Ýürekdeş sözler!
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.0
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
31. 💖 Saňa duşmagym, ömrümdäki iň wajyp hadysalaryň biri.
32. 💖 Duşuşsaňyz, bagt-ýoluna gadam basmak üçin duşuşuň.
33. 💖 Eger siz är-aýal ýaly ýakyn bolsaňyz, gowy dostlarýaly her-zatdan gürrüň edýän bolsaňyz, çaga ýaly kikirdeşýän bolsaňyz, bir-biriňiz barada jigi-doganýaly alada edýän bolsaňyz, diýmek siz bir-biriňiz üçin ýaradylan.
34. 💖 Sen güýçlikäň, beýikkäň, gowylykda şa... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 Şugün, 02:32👁️ 6💬
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...+2
2.
Edÿän ÿagşylyklaryň wezipäň bolmasyn. Köp ÿagşylyk edilende käbir adamlar senden ýene șol ýagşylyga garaşýar. Sen hem ençe gezek edip, bir gezek etmeseň seni ÿigrenip başlarlar. Sebäbi käbir adamlar eden ýagşylygyňy seniň wezipäň hasaplaÿar. Bu ÿagdaÿda sen hem erbet bolup, "hökman etmelimi?" ÿa-da öz-özüňe "men borçlymaÿ" diýip pikir edersiň. Şonuň üçin ÿagşylyk et, emma wezipäň bolmasyn. Gereginden artyk etme.
3.
Ol... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 Düýn, 14:54👁️ 27💬
Ejeme0

75-i arka atyp, Sacyña gar ýagsa-da, Ýyllar ajap keşbiñ, Gasyn bilen bezesede. Meniñ üçin şol öñkije, Näme diýsem çekýän näzim, Gujagynda mähir doly Sowulmajak bahar ýazym, Ejemsiñ sen Mähribanym. Dilegim kän, uzak ýaşañ, Öz janyndan jan dözenim, Iñ ajaýyp arzuw bilen, Gutlaýaryn doglan günüñ! ....... dowamy →
👤 MG8📅 Düýn, 01:21👁️ 7💬
Zöhre ýyldyzy0

Klassyka girip giden Leýlidiñ, Men Mejnundym bakylyga öwürlen. Ýok biz hijisi-de däldik bularyñ, Men —aşykdym señ mähriñe höwrügen. Sen—magşukdyñ meñ mährime höwrügen, Ýaşdyk hemem bir mynasyp ýardyk biz. Biz durmuşa ýeñil garamyzokdyk, Bagtyñ manysyna düşünýärdik biz. Sebäbi sen asly daýhan gyzydyñ. Ýigiflere el ýetmez bir şahadyñ. Men daýhan ogludym, topragy düýnäp, Aslyşdym şol el ýetmez şahadan. Men... dowamy →
👤 MG8📅 Düýn, 00:13👁️ 8💬
Sözler+4
Oturan ÿeriňde hiç-haçan el gysyşyp salamlaşma. Arkaňda duran adamy gora, ÿanyňda duran adama hormat goÿ. Myhman bolan ÿeriňde nahary halamazlyk etme. Durmuş şeýle geñ... Iñ ýakynym diýip yörenleriňden alan ÿaralaryña ÿat adamlar derman bolÿar. Hemme kişi edÿän bolsa-da, Ÿalňyş asla dogry däldir... Söýgüňi aÿalyň bilen, Syrlaryňy bolsa ејеň bilen paýlaş! Käbir ynsanlary irden... Budilnigiň sesi... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 11.06.2026 / 17:12👁️ 28💬
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe+2
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...
Adamlara ýagşylyk etmek, olara peÿdaly zat etmek gowy zat. Ýöne pikirsiz edilen ÿagşylyklar, köplenç adamyň özüne zyÿan berÿär. Sebäbi hemme adam ýagşylygyň gadyryny bilip saňa minnetdarlyk bildirmez. Gaÿta, ýagşylyk etdigiňçe seni ejizräk adam hasaplarlar. "Ýagşylyk etseň ynsana, aýlanyp deper ýeňsäňe" sözi hem, degişme äheňinde bize șol hakykaty öwredýär. Eden ÿagşylygyň ý... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 11.06.2026 / 16:56👁️ 37💬
Ýyldyza öwrülen gyzjagaz /hekaýa+1

ÝYLDYZA ÖWRÜLEN GYZJAGAZ
Saçlary buýra-buýra, kirpijikleri uzynja, garaja gözli, çekgesi pökgüje, akja posalajyk bu gyzjagaz bir ýaşyny dolduranynda edil gurjaga çalym edýärdi. Çaga dogulanynda maşgalada nähili şadyýanlyk döreýän bolsa, bir ýaşanynda ondan hem köpräk guwanýarlar. Çaga hiç zady aňlamasa hem oňa sowgat berýärler, mähirli hoşamaý sözler aýdýarlar, ogşap-ogşap gutlaýarlar. Allatagaladan onuň üçin bag... dowamy →
👤 Saparow📅 10.06.2026 / 20:48👁️ 28💬
Durmuş romany+2

Durmuş romany.
Bu hupbatly durmuş romanyny beýan edip näçe ýazsañ ýazybermeli. Durmuş – durşuna baýlyk, ol baýlygy gazanmaga synanyşmaly. Durmuş — durşuna roman. Onuň sahypalary syrly sowallar, agyryly hakykatlar, gyzykly başdan geçirmeler, ýakymly ýatlamalar bilen ýazylýar. Söz sungatyna bolan söýgi ynsanyň kalbyna köplenç iň dury pursatlarda — tebigat bilen ýeke galyp, ýyldyzlaryň astynda sözleşen wagtlaryňda döräýä... dowamy →
👤 Gerceknazar📅 10.06.2026 / 18:07👁️ 17💬
JESET OGRUSY. 3-nji bölüm+1
[b]Oba barýançam müner ýaly Meret aga atlarynyň birini berdi. — Aty arçynyň öýünde goýaý,ertir oba barsam alyp gaýdaryn-diýip,Meret aga mele uýanyny elime tutdyrdy — Meret aga,näme bolsada gije tutlyga girmäň! Her zat bolmagy mümkin.Ynha meň telefon nomerimi belläp al.Birden bir üýtgeşme bolsa maňa jaň eder ýaly-diýip,Meret aga telefon nomerimi berdim.Onuň nomerini hem özüm belläp aldymda,hoşlaşyp,tutlygyň içindäki ýol... dowamy →
👤 афганка📅 10.06.2026 / 12:40👁️ 22💬
Ahwal+5
Saňa bolan söýgim, duýýansyň, belki,
Belki, görmezlige salýansyň senem.
Bu söýgim içimde gülledi, çünki,
Aýtmaga gurbatym, çatmady meňem.
Ahyrsoňy, sessiz söýgim seslendi.
Beýan etdim saňa, ýyllaň ahmyryn.
Bir pursatlyk dünýäm, duýga beslendi,
Pikriň duýmak, ajaýypdy a:hyryn.
Jogap berdiň maňa, sada - sypaýy,
Pikir etdim, duýgularmyz kybapdaş.
Men-ä düşünmedim, nämäň ahwaly —
Ne "bor" diýdiň, ne "ýok" diýdiň, klasdaş.... dowamy →
👤 MaD_B📅 03.06.2026 / 17:39👁️ 61💬
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap+5

Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL-JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
TAÝMAZ SEÝİDOW
1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri.
2. Ilkinji goşgyňyz nähili döredi we onuň döremegine nämeler itergi berdi?
2. Her bir... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 03.06.2026 / 14:04👁️ 64💬
Ýüregimiň Sözleri❤️+2
Ýüregimiň Sözleri
Ýönekeý bir duýgy däl bu söýgimiz,
Sözler bilen aýdyp bitirip bolmaz.
Uzyn ýollarda bir bolsa ykbalymyz,
Bu mukaddes bagty hiç zat soldurmaz.
Gözleriňde gördüm dünýäň nury deý,
Seniň barlygyňdyr ömrüme many.
Söýgi diýmek — diňe şatlyk däl ahyryn,
Paýlaşmakdyr bar bolan bu dünýäni.
Garaşmak hem sabyr etmek söýgidir,
Gursagyňda saklamakdyr wepany.
Ynam bilen gurulan bu bagtymyza,
Nesip etsin diňe süýj... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 02.06.2026 / 23:37👁️ 81💬
HÖWÜRSİZ GÖWÜN+9

Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe,
Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy.
Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe,
Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi.
Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň,
Didelerim kän zat aýtdy, aslynda.
Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege,
Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda.
Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba,
Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri.
Bagtsyz başym geçmişimde awara,
Arzuwlarym ýeriň düýbüne çökdi.
Gijeler soragma... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 31.05.2026 / 21:16👁️ 84💬
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap+8

EDEBİ SÖHBETDEŞLİK
Essalamu aleýküm Goçmyrat aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL - JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
GOÇMYRAT ORAZBERDİÝEW
1. Men Goçmyrat Orazberdiýew, ýazyň orruk ortarasynda (23-nji aprel) dünýä indim. Duýguçyl, kisesi ýaly ýüregi ýuka oglan.
2. Ilkinji goşgularyňyz haýsy gazetde ýa žurnalda çap bolupdy we näçinji ýylda?
2. Ilkinji goşgymyň 2... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 31.05.2026 / 13:26👁️ 97💬
Naýynsap+1
Naýynsap “Çynçy men” diýp, bulama sen ýüregi, Hiç kim “men aldawçy” diýmez özüne. Dört barmakdyr ikisiniň arasy, Özüň aňýansyň-da öz aýdan sözüň. Ataň aýtmaz diýme seniň kimligiň, Özüň bilmeý şeýtan ýatyr zandyňda. Meni oýnandyryn öýtme, eý, tüntaw, Müň hile, müň ala ýatyr “antyňda”. Bu namany “ýazsam” diýip ýazmadym, Adam baryn “çynçy men” diýip irizdiň. Ýöne şygyr bossanymda öňdenem az däl, ýene bir gö... dowamy →
👤 MaD_B📅 31.05.2026 / 08:58👁️ 51💬
Nobatguly Rejebowdan+5
Nobatguly, kim sen? Kim sen aslynda? Asmany ataşmy gursakdaky ot? Pýedestal bar dabanyñyñ astynda, A üstüñde haýkyryp dur eşafot! Nebir ýaşadyñ sen, nebir ýazdyñ sen, Nebir söndüñ, Ne-de alawlap ýandyñ. Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan — Ne dogulýar, Ne-de ölýär talantyñ! Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap, Gündizlerne kyldyñ şagal mesligin. Mansur Hallajy deý ölmäge gorkup Gursakda jaýladyñ betbagt masly... dowamy →
👤 MaD_B📅 31.05.2026 / 08:52👁️ 57💬
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺+9
Salam gadyrdanlar! Ine, ahyrsoňy biz ahallylaryň hem özbaşyna edebiýat birleşmesi bar. Menem bu gün ilkinji edebiýat birleşmämizde bolup geçenleri gyzyklanýanlara gysgaça beýan etmekçi.
Duşuşyga bellenen wagtdan ýarym sagat giç baranlygym az ýaly, erkin döredijilik mekanynyň dogry girişini tapmanam ep-esli eglendim. Umuman men islendik ýere baranymda dogry girişi tapsam boýnumdan medal asmaly. Dogry girişini tapýan iki sa... dowamy →
👤 Belki📅 31.05.2026 / 03:00👁️ 146💬
Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy+1
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi. Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.
Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden... dowamy →
👤 MaD_B📅 30.05.2026 / 10:19👁️ 47💬
God of War: Ghost of Sparta oýuny barada+2
PSP platformasynda çykan God of War: Ghost of Sparta oýny diňe bir söweş we action bilen däl, eýsem Kratosyň içki dünýäsi we geçmişi bilen hem tapawutlanýar. Bu oýun “God of War” seriýasyny halaýanlar üçin iň täsirli bölümleriň biri hasaplanýar. Oýnuň wakasy Kratosyň täze “God of War” bolanyndan soň başlanýar. Ol güýçli we ýeňilmesiz ýaly görünse-de, geçmişindäki garaňky ýatlamalar ony rahat goýmaýar. Her gije görýän düý... dowamy →
👤 erkin1997📅 29.05.2026 / 16:25👁️ 55💬
Гурбан байрамынз Мубарек болсун !+4
"Mähriban we eziz ýakynlarym! Sizi yslam äleminiň iň mukaddes baýramlaryndan biri bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu mübärek günlerde ýürekden eden ähli arzuw-niýetleriňiz, sabyr bilen garaşan doga-dilegleriňiz Allatagalanyň dergähinde iň gowy görnüşde kabul bolsun. Çalan gurbanlyklaryňyz öýüňize rysgal-bereket, kalbyňyza bolsa egsilmez huzur we rahatlyk getirsin. Goý, Allatagala maşgalaňyzy we ä... dowamy →
👤 Ейжежик📅 26.05.2026 / 23:30👁️ 55💬
Jemi: 1766 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta







