wah eje jan "Inni näme* diýme sen
Ýetik ýyly söziñ bilen güýmeseň!
Avtor: Amangeldiyewa Ayna...
dowamy...yurekdes (11.01.2024 / 14:54) okaldy (162) teswirler (3)
Dyrnayar+4Dyrnaýar ýüregmi gaýgy, Indi ters salgyma akýar derýalar. Bir saparky aýdylmadyk sözlerim, Kalbymyň içinde göreş gurýalar.
Göreş meýdanynda ýekeje özüm,
Kim hak?
Kim nähak?
Bilip bilemok.
Soňky wagt tozan basan arzuwlam,
Hatda düýşümde-de hasyl bolanok.
Bilýän.
Şadyýanlyk ýakyn bolsa-da,
Neçün hasrat bilen dertdeş boldum men?
Arman bolup galan terje duýgulaň,
Günäsizje o:tlaryna ýandym men.
Goýjak.
Unutjak men ähli zatlar...
dowamy...Dreamfull (11.01.2024 / 13:57) okaldy (159) teswirler (4)
Şahyr bahar hakda bir goşgy ýazdy.+5
Ýanwaryñ içinde,astynda garyñ.
Gülälekli sözler gar bolup ýagdy.
Ynanyñ,dünýä ýaz gelendir öýdüp,
Bir bägül açyldy üstünde garyñ.
Baharda-da gyş hakynda ýazdy ol...
Doñdy ömür doñup görmedik çeşme.
Dünýänem özgerdip biljek ekeni,
Eger-de,söz doly güýjüne geçse....
dowamy...Perman (11.01.2024 / 10:51) okaldy (224) teswirler (2)
Ynsan dälmidir?+5
Nirden dünýä geldi adam kemsitmek. Eýse olam Allaň guly dälmidir? Özünede ýakmaz şeyle edilse. Olam seniň ýaly ynsan dälmidir? Baýlygyna buýsandyňmy eý adam? O dünýäde bar baylygyň bir köpük. Kemsiden adamyña sen ýalbararsyn, O dünya baraňda dyzyna çöküp....
dowamy...King-official (11.01.2024 / 10:07) okaldy (166) teswirler (5)
Içeli-içiber+5
Görogly: - Howuz başynda duranlar, Näzlim, bir suw ber, içeli! Sözleşip, many tirenler, Näzlim, bir suw ber, içeli! Harmandäli: - Howuz başynda haýr olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Her tilki-şagal şir olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Görogly: - Elmydam derbent sakladym, Mydam ganymy okladym, Seniň dek näzli ýokladym, Näzlim, bir suw ber içeli! Harmandäli: - Suwu...
dowamy...King-official (11.01.2024 / 09:56) okaldy (141) teswirler (2)
Ýazdym...+3
ÝAZDYM...
Ýazdym,
Ýazdym diňe derdinmek üçin,
Goşgy eken örtenşimiň peýzažy.
Şeýtsem hem-ä biraz ýeňillik duýýan,
Hem-de köşeşmäge ýok oň peýdasy.
Birhili..,
azajyk öwrenşipdirin,
Kapasada gatnamaga ikiýan.
Nä sebäpden şeýdýänimi bilmänem,
Ozal şeýdip geçenleri okaýan.
Bu ýerde üýtgeşik, bulaşyk zat ýok,
Dogrusy, men ýöne ynandym, söýdüm.
Köp gezek awundym duýgym zerarly,
Durmuş kemçiliksiz bolýandyr öýdü...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 05:13) okaldy (186) teswirler (1)
Nägilelik+4
NÄGILELIK
Ilki yrmak üçin, soň görmek üçin,
hemem tutmak üçin saçyň bir telin
kä Aýly gijeler, kä tüm gijeler
men seniň ýanyňa gatnapdym telim.
Indi sen öýmüzde, ýol aşmaly däl,
Gatnaýanym, garaşýanym ýadymda.
Şonda-da nämçündir diýýärsiň maňa
"Öňki ýaly köp bolaňok ýanymda".
Seýitmyrat GELDIÝEW 2003 ý....
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:31) okaldy (140) teswirler (1)
Men şahyr däl...+7
Men şahyr däl... Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy, Gähi ýazýan gelse ylham melegi. Emma goşgym dürre kimin tankytdan Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi. Ol – men däl-ä, Ol köňlümiň tawuşy. Uruň meni! Lekin goşgyma degmäň! Bu günde kötekläp, saba ýene-de: «Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň. Men Ony ýerden däl, kitapdan başlap, Pikir ummanyndan getiren zadym. Her sözüň üstünde ilgezik iş...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:21) okaldy (154) teswirler (3)
* * * *+4
Durun öňki zynç ýaly ýerimde,
Işden geleriňe sadylla bolup.
Diýjek sözlerimi aýlap serimde,
Oýlanýan görküňi ýadyma salyp.
Mejnun Leýliň itin eý gören bolsa,
Men gatnaýan ýodaňyzy halardym.
Garaşmakdan halys bez bolan bolsam,
Howlyňyzyň kerpiçlerni sanardym.
Gara-çyraň görsem köçäň çetinden,
Göhüm gelip, gök magraja uçardym.
Maňa: «Däli» diýýän ýaly içiňden,
Gaşyň çytyp, gapdalymdan geçerdiň.
Melallar...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:17) okaldy (179) teswirler (1)
Jemi: 1468
Soňky teswirler
16.06.2025
Şu sözleriň halka wada bermekligiňi aňladýar
Öňki gaçgak meni görmek islämok. Durmuşymda nämeden gorkýan bolsam şoňa tarap ýörejek indi....
dowamy...16.06.2025
Daşoguzlylara şatyr diýäýmeseň başga bir peýdaly zat ýazyp biljegiňe men ynanmaýan. Seniňki ýaly islegi köp adamlar wada beýärin. Prezident Tramp...
dowamy...
Ýokaryk