Ýürekdeş sözler!
Mowzuklar
YkbaI arzyly gün, ilkinji iş gün
+3
YkbaI arzyly gün,ilkinji iş gün
Birdöwür hiläniň ýumrugna girip,
Aýrylypdy ýodalarmyz,ýollarmyz.
Gezdim şunça wagt derdimden irip.
Gitdiň bagt gözläp,özgäňki bolduň,
Meň hemrama öwrülipdi kitaplar.
Olar tukat dünýäm şowhuna büräp,
Yok bolupdy gala-goply girdaplar...
Ine arzyly gün,ilkinji iş gün
Altynsow gapynyň gulpyny towlap,
Gadam basanymda iş otagyma,
Sen otyrsyň,ýürek ot aldy lowlap... 🔥
Bir wagtlar söýgüm bile...
dowamy...King-official (04.02.2024 / 11:59) okaldy (34) teswirler (1)
Ýalňyş düşünmäň...
-1
Ýaranjañlyk däldir ýalñyş düşünmäñ,Pul üçinem gynamok men toýnagym.Men diñe,diñeje ýeke zat üçin,Isleýän adamlañ meni söýmegin.Añsat durmuş üçinem däl düşüniñ,Anda ýüküm çekdirmegem däl meýlim.Men diñe,diñeje ýeke zat üçin,Isleýän adamlañ meni söýmegin.Gözüm ýumlup, tenim sowan pursaty,Matam tutup geýip gara köýnegin.Ajy sesleñ köpräk bolmagy üçin.Isleýän adamlañ meni söýmegin......
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:55) okaldy (25) teswirler (0)
Ýaşasym gelýär...
+3
Men uçmak islämok,guş dek asmana, Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär. Isleg ýok özümi Gökden asmaga, Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär. Meni ýaratdylar,ýalkadylar hem, Garyn dok,hiç kimden iýdirmedi kem, Alma!Ömür görsün atamdyr-enem, Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär. Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse, Barmaly menzilin,ýalñyşman ýetse. Duşmanlara güýjüm ejizlik etse, Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär. Gözüm d...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:51) okaldy (39) teswirler (2)
Sen hakda soňky gezek.
+0
Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,Bu ukyby guýduñ ýeñil kelläme.Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,Ýangynsyz ýazmadym,Peýdasy näme?!Ýazjakdym sen hakda poema, roman,Ýazdym.Tragedýa öwrüldi bary.“Seni söýýän”diýip eserde ýazman,“Söýüpdim” diýlenniñ peýdasy barmy?!Hawa ol peýdasyz,şonuñ üçinem,Olaryñ ömüri bolmady uzak.Ýazdym,Ýyrtdym.Ýazdym özüm üçinem,Saklamak isledim ençeme gezek.Urnuşlarym tamamlandy peýdasyz,Öz içgi dünýäme...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:47) okaldy (26) teswirler (0)
Obam!
+0
Öýläñi aldyryp Amyderýaga,Bir depäñ üstünde ertelän obam.Öý berip ynsana,boý berip baga,Ýaş boýunça entek, ortalan obam!Gizlemän bagryñdan tapdyryp gazy,Ýurduma bagş etdiñ ilkinji ýazy,Şäheri döretdiñ Gazojak ýaly,Watanda belentdir mertebäñ obam!Merdanadan,sada gerçekleriñ bar,Paýhasdan ýüklenen geljekleriñ bar,Şoña görä saýlapmynasypja ýar,Asylly gyzlaryn kürtelän obam!Patalydyr ýaşulysyndan ili,Kiçileri hormatlaýar ulyn...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:36) okaldy (26) teswirler (0)
Edebiýat mugallymyma
+0
Öwretdiñ edebiýaty,Öwretdiñ poezýany.Tarypyña bu sözler,Çakdanaşa az ýaly.Seniñ bilen tanadyk,Puşkinini,Haýýamyn.Seniñ bilen öwrendik,Gorkut ata eýýamyn.Magtymguly, Halyly,Gurbannazar, Kerimi.Söýüpmişin Görogly,Agaýunus perini.Janlanardy synpyñda,Gahrymanlar,şahyrlar.Leýli, Mejnun,Hüýrlukga,Hemra,Zöhre, Tahyrlar.Ömre goşup bag:ş etdiñ,Edebiýaty, sungaty.Senden öwrenenlermiñ,Bu gün uly hümmeti.Maña siñdirenleriñ,Täsin bije...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:27) okaldy (26) teswirler (0)
Çyn söýgi...
+1
Ol gämi uludy, taryp ederden,Obada bäs gelip biljek göwrümde.Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,Amerika barýan gaýgyñ böwründe.Gyz oglansyz asla oñup bilenok,Ýigidem o ýarsyz edenok takat.Aşyk magşuklara buýsanýan ýaly,Titanik ýüzýärdi,deñizde rahat.Rahatlyk pozuldy,deşildi gämi,Edilen arzuwlar sönüp başlady.Ilki bagta,soñ ajala öwrülen,Gämi köpler bilen çümüp başlady.Ýigit halas etdi,Gyzy,Söýgüsin,Özüniñ kysmatyn düýpden unu...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:21) okaldy (36) teswirler (3)
Klasdaşlaryma
+0
Bile harpy tanadyk, Tanadyk biz sanlary. Bir otagyñ içinde, Tanadyk biz känleri. Kolumb,Puşkin,Galileý, Işlik, sypat,çalyşma. Goh turuzsak mugallym: “Ünsli diñle gülüşme!”. Bölünişip iýerdik, Mesge çalnan çöregi. Ynha-da kyn rus dili, "Любов,Мама,береги". Söýgi-de ýok,gaýgy-da, Şatlyk,gülki bolçulyk. Kä-te dawa jenjeller, Aradellal,sülçilik. Uklap partañ üstünde, Ellermize daýandyk. Şol ukudan,maý aýy, “Soñky jaňda”oýan...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:18) okaldy (25) teswirler (0)
Maňa şolam bolýar
+0
Gözelligiñ, gazallykmy,Goşgulyk?Romanlygam jemlenipdir,hoş gylyk...Duraweri ylhamlary küşgürip,Lebleriñ gyrmyzy,ýañagyñda hal,Maña şolam bolýar,...köp zat gerek däl!Saýlanañok joralañdan,Hiç kimden...Saýlanjak bolañok,ýalandan,çyndan,Sadalyga başga nusga ýok mundan,Boýuñam ortaça,uzyn derek däl,Mañaşolam bolýar,...köp zat gerek däl!Gözel gyzlar degmez basan yzyña,Artyk baha däl bu,söýen gyzyma,Hem sözümi gaýdyp alman yzym...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:16) okaldy (31) teswirler (0)
Talyplyk ýyllary...(Bir tanysymyn durmusyndan)
+0
Resminama. kitap. synag.Ukyp.Begenç.göz ýaş.Buşluk.Otly. Oba.Toý-dabara.Palaw.çorba. manty.çişlik.Otly.hoşlaşyk.ýantorbaýol.ýadawlyk.özge şäher.Ýat ýer.ýeke galmak.küýseg.Gije. uky.täsin säher.Salam.Aleýk.tanyşlyk. dost.Kursdaş.ýazuw.çyzuw.çäre.Ýene küýseg. gizlin.göz ýaş.ýürek-bagyr, para-para.Dawa. jenjel.öýekeleşmek.öwrenişmek.gülki.şatlyk.Talyp haky we boş jübi.Gaýgy.söýgi.dokluk.açlyk.Synag.kösençlik. hasabat.talap.ü...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:09) okaldy (31) teswirler (0)
Özüm hakynda anyk faktlardan düzülen degişmejikler 3
+0
Men özümi şeýle edepli alyp barýandyrynda... Okan ýerlerimdäki mugallymlar “Özüñden kiçi erkek doganyñ bir ýokdurda hernä?”diýen soragy berip galýarlar))...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 11:00) okaldy (28) teswirler (0)
Özüm hakynda anyk faktlardan düzülen degişmejikler 2
+0
Ýolda-yzda duşanyñyzda ýanymda telefonym ýok bolsa ýa-da bolubam zarýady ýok bolsa goşgy aýdyp bermegmi haýyş edip meni kyn günde goýmañ!Bellik: Men hiç bir goşgymy, hat-da ýeke bendini hem ýatdan bilemok))...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 10:56) okaldy (26) teswirler (0)
Gelin aydym aydalyn
+1
Gelin aydym aydalyn
Her kim oz gowy goryan bagsysynyn yada aydymynyn adyny ya 1setirini yazsyn
Meselem:Aydayozun "Kim ba"
Kim ba indi aylanmaga oglan tapmasan aylan mana
Kim ba sana oylenmage oglan tapmasan oylen mana...
dowamy...Seyidovfilm (04.02.2024 / 10:22) okaldy (33) teswirler (0)
Goşgy..!
+6
Mazaryň başynda otyryn ümsüm,
Hol aňyrdan sesi gelýär garganyň,
Indi eýýäm uly adam bolsamam,
Duýman galdym gozüme ýaş aýlanym.
Bu ýerde goş basyp ýatyr tukatlyk,
Gara ýer astynda ýatyr ynsanlar,
Şowhun-galmagaldan juda uzakda,
Dynç alýar bu ýerde baka gidenler.
Her mazar astynda ýatyr bir dünyä,
Hersiniň ýetmedik arzuwy bardyr...
Kim bilýär,belki-de bu ýatanlaryň,
Öz islegi bilen gidenem bardyr???
Ululy-kiçili sans...
dowamy...Arzuw (04.02.2024 / 06:21) okaldy (40) teswirler (2)
Aglama Dünýäm
+1
Ýollar aýra düşdi,aglama dünýäm!
Aýyp bor, gözleriñ ýaşlara ezmek,
Agyram degýän eken,elleriñ bilen,
Söýeniñi özge gollara bermek.
Aglama sen dünýäm,öýme atsalar,
Gizle gülüm,balkyraýan gözüñi,
Keşde nagyş a:l kürtäniñ astynda,
...Bagtdan aglaýana meñzet özüñi!
Aglama dünýäm,gussalarña solaşyp
Hasratlaryñ ýyllañ goýnunda gizle.
Bagtyñ baglap, burma saçly ýigide,
"Bagtyýar men"diýip,müñlerçe sözle!
Giderin men, öz ýolum...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:34) okaldy (30) teswirler (1)
Ýürekdeş
+2
Sen syrdaşym, ýürekdeşim, ýakynym,
Bir sen bilýäñ, ýüregimiñ zaryny.
Saña duşyp düşündim, men durmuşa,
Şoñ üçin, sen maña şeýle arzyly.
Ýalñyzlyk goýnunda galan mahalym,
Maña mähir gollaryny uzatdyñ.
Onsañ kem-kem öz özime dolanyp,
A:zam bolsa, ýalñyşlarym düzetdim.
Şatlanan wagtymda bile şatlanyp,
Gama batan wagtym derdim çekişdiň,
Ara daş bolsa-da, mähriñi duýup,
Ähli işe höwes bilen ýapyşdym.
Gam-gussa kalbyma beren...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:32) okaldy (29) teswirler (1)
Güberilip gümmez çekip gabyrlar...
+1
Güberilip gümmez çekip gabyrlar,
San sajaksyz gömülen duýgyñ jesedi.
Oña derek gussa çykýar gabyrdan,
Galpyldadyp göwnim, gorkunç ses edip.
Gün günden daralýar, peselýär sussum,
Ýegşerdip barýar, gussanyñ ahy,
Ynha, ýene-de täzeje mazar,
Doguldy iññildäp duýgymyn ruhy.
© Remezan Mämetgurbanow...
dowamy...yurekdes (04.02.2024 / 01:29) okaldy (27) teswirler (1)
Rap karoly kim?!
+0
Salam hemmanize Rap karoly edil shu wagtlar shu sorag gaty gyzyklandyryar hemmani kim karol yagny?!
Yagny karol Harasat 😊😂
Sebabi Harasat diysen tanamayan yok 7. Yashdan 70 yasha cenli kop kishiden sorasan Syke dalini yada Aydayozin diysen tananoklar bul menin pikrim😂😊...
dowamy...Kuryazov (04.02.2024 / 01:14) okaldy (78) teswirler (4)
Dolanaryn
+1
Iki ýyl ömrümi dözmejek bolsam,Men nämüçin geldim ýagty jahana?!Diýen sorag bilen,täsin güýç bilen,Hyzmatym etmäge barýan Watana.Ak süýdüñ haklaryn söz berýän eje,Kaka gursagymda beren edebiñ.Halal süýdüñ güýji,tämiz ruh bilen,Asuda Watana hyzmat ederin..A sen näme aglan bolýañ ezizim,Ugradýandek eliñ bilen ölüme.Tenimiñ bir gylam ynjar öýdemok,Aşyk wagtym obañ Üzümgüline...Esasy zat görkez maña wepañy,Şudur saña aýgytlaý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 23:47) okaldy (28) teswirler (1)
Bergi
+3
Bag:t hakda kän aýdyldy aýdymlar, Tostlaram kem däldi seniñ toýuñda. Emma ol şowhundan, bihabar galyp “Keçpelek” ýaňlandy meniñ öýümde. Ylhamyña gurban Nury Halmämmet, Şol eseriñ berdi maña teselli. Aýralyk oduna garşy göreşdim, Saz bilen birleşip soñuna çenli. Alyp-ha bilmedi, gazanan zady, Salyp bildi ýüregime tegmili. Adamlañ ýeke jan bergisi bolsa, Men Hudaýa iki esse bergili. Biri senli ömri görenim üçin, Biri sensiz...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 23:46) okaldy (31) teswirler (1)
Mowzuklar: 1016