Ýürekdeş sözler!
Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi
Şygyryýet dünýäsi
Ykbal Sazagy+1
Ykbal Sazagy Durmuş — synag, käte sowuk, käte ýaz, Agyr günem geçer, ömür birnäçe saz. Ynsan ýüreginde ynamyňy gor, Ýagşylyk et, gaýgy-gussa çekme az. Gözüň ýetmez ýyldyzlara bakma köp, Aýagyňy ýere basyp, ýaşalmyk. Hakykylyk — ýönekeýlik özünde, Mähir paýla, her gün ýylgyr, hemişe. Ýalňyşmasaň, bilmersiň sen dogryny, Sabyr bilen ýeňersiň sen agyry. Durmuşyň bar hakykaty şundan ybarat, Göwnüň päkse, ýo...dowamy...
Aixcam_nx (17.06.2026 / 20:09) okaldy (35) teswirler (1)
Goşgy_1+5
Saňa indi başga näme diýeýin. Barjak bolsam, keserip dur mertebäm,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Peýdasy ýok, indi özüň örtemäň,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Wah, düşen ýeriňde ýerläbileňok,
Gözýaşyň derdinden gürläbileňok...
Etmişleriň üçin gargabilemok,
Saňa bu gün başga näme diýeýin?!
Myhmanlyga çagyrýarsyň, oýun däl.
Ýöne öýüň myhman barjak öýüm däl.
Menem seni unutmaga boýun däl,
Saňa bu gün başga näme diýeýi...dowamy...
афганка (16.06.2026 / 12:11) okaldy (47) teswirler (3)
ARZYLY GÜN+4
Arzyly gün
İlkinji duşuşyk,
Hoşlaşyk,
Hijran...
Ýer Günüň daşyndan aýlandy bir gez.
Bir melekdi gujagymda eljirän,
Ruhum hem bedenim unutmaz hergiz.
Biz Dünýäniň gijesinde tapyşdyk,
Ýalňyzlygyň gözlerine çöp atyp.
Düýşlermizde didarlaşdyk, öpüşdik,
Bagtam geläýmedi adymyz tutup.
Garaşmak ezýetli, lezzetli kesel,
Ölmez umyt tapdyk, wysal tapmadyk.
Gussaň girdabyna oklanda heser,
Arzuw hyýallardan şatlyk çöpledik.
Aýa...dowamy...
Arzyly gün
İlkinji duşuşyk,
Hoşlaşyk,
Hijran...
Ýer Günüň daşyndan aýlandy bir gez.
Bir melekdi gujagymda eljirän,
Ruhum hem bedenim unutmaz hergiz.
Biz Dünýäniň gijesinde tapyşdyk,
Ýalňyzlygyň gözlerine çöp atyp.
Düýşlermizde didarlaşdyk, öpüşdik,
Bagtam geläýmedi adymyz tutup.
Garaşmak ezýetli, lezzetli kesel,
Ölmez umyt tapdyk, wysal tapmadyk.
Gussaň girdabyna oklanda heser,
Arzuw hyýallardan şatlyk çöpledik.
Aýa...dowamy...Hyyalbent (15.06.2026 / 23:05) okaldy (24) teswirler (1)
Durmuş ýoly+1
DURMUŞ ÝOLY
Ýollaryň ugrundan sowaýma ýöne,
Hakyky sözleriň ýeri bar welin.
Aýralyk agyrdyr, gowuşmak gysga,
Ynsan ömri ýaly sowulýar ýeliň.
Ýönekeýje ýaşap, göwünleri aç,
Ýalançy dünýäniň hyrydary az.
Hakykata guwan, ýagşylyga teşne,
Ýürekde näme bar, şol bolar miras.
Göwnüňe degenler bolupdyr bizar,
Sabyr – adamyň iň gymmat baýlygy.
Dünýäniň işleri synagdan ybarat,
Hakyky dost bolsa – durmuşyň paýy....dowamy...
Aixcam_nx (15.06.2026 / 14:51) okaldy (19) teswirler (0)
Ömür ýoly+0
Ömür Ýoly
Sada ýaşa, sada gezgin dünýäde,
Ýüregiňe gussa bergin az-kem.
Dine ýagşylyk et ähli bendäge,
Mähirden döräpdir ynsan diýen zat.
Garaşýar ykbalyň her bir gününe,
Ynsanyň paýyna düşen bu ömür.
Baky zat ýok, barha ýakyn – düýşüne,
Ýyllar yzyndan gelýär şybyrdap.
Arzuwlar ynsan bilen ýaşasyn,
Pikirleriň päk bolsun her pursat.
Bagt – ýönekeý ýagşylykda ýaşyran,
Sada ýaşap, ömri etmekdir lezzet....dowamy...
Aixcam_nx (15.06.2026 / 14:28) okaldy (14) teswirler (0)
Ejeme+0
75-i arka atyp, Sacyña gar ýagsa-da, Ýyllar ajap keşbiñ, Gasyn bilen bezesede. Meniñ üçin şol öñkije, Näme diýsem çekýän näzim, Gujagynda mähir doly Sowulmajak bahar ýazym, Ejemsiñ sen Mähribanym. Dilegim kän, uzak ýaşañ, Öz janyndan jan dözenim, Iñ ajaýyp arzuw bilen, Gutlaýaryn doglan günüñ! .......dowamy...
75-i arka atyp, Sacyña gar ýagsa-da, Ýyllar ajap keşbiñ, Gasyn bilen bezesede. Meniñ üçin şol öñkije, Näme diýsem çekýän näzim, Gujagynda mähir doly Sowulmajak bahar ýazym, Ejemsiñ sen Mähribanym. Dilegim kän, uzak ýaşañ, Öz janyndan jan dözenim, Iñ ajaýyp arzuw bilen, Gutlaýaryn doglan günüñ! .......dowamy...MG8 (12.06.2026 / 01:21) okaldy (27) teswirler (0)
Zöhre ýyldyzy+0
Klassyka girip giden Leýlidiñ, Men Mejnundym bakylyga öwürlen. Ýok biz hijisi-de däldik bularyñ, Men —aşykdym señ mähriñe höwrügen. Sen—magşukdyñ meñ mährime höwrügen, Ýaşdyk hemem bir mynasyp ýardyk biz. Biz durmuşa ýeñil garamyzokdyk, Bagtyñ manysyna düşünýärdik biz. Sebäbi sen asly daýhan gyzydyñ. Ýigiflere el ýetmez bir şahadyñ. Men daýhan ogludym, topragy düýnäp, Aslyşdym şol el ýetmez şahadan. Men...dowamy...
Klassyka girip giden Leýlidiñ, Men Mejnundym bakylyga öwürlen. Ýok biz hijisi-de däldik bularyñ, Men —aşykdym señ mähriñe höwrügen. Sen—magşukdyñ meñ mährime höwrügen, Ýaşdyk hemem bir mynasyp ýardyk biz. Biz durmuşa ýeñil garamyzokdyk, Bagtyñ manysyna düşünýärdik biz. Sebäbi sen asly daýhan gyzydyñ. Ýigiflere el ýetmez bir şahadyñ. Men daýhan ogludym, topragy düýnäp, Aslyşdym şol el ýetmez şahadan. Men...dowamy...MG8 (12.06.2026 / 00:13) okaldy (23) teswirler (0)
Ahwal+5
Saňa bolan söýgim, duýýansyň, belki,
Belki, görmezlige salýansyň senem.
Bu söýgim içimde gülledi, çünki,
Aýtmaga gurbatym, çatmady meňem.
Ahyrsoňy, sessiz söýgim seslendi.
Beýan etdim saňa, ýyllaň ahmyryn.
Bir pursatlyk dünýäm, duýga beslendi,
Pikriň duýmak, ajaýypdy a:hyryn.
Jogap berdiň maňa, sada - sypaýy,
Pikir etdim, duýgularmyz kybapdaş.
Men-ä düşünmedim, nämäň ahwaly —
Ne "bor" diýdiň, ne "ýok" diýdiň, klasdaş....dowamy...
MaD_B (03.06.2026 / 17:39) okaldy (69) teswirler (2)
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap+6
Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL-JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
TAÝMAZ SEÝİDOW
1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri.
2. Ilkinji goşgyňyz nähili döredi we onuň döremegine nämeler itergi berdi?
2. Her bir...dowamy...
Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL-JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
TAÝMAZ SEÝİDOW
1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri.
2. Ilkinji goşgyňyz nähili döredi we onuň döremegine nämeler itergi berdi?
2. Her bir...dowamy...Hyyalbent (03.06.2026 / 14:04) okaldy (76) teswirler (2)
Ýüregimiň Sözleri❤️+3
Ýüregimiň Sözleri
Ýönekeý bir duýgy däl bu söýgimiz,
Sözler bilen aýdyp bitirip bolmaz.
Uzyn ýollarda bir bolsa ykbalymyz,
Bu mukaddes bagty hