Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

soygi name
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 30.03.2024 / 12:44
 Durmuş doly yenil kelleden#

Günlerde bir gün danalaryň birinden «Söýgi diýlen zady, hakykatdanam, kalbynda duýup ýaşaýan adam bilen ony kiçi dilinden aňryk geçirip bilmeýäniň arasynda nähili tapawut bar?» diýip sorapdyrlar.

Dana: «Şony häzir size görkezeýin» diýipdir-de, söýgini kalbynda duýup bilmeýänleri nahara çagyrypdyr. Myhmanlar saçagyň başyna geçip oturanlaryndan soňra, nahar çekilipdir. Yzyndanam her kime bir gulaçdan uzyn bolmasa, kelte bolmadyk çemçe uzadylypdyr. Dana myhmanlara nahary diňe çemçäniň ujundan tutup iýmelidigini aýdypdyr.

Myhmanlar öňlerine goýlan nahary uzyn çemçeleriň ujyndan tutup iýmäge synanyşypdyrlar. Emma çemçe juda uzyn bolansoň, olar tabakdan alýan naharlaryny agyzlaryna ýetirip bilmän, dökän-saçan edipdirler. Şeýdibem, hemmesi aç turup gaýtmaly bolupdyrlar.

Onsoň, dana: «Indi bolsa, söýginiň nämedigine düşünýän adamlary çagyralyň» diýipdir. Şeýlelikde, ýüzleri nurana, gözleri mähirden bulduraýan birnäçe adam içerik giripdir. Olara-da edil ýaňkylara bolşy ýaly nahar çekilipdir, uzyn çemçeleriň ujundan tutup nahar iýmeklik buýrulypdyr. «Noş bolsun» diýlensoň, her kim çemçesi bilen nahary susup alypdyr-da, gabadyndaky oturana uzadypdyr. Olar şeýdip, biri-biriniň gabadynda oturana nahar iýdirip, garnyny doýrupdyrlar. Soňunda-da töwir galdyryp, saçakdan turupdyrlar.

Şonda dana ýanyndakylara şeýle diýipdir: «Ine, kimde-kim bu dünýäde özünden başga adam görmän, diňe özüni alada edip ýaşasa, ol hökman aç galar. Eger kimde-kim özgäniň garnyny doýurmalydygyny bilip ýaşasa, ony hem hökman biri gelip doýrar. Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr»


135

18

7

5

0

0

2
Teswirler:
 Öwreniji
 _dali [off]
  ❤️🌙🧿
 30.03.2024 / 12:46

+0

okamana ýaltanýan, sen ýazmana ýaltanmadyňymy bular pipijik?


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:47) 

_dali, yaltansaň girme mowzuga mlät😒😒😒😒


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:49) 

Aypipijik, hai öýkelemsene okajagaa häzir, onnoň dälijämede zastupat edip okatjak şuny pipijik


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:50) 

Aypipijik, goý däli we dälije hem söýgiň nämeligini öwrensin. Mlds ýetiripdur


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:50) 

_dali, namay adam barlap göryanmay?😒


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:53) 

Aypipijik, aý how näili düşünýäňaý? bäri bir wertual, ***ip durmy gep söz? keýp etmeli ýaşamaly nahhuý gerek realda uruş, wertualda uruş, onnanaaa arassa howwa çykyp kofejik bilen çilim çekeniň gowydämaý. Nahhuý gerek biderek kelle agry dawa. Menem degişip ýazýan how, behh, ýüregiňe göni salyp, öziňi oklap göýweräýýäňaý pipişka


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:55) 

_dali, men başga wagt bolonno götererdm degişmäni şüwün nerwi yaman goyollo şoňçün


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:55) 

Aypipijik, bolia pipi

 Öwreniji
 _dali [off]
  ❤️🌙🧿
 30.03.2024 / 12:48

+0

onnoň şuny doly okasam söýgiň nämeligine düşünýänmi bir iş edinip okanyma görä pipişka?
söýgülim bar welin intägem söýgiň nämeligini bilmän gezip ýören ekenik bizemää
bu mowzugy kopýalap söýgülime ugratsam, mennen beter ýalta pişijek bolansoň, okaman häää hymmm diýip goýaýmasa dälije hem


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:50) 

_dali, nerwim oynomo bom erbet söz esdersiň men mejburlap getiremo seni okajak okasyn okamadyk *** okasynlay yaltansaň girme mowzuklaryma düşündirip bildim dämi?


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:51) 

Aypipijik, göýwer how ýakadan degişdim how pişik


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:52) 

_dali, gülme diyilyaro😒😒😒

 Täzeje
 Garrybay [off]
 30.03.2024 / 12:56

+1

Sagbol jigim haladym ýetirip dur👍


Gytyndan
Aypipijik  (30.03.2024 / 12:57) 

Garrybay, sizem saolyn

 Gerekli
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!!
 30.03.2024 / 13:32

+1

Dogry❤

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 30.03.2024 / 18:15

+0

Söýgi beýindäki reaksiýalardan ybarat, boldy.)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика