Ýürekdeş sözler!
Mowzuklar
+6
[i]Dünýede her kimiň öz gylygy bar, Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler. Edep-sypaýçylyk adamy bezär, Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler. Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm, Gödekligem meni kowlap ýörmedi. Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim, Oň nä derdi — asyl gaty görmedi. Sypaýy diýlenler bolýar her hili Juda sypaýylar daşym aldylar. Duýman durka, kastlary bar ýaly, Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar....
dowamy...imissyou (28.03.2024 / 07:25) okaldy (77) teswirler (5)
+6
Adamyň beýnisindäki pikir köp bolsa, kynçylygy geçmegiň ýollarynyň sany artýar.
Igor Guberman
Ýürekden öýkelemäň! Hiç öýke hem gözýaş dökeniňe, alada edeniňe degmeýär.
Erih Mariýa Remark
Biz harytlaryň bahalaryny däl-de ýakynlarymyzyň gymmatyny bilmeli.
Oskar Waýld
Beýik zatlar barada arzuw ediň. Diňe beýik arzuwlar adamzada täsir edýän başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Mark Twen
Gürläp bilýäňmi – di...
dowamy...Adminka (28.03.2024 / 07:11) okaldy (67) teswirler (4)
+6
Bu dünýede didaryňy görme ýok, Sataşmak ýok ikimize hiç haçan.
"Oglum!" diýip, gujagyňy germe ýok,
Senden gök asmany gabandy ajal.
Ah, seni şeýle bir göresim gelýär,
Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp.
Iň bolman düýşüme girsene, käbäm,
Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum.
Delminip-delminip gitme yzyňa,
Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan.
Maňa birje gezek dözümlilik et,
Çekinme tisginip oýanmagymdan....
dowamy...rexha (28.03.2024 / 07:10) okaldy (51) teswirler (3)
+3
Adam 100 ýaşap biler. Biz öz kanagatsyzlygymyz, bedenimize geldi-geçer garamagymyz sebäpli bu sany has pese düşürýäris.
I.P.Pawlow.
Sagdyn gedaý nähoş baýdan bagtlydyr.
Şopengauer.
Eger-de adamlar beden maşklaryny edip, özüne erk etmegi başarsadylar, olaryň köpüsinde lukman kömegine mätäçlik bolmazdy.
Žozef Addison.
Lukmançylyk ähli ýyllaryň soltanydyr, çünki dünýädäki ähli gözellikleriň we beýik m...
dowamy...Adminka (28.03.2024 / 07:09) okaldy (55) teswirler (2)
+2
Ýigrenmäň! Çünki ýigrenç duýgularyň içinde iň zyýanlysydyr. Ol ýürege, beýnä ýaramaz täsir edýär.
Stiwen King
Garaşyp bilýän adamlar, adatça maksatlaryna hem ýetýändirler.
Onore de Balzak
Ýüzi gülýän adamlaryň ýürekleriniň gynanýan pursatlary hem bolýar.
Maksim Gorkiý
Ugursyz gämä şemalyň haýsy tarapdan öwseni wajyp däl.
Lusiý Anneý Seneka
Tekstdäki oturlar ýaly, durmuşdaky kynçylyklar hem adamyň ýaşaýşyna many-mazmun...
dowamy...Adminka (28.03.2024 / 07:06) okaldy (47) teswirler (1)
+3
Gadym zamanlarda bir kazynyň ýanyna mollalar we baýlar üýşüp, bir dini meseläni ara alyp maslahatlaşýardylar. Şol wagt köne egin-eşikli bir kembagal derwüş üýşmeleňe gelip girdi-de, mollalaryň we baýlaryň hatarynda oturdy. Kazy derwüşiň molla we baýlaryň hatarynda oturanyny görüp gaharlandy:
— Sen näme üçin mollalaryň we baýlaryň arasynda otyrsyň, öz derejäňi bileňokmy? Derrew ýeriňden tur-da, başga ýere geç ýa-da çykyp...
dowamy...Adminka (28.03.2024 / 07:04) okaldy (35) teswirler (4)
+3
Jelaleddin Rumy
Älemi ýaratmak üçin alty gün ýeterlik bolan bolsa, adamy döretmäge kyrk ýyl sarp edilipdir.
***
Zäher ýylanyň özi üçin ýaşaýyş, adam üçin welin ajal.
***
Täze zat gurmak üçin könäni ýykmaly, dänäni üwemän, nädip nan ýapjak?
***
Bulut aglamasa, ene ýer gülmez.
Bala aglamasa, eneler bilmez.
***
Her kim etjek işin oýlansa owal,
Ahyrda şermende bolmaz hiç mahal.
Alyşir Nowaýy
Rehim-şepagatsyz kişi...
dowamy...Adminka (28.03.2024 / 07:03) okaldy (32) teswirler (1)
+3
Aradan 20 ýyl geçdi. Nurjahan agzy süýtde bişensoň ikinji gezek durmyşa çykmady. Bir gyzy bilen atasy öýinde otyrdy. Elinde işi bardy, aýlygy bilen hem gyzy Ülkeri eklemäge ýagdaýy bardy Ülkerjik bolsa uly gyz boldy. Owadandy alçakdy, ýöne......!? Ýönesi bardy. Ülker kiçilikden bäri bar eştýan sözi ýetim, kakasyz, ýada çöpdüýbi, her hili kemsitmeler bilen ulandy. Aralygynda ölsek hem kakam ýanda öleli eje gidäýel...
dowamy...rexha (28.03.2024 / 06:59) okaldy (53) teswirler (6)
+8
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň gal...
dowamy...imissyou (28.03.2024 / 06:51) okaldy (45) teswirler (4)
+5
Edil düýn ýalydy.
Ýaňy ýalydy,
Sagadyň dillerin rehimsiz towlap
Seň ýanyňa duşuşyga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.
Paýtagtyň asuda köçelerinden
Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan.
Şemal össe, tolkun atar durardy
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.
Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,
Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.
Sen saga sowuldyň,
Men bolsa çepe.
Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.
Ýöne agşam bir dü...
dowamy...halmyradov (28.03.2024 / 06:23) okaldy (35) teswirler (3)
+5
Şöhrat näme, bilemok, Ýaşap ýörün dünýäde. Gözüm açyp görenim Şu zemindir, şu asman. Gelin geldi uz ýaşynyp, Elinde tylla bada, Maňa oňat sözler diýdi, Saçym sypap bir zaman. Men oňa bar git diýdim, Işiň bilen bol diýdim. Işim başymdan agdyk Galamym iş küýseýär. Ol gözüni güldürdi. Gel, goýnuma dol, diýdi, Beýle gelin saňa aşyk Bolup gezer niçezar. Seniň saçyň sypaýyn Öpeýin gül ýüz...
dowamy...halmyradov (28.03.2024 / 06:20) okaldy (29) teswirler (4)
+6
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.
Bir zada düşünýän:
şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.
Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.
Öwgülerde...
dowamy...halmyradov (28.03.2024 / 06:19) okaldy (43) teswirler (5)
+3
Bir gus sowuk paslynda bir gun nahar gozlemage cykypdyr. Howa seyle bir sowuk eken welin, gusjagazyn ganatlary donup garyn ustune gacypdyr. Gusjagaz name etjegini bilman olmegine garasyp otyrka, gecip baryan bir sygyr onun ustune sycypdyr. Gusun muna gahary gelipdir, hatda ganatlaryny hereketlendirip bilsedi sygyry urayjak...Birden seredip gorse bokun yylylygyny gusun ganatlaryny hereketlendirip ugrapdyr. Gusjagaz mun beg...
dowamy...kralice (28.03.2024 / 01:34) okaldy (45) teswirler (4)
+6
I Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz. Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da, Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz. Okuwdan soň baha sanaşygynda Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz. Söýginiň deregin basdaşlyk tutup, Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz. Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm. II Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy. Emma za...
dowamy...imissyou (27.03.2024 / 22:56) okaldy (51) teswirler (3)
+6
" Ene we Ogul" 😢
Men gürrüň bereýin, gulak goý senem.
Hiç haçan adymy tutmazdy enem.
Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn.
Gelemde diýerdi: açsyn sen guzym.
