Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
Mähriban!+7
avatar
Ýùk ýazdyryp gerdende, Yśkyñ aỳbym òrtende, Ýalan dúnýe bir demde Çyn gòrùndi máhriban. Serimi duman eden, Hyýallar hunabadan. Gòwnùmde ula giden, Jeñ gòrùndi máhriban. Sabrym- suw,pagyś- para, Saz boldy, damyp tara. Òmre yśk bagyślara Çen gòrùndi máhriban. Isláp kòñùl yrzasyn, Ýaşadym men yrýasyz. Sensiz mydam bir zadym, Kem gòrùndi máhriban. Gúl ýúzùñ òwúrdigiñ, Kúl bolar òmùrjigim. Geçenim- u - geljegim, Deñ gòrùn... dowamy →
👤 Gulmahrem📅 09.01.2026 / 18:48👁️ 147💬 1
*****+14
avatar
-A gyz, Olýa, şu gün işden gelýäkäm, Seniň gaýynyňa duş geldim ýolda. At ýaly heleý-le, seni garratman, Entek-entekler-ä ýarsjagam däl-le. -Wah, olmy? Wah, ony goyaý ýöne sen, Bir tulum ýeli bar, Bir sanaç puly. Ayaklary ýelden, saçlary kendir. Olmy? Diýmesizin diýmäýin weli, Tüýs Göroglyň atyn ogurlan kempir. -Meň gaýyn enem-ä Lukman hekimden, Bir müçe ulumyş. Gözlerem batyl. Gulaklary bilen göräýjek bolýar... dowamy →
👤 Gulmahrem📅 09.01.2026 / 13:10👁️ 179💬 4
TAPYLMAZ+7
avatar
Bu durmuş ýollarda sypsa bir tigriň, Ýol salgy bererler, nurbat tapylmaz. Ejiz bolsaň mydam gyýarlar bagryň, Tarapyň tutmana haýbat tapylmaz. "Gel-aý şu adama bolsunla" diýseň, Ýagşylyk etmegi ýüregňe düwseň. On ýagşylyk edip birje ýok diýseň, Bu dünýäde senden erbet tapylmaz. Her adamyň kimligini saýgarman, Dost diýip janyňy etseňem gurban, Bir gün işiň düşüp sorasaň derman, Awy getirerler, şerbet tapylmaz. Irden hoss... dowamy →
👤 Minigim📅 08.01.2026 / 11:09👁️ 135💬 4
Bolşum ýaly ýaşap ýörin+6
avatar
Gulak asman gep-gürrüňe, Bolşum ýaly ýaşap ýörin, Göwünlik berip özüme Bolşum ýaly ýaşap ýörin. Kät dogry sözüm gymmat Düşsede çekmedim minnet, Öz öýümi saýyp jennet, Bolşum ýaly ýaşap ýörin. Menem adam ýalňyşym kän, Şol ýalňyşlar sapak mäkäm, Käte durmuş düşsede kyn, Bolşum ýaly ýaşap ýörin. Kä ýykylyp käte turup, Kimiň kimdigini görüp, Indi dogry baha berip, Bolşum ýaly ýaşap ýörin. Giden üçin... dowamy →
👤 Minigim📅 08.01.2026 / 16:36👁️ 148💬 3
Käbäm ejem+3
avatar
Dünýä geldim, mährini ýüzümde duýdum, Ilkinji sözümi adyňa goýdum. Gijeler ýatman, hüwdi söýlediň, Meniň bilen bile aglap-güýlediň. Janym ejem, dünýäm ejem, Gözlerimiň nury, Käbäm ejem. Seniň mähriň bilen dünýäm ýagtylýar, Seniň dogaň bilen ýollarym açylýar. Saçyňa düşen ak — meniň aladam, Mähriban bakyşyň — iň uly galam. Seniň şat günüňde gül açýar göwnüm, Sen bolsaň ýanymda, bitindir ömrüm. Gül bersem az bolar, dünýä... dowamy →
👤 Jemkaa📅 04.01.2026 / 01:51👁️ 199💬 8
Meniň belent dagym+4
avatar
Sözleseň – pähimdir, dymsaň – bir dünýä, Seniň her bir ädimiň maňa görelde. Bu durmuşyň her bir synagynda sen, Ýolumy ýagtyldan şem sen ýürekde. Sen meniň kalbymyň saramaz galasy, Sen meniň ömrümiň iň uly bagty. Başymy sypasa şol goja elleriň, Dünýäniň iň uly şasy mende tagty. Agyr ýük göterdiň, bildirmediň hiç, Maňlaýyňdan akdy halal derleriň. Meniň bu dünýäde her bir ýeňşimde, Paýy bar şol seniň beren nesihatlaryň. S... dowamy →
👤 Jemkaa📅 07.01.2026 / 05:07👁️ 150💬 4
GÖZLEDIM SENI+6
avatar
Bahar güller açanda, Saýrakguşlar uçanda, Güneş nurun saçanda, Janym gözledim seni. Ýodalardan, ýollardan Uzak-uzak illerden, Gülälekli gollardan Gülüm gözledim seni. Bakdym belent daglara, Serçemenli baglara, --Gel, Läläm gara maňa! –Diýip yzladym seni. Ýürek aglar gün-günden, Aý gyz gizlenme menden, Gara gözler içinden Saýlap gözledim seni. Annasoltan Kekilowa... dowamy →
👤 Minigim📅 07.01.2026 / 23:54👁️ 133💬 3
Vertera bu name?+4
avatar
“Vertera” diýen ad birnäçe dürli manyda ulanylyp bilýär. Haýsyny göz öňünde tutýanyňy anyklasak, has takyk düşündirip bilerin. Köplenç şu wariantlar bolýar: 1️⃣ Vertera (kompaniýa / önüm) – Kä ýurtlarda biologik goşundylar, saglyk önümleri bilen meşgullanýan kompaniýanyň ady bolup bilýär. 2️⃣ Vertebra (käwagt ýalňyş “Vertera” diýilýär) – Bu omurtga süňňi diýmekdir, adam bedenindäki oňurga bölekleri. 3️⃣ Programma / teh... dowamy →
👤 Makarina📅 06.01.2026 / 22:36👁️ 169💬 3
Vertera bu näme?+6
avatar
Vertera hakynda gysgaça düşündiriş Vertera – köplenç tebigy biologik aktiw goşundylar (BAA) bilen tanalýan brend. Olaryň önümleri derman däl, saglygy goldamak maksady bilen ulanylýar. Vertera önümleriniň umumy aýratynlyklary 🌿 Tebigy düzüm (ösümlik ekstraktlary, witamin-minerallar) Organizmde immuniteti, energiýany, arassalanmagy goldamaga niýetlenen 💊 Derman däl – lukman maslahatynyň ornuny tutmaýar 🌍 Köp ýurtda u... dowamy →
👤 Makarina📅 05.01.2026 / 21:11👁️ 191💬 12
Game Filosof (*18 ýaşdan geçenler okasa düşüner kiçilere ynam ýok)+8
avatar
Bardy meň bir tanşym, men ol oglany çagalar bagyndan bäri tanaýadym, biziň ýaşymyz deňdi. Biz mekdebe şol bir synpa gidipdik, soň ol oglan daşary ýurda okuwa giripdi. Meň ejem kakam bolsa, ol oglany ygtybarly görüp, meni hem şoň ýany bilen goşup göýberipdiler. Biz Ukraina diýen ýurtda 5 ýyl okapdyk, ol ýerde özimize söwer ýar tutunypdyk. Ukrain gyzlary näme üçindir biziň ilimiziň oglanlaryny gowy görýärdiler. Soň men okuw... dowamy →
👤 Perhatsabirovv📅 05.01.2026 / 10:26👁️ 166💬 5
ÖZÜŇI ÖRTÄRSIŇ...+3
avatar
ÖZÜŇI ÖRTÄRSIŇ... Millionlarça adamlaryň içinde Özüň ýalňyz duýmak... Niçiksi agyr! Şu gün saňa duşdum. Hyýal göçünde, Sen — keşbini çeken taýym-da agyn. "Sen şolmudyň?!" diýip sorasym geldi, Geldi ur-tut maňlaýyňdan öpesim. Arşdan idäniňe sataşsaň ýerde, Kesiläýýär eken demiň-nepesiň. ...Soraýmagyň ýeňil däldigi üçin, Mydam boýny buruk sorag belgisem. Men, barybir, ony soraman bilm... dowamy →
👤 Good📅 07.01.2026 / 12:55👁️ 123💬 1
Günüñ soraglary?+2
avatar
Bir gün dünýäni üýtgedip bilseň näme ederdiň? 🌍 Gunde bir sorag goyaryn pikirlernizi yazyn hormatly adamlar... dowamy →
👤 Senagul📅 04.01.2026 / 13:59👁️ 212💬 8
Enä tagzym+4
avatar
Dünýäniň iň uly baýlygy näme? Diýseler, çekinmän diýerin: "Ene!" Günüň ýylysyndan mähriň rüstemdir, Kalbymyň solmaz goldawy, eje. Gijeler ukyňy bölüp ýatansyň, Hüwdi aýdyp, ak süýt berip bakansyň. Meniň birje gülki meňzimi görüp, Ähli argynlygyňy derrew ýuwtansyň. Seniň dogalaryň — ýollarym nuru, Seniň ak patanyň — bagtymuň gory. Dünýäniň iň owadan güllerin ýygsam, Ysyňy bermez-ow, mähremdir biri. Ýyllar geçip, ak düşs... dowamy →
👤 Jemkaa📅 06.01.2026 / 17:17👁️ 135💬 3
Bu gije...+5
avatar
Bu gije gussa kän kalby gemirýän, Tebigat dem alýar agyr hem tukat. Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda, Şemallar ses edip gidýärler uka. Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman, Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün. Oýunçylja guşlar näme, Şolaňam bu gün göwünleri birgeňsi çökgün. Dagyň agraslygy artana meňzeş, Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam. …Menem gidip barýan çola köçeden — Iň bir näzik duýgulary talanan. Hyýallarym uçup ýö... dowamy →
