Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
💞 Ýürekdeş sözler Ählisi →
“Zoruna gittiğini duydum. Güzel yer, ben de gitmiştim!”
🎂Şugün doglanlar
Mahrimm (20 ýaş) · FakeLove (27 ýaş)
📸Soňky suratlar
📷 7 surat bar · soňky 8 görkezilýär
suratsuratsuratsuratsuratsuratsurat
📋Forum Mowzuklary
📊 Häzirki görnüş: Täze mowzuklarJemi: 1630
Ahwal
Saňa bolan söýgim, duýýansyň, belki, Belki, görmezlige salýansyň senem. Bu söýgim içimde gülledi, çünki, Aýtmaga gurbatym, çatmady meňem. Ahyrsoňy, sessiz söýgim seslendi. Beýan etdim saňa, ýyllaň ahmyryn. Bir pursatlyk dünýäm, duýga beslendi, Pikriň duýmak, ajaýypdy a:hyryn. Jogap berdiň maňa, sada - sypaýy, Pikir etdim, duýgularmyz kybapdaş. Me... dowamy →
👤 MaD_B📅 03.06.2026 / 17:39👁️ 94💬 2
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük. SOWAL-JOGAP 1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz? TAÝMAZ SEÝİDOW 1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri. 2. Ilkinji g... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 03.06.2026 / 14:04👁️ 109💬 2
Ýüregimiň Sözleri❤️
Ýüregimiň Sözleri Ýönekeý bir duýgy däl bu söýgimiz, Sözler bilen aýdyp bitirip bolmaz. Uzyn ýollarda bir bolsa ykbalymyz, Bu mukaddes bagty hiç zat soldurmaz. Gözleriňde gördüm dünýäň nury deý, Seniň barlygyňdyr ömrüme many. Söýgi diýmek — diňe şatlyk däl ahyryn, Paýlaşmakdyr bar bolan bu dünýäni. Garaşmak hem sabyr etmek söýgidir, Gursagyňda... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 02.06.2026 / 23:37👁️ 125💬 6
HÖWÜRSİZ GÖWÜN
Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe, Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy. Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe, Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi. Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň, Didelerim kän zat aýtdy, aslynda. Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege, Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda. Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba, Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri. Bagtsy... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 31.05.2026 / 21:16👁️ 132💬 5
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
EDEBİ SÖHBETDEŞLİK Essalamu aleýküm Goçmyrat aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük. SOWAL - JOGAP 1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz? GOÇMYRAT ORAZBERDİÝEW 1. Men Goçmyrat Orazberdiýew, ýazyň orruk ortarasynda (23-nji aprel) dünýä indim. Duýguçyl, kisesi ýaly ýüregi ýuka oglan. 2. Ilkinji goşgularyňyz haý... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 31.05.2026 / 13:26👁️ 137💬 5
Naýynsap
Naýynsap “Çynçy men” diýp, bulama sen ýüregi, Hiç kim “men aldawçy” diýmez özüne. Dört barmakdyr ikisiniň arasy, Özüň aňýansyň-da öz aýdan sözüň. Ataň aýtmaz diýme seniň kimligiň, Özüň bilmeý şeýtan ýatyr zandyňda. Meni oýnandyryn öýtme, eý, tüntaw, Müň hile, müň ala ýatyr “antyňda”. Bu namany “ýazsam” diýip ýazmadym, Adam baryn “çy... dowamy →
👤 MaD_B📅 31.05.2026 / 08:58👁️ 98💬 2
Nobatguly Rejebowdan
