Ýürekdeş sözler!
Şugün doglanlar
Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Excel programmasy barada giňişleýin maglumat
+4Microsoft Excel — bu sanly maglumatlary tertiplemek, hasaplamak, seljermek (analiz etmek) we görkezmek üçin döredilen dünýä belli elektron tablisa (spreadsheet) programmasydyr. Ol Microsoft kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr we häzirki wagtda bilim, işewürlik, maliýe, söwda, statistika hem-de gündelik ulanyş üçin giňden peýdalanylýar.
Excel programmasynyň esasy maksady — maglumatlary tablisa görnüşinde ýerleşdi... dowamy »
erkin1997 (Şugün, 22:05) Okaldy: 8 | Teswir:
Nowruzda ýagan ak garlar. 2 nji bölüm.
+3
Eýýam aradan hepde geçdi emma şol gapydan entäkde umytly habar ýok. Umytdan düşmedik Serdar bilen Jeren bolsa entäkde gapa seredip dur emma gün geçdigiçe olaryň içinden ýoldaşlarynyň özleri üçin eden agyr hyýanaty bolsa günden güne güýçlenýärdi. Gapynyň öňünde duranlaryna on gün diýende Serdar:
Siz aýrylyşmakçymy?
Aýrylyşyp bilerdim emma Derkaryň garry enesi bar meniň gitmegim oňa agyr täsir edermikä diýýän. A siz?
Hany b... dowamy »
Agza (Şugün, 17:48) Okaldy: 16 | Teswir:
Hyýaly söýgi
+2A gyz ýene seni göresim gelýär
Köçäňiden iki ýan ýöräsim gelýär
Agşamlaryna aý-ýyldyza seredip
Seni aý-ýyldyza deňäsim gelýär
Sen bolsa meni ýatdan çykaryp
Imodan oglan gözläp otyrsyň
Men duryn ýanyňda saňa delminip
Başga bir oglany gözlap otyrsyň
Başga oglan menden gowy bolupmy
Seni menden köp arzylan ýigit döräpmi
Ýadyňa sal ikimiz bile geçi bakypdyk
Tä uly gyz bolýançaň bile gezipdik
Men saňa köp ýagşylygy edipdim... dowamy »
Mishel (Şugün, 15:58) Okaldy: 17 | Teswir:
Köçämizden geçmediň
+4Saňa nämm boldy, nämm boldy
Köçämizden geçmediň
Tyrkyldap ýöremediň
Uzyn boýlaryň bilen
Köçäni bezemediň
Saňa nämm boldy, nämm boldy
Sen köçeden geçmediň
Apbakja elleriňi
Maňa galdyrmadyň
Salam diýip geçmediň
Saňa nämm boldy nämm boldy
Köçämizden geçmediň
Men garaşyp durdym
Seni görmekçi boldum
Arzuw etmekçi boldum
Saňa nämm boldy nämm boldy
Häli-şindi geçeňak
Köçämizi bezäňok
Men pahyry oýlaňok
Garaşýandyr diýeňak... dowamy »
Mishel (Şugün, 10:29) Okaldy: 25 | Teswir:
Ondan-Bundan.
+3Häzirki wagtda emeli aň (AI) dünýäsinde uly dawalar dowam edýär. Meşhur ýazyjylar we suratkeşler OpenAI (Gemini ýaly emeli aňlary döredýän uly kompaniýalaryň biri) we beýleki tehnologiýa gigantlaryny (äpet kompaniýalaryny) korta-kori "ogurlykda" aýyplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, emeli aň olaryň döreden eserlerini mugtuna öwrenip, soňra şolardan täze zatlar döredýär we bu hakyky sungat işgärleriniň girdejisini kesýär.... dowamy »
Fantom (Şugün, 09:05) Okaldy: 36 | Teswir:
Şu gün barada.
+723-nji fewral hakda nämeler bilýârsiňiz???
1.Watany goragçylarynyň güni
Öňki Sowet Birleşigine degişli bolan köp ýurtlarda (Russiýada, Belarusda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda) bu gün Watany goragçylarynyň güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Taryhy: Bu baýramçylyk 1918-nji ýylda Gyzyl Goşunlaryň Germaniýanyň goşunlaryna garşy ilkinji uly ýeňişleriniň hatyrasyna döredilipdir.
Häzirki ähmiýeti: Häzirki wagtda bu diňe bir... dowamy »
Huzur (Şugün, 06:06) Okaldy: 38 | Teswir:
Microsoft Word programmasy barada
+4Microsoft Word – dünýäde iň giňden ulanylýan tekst redaktory programmalarynyň biridir. Bu programma Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilip, ilkinji gezek 1983-nji ýylda ulanyşa berilýär. Şondan bäri Word programmasy yzygiderli kämilleşdirilip, häzirki wagtda okuw, iş, döwlet edaralary, biznes we şahsy maksatlar üçin möhüm gurala öwrüldi.
Microsoft Word esasan ýazgy taýýarlamak, resminama döretmek we tekst bilen işleme... dowamy »
erkin1997 (Düýn, 23:32) Okaldy: 22 | Teswir:
Goşgy.
+7Mazaryň başynda otyryn ümsüm,
Hol aňyrdan sesi gelýär garganyň,
Indi eýýäm uly adam bolsamam,
Duýman galdym gozüme ýaş aýlanym.
Bu ýerde goş basyp ýatyr tukatlyk,
Gara ýer astynda ýatyr ynsanlar,
Şowhun-galmagaldan juda uzakda,
Dynç alýar bu ýerde baka gidenler.
Her mazar astynda ýatyr bir dünyä,
Hersiniň ýetmedik arzuwy bardyr...
Kim bilýär,belki-de bu ýatanlaryň,
Öz islegi bilen gidenem bardyr???
Ululy-kiçili sans... dowamy »
афганка (Düýn, 23:13) Okaldy: 26 | Teswir:
Pikir et we şükür et!
+8Pikir et we şükür et!
Şükür etmegiň manysy: Dabanyňdan depäňe çenli Allanyň beren
nygmatlaryna çümüp oturan bolsaň, bu nygmatlary bereniň Alladygyny ýadyňdan
çykarmazlykdyr.
Siz Ýaradanyň beren nygmatlaryny sanap, soňuna ýetip bilmersiňiz: beden
saglygy, ýurt asudalygy, saçagyňda iýip-içgiň, süňňüňde egin örtgüň barlygy, dem
alara howa, ganara suw tapdyrýan bolsa, dünýäniň wajyp nygmaty seniň eliňde
eken, sen bolsa... dowamy »
Yunus (Düýn, 16:50) Okaldy: 44 | Teswir:
SÖÝÜŇ
+4SÖÝÜŇ
Söýüň,
Synsyn gaýgy-gussa omurlyp,
Tutaryk edinmäň altyn düýşleri.
Böwsüp söýüň bir-birekden ömürlik
Aýra saljak bolýan gara güýçleri.
Ýanan ýürek kömür deýin garalar,
Bu durmuşda aýra düşen utulýar.
Ýaýdanman söýüň siz,
Özge ýaralar,
Söýgüň ýarasyndan basym gutulýar.
Dyza çökmän söýüň,
Peselmän söýüň!
Söýüşiň siz bir-biregi örtemän.
Söýüň belent tutup mertebäňizi,
Söýgem ýokdur ýok ýerinde mertebäň.... dowamy »
Aixcam_nx (Düýn, 16:28) Okaldy: 20 | Teswir:
ULALDYM
+3ULALDYM
Şükür , ykbalymdan däl men närazy
Gumaksy ýollarda oýnap ulaldym.
Gülgün ysgap garşyladym her ýazy,
Bugdaýly düzleri boýlap ulaldym.
Saz boldy beýnime durlap guýanlam,
Bagşy boldy, şahyr boldy uýanlam.
Ulalsamam kökün çeýnäp buýanlaň,
Derde dermanlygyn duýman ulaldym.
Bolsam-da men on doganyň ulusy,
Gitmedim bölünip , küýsäp alysy,
Hoş söz aýtdym sylap ili-ulusy,
Adama ýaman söz diýmän ulaldym.
Depämdäki sansy... dowamy »
Aixcam_nx (Düýn, 16:23) Okaldy: 17 | Teswir:
Boş gitmek
+10Adam bary bir zadyň aladasynda. Her kimde bir hyýal, arzuw-isleg ,ýetilmeli menzil. Wagt bolsa öz çarhy-pelegini şol irginsiz aýlap otyr. Göwnümize bolmasa soňky döwür wagtam çalt geçýän ýaly. Garyplar baýamagyň ugrunda, baýlar hasda baýlyklaryny köpeltmegiň ugrunda. Kimler şady-horramlyk bilen döwran sürse, kimler tapany bilen mydar edýärler. Adamlaryň şeýtana we nebsine aldanýan ýeri öz arzuw-islegleriniň çäginiň ýoklug... dowamy »
Kapiro (Düýn, 09:37) Okaldy: 44 | Teswir:
Google vs Yandex
+4Salamaleykum hormatly agzalar malim bolsy yaly siz bu google bilen yandex barawzerlerin arasyndaky baslesiklerden habarlydalsiniz megerem google gemini doretdi 2022 yylda ise goyberen yylam 2023 yylda yandex barawzer 2022 yllda Alisany oylap tapdy Alise hem gemini yaly bot indi biz googleden name garasmaly yandex taxsy iymit naharhana myhmanhana we s.m durli munkincilikleri oylap tapdy A yone googlede yone otyrmady ha da... dowamy »
Anima (21.02.2026 / 19:56) Okaldy: 51 | Teswir:
Microsoft kompaniýasy barada
+5Microsoft – dünýäde iň uly we iň täsirli tehnologiýa kompaniýalarynyň biridir. Ol 1975-nji ýylda Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan döredilip, häzirki wagtda sanly dünýäniň ösüşinde möhüm rol oýnaýan kompaniýalaryň biri bolup durýar. Microsoft-yň esasy maksady – adamlaryň hem-de guramalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, tehnologiýa arkaly olaryň işini ýeňilleşdirmekdir.