“Köşegim” diýerdi, diýerdi “iner”,
Diliňize gurban bolsañ eneler!
-Eje! – diýenimde, diýerdi “jana!”
Nan salyp, okuwçy mata bukjama,
Meni ýatymlyga ugradýan dek ol
Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!”
Fronta ugraljak şol agyr günem,
Meniň öz adymy tutmady...
dowamy...Shirin (27.03.2024 / 22:04) okaldy (54) teswirler (6)
+8
"Şu ýerden açmaly". Phahaha sen kimow maňa nirden açmalydygyny öwreder ýaly, özüňbir bir guty süýt -------------------------------------------------------- Egerde gyz senden ötünç soraýan bolsa, diýmek göwnüňe degmek üçin täze plany döräpdir. Gowşama dost. -------------------------------------------------------- -Eje, kaka, meniň indi ýeke ýaşasym gelýär. -Tüweleme oglum, sen indi ýigit çykypsyň. -Howala, men siziň...
dowamy...Dreamfull (27.03.2024 / 21:58) okaldy (69) teswirler (5)
+5
[b]Bir endam jany, gulagy,burny halka ýüzükden doldurylan žurnalist gyz bir ötegçä sowal berýä. Salam siziñ pikiriñizçe erkekler zenanlary nähili edip özüne çekip bilerler? Ötegçi başga zenanlara biljekdäl, emma sizä ullakanja magnit bolsa çekip boljak eken
Är-aýal maşynda sögüşüp barýalar. Köçäniň gyrasyna doňuzlary gören adamsy:
-Seret, seniň garyndaşlaryň.
Aýaly:
-Howa, bular meniň gaýynlarym.
Bir maşgalada ertirlik...
dowamy...Dreamfull (27.03.2024 / 21:55) okaldy (51) teswirler (3)
+8
Klasa täze gelen okuwçy ikinji
güni mugallyma sorag berer: -
Mugallym, adama etmedigi zat
üçin jeza bererlermikä? -
Etmedik zady üçin jeza berip
bolmaz, näme sebäpli soradyň?
-Düýnki öý işini etmedim,
urarmykaňyz öýtdim
Bir motosikletli adam serçe
kakypdyr. Ozunden giden
serçäni öýegetirip kapasa
salyp suw, çörek goýupdyr.
Serce ozune gelip, daş-
töweregine garap şeýle
diýipdir\"wah men
motosikletli adamy
kakypöldürip tü...
dowamy...Dreamfull (27.03.2024 / 21:27) okaldy (59) teswirler (6)
+4
[b]Garagumyň jöwzasynda suwsyzlykdan halys eňkamy giden bir adam küýze tapaýypdyr
. Hasyr-husur onuň dykysyny açýar welin, küýzäniň içinden äpet jyn çykýar:- Buýruň meniň jenabym.
- Öýe gidesim gelýär
.- Ýörün onda, ýöredik..
.- Meniň çaltrak barasym gelýär..
.- Yörüň onda, ylgadyk.
Halypa, eňegine urdular welin, seniň näme, içiňde janyň ýokmudy?O nähili janym ýokmuş ýykylan badyma turduma...
Köp gatly jaýlaryň birinde...
dowamy...Dreamfull (27.03.2024 / 21:20) okaldy (42) teswirler (1)
+2
Belki ykbal,belki durmuş yoludyr,
Belki ýokdur nesibede görüşmek.
Ýazgydymyz ýazylmasa bir daşa,
Elde däldir ýazgyt bilen göreşmek.
Senä isläp gitdiň,menem alaçsyz,
Alaçsyz terk etdim içki dünýämi.
Günäli men ýa-da senmi bilemok,
Terk etdik biz başarmadyk söýmäni.
Aradan aýyryp wagtyň serhedin,
Unut,ýöne geçmişiňi otlama.
Ömrüme pent bolsun ýeke haýyştym,
Meni ýaman ýazyk bilen ýatlama.
Awtor:Salyh Halmyradow...
dowamy...Росия (27.03.2024 / 21:04) okaldy (33) teswirler (1)
Mowzuklar: 1084