Nobatguly, kim sen? Kim sen aslynda? Asmany ataşmy gursakdaky ot? Pýedestal bar dabanyñyñ astynda, A üstüñde haýkyryp dur eşafot! Nebir ýaşadyñ sen, nebir ýazdyñ sen, Nebir söndüñ, Ne-de alawlap ýandyñ. Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan — Ne dogulýar, Ne-de ölýär talantyñ! Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap, Gündizlerne kyldyñ şagal m... dowamy →
👤 MaD_B📅 31.05.2026 / 08:52👁️ 89💬 3
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Salam gadyrdanlar! Ine, ahyrsoňy biz ahallylaryň hem özbaşyna edebiýat birleşmesi bar. Menem bu gün ilkinji edebiýat birleşmämizde bolup geçenleri gyzyklanýanlara gysgaça beýan etmekçi. Duşuşyga bellenen wagtdan ýarym sagat giç baranlygym az ýaly, erkin döredijilik mekanynyň dogry girişini tapmanam ep-esli eglendim. Umuman men islendik ýere baranym... dowamy →
👤 Belki📅 31.05.2026 / 03:00👁️ 189💬 5
Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi. Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy. Imank... dowamy →
👤 MaD_B📅 30.05.2026 / 10:19👁️ 70💬 1
God of War: Ghost of Sparta oýuny barada
PSP platformasynda çykan God of War: Ghost of Sparta oýny diňe bir söweş we action bilen däl, eýsem Kratosyň içki dünýäsi we geçmişi bilen hem tapawutlanýar. Bu oýun “God of War” seriýasyny halaýanlar üçin iň täsirli bölümleriň biri hasaplanýar. Oýnuň wakasy Kratosyň täze “God of War” bolanyndan soň başlanýar. Ol güýçli we ýeňilmesiz ýaly görünse-... dowamy →
👤 erkin1997📅 29.05.2026 / 16:25👁️ 86💬 2
Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
GARRY GYZYŇ YKBALY Budilnigiň sesine oýandym. Sagat altyň ýary. Telefonymy açdym, gije hiç kim jaň etmändir. Wah, kim maňa gije jaň etsin? Tanyş-bilişler, işdeşler gije jaň etmeýär. El-ýüzümi ýuwup geldim, tikine oturdym. Agşamky sargydy taýýar etmeli, näme-de bolsa bir som, bir som… Maşinkany takyrdatmazlyga synanyp tikip başladym. Gelin g... dowamy →
👤 Saparow📅 23.05.2026 / 21:23👁️ 143💬 4
Oýnaş /hekaýa
OÝNAŞ Zöhrä gargadylar, Soltana nälet ýagdyrdylar. Ikisi-de gazap daşlary bilen daşlandylar. Myş-myş gürrüňleriň topragyna duwlandylar. – Olar öňden bäri söýüşýän ekenler, gaçyp gidenmişler… – Waý toba, gaçyp gidenmişler… — Hawa, gaçypdyrlar. …kim bilýär, belki çyndyr… – Jany çyksyn, saçy kesilmiş, çagasyny taşlap gitmän gara ýere girsin, b... dowamy →
👤 Saparow📅 23.05.2026 / 13:46👁️ 146💬 1
GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
Gurbanlyk hakynda bilmeli zatlarymyz: Onuň şertleri we sogaplary Mukaddes dinimizdäki iň uly we iň eziz iki baýramdan biri Gurban baýramydyr. Şu mübärek baýramymyz hem ýakynlaşyp gelýär. Hemme ýurtdaşlarymyza mübärek bolsun! Allatagala bütin dünýäni, aýratyn hem eziz Watanymyzy we halkymyzy öz penasynda aman saklasyn. Ömrümize, rysgymyza, d... dowamy →
👤 Basmacy📅 23.05.2026 / 09:40👁️ 141💬 3
Siz
Näme üçin adama sylag bilen ýüzleneňde «Siz» diýip ýüzlenilýär? Göräýmäne seň öňüňde ýeke täk adam duran bolsada. Siz diýip diňe köpçülige aýdylýar ahyryn, ýöne adam hem daşyndan göräýmäne ýeke ýaly bolsada, hiç bir adam ýeke däl. Kerimi Kurana görä her bir adamyň ýanynda oň şahsy jyny bilen şahsy perişdesi bolýar. Olaryň ikisi hem biziň pikirleniş... dowamy →
👤 Minigim📅 20.05.2026 / 22:10👁️ 114💬 2
Android Telefonlarda PSP Oýunlaryny Nädip Oýnamaly?
Köpümiziň çagalygymyzda ýa-da ýaşlyk ýyllarymyzda Sony PlayStation Portable (PSP) konsoly bilen bagly ajaýyp ýatlamalarymyz bar. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen, şol meşhur oýunlary göwher ýaly Android smartfonlarymyzda hem oýnap bilýäris. Bu makalada biz Android telefonlarynda PSP oýunlaryny nädip oýnap boljakdygyny ädimme-ädim düşünd... dowamy →
👤 erkin1997📅 20.05.2026 / 19:13👁️ 91💬 3
Sessiz söýgi
Bir uniwersitetde okaýan talyp ýigit, kitaphana her gün gelýän, diňe bir çünkde oturyp kitap okaýan gyza aşyk bolýar. Ýigit gaty utanjaň bolansoň, gyzyň ýanyna baryp, söz aýtmaga utanya. Ol her gün gyzyň garşysyndaky stolda oturyp, oňa syn edýär, ýöne gyz hemişe gaty çynlakaý, hiç kime üns bermän diňe okaýardy. Bir gün ýigit batyrlygyny jemläp, gyz... dowamy →
👤 Gamzeli📅 20.05.2026 / 13:43👁️ 107💬 3
Ýadadym diýme..
[b]Ýadadym diýme.. [i]Ýalançyda aladasyz adam ýok, Göwnüňde saklama ykbala kine. Dünýäň diňe süýjüligin dadan ýok, Şoň üçin durmuşdan ýadadym diýme. Bardyr munda beterinden beteri, Kabul etmek gerek hakdan ýeteni. Haýyrlydyr wah onuň her bir edeni, Şoň üçin durmuşdan yadadym diýme. Kim bilipdir has öňünden geljegin, Nämäni ýitirip näme aljagyn.... dowamy →
👤 Alyhroz📅 18.05.2026 / 20:55👁️ 105💬 2
"DarkWeb" - ýa-da ýagtylykdan tümlüge tarap (fantastiki hekaýa) (2-nji bölüm)
“Sessiz Signal” — 2-nji bölüm Otag garaňkydy. Diňe monitorlaryň gök ýagtylygy Albertiň ýüzüne düşýärdi. Soňky dört gün bäri ol diýen ýaly uklamandy. Gözleriniň aşagy garalypdy. Elleri titräp durdy. Émile Laurent-niň ölümi onuň aňyndan çykmaýardy. Her gezek gözüni ýumanda şol ýazgy görünýärdi: PATIENT STATUS: DECEASED Birden monitor çyrpyl... dowamy →
👤 yegelekov04📅 18.05.2026 / 01:20👁️ 66💬 0
JESET OGRUSY. 2-nji bölüm
Zažilkaň öçügsije oduny şol tarapa tutdym.Emma onuň yşgy ses gelen ýeri ýagtylandyrmakdan ejiz boldy.Başga tarapdan ýene şol üýtgeşik "şytyrdy" eşidildi Howpsyzlyk üçin kemerimden sapançamy alyp,atmaga taýýar edip goýdym. Şanazar hem kä sagymyzda,käte çepimizden eşidilýän seslere gulak salyp durdy. — "Arwah" diýilýän zatlarmyka bu ses çykarýanlar?-... dowamy →
👤 афганка📅 17.05.2026 / 21:45👁️ 89💬 2
“Sessiz Signal” Ýyl: 2047 Ýer: Germaniýa, Berlin — Neo-Sektor 9 Gijäniň ýarydy. Berliniň asmany indi öňküsi ýaly ýyldyzly däldi. Asman doly reklama hologramlary, dronlaryň gyzyl çyralary we howada ýüzýän maglumat ekranlary bilen dolup durdy. Adamlar köçede kän görünmeýärdi — köpüsi öýünde VR dünýäsinde ýaşaýardy. 19 ýaşly Albert dar,... dowamy →
👤 yegelekov04📅 17.05.2026 / 15:27👁️ 75💬 1
<< 1 ... 3 4 5 6 7 ... 82 >>
Jemi: 1630 mowzuk
Surat
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->