Kompaniýa ilkinji ýyllarynda programma üpjünçiligi (s... dowamy »
erkin1997 (21.02.2026 / 16:19) Okaldy: 23 | Teswir:
GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
+8Diriligine gömülen gyz çagalar — adamzadyň ýüregindäki gara sahypa Taryhyň iň agyr, iň utandyryjy sahypalarynyň biri — dünýäniň käbir gadymy jemgyýetlerinde gyz bäbekleriň ýaşamaga hak berilmän, dünýä inen pursadyndan soň ýok edilmegi boldy. Bu diňe bir adaty zulum däl-de, ynsanyň merhemetini ýitiren pursadynyň nyşanydyr. Käbir jemgyýetlerde gyz çaga dünýä inse, öýüň bagty däl, öýüñ agyr ýüki hasap edilipdir. “Oglan — g... dowamy »
Mawy (21.02.2026 / 06:55) Okaldy: 64 | Teswir:
Asyryň garaňkylygy gelýär: 02.08.2027!
+62027-nji ýylyň 2-nji awgustynda bolup geçjek doly Gün tutulma hadysasy, takmynan 6 minut 23 sekunt dowam eder. Bu tebigy hadysa geljek 100 ýylyň iň dowamly tutulmasy bolar.
Ýüz ýylda bir gezek bolýan bu üýtgeşik asman hadysasyna astronomiýa janköýerleri häzirden uly tolgunma bilen garaşýarlar. 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak doly Gün tutulmasy, takmynan 6 minut 23 sekuntlap dowam etjek garaňky pursatlary sebäpli “... dowamy »
rexha (21.02.2026 / 06:53) Okaldy: 47 | Teswir:
Nipah wirusyna garşy täze sanjymyň kliniki barlagy başlaýar
+3Tokio uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan Nipah wirusyna garşy sanjymyň ilkinji kliniki synaglarynyň Belgiýa döwletinde geçiriler. “Nikkei” gazetiniň habar bermegine görä, bu gezekki barlaglar göni adamlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylar.
Maglumata görä, primatlarda geçirilen synaglaryň dowamynda sanjym doly derejede gorag täsirini görkezdi. Geljek ýylda alymlar synag işlerini Bangladeş Respublikasynda... dowamy »
rexha (21.02.2026 / 06:22) Okaldy: 21 | Teswir:
Duýguly setirler.
+5– Men üýtgemedim… Sen ýüz öwürdiň…
* * *
– Bu şäherde saňa garaşmadyk duralgam galmady, sen bolsa olaryň birinde hem durmadyň!
* * *
– Guýlup goýlan çaý ýaly saňa garaşdym, sowadym, köneldim we garaldym…
* * *
– Sen maňa parzdyň, men bolsa saňa sünnet. Men seni söýmäge borçludym, emma sen söýmeseň-de bolýardy…
* * *
– Eliň boşaşsa ýanyma aýlan, meni görmek üç... dowamy »
rexha (21.02.2026 / 06:11) Okaldy: 28 | Teswir:
Bagyşla!!!
+3Aşyk bolup saňa şu haty ýollap,
Ömrüm saňa dözenimi bagyşla,
Söýer, söýer diýip göwnümi aldap,
Şunça wagtlap gezenimi bagyşla.
Söýmedigem geçer, söýenem geçer,
Söýmek günä bolsa günämi geçir,
Başarsan baryny ýadyňdan öçür,
Seni soýen bu ýigidi bagyşla.
Goşgym saňa gowuşan-da, haçan-da,
Ýene görmän ýüzleý okap geçeňde,
Düşünmedik ýerleň duşsa içinde,
Pikirlermiň özenini bagyşla.
Ýaşlyk geçip gider etsekde heder,
Wagt he... dowamy »
rexha (21.02.2026 / 06:03) Okaldy: 14 | Teswir:
Gadyr gijesi haçan?!
+9Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda 18-nji fewralda mübarek Remezan aýy başlandy. Kalplarymyza aram, saçaklarymyza bereket getirýän bu 11 aýyň soltanynyň iň garaşylýan pursady bolsa, hiç şüphesiz, Gadyr gijesidir.
Dini çeşmelere we ýurdumyzyň 2026-njy ýyl üçin yglan edilen deslapky senenamasyna görä, Gadyr gijesi Remezan aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije hasaplanýar. Bu bolsa geljek ýyl 15-nji martdan 16-njy mar... dowamy »
rexha (21.02.2026 / 05:57) Okaldy: 39 | Teswir:
Jemi mowzuk: 1555
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta





