Ýürekdeş sözler!
Hiristiýan dinli bir enañ perýady
TäzejeFAKER [off]
Şugün, 06:08
"Nirdesin eý Muhammed!? s.a.w."
Seniň dogulan günüňde senin ymmatyñ meniň gyzymy öldürdü
Hekaýan bolup geçen yeri
1953 yylyn noýabyr aýyn 19 dan 20 sine geçilýän gijesi Mewlid gijesi Pygamberiň dogulan günü Liwýanyn günorta tarapyndaky Saýyda şäherinde...
Her ýyl bolşy ýaly Musulmanlar Pygamber s.a.w dogulan gününi gutlaýardy. O ýyllardada Liwýanyn gutlamarnynda asmana yarag atmak ýaly giňden ýaýylan däp bardy.Ýöne şol gün atyşyklardan soň atylan oklaryň birisi şäherde meşhur hiristiýan maşgalasy bolan Ghattas maşgalasyndan bolan ýaş gyzyň kellesinden düşdü.Goňşulary howsala düşüp, gyzy doktora Gassan Hammud hassahanasyna äkitdiler.Ýöne lukmanlar elinden gelini etdiklerindede peýdasy yokdy."Onuň ýagdaýy agyr; ony derhal Beýrutdaky Uniwersitet hassahanasyna äkidiň" diýdiler.(Amerika)Gyzy derrew Beýruta iberildi.
Liwýanyň iň meşhur lukmanlary amerikan lukmançylyk topary bilen birlikde otaga ýygnandylar.
Ýöne gyzyň başyndaky deşik örän ulydy we gan akmasy her minutda artýardy.Ähli tagallalar gutardy we umytlar ýitip başlady.Gyzyň ejesiniň gözýaşlary durmady, onuň agysy hassahananyň diwarlaryndan we koridorlaryndan ýaňlanýardy.
Şol pursat lukmanlar öz aralarynda karara geldiler: "Ejesine aýdyñ...
Oňa içeri girmäge rugsat beriň, gyzyny soňky gezek görmäge we hoşlaşmaga rugsat beriň." We olaryň birini ejesine habar bermek üçin daşaryk iberdiler. Habar eşiden hirstiýan eje gygyrmaya başlady "Nirdesiň eý Muhammed.s.a.w Nirdesiň eý musulmanlaryň pygammer diýdikleri adam! Gelde ymmatyñ gyzyma näme etdiklerini gör. Seniň ymmatyň seniň dogulan günüňü gutlaýarka meniň gyzymy öldürdü! Bu sözler enäniň ýüregine hanjar ýaly sanjyldy.
Onuň aýaklary titräp, aýaklary bedenini göterip bilmedi we duran ýerinde ýykyldy. Soňra kynlyk bilen ýerinden turup, ömrüniň iň kyn pursatlaryna tarap ýöräp başlady.Titreýän elleri bilen gapyny açdy... İçeri girdi edil şol pursat Wagt duran ýaly boldu we gyzy gözleriniň öñünde hasta yatagynda oturmuş şekilinde gygyrmana başlady
"Eje, gapyny ýap! Eje, gapyny ýap! Çalt, eje! Ony çykarma çykmasyna rugsat berme Eje, ony gujakla"
Ejesi doňup galmyşty. Gyzynyň ölüm ýastygynda bolmaly halynda
Bu sözler name?
Sen kim hakynda gürleýäň?
Bu nahili gudrat?
Ol gen galjylyk bilen sorady
"Gyzym kimi tutaýyn sen kim hakynda aýytýaň?"
Bu jogap
Şol pursat otagdakylaryň hemmesini doňdurdy.
"Eje... Ol Muhammetdi. Hudaýyň ilçisi!"
Ol otaga girdi ...
Ol elini meniň kelläme goýdy...
Ýara ýapyldy... Gan akmasy bes etdi...
Sen gapyny açan badyna, ol çykyp gitdi.
Eje haýran galdy. Ol näme etjegini bilmedi. Bu sözleri eşiden ene göz ýaşlara boguldy,ýüregine ýylylyk,ýumşaklyk geldi we şahadet getirip yslam dinini kabul etdi. Soň ol ýerdäki hemmeler...
Şol gün Ghatta maşgalasynyň hemmesi yslam dinini kabul etdi.
Mundan başga-da, wakanyň şaýady bolan amerikan lukmanlarynyň topary hem yslam dinini kabul etdi.
Yslam dini şeýle din...
Hristian ejäniň "Eý Muhammet!" diýen gykylygy jogapsyz galmady; jogap gykylygyň içinde gizlenipdi...
Liwýada köp adam bu wakany henizem ýatlaýar.
Arap dilinden türkçe terjime edildi:
Abdulhamid Dogan
Türkçe dilinden türkmençe terjime edildi
FAKER
Duýduryş:Harp ýalňyşy we sözleriň manysyny yitiren yerleri bolyp biler şoñ üçün ötünç soraýan..
17 |
10 |
2 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
Şugün, 06:31
+0
Menden +1
Soňky teswirler
Bu saýtda işim köp häli
Ikimiziň aramyzda bir meňzeşligem bar. Senä iň akylly dälsiň, menem iň samsyk...dowamy...

...