🎂 Şugün doglanlar

Muzukant (19)
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
Söwda ýollary (konkurs üçin)0
Türkmenistan dünýäniň köp sanly döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Aşakda bu ugurda esasy maglumatlary jemledim.
1. Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlary
Türkmenistan özüniň daşary söwda syýasatynda dürli sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Esasy hyzmatdaşlaryň sanawy şulardan ybarat:
•Golaýdaky goňşular: Hytaý, Türkiýe, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan.
•Ýewro... dowamy →
👤 Sahet📅 15.08.2026 / 15:21👁️ 7💬 1
Çyn dost, ýalan dost we sh,m-lar hakda soraglara jogaplar+4
Çyn dost nähili bolmaly?
- Ol señ kemçilikleriñi ýashyryn saklamaly, saña maslahatdyr öwüt-nesihat berip durmaly.
Ýalan dost barada näme diýersiñ?
- Ol seni her zat edip ýalñyshdyrjak bolar, soñam sesine bat berip "sen beýtmeli däldiñ!" diýip, aýbyñy ile ýaýar.
Birsydyrgyn, oñatlyk bilen ömür sürmek nämä bagly?
- Patyşa, molla-müftülere we hemishelik dostuña masgaralaýjy sözleri aýtmaly däl.
Eýsem, kime ýagshylyk etmel... dowamy →
👤 Admin📅 05.01.2024 / 17:12👁️ 346💬 8
Hudaýsyzlar 10-njy bölüm+1
Gapyny açyp seretse mekdep dosty Durdy gelipdir
— Oýýýý dost, sizäm gormek bar ekeni
- ölmede ýit diýleni dost, hany gir içerik
Şajan dosty bilen gadyrly salamlaşyp ony öýe saldy, oňa çaý çörek berip saçak ýazdy
Durdy
- başyňa duşen ähli ahwallary öýdäkilerden eştdim dost, bolmandyr özä welin eýesine gerek bolsa bendesi neýlesin diýipdirler.eýesi gerekländirdä dost, yzy ýarasyn, näme diýeli,
Şajan
- ilki jigim,soň ejem in... dowamy →
👤 rexha📅 03.08.2026 / 17:21👁️ 30💬 1
SEBÄP DIŇE UTАNÇ-HАÝADАMY?+3

EGRI ОTURYP, DОGRY SÖZLEŞSEK... “Edebiýat we Sungаt”, 27-nji аwgust, 1987 ýyl, 34-nji sаny-2587. SEBÄP DIŇE UTАNÇ-HАÝADАMY? Men bu hаbаrа ilki ynаnmаdym. Dоgry, ynаnаr ýalаm däldi. Bu bir аklа sygmаjаk zаt аhbetin. Ine diňläň. Sаkаrçäge etrаbynyň bir оbаsyndа gysgа wаgtyň dоwаmyndа çаgаly-çugаly bäş аýal, ýaş gelinleriňem ikisi hоjаlyklаryny, ärlerini, çаgаlаryny tаşlаp gidipdirler. Jemi ýedi аýal. Bu wаkа beýle... dowamy →
👤 dabir📅 05.08.2026 / 17:33👁️ 66💬 1
Ikilik, aýdymçylyk ukyby we ş.m. hakda kelam agyz+3

Dostum bir gezek, ikinji synpda okaýan wagtlarymyz aýdym sapagyndan ikilik aldy. Dogrusy, sesim-ä “bilbilgöýäňki” ýaly, heňi-mukamy eşidiş ukybymam, dünýä belli opera aýdymçysy Luççano Pawarottiňki mysaly bolandygy sebäpli, meniňem şu sapakdan gözüm ikilikden açylmazdy. Kädaýym, şol dersden okadýan, onuň ejesi aýtmyşlaýyn: “konserwatoriýany tükedip, şäherli saçy kesilen, akly arwahyňkydan azan, jilk-jilk ýelkildiklere ald... dowamy →
👤 dabir📅 04.08.2026 / 16:48👁️ 54💬 1
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar+3

Ýurdumuz ösdi. Hökümetimiz durmuşymyzyň ähli pudagynyna emeli aňy ornaşdyrmaly diýen karary kabul etdi. Şuňa jogap edip ýurdymyzyň bu karary amala aşyrmaly jogapkär edaralary daýhanlarymyzyň iş we ýaşaýyş şertini gowylandyrsalar daýhanlarymyz hökümetimizden razy bolardylar.
Özüm pagtaçylykda işleýänim üçin hemde pagtada ýokary hasyl almaga ymtylýanym üçin meniň hem bu ugurda hökümetimizden öz talabym bar.
Ilki bilen men p... dowamy →
👤 masterdollar📅 16.07.2026 / 11:48👁️ 269💬 7
Bagyt.0
Duşuşanmyz taryplamak gerek däl,
Tarypdan has gözel günlerdi olar.
İkimizi söýgi bilen gereklän-
Bagta ýetmek üçin münberdi olar.
Çemen bogup çep tarapyň adyndan,
Gursaga paý düşdi yşkyň odundan.
Yza galyp pasyllaryň badyndan,
Ukusyz geçirlen günlerdi olar.
Sekuntlara daňyp hepde-aýymy,
Hyýallaryň ýelek kimin gaýany.
Ýalançy dünýäni ýalan saýany-
Täk ikimiz üçin çynlardy olar.
Ýakyn bilip örtenmäni, köýmäni,
Unudardyk... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 28.07.2026 / 07:25👁️ 110💬 2
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.+5
Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim. Oñaryn men gözleriñi görmänem, Adym tutup gürlemegñi isledim. Men seni küýsedim gitarañ zaryn Sazlaryny diñläp ýatyp ga:lamda. Küýsedim sözlerim içime sygman, Setir bolup dogulanda galamda. Men seni küýsedim aýly gijeler, Aýsyz gijelerde beter küýsedim. Wah, yşkyñda buza dönsem kaýyl men, Alawyñda tütün bolup köýsedim... Küýsegim sen bolduñ tomusda, güýzde, Pikirlermi eý... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 25.07.2026 / 07:30👁️ 107💬 2
Hudaýsyzlar 9-njy bölüm+2
Şeýdip baýdak ýaly gelin elden gitdi.
Şajan Mähriň aşyn suwyn bir kemsiz berip , sowdy
Öý boşap galdy. Mähriň aýal dogany ekizjeleri öz ýanynda äkedeýin, goý olar bizde ulansyn, seniň işiň ýatymlyk bolansoň, bulara kim göz gulak bolsun
Soň hem Şajan, ýaman gorme welin jigimjanymyň ojagy boş durmasyn birin tapda öýlen
- Ýok,Senem gelneje men entek öýlenmek barada pikir etmedim,Mähriň guburynyň gumy solmanka öýe uzyn etekli... dowamy →
👤 rexha📅 21.07.2026 / 15:12👁️ 85💬 1
Bu dogry emma bu aldaw.0
Bu dogry emma bu aldaw.
Bir wakany aýdaýyn. Bir garyp adam baý-goňşusunyň üsdüne 1 tylla karz almaga barýar we ol baý-goňşusuna "Maňa 1 tylla ber, inniki aý saňa 2 tylla edip gaýtaryp bereýin!?" diýýär. Baý razylaşýar we "Bar hol keçäniň aşagynda 1 tylla bardyr, şony alda ötägit" diýeninden garyp-adam baryp tyllany alýar we taňryýalkasyn aýdyp öýden çykjak bolanynda baý-goňşy ony saklap "Goňşy! Inniki aý 2 tylla bermek s... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 15.07.2026 / 20:44👁️ 94💬 1
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.+9
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Bilşimiz ýaly halkymyzyň arasynda "Dirini sylasaň baý bolarsyň, merhumy sylasaň beg bolarsyň" diýilen nakyl bar. Emma merhumy nähili sylamaly!? Obadyr-şäherlerimizden uzak bolmadyk ýerlerde gonamçylyklar bar. Biz hem uzak ýollara awtobuslarda, awtoulaglarda gidenimizde, şol gonamçylyklaryň deň-gapdallaryndan geçýäris. Geçenimizde, köp adamlaryň "Omyn(töwüre)" meňzeş hereketlerini görýäris. Dog... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 15.07.2026 / 21:27👁️ 190💬 6
Sen diňe umyt et uýam, umyt et!+12
Düýşleriň agramy bilen açylmagy kyn bolan gözlerimi yene bir täze güne açdym,… “şu gün bir gijä galman, awtobusa ýetişerin” diyip umyt etdim… hemişeki endigie görä, ilki bilen balkonyň gapysyny açdym we tämiz howadan öýkenimi doldurdym… öýden çykanymda, täze dogan günün ilkinji şöhleleri yüzümi sypady. Çalasynlyk bilen duralga tarap ýörap ugradym. Yzy üzülmän geçyän maşynlaryň arasyndan ýoly kesip geçäymek hyllallady.
M... dowamy →
👤 Basmacy📅 13.07.2026 / 22:04👁️ 209💬 6
Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.+2
— ol nähili syr, aýt hany eştdeýin
Ol barmana şepegat uýasynyň nasagy gepletmaň çykyň ýandan çykyň ,çykyň diýensoň Şajan ýerinden turdy
Halys ysgyny bolmadyk Mähri eli bilen onyň elinden mäkäm tutdy we
- çagalaryma gowy seret, hor homsy etme,haýyş hemde talap senden, meni razy etjek bolsaň olary saňa goýýan, olaryň senden başga hiç hili hossary ýok
- Mähri beýdiýmesene ezizim, sagalarsyň, oňat bolarsyň,nesip bols, olara ö... dowamy →
👤 rexha📅 10.07.2026 / 11:18👁️ 116💬 2
Täze biznes plan0

Adam gahary gelen wagty çem gelen zady aýdyberýär. Häzirje şu hili boldy. Bir uklap turanymdan soň iki sagat mundan ozal ýazan zatlarymy öçürip şu okap otyran täze teksti size hödürleýärin. Bir aý mundan ozal gowyja biznes planym bardy.
Ýöne garaşylmadyk ýagdaý bu biznes plany puja çykardy. Sebäbi biz tarapda elektrik togy düýübünden peselip galdy. Gündizine zordan ýüz wolta ýetýär. Meniň ýola goýmaly biznesim üçin bolsa... dowamy →
👤 masterdollar📅 12.07.2026 / 16:03👁️ 112💬 2
Oratdy şahyr / hekaýa+2

Oratdy aganyň öte çagaçyllygyndan gaýry ýene-de bir köre-kör yşgy, ol goşgynyň, şahyrçylygyňam barypýatan janköýeridi. “Hatybyň kalby hytabynda (Wagyzçynyň ýüregi wagzynda)” diýilýär. Bilemok, başga ýazyjy-şahyrlaryňkyňa-ha nähilidigini. Belki, olaryňam köňli öz ýazanlaryndadyr. Belki, däldir. Ýöne, “uly söze toba” welin, anyk bilýän, Oratdy aganyň-a çaga göwni öz ýazanlaryna boýa-bitin siňendi. Olar bigäne göz-gulak üç... dowamy →
👤 dabir📅 11.07.2026 / 09:22👁️ 114💬 2
Durmuşum.+1
Gündizki iş wagtymda kakamyn dostunyň öýünde garawul bolup işleýärin. Ýanymda bolsa maýyplygy sebäpli ýöremegi kyn bolan dostum Aman bar. Ikimiz garawulhanada oturyp, gürrüňleşip otyrys. Men telefonda "Yurekdesh.ru" saýtynda özümiň gowy görýän gyzym Mähri bilen hatlaşýaryn. Men: (Gynanyp) Ýene ýazdym, ýöne ol ýene-de sowuk jogap berdi, Aman. Mähri meniň söýgimi duýanok, ýa-da duýmazlyga salýar. Men: (Gynanyp) Ýene ýaz... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 09.07.2026 / 21:05👁️ 125💬 2
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7+4
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7
71. Şuwagtky güýçlilerden, biziň at-babalarymyz birnäçe esse güýçli bolupdurlar.
72. Wenera planeta, gün ulgamyndaky, sagat dilininiň ugruna aýlanýan ýeke-täk planeta.
74. Mör-möjekleriň gözleriniň gabaklary ýok. Olaryň gözleri hemişe açyk.
75. Eger nahardan soň, bir stakan suw içsek, onda agyzdaky kislotalylyk 61% azalar.
76. Ustritsalar(iýilýän deňiz molýuskalary) öz isleglerin... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 06.07.2026 / 17:41👁️ 114💬 1
Gyrrygyz'ymyz+1
Saýtdaş uzak ýaşa elmydama gülüp gez 😆 ýörän ýoluň ýagty arzuwlaryn hasyl bolsun yenede köp köp yaşa 😁😁 gepi ulaldyo otyrjak dal kan suyji suyji sözler diyip bilemok saytda 102 yaş diyya welin ýene pygamber ýaşyny ýaşa 🥳 с днёи рождения, yene bir gezek💖💖💖... dowamy →
👤 Minigim📅 05.07.2026 / 03:21👁️ 145💬 8
Ýagşylyk+1
Ýagşylygyň bilýän,bilmeýän bardyr.
Gadrymy bilmeýäni ünsden düşürgin.
Kimler senden bizar gör kimler zardyr!
Adamlary saygarmany başaryň.
Ünüs ber wagtyň kime sarp etýäniňi
Ol seniň ynamyň ödäp bilermi?
Seniň etjek bolýan kömekleriňi
Dogry düşünip dogry kabul edermi
Saňa ynam etmän ýüzün sowanlar
Ertir ýagşy günde saňa gerekmi?
Olar senin ýüzüň ýere salarlar
Bular namart hemde gara yürekli.... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 06.07.2026 / 09:22👁️ 72💬 1
Kän garaşdyñmy?+4
Awça aldyrmadyk awumy awlan,
Göwün guşlaryma kän garaşdyñmy? Lukmanlar añlamaz derdimi añlan, Ile goşularma kän garaşdyñmy?
Basan yzlarymy etdiñmi togap,
Azar bermedimi ýüregiñ sowap?
Bilýän, saña özüm iñ gowy sowgat,
Elim boş gelerme kän garaşdyñmy?
Şar gara saçlaryñ yşgyñ saýasy,
Eý, aşyk ömrümiñ hamyrmaýasy!
Şatlygymyñ, hesretimiñ eýesi,
Ýürek joşlaryma kän garaşdyñmy?
Mähriban tebigat göwnüñe garap,
Gülgün ýañaklaryñ... dowamy →
👤 rexha📅 05.07.2026 / 10:11👁️ 74💬 2
Jemi: 1633 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta






