Ýürekdeş sözler!
Mowzuklar
+4
ŞAHYRA.
Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar.
Şahyr ýigit!
Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,
Ýene-de birini okap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.
Galamyña buýsanyp, joşgunly oka!
Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen.
Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregi bilen.
Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal,
Ygşyldasyn başy gök derekleriñ.
Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz,
Pyşyrdysy bolsun p...
dowamy...Belki (11.01.2024 / 17:58) okaldy (47) teswirler (3)
+3
OÝANDYM. GIJE...
Ýüregim tisgindi,
Oýandym. Gije.
Sen düýşüme girdiň diliň aýnadyp.
Daýanyp kän ýyl öň kemsinen güýje
Dikelýän, oturýan kofe gaýnadyp.
...Nokat goýup gitdiň eşret-aýşyma,
Aglamjyrap diýip “Boldy, bes indi!”.
Göýä, toý lybasyň şyňňyrdaýşy bar
Nikel çemçäň jäje degýän sesinde.
Men özüme nesip etmedik gijäň
Haky üçin köp gijeler ýatamok.
Ah, ýöne meň üçin, bilmedim, niçün
Şol günden soň göýä g...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 17:48) okaldy (34) teswirler (2)
+1
Baha ...Bir gün mekdebime öý işim etmän, Mugallymdan pes bahalar alypdym. Şonda kitaplaryň gatyna çümüp, Depderime berlen ýumşy ýazypdym. «Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip, Bu bahany öpüp, papkama dykdym. «Men ökde okuwçy bolmaly» diýip, Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym. Bu gün... Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy, Jan etsem-de, biraz sulbum büküdip. Goýdy, mollumd...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 17:43) okaldy (29) teswirler (1)
+5
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa
Mähribanym "Inni näme" diyme sen
Ýüregim azajyk ejizlik basýa
Ýyly söziñ bilen göwnüm güýme sen
Şu gün maňa yrsaraýa ýüregim
Aldanan duýgulam zaryn aglaýa
Wah sadalygym hem gurasyn eje
Aldansamam ýene umyt baglaýan
Maňa diñe sen düşünýäň Mähriban
Senden görýän garşylyksyz söýgini
Wah eje jan "Inni näme* diýme sen
Ýetik ýyly söziñ bilen güýmeseň!
Avtor: Amangeldiyewa Ayna...
dowamy...yurekdes (11.01.2024 / 14:54) okaldy (38) teswirler (3)
+3
Dyrnaýar ýüregmi gaýgy, Indi ters salgyma akýar derýalar. Bir saparky aýdylmadyk sözlerim, Kalbymyň içinde göreş gurýalar.
Göreş meýdanynda ýekeje özüm,
Kim hak?
Kim nähak?
Bilip bilemok.
Soňky wagt tozan basan arzuwlam,
Hatda düýşümde-de hasyl bolanok.
Bilýän.
Şadyýanlyk ýakyn bolsa-da,
Neçün hasrat bilen dertdeş boldum men?
Arman bolup galan terje duýgulaň,
Günäsizje o:tlaryna ýandym men.
Goýjak.
Unutjak men ähli zatlar...
dowamy...Dreamfull (11.01.2024 / 13:57) okaldy (39) teswirler (3)
+3
...teswirlerde, söýýänimize ýa-da indi sataşjak magşugymyza näme diýip ýüzlenjegimizi ýazalyñ !
Şu ýerde kiçiräjik bellik edesim geldi... BELLIK: Teswirlerde gaýrat edip boldugyndan aktiw gatnaşjak bolalyñ, meniñ şu mowzugymy öñki ýürekdeşde (saýtyñ öñki açylşygynda) açanymda agzalar doly gatnaşypdy. Dogry, söýgi pynhan bolmaly welin meniñ size ýüzlenmän ,,söýgüliñiz arasyndaky gürriñlerini ýazyñ" diýmedim,,ýüzleni...
dowamy...Perman (11.01.2024 / 11:32) okaldy (84) teswirler (13)
+5
Ýanwaryñ içinde,astynda garyñ.
Gülälekli sözler gar bolup ýagdy.
Ynanyñ,dünýä ýaz gelendir öýdüp,
Bir bägül açyldy üstünde garyñ.
Baharda-da gyş hakynda ýazdy ol...
Doñdy ömür doñup görmedik çeşme.
Dünýänem özgerdip biljek ekeni,
Eger-de,söz doly güýjüne geçse....
dowamy...Perman (11.01.2024 / 10:51) okaldy (62) teswirler (2)
+1
Salam agzalar su icin yanym gaharyn gelip yureginde bir agramlyk saklanyp dursa yada kellan bulasyp hic kimi halamyan pursatlarynda name etmeli bilyaniniz bar bolsa yazayynda poctama!!!!...
dowamy...Akademik2 (11.01.2024 / 10:43) okaldy (48) teswirler (2)
+5
Nirden dünýä geldi adam kemsitmek. Eýse olam Allaň guly dälmidir? Özünede ýakmaz şeyle edilse. Olam seniň ýaly ynsan dälmidir? Baýlygyna buýsandyňmy eý adam? O dünýäde bar baylygyň bir köpük. Kemsiden adamyña sen ýalbararsyn, O dünya baraňda dyzyna çöküp....
dowamy...King-official (11.01.2024 / 10:07) okaldy (45) teswirler (5)
+5
Görogly: - Howuz başynda duranlar, Näzlim, bir suw ber, içeli! Sözleşip, many tirenler, Näzlim, bir suw ber, içeli! Harmandäli: - Howuz başynda haýr olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Her tilki-şagal şir olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Görogly: - Elmydam derbent sakladym, Mydam ganymy okladym, Seniň dek näzli ýokladym, Näzlim, bir suw ber içeli! Harmandäli: - Suwu...
dowamy...King-official (11.01.2024 / 09:56) okaldy (29) teswirler (2)
+3
ÝAZDYM...
Ýazdym,
Ýazdym diňe derdinmek üçin,
Goşgy eken örtenşimiň peýzažy.
Şeýtsem hem-ä biraz ýeňillik duýýan,
Hem-de köşeşmäge ýok oň peýdasy.
Birhili..,
azajyk öwrenşipdirin,
Kapasada gatnamaga ikiýan.
Nä sebäpden şeýdýänimi bilmänem,
Ozal şeýdip geçenleri okaýan.
Bu ýerde üýtgeşik, bulaşyk zat ýok,
Dogrusy, men ýöne ynandym, söýdüm.
Köp gezek awundym duýgym zerarly,
Durmuş kemçiliksiz bolýandyr öýdü...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 05:13) okaldy (40) teswirler (1)
+4
NÄGILELIK
Ilki yrmak üçin, soň görmek üçin,
hemem tutmak üçin saçyň bir telin
kä Aýly gijeler, kä tüm gijeler
men seniň ýanyňa gatnapdym telim.
Indi sen öýmüzde, ýol aşmaly däl,
Gatnaýanym, garaşýanym ýadymda.
Şonda-da nämçündir diýýärsiň maňa
"Öňki ýaly köp bolaňok ýanymda".
Seýitmyrat GELDIÝEW 2003 ý....
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:31) okaldy (35) teswirler (1)
+7
Men şahyr däl... Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy, Gähi ýazýan gelse ylham melegi. Emma goşgym dürre kimin tankytdan Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi. Ol – men däl-ä, Ol köňlümiň tawuşy. Uruň meni! Lekin goşgyma degmäň! Bu günde kötekläp, saba ýene-de: «Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň. Men Ony ýerden däl, kitapdan başlap, Pikir ummanyndan getiren zadym. Her sözüň üstünde ilgezik iş...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:21) okaldy (45) teswirler (3)
+4
Durun öňki zynç ýaly ýerimde,
Işden geleriňe sadylla bolup.
Diýjek sözlerimi aýlap serimde,
Oýlanýan görküňi ýadyma salyp.
Mejnun Leýliň itin eý gören bolsa,
Men gatnaýan ýodaňyzy halardym.
Garaşmakdan halys bez bolan bolsam,
Howlyňyzyň kerpiçlerni sanardym.
Gara-çyraň görsem köçäň çetinden,
Göhüm gelip, gök magraja uçardym.
Maňa: «Däli» diýýän ýaly içiňden,
Gaşyň çytyp, gapdalymdan geçerdiň.
Melallar...
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:17) okaldy (43) teswirler (2)
+4
BAGT HAKYNDA.
Gujak-gujak bagt gowşuryp gujagma,
Delje-delje goşgy baryn goşduran,
Şahyrlaryň derdi ýaly dert berip,
Ýürejigmiň bagjygyny açdyran!
Bulutlara boýdaş bagt berdiň maňa,
Sen meniň kalbymda bahar oýardyň.
Arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp,
Goşgy ýazmagyma bahana berdiň.
Seniň arzuwyňda gijelerine
Keýp edip ýazdym men, waspdan irmedim.
Hyýalymda saňa goşgy diňledip,
Seniň islegiňçe redaktirledim....
dowamy...Lirika (11.01.2024 / 03:09) okaldy (33) teswirler (1)
+8
Ol nämedir duýgusy bar keşbi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol nämedir şa bolsada köşgi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol imandyr duýgusy bar keşbi ýok
Gursagyma ondan uýmak borjumdur
Älem şasy beýik Allañ köşgi ýok
Keşbin görmän söýmek uýmak borjumdyr
Ol nämedir beýik Käbä deñelýär
Ol nämedir artdygyça kemelýär
Ol nämedir ýüregiñde gömülýär
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Enelermiz söýüp Käbä...
dowamy...King-official (11.01.2024 / 00:31) okaldy (47) teswirler (3)
+8
Birje gezek söýýän diý Unudaýyn gussamy Gel bileje ýazaly Söýgi atly dessany Mahirlim diy Meñlim diy Gelisip dur diliñe Ynan basharmaz gecip hickim seniñ yeriñe. Aý yyldyzly asmana Garap arzuw edeli Hic bes edman ezizim Sol arzuwa yeteli.. Goý bilsin jümle jahan Seni caksiz soyyanim Hazirem tolgundurya Maña Jana diyyaniñ...
dowamy...King-official (11.01.2024 / 00:19) okaldy (58) teswirler (5)
+4
Söýgä
Ýanyp-köýüp otyranym düýndi-le,
Bu gün buza döndüm,
nämüçin beýle?!
Öñem käbir gülüp bakmaýan ykbal,
Diýdi: "Sen indi bir dogry ýol saýla!".
Ýogsa entek söýjekdim men bagrymy
paralap
hem agaçlary gujaklap,
Ýok,sen birden beýdip öçmelem däldiñ,
Goýduñ neçüýn aýaklarmy dushaklap?!
Söýjekdim-ä onuñ ýylgyryshlaryn,
Oýnaklaýan gözleriniñ agyny.
Ony ýüregime ýat kyldyñ,
indi
kim çekisher ýüregimiñ dagyny.
Ýok,men entek bu...
dowamy...Dreamfull (10.01.2024 / 23:33) okaldy (28) teswirler (2)
+5
Aglan wagtym yalnyzlykda
Derdim ceken ozim boldum
Gynalamson aram-aram
Men bir yurekdesh gozledim
Menzil gecip yollar ashyp
Kan satashdym,nadanlara
Ikiyuzli,yalancylyk
Gelishyarem ka ' adama.
Gunam name ,bilmedim men
Soradym her bir otenden
Aydyñsana name etdim men
Bir yurekdesh gozlapdim men...
Avtor nabelli......
dowamy...Dreamfull (10.01.2024 / 23:27) okaldy (46) teswirler (2)
+1
Salam hormatly agzalar! Men dünýä ýüzündäki syrly ýerler barada elektron we android kitap çykarjak bolýan. Emma pul ýagdaýym ýetmeýänligi üçin sizden eliñizden geldigiçe pul kömegini telefon belgime okaplap bermegiñizi haýyş edýärin. Sizden geljek kömeklere garaşýaryn.
Telefon belgi: +99361116905
Hormat bilen Gurbangeldi Satybaldyýew...
dowamy...GuGaPRO (10.01.2024 / 22:27) okaldy (67) teswirler (1)
Mowzuklar: 1079