Ýürekdeş sözler!
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
JAŇ EDIŇ!0
Günde iñ bolmanda ýekeje gezek,
Beýniñizi ümsümlige sem ediñ.
Idäp, bar wagtynda, sylap, hormatlap
Käbäñizden habar tutup jañ ediñ.
Söýgüñizi diñe gyza gidirmän,
Mähiriñiz her bir zada deñ ediñ.
Ýok wagtynda aglap, eñräp, gynanman
Bar wagtynda, ýatlap ejä jañ ediñ.
Hatda, edil şuwagtam bir pille,
Hany, ähli pikiriñiz jem ediñ.
Ertir ýa-da bir sagat däl, şuwagt
Käbäñize, ejeñize jañ ediñ.
Mekan Ýagmyr
Çeşme:
"O... dowamy →
👤 Gulmahrem📅 Düýn, 22:02👁️ 5💬
Täze türkmenler köne taryhy musor guta zyňýarlar0

Taryhy öwrenmek ýa-da anyk hakykaty bilmek üçin Wasilij Ýanyň "Çingiz han" ýaly çeper romanlaryna ynamly çeşme hökmünde seredip bolmaz.
Muny subut edýän birnäçe möhüm sebäp bar:
1. Bu Taryh Kitaby Däl, Edebi Eser
Ýazyjy taryhy faktlary öwrenen hem bolsa, esasy maksady taryh ýazmak däl-de, gyzykly we dramatik roman döretmek bolupdyr. Çeper edebiýatda ýazyjynyň gahrymanlary götermäge, olary has ýigrenji ýa-da has akylly edi... dowamy →
👤 Mishel📅 Düýn, 21:11👁️ 6💬
Durmuş Sapaklary0
[i]Durmuş diýen kitap — her gün täzelenýär, Käte şatlyk bilen, käte gaýgy bilen. Ýöne düşün, ömür şeýle bir syrly, Ony ýaşap geçýär diňe söýgi bilen. Adamlaryň ýüreginde yz goýmak — hünär, Ýagşylyk et, sowap ýygna her ädimde. Kynçylykdan gorkma, çünki ol synag, Sabyr hem ýeňiş bar ýürek gadyrynda. Gülüp geçip bilmek — uly bir bagtly, Ýalňyşlaryň bolsa — sapak edinip. Öňe gitmek gerek, yza bakman hiç, Geljek... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 Düýn, 19:19👁️ 13💬
Paşmadyk hyýallar we paşmajak arzuwlar0

Türkmen jemgyýetinde kommunizme we sowet döwrüne bolan garaýyş birmeňzeş däl-de, örän çylşyrymly, köptaraply we garyşykdyr. Bu düşünje taryhy wakalara, nesilleriň tejribesine we häzirki zaman syýasy-medeni ýagdaýlara görä üýtgeýär.
Türkmenleriň kommunizme bolan garaýşyny birnäçe esasy döwre we ugurlara bölüp öwrenmek mümkindir:
1. Taryhy Garşylyk we Basmaçylyk Hereketi
Kommunizm Türkmenistana ilkinji gezek XX asyryň başyn... dowamy →
👤 Mishel📅 Düýn, 11:36👁️ 8💬
Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.+1
Mähri ekizleri gujagyna gysyp öz otagyna garşy gitdi
Ol çagalar bilen
guýmenip öz otagyndan öýläne çenli çykmady,ol olara guýmenip otyrka gaýyn enesi içeri girdi
- gelin diýýän-ä, Jemaljana ot ýaly gyzyp ýatyr men, jaň edýan welin oba doktormyz jaňyn alanok, bir işi çykyp daşaryk ukola puloka dagy telpunyn taşlap gidaýipdir öýtýän,men şoňa gidip geljek,we ondan aňyry daýy ugrymyz agşama sadaka aýtdy şoňa görnüp gijiräk ge... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 09:54👁️ 13💬
Hudaýsyzlar 3- nji bölümi.0
Mähri:
—hudaýsyz,beýtme,degme:- diýen sözi ýada düşýar,ýüzine urlan batly şarpygyň zarbyna ol özinden gitdi ...
Naçe sagat ýatany bilmedik Mähri özine gelende ,ýylgynyň ýüzine gaçan pürlerin aýryp ýuzune düşýan guniň şöhlesine seredip, bu kemsitmä çydam bilman, bagryn çägä berip ýer bagyrtlap aglady.Birden sesin goýyp
— Jemaaaaaaaal: - diýip ýylgynyň duýbinden baldyzna garşy emedekläp ugrady
Jemal bolsa özini bilman ýatyr... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 09:48👁️ 10💬
Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.+1
Mähri çekinip zordan hawa diýdi. Öýlän giçlik ýola çykansoňlar garaňky gatlyşyp barýardy.
Ýolda gelýarka sürji ýolyň ugryndaky ýylgynly oýyň garşysyndaky obalyga girip ýanyndaky ýigdiň bir işin bir minut bitirýänja garaşmaklarny haýyş etdi.Mähri münen maşyny taksi bolansoň gownüne hiç zat getirmedi.Ol arkaýyn Jemal bilen ondan mundan haýalrak mesasy gurruň edip otyrdy.Ol aýnajykdan özlerini synap otyran bu iki pälýamanyň... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 08:59👁️ 9💬
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!+2
Salam, gadyrdanlar! 20.06.2026-njy ýylda (ertir) sagat 12:00 we 13:00 aralygynda hemem 20:00 we 21:00 aralygynda "Owaz" radioýaýlymynda Mahym Nurgeldiýewanyň döredijilik söhbetdeşligi (meniň döredijilik söhbetdeşligim) ýaýlyma beriljekdir. Eger diňlemek isleseňiz...... dowamy →
👤 Belki📅 19.06.2026 / 18:15👁️ 108💬
Bagana telpekli adam+4
Erkek adamyň durmuşynda, tragiki ýagdaýlar bolup geçýär. Häzir maňa «Seniň ilkinji başyňa gelen tragediýa näme?» diýip sorasalar, säginmän » Sünnet edilen günim» diýip jogap bererdim. Owfff, inim tikenekledi häzirem. Mowzugy okap başlap, mowzuk erbet tarapa gidýändir diýip pikir edäýmäň. Her kimiň başynda bolýan zatlar bular, ine nesip bolsa ogul bäbejigiňizi gujagyňyza alarsyňyz, ene-ata bolarsyňyz, şonda siziňem başyňyz... dowamy →
👤 Bagana📅 18.06.2026 / 19:09👁️ 74💬
Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi+1
Men bu pajygaly wakany bir ýigdiň durmyşda maşgala durmyşynyň ýogyz kemsitmeleri esasynda, gurruň bermegi boýynça ýazdym. Durmyşda bolan waka we daşdan ýakyndan eşdilýän, gaýtalanýan waka ....Şajan uzyn boýly görmegeý ýigitdi. Gara saçlary maňlaýyna duşup duran ,özine gelşik beren şadyýan alçak ýigitdi Ol Mährini gullukdaşy toý edende görüp,ony ilki gören gununden aşyk bolyp, beýleki ýigitler ýaly gyzyň yzyndan kan y... dowamy →
👤 афганка📅 18.06.2026 / 12:00👁️ 31💬
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk0

Ýyldyzlar asmanyň ýüzüni gurşap alypdy, ýöne Jeýhunyň (Amuderýanyň) aňyrsyndan tüsse we ot sowuk gijäni ýyladýardy. Hwarazmşalar döwletiniň iň kyn, iň elhenç günleri başlanypdy. Gündogardan, asmandan inen belanyň özi gelýärdi: Çingiz han 500 000 esgerlik mega-goşun bilen bütin şäherleri tozan edip, sarsdyryp gelýärdi. Bu adaty bir basybalyş däldi. Mongollaryň öň hatarynda harby inženerler we strategiýa ýolbaşçylyk edýän,... dowamy →
👤 Mishel📅 18.06.2026 / 11:08👁️ 33💬
Ykbal Sazagy+1
Ykbal Sazagy Durmuş — synag, käte sowuk, käte ýaz, Agyr günem geçer, ömür birnäçe saz. Ynsan ýüreginde ynamyňy gor, Ýagşylyk et, gaýgy-gussa çekme az. Gözüň ýetmez ýyldyzlara bakma köp, Aýagyňy ýere basyp, ýaşalmyk. Hakykylyk — ýönekeýlik özünde, Mähir paýla, her gün ýylgyr, hemişe. Ýalňyşmasaň, bilmersiň sen dogryny, Sabyr bilen ýeňersiň sen agyry. Durmuşyň bar hakykaty şundan ybarat, Göwnüň päkse, ýo... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 17.06.2026 / 20:09👁️ 36💬
Dünye+2
DÜNÝE
Gözüň açyp gördüň dünýäň işini,
Ýagşy bilen saýgararsyň pișini.
Kimler çekýär zähmetiniň hözirin,
Kimler çeker ykbalynyň keşini.
Agyr gün-de geçer, ýagşy gün geçer,
Wagt diýeniň kerwen bolup tez geçer.
Asyl gymmat — ynsanlygy saklamak,
Ýagşylykdyr dünýeden soň galjak zat.
Göwün gysma, ömür bolar myhmançy,
Dünýe gezer her hili bar adamçy.
Töhmetden daş, dogry ýoldan ýanma sen,
Hak ýolunda dogry ýaşamak — ýeňiji!... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 17.06.2026 / 15:10👁️ 33💬
Maňa sabyr ber Allam!!!+4

[b]Agyr günler köp bolanda,
Gözlerime ýaş dolanda,
Ýagty günlerim solanda,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Ýalan sözler bagry dilse,
Ýakynlarym maňa gülse,
Gaýgy mende üstün gelse,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Ýagty günler ýene geler,
Şonda ýürek çyndan güler,
Kynçylyklar geçip gider,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Dost men diýen ýüz öwürse,
Eziz dogan ýüzbermese,
Hiç zat elimden gelmese,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Diňe saňa sygynýaryn,... dowamy →
👤 Zehin📅 17.06.2026 / 08:49👁️ 25💬
JESET OGRUSY. 7-nji bölüm+2
Bar umydymy úzdim dem almam barha gynlaşýar,
ömrümdäki soñky demleri alýan, ýekeje neresse çagamy görip bilmejegime haýpym gelyar, Ýakynlamy maşgalamy dostlamy hemmesine size juda soyyan diyip aydasym gelyar, göz öñimde diñe šolar.. bogulyp demi almam doly kesildi.....
Endamym titräp janym çykjak bolup urunýar... Şol pursat bir güpürti boldy. Aşakdaky agaçyñ üstine gaçyp, gapdala ýykyldym, soñra yene yzly yzyna güpürdiñ s... dowamy →
👤 афганка📅 16.06.2026 / 23:22👁️ 35💬
Goşgy_1+5
Saňa indi başga näme diýeýin. Barjak bolsam, keserip dur mertebäm,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Peýdasy ýok, indi özüň örtemäň,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Wah, düşen ýeriňde ýerläbileňok,
Gözýaşyň derdinden gürläbileňok...
Etmişleriň üçin gargabilemok,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Myhmanlyga çagyrýarsyň, oýun däl.
Ýöne öýüň myhman barjak öýüm däl.
Menem seni unutmaga boýun däl,
Saňa bu gün başga näme diýeýi... dowamy →
👤 афганка📅 16.06.2026 / 12:11👁️ 48💬
JESET OGRUSY. 6-nji bölüm+2
Jan agam tur indi. Agsam dašary azyrak cykmaly bu gezega 6 sapar dagy çykdyñ.
Indem hic turasyñ gelmani yatyr diyip guldi.
Nahilli bolday. Men hic dašary çykamoga. Maña nameler bolup başlady..
Nazar men bilen oýun ediba bilmeli däl. Aytyanlary cyn bolsa gerek. Indi men öz özimden gorkup başladym. Nazara hem hemme zady aytsam gowy boljak ýaly.
Ir bilen çaý çörek edindik. Soñra arçyna jañ geldi. Obada Mahym atly ýaşajyk gyz... dowamy →
👤 афганка📅 16.06.2026 / 12:07👁️ 30💬
JESET OGRUSY. 5-nji bölüm+2
Şeýdip Nahar iydik ondan mundan gümür ýamyr edildi. Men diñe howa:larny berip otyn..
pikirim bolsa Dãdebay Agada her name diyseñ hem shu Arçyn bar zady bilyan bolmaly. Garagul iki yere yetišmeza bir wagtda. Arçynyñ eli bar bolsa gerek... şu pikirler bilen peçiñ howruna meýmiräp uklap galypdyryn. ertesi irden Nazar ukudan oýardy. Arçynam çaýy taýyn edipdir. Çaý içip Mämmet agalara gideyli diyip gurruñ edip otyrkañ. Nazar m... dowamy →
👤 афганка📅 15.06.2026 / 23:22👁️ 18💬
ARZYLY GÜN+4

Arzyly gün
İlkinji duşuşyk,
Hoşlaşyk,
Hijran...
Ýer Günüň daşyndan aýlandy bir gez.
Bir melekdi gujagymda eljirän,
Ruhum hem bedenim unutmaz hergiz.
Biz Dünýäniň gijesinde tapyşdyk,
Ýalňyzlygyň gözlerine çöp atyp.
Düýşlermizde didarlaşdyk, öpüşdik,
Bagtam geläýmedi adymyz tutup.
Garaşmak ezýetli, lezzetli kesel,
Ölmez umyt tapdyk, wysal tapmadyk.
Gussaň girdabyna oklanda heser,
Arzuw hyýallardan şatlyk çöpledik.
Aýa... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 15.06.2026 / 23:05👁️ 28💬
Başsyz gurjaklar/ hekaýa+1

BAŞSYZ GURJAKLAR
Zenan näçe gündür göz ýumanokdy. Duz datmady. Göýä, naharlanmagy, ajyganynda nämedir bir zatlar iýmelidigini unudan ýalydy. Kyrk günden bäri ol diňe suw içýärdi. Ýuwdunyp-ýuwdunyp, leblerinden, boýnundan, göwsünden akdyryp, haşlap içýäni diňe suwdy. Gyzjagazy giden gününde, hatda onuň kiçijik, gara gana boýalan jesedini, şol zir-zibilleriň, kir mata-marlyklaryň, zibil üýşmekleriniň arasynda göreninde he... dowamy →
👤 Saparow📅 15.06.2026 / 20:06👁️ 35💬
Jemi: 1798 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta







