Ýürekdeş sözler!
Täze ýylyňyz bilen
Mishel [off]
Şugün, 08:06
Dünýäniň iň gyzykly hadysalary, ynanyp bolmajak we görülip-eşidilmedik durmuş sahnalary meniň töweregimde bolup geçip dur. Bu hadysalara we wakalara men girmeýärin. Men diňe gyzgyn synlajy we görüp-eşidenlerimden many çykaryjy. Men bu wakalary size aýdyp bererdim emma men bu işi etmekçi däl. Çünki men siz barada örän bir gowy pikirde däl. Üstesine bu ýerde meniň dostym ýada ýürekdeşim ýok. Şonuň üçin goý bu meniň bilenlerim birwagta çenli syr bolup galsyn.
Onsoňam özüňiz oýlanyň. Aýdyp berenimde näme ähmiýetli zat bolar. Gulagyň eşitmeýän zady ýok. Eşiden zadyňdan kelle many çykarmaly. Many bolsa durmuşy gowy tarapa hereketlendiriji dwigatel. Ine şu dwigatel sizde ýok.
Özüň barada dogry zady bileniň peýdasy ýok. Birwagtlar, meniň golaýyma ýakynlaşan bir adam menden özi barada halkyň näme diýýänini sorady.
Ol
Adamlar men barada näme diýýärler
Men
Adamlar saňa gysganç diýýärler.
Meniň bu dogry sözümden ol peýdalandymy? Ýok. Ol şol gysgançlygynda galdy we ýakynda ol öz eken agaçlarynyň ajy miwesini datdy.
Siz hem şeýle miwani dadansyňyz. Eýýam. Çünki ajy miweler durmuşdan dogry many çykarmasaň bolýar.
Özüme gezek gelende bolsa elbetde men dana adam. Muňa eýýäm siz düşünensiňiz. Dana admlar bolsa öz danalygyny aýdyp berip ýörenoklar. Olar durmuşa dogry düşünýälerde bir gyrada hiç kim goşulman hatda göze hem ilmän gezip we ýaşap ýörler.
Siz bolsa töweregiňize bir topar alkaşy jemläp olara arak içirip dost tutynan bolup ýörsüňiz. Habarayňyz ýok, bu alkaşlar siz bir çüýşe winodan hem gymmat görenok.
Emma bu zatlar bilen meniň işim ýok. Olara wagtym hem ýok. Mümkin indiki çykyşlarymda bir zatlar ýazmagym.
Şeýlede bolsa täze ýyl sowgadyny size ýetireýin. Bu ajaýyp bir sahna boldy.
Şeýlelikde, men bir ýerde otyrdym. Meniň ýanymdaky boş otyrgyja ýanynda bäş ýaşlyja gyzjagazy bilen bir ene gelip otyrdy. Çagany gowy görýänligim sebäpli men derrew bu kiçijik çaga ünsümi berdim. Çaganyň özüne bildirmän. Çagajyk bolsa dik duran ýerinden enesine gysymyljyrap özüniň iň owadan boluşlaryny edip ugrady. Dodaklaryny o ýan bu ýan etdi. Güldi we ýylgyrdy. Onsoň enesine täze ýylda näme zatlary almalydygy barada aýdyp berip ugrady.
-Banan almaly. Kola almaly. Alma almaly. Şokolad almaly. Onsoň garndaşlarymyzy täze ýyla otyrmana çagyrmaly. Olary çagyrsaň olar bilen çagalary geler. Men olar bilen täze yylda oýanaryn. Onsoň ýolka gidip surata düşmeli.
Gyzjagaz täze ýyl barada şunyň ýaly süýji bir zatlary sözledi welin men bar ünsümi şu çaganyň gepine berilip galyp men hem öz oý-pikirime gitdim.
Soňra her kim öz ýoluna gitdi. Üç sagatdan soň men bu çaga maňa ýene dogry geldim. Enesiniň yzyndan gidip otyrdy. Ýöräp ýadapdyr emma barybir şol owadanlygynda we eýjejikliginde galypdyr. Durmuşyň agyr şatysy ony söndürip bilmändir.
Näme diýeýin. Siz hem şu çaga ýaly hemişe owadanlygyňyzda galyp bilermikäňiz?.
Elbetde ýok. Durmuş sizi küýkerder, gaharlandyrar, oýnar. Bu zatlar bolsa siziň umumy boluşyňyzy üýütgedip gyşyk bir nätüýslini döreder. Bu nätüýsli bolsa şol gyşaryp ýöräp özi ýaly bir topar gyşygy döreder.
24 |
12 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Ahmal [off]
Şugün, 11:18
+1
Gaty gowy mowzuk bolupdyr, ýöne temaň näme barada gidýänine diňe awtor düşünýär
Ahmal [off]
Şugün, 11:18
+0
Özüme gezek gelende bolsa elbetde men dana adam. Muňa eýýäm siz düşünensiňiz. Dana admlar bolsa öz danalygyny aýdyp berip ýörenoklar.
Soňky teswirler
Täze ýylyňyz bilen
[b][color=#454545]Özüme gezek gelende bolsa elbetde men dana adam. Muňa eýýäm siz düşünensiňiz. Dana admlar bolsa öz danalygyny aýdyp berip ýören...dowamy...
Täze ýylyňyz bilen
Gaty gowy mowzuk bolupdyr, ýöne temaň näme barada gidýänine diňe awtor düşünýär...dowamy...