“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
King-official : Ne annen var ne babam var kalmışım öksüz #eren


Ýürekdeş sözler

Kimler saýtda?!
4 / 8

Agzalar (923 / +4)

Pikirler

Saýt dükany 7 (+3)

Suratlar (226 )

Dolandyryjylar

Forum (1229 / 3700)

Meşhurlar

Düzgünnama

Derejeler

Media Lenta

Soňky paýlaşylan suratlar
Sirin tarapyndan, 30.11.2025 / 22:07 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar Sirin tarapyndan, 07.11.2025 / 22:29 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar Sirin tarapyndan, 07.11.2025 / 22:28 paýlaşyldy! | Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Täze | Jedelli | Okalan

Nakyl

+1
Ot bolmadyk ýerde ..... çykmaz. Nokada derek haýsy söz gelmeli?...dowamy...

Pikirlen!

+2
Bir käsedäki 27 gantdan 9-undan galanyny iýsek käsede näçe sany gant galýar?...dowamy...

😓😓😓😓😓

+4
Çagyryldym, bardym seniň toýuňa,. Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy Gutlamaly boldum, den-duşlam bilen, Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi. Bokurdakda bir uly dash donup dur, Bir soz diysem erap, yash bolup damar. Emma, gutlamaly syrym bildirman, Gozlerimden anar dostlaryn senin. Ah, senem otyrsyn mana seredip, Yekeje soz diysem gapyp alarsyn. Onson men gozume yyldyzy goz dalde Yyldyrym goz bilen talan salarsyn. Ýylgy...dowamy...

Uýañdyr

+0
Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr. Enä meňzeş gussada. Gamlananda uýaňdyr. Iliň-günüň toýunda, Çyzgalandyr bilegi. Ak gündizler küýünde, Mähribanlyk dilegi. Ýazlara telwas etse, Edepsizdir çaklama. Güldür ol, şemal össe, Enesine ýaplanar. Gyz bolsa öz ýoluna, Enä ýakyn diýiler. Ýöne ataň halyna Oguldan öň gyýylar. Daşarda gaý gopsa-da, Närahatdyr deňiz deý. Bijaý sözüň oklama, Yzy galar meň...dowamy...

Ýitirdiñ

+0
Bagş etsemde saňa juwan döwrümi Maňa tarap dönmedi ýol öwrümi Özge ýara berip sen öz göwnüňi Saňa bolan çyn söýgümi ýitirdiň. Köňül içre muhabbetim puç boldy Dönme yza dönaýseňem giç boldy Eden sylag hormatlarym hiç boldy Saňa bolan hormatymy ýitirdiň. Men bolup galsamda sensiz bir geňli Bolarsyň bir güni sen maňa deňli Ozal saňa garasamda mähremli Saňa bolan mährimi hem ýitirdiň Ýokdur indi saňa ünsüm öňkije Arzuwdyr...dowamy...

Tanyşlar öwrülýa nätanyşlara

+0
Ýüz bermeseñ, bökmändim men boýnuña, Mar deý çakarsyňam, girsem goýnuña, Düşünip bilmedim, DURMUŞ, oýnuña, Telim ýola aldandym men yşlara Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. Sende tapanjama kaýyl boldum men, Yşka däl-de, söze maýyl boldum men, Bir ýürekdeş dosta saýyl boldum men, Neçüýn garaşaýyn ýazda gyşlara, Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. Kynçylygyñ itip, şu döşüm bilen, Ýaşadym huşum däl, ah, huşum bilen, Gözde dolup gal...dowamy...

Saña

+0
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede Ne- hä yşkdan, ne hesretden gandyk biz. «Söýýänem» diýipdik birek -birege, Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz. Dözmezim sen, gözleriňden syrykdym. Dözmezim sen—saňa gurban bolaýyn. Goýnuma dä l, sen düýşüme giripsiň, Söýgüden ezizim, dostdan golaýym! Seniň penje -penje çasly gülküleň Gül kimin galypdyr garyň astynda. Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?! Söýgi diýmek aýrylykm...dowamy...

Unudylmajak eken mekdep ýyllary

+0
Unudulmajak eken mekdep ýyllary Oýnap ýaynap geçirerdik günleri Partadaşa gowşurardyk gülleri Ah çagalyk ýyllary 😊 Ýürejikden dolar ýaşlyk depderi Iki arada gatnar söygü hatlary 😍 Gijelerne bolsa alagalmagal Goñşylarny ýatyrmazdy itleri Gündizlerne ogryn ogryn seredip Goýardyñ sen yaş kalbymy eredip Aýlanardym arzuwlarda armansyz Şol gyzyñ şanyna şygyr döredip Ine şeýdip yetdik ýetginjeklige Uçrum bolup uçup gitdik çar...dowamy...

Tahýa

+0
Her agşam az-azdan paýlap gutardyň Elbukjaňda gizläp ýören kişdäňi. Şonda-da irkilmän, synlap otyrdym Ak gaýmaly tahýa çeken keşdäňi. Ak barmaklaň arasynda sozulyp, Işilerdi ak ýüpekleň gaýmagy. Gije-gündüz arzuw etdik biz alyp Şol tahýany başymyza geýmegi. Ýalňyz şerti bardy ony geýmegiň. Sebäbi sen garaşýardyň ýaryňa. Garaşýardy tahýa kimdir biriniň “Agam gelýär” diýip, buşdularyna. Hiç birimiz ony buşlap bilmedik. Ý...dowamy...

Ýar

+0
Aglap ynjalan göwün deý iňrikde, Asman için döküp guýýar ýagyşyn. Damjalar syrygyp,süpürip geçýär, Penjiräň ýüzüne çeken nagyşym. Gijeleriň kirpikleri irkilmez Olar öýkelere düşüpdir ýesir. Ozal köňle yşyk salan söýgümiz Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim. Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle Ýa şübhe ynamňy ýaraladymy? Günäsiz kalbyňa zäheri ornap Täleý depderimi garaladymy? Nädeýin,ýolumdan dänip bilmedim Aýralyga pida e...dowamy...

Çakylyk

+1
«Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady! Salamatmysyň? Gudratlynyň beýikdigni bildirýän Alamatmy sen? Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň? Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar? Seslen! (Men bilmek isleýän bilmesiz zady). Kämahal asmanda bulutlar taýýar, Basylýan. Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm, Ýitirýän özüm. Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak, Basymrajyk gel-de, eliňi uzat. Eý, nurçyrag! Şöhleleriň çeşmesi». Uzak gije öz ukymdan ogurlap, Şeý...dowamy...

Gözlerim ýetmedi duýgularyña...

+2
Gözlerim ýetmedi duýgularyňa, Sözlerim bilenem aýdyp bilmedim. Beletsiň belki-de meň gylygyma, Tenim içre tüweleý deý düwledim. Ýülmedim ne gözel arzuwlarymy, Serhetden geçmäge gurbum çatmady. Uzakda şagallaň uwlamalary, Ot berdi gursaga Ahyr çatlady. Emr edere ne erk galdy, ne ýürek, Ýarym aý dek bir bölegim hüýt gara. Şu hal gelip alyp gitse batbörek Sesim çykmaz gökde bürgüt tüýtse-de. Bir bişowyň bijesi men, gözgyn...dowamy...

Nebis

+3
Göwnüm Nýu Ýorkda uçýar, Göwräm bolsa obada. Göwnüm BMW-de uçýar, Emma özüm wolgada Göwnüm ýyldyzy islär, Emmaaýagym ýerde. Göwnüm alymlyk islär, Ýöne zat ýok bu serde Göwnüm Ýewropa islär, Emma göwräm Azýada. Göwnüm dem almak islär, Krymda,Antalýada Ýüregim söýgi islär, Ýöne mydam gaýgyda. Göwnüm Gimalaý islär, Kä-te ondan beýgi-de. Göwnüm rahatlyk islär, Emma başym gowgaly. Gowgalyja başym bar, Özem ejiz göwreli. G...dowamy...

Ýatlama

+2
Ýeke goýup gitdiñ,duýmady asman, Bulutlar sarsmady,ýagmady ýagyş. Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal, Ýüregme çekildi ot bilen nagyş. Ýeke goýup gitdiñ,duýmady şemal, Süññi sarsyp ýetişmedi agaçlañ. Ýöne ömrüñ şatlyk,gülkisi kemäp, Gidişin synladym ýaz çagy guşlañ. Ýeke goýup gitdiñ,duýmady dünýä, Millýardalar ýaşap ýör,bir maña ýer dar .Hemem gohly durmuş,dymyk görünýär, Sagat dilleriniñ ýöreýşi myrtar. Ý...dowamy...

Awtomatyň içgepletmesi

+0
Ynsanyýetiñ bet pälinden döredim, Döredim olaryñ ýigrençlerinden. Ýaratdyñyz meni,Indi goranyñ! Dünýäde görkezjek elhençligimden. Bir okum jemlejek,bir uly ömri, Ýogsa ömür nirde,ýeke ok nirde. Islegim boýunça edýändir öýtýäñ, Ýalñyşma!Ýaşap gör dünýäme girde... Aslynda nebsiñiz bar zada sebäp, Nä zaryñ dünýäni sorajak bolup? Ýogsa ynan, meñ üçinem añsat däl, Müñi gyrýan, birin gorajak bolup.. Meniñem ar...dowamy...

Imo geleni bäri..(Nuryşka öýkünme)

+1
Garyn doly doýanok, Imo geleni bäri. Girmesek erk goýanok, Imo geleni bäri. Öñler eşik geýerdik, Ondan artsa iýerdik, Ine şolaram goýduk, Imo geleni bäri. Gije görülenok düýş, Irden ýuwulanok diş, Ýatdan çykyp barýar iş, Imo geleni bäri. Imo girýär aýaly, Köp zatlarda hyýaly, Naharsyz otyr äri, Imo geleni bäri. Öñler teññe oýnardyk, Öñler leññe oýnardyk, Olardan dawno ardyk, Imo geleni bäri....dowamy...

Geçmegiň gerek...

+0
Belany iterse seniñ üstüñe, Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek. Duşman duzak gursa düşüp kassyña, Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek .Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal, Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal, Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan, Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek. Goñşy saýlamakda asla utulma, Eger zalym bolsa ýokdur gutulma, Ýok!Bar ýaly alaç bu agyr zulma, O ýerden basymrak göçmegiñ gerek. Ýañsylasa eger b...dowamy...

Gitdiň Sen!(Boksyñ şasy Muhammed Aliniñ ýagty ýadygärligne)

+0
Bir agyr sportyñ täjini geýip, Ýüreklere nagyş çekip gitdiñ sen! Kebelek deý ýeñil uçmagy söýüp, Ary deý duýdansyz çakyp gitdiñ sen! On sekiz ýaşyñda dakynyp medal, Garşydaşlaryñda goýmadyñ mydar, Seniñ urgularña diñe Döw çydar, Ondan galanlarny ýykyp gitdiñ sen! Bat alyp ugranda maksat-myradyñ, Muhammede çalşyp Marcellus adyñ, Göterdiñ Yslamyñ bir gez şöhratyn, Din öñünde dyza çöküp gitdiñ sen! Diýdiñ:“...dowamy...

Rubagylar

+1
Başyma gonanda ylham humary, Kelleden aýyryp derdi, dumany. Käsesinden şerap dadyp Haýýamyñ, “Gel ýazyp göreýin” diýdim rubagy ******************************************* Dagdan bir daş alsañ, asla peselmez, Daga bir daş goşsañ, asla eselmez. Dünýä geleninde ryskly geleniñ, Tä mundan gitýänçä rysky kesilmez. ******************************************* Başyma uranda yşgyñ heseri, Aýdym aýtdym,düzdüm ýüzläp eseri...dowamy...

Wada

+0
Gara gözleriñde mertligñi gördüm, Aladasyn gördüm soñky ykbalyñ. Gözlerden syrygyp suwun akdyran, Bu nähili durmuş,neneñsi zalym? Ýanan ynsanlaryñ akly jemlense, Şahyram däl belki bolardym alym... Gözleri doýmazak akmak ataña, Sowgat etdiñ dünýäñ baýlygyn, malyn. Hiç kime gyzyksyz,seniñ durmuşyñ, Toýdan soñky ömrüñ,soñky ahwalyñ. At aldyñ obada,wah garamañlaý, Ýaş aýaly bolup,bir baýja çalyñ. Ne güne sal...dowamy...
<< 1 ... 30 31 32 33 34 ... 62 >>
Mowzuklar: 1229

Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->