👤 rexha📅 03.01.2026 / 17:34👁️ 137💬 3
Saňa+6
avatar
Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim, Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem. Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi, Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem. Indi has süýjedi ömrüň tagamy, Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň. Göwnüme itleriň üýrüşem ajap, Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen. Söýýän çogly Güni, söýýän buludy, Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň. Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar, A meň üçin olaň sany bire deň. Gijeler gündiz deý ýap-ýa... dowamy →
👤 rexha📅 03.01.2026 / 17:18👁️ 124💬 1
Bir dost gözleýän+6
avatar
Bir dost gözleýän Kän gözledim barmy bilen Wepaly bir dost gözleýän. Her bir zatda arkam bolan Wepaly bir dost gözleýän. Alanymda soňky demi, Goldasyn her höwesimi Duýsun meniň her sesimi Wepaly bir dost gözleýän. Meniň bilen gabra girjek, Maňa derek hasap berjek, Gorkanymda güldürijek Wepaly bir dost gözleýän. Hasap güni elim tutan, Ýiti güne kölge bolan, Perýady dilimden alan Wepaly bir dost gözleýän. Jähennem... dowamy →
👤 Kapiro📅 05.01.2026 / 20:24👁️ 169💬 3
Manyly dusunje+5
avatar
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr. Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de... dowamy →
👤 Yaprak📅 02.01.2026 / 10:35👁️ 146💬 3
Ýürege ýüzlenme+6
avatar
Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk, Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä. Çünki ak ertirler berdi çakylyk, Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl. Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin, Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele. Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň, Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile. Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik, Şujagaz ömürem köp zat öwretdi. Täze ýara alyp, könämiz bitip, Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi. Ýat boldy ýakynlar... dowamy →
👤 rexha📅 03.01.2026 / 17:22👁️ 119💬 1
Cagedaki yazgy+8
avatar
Çägedäki ýazgy Bir adam beýlekisine habar atypdyr: – Men öňräk daşgyn wagty hasamyň ujy bilen çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, adamlar henize çenli ony okamak üçin säginýärler hem-de onuň ýok bolup gitmezligi üçin alada baryny edýärler. – Menem çägäniň ýüzüne bir zatlar ýazdym, ýöne ol gaýtgyn wagtynda bolup, deňziň ägirt uly tolkunlary ony ýuwup äkidipdir. Aýtsaňyzlaň, siz näme ýazypdyňyz? – diýip, ol sorapdyr. Birinji... dowamy →
👤 Yaprak📅 01.01.2026 / 14:23👁️ 177💬 7
Satyn alynan bir sagatlyk wagt+6
avatar
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de: – Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän: – Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi. – Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan. Oglanjyk biraz oýurganyp... dowamy →
👤 Yaprak📅 01.01.2026 / 12:08👁️ 146💬 6
<< 1 ... 20 21 22 23 24 ... 82 >>
Jemi: 1636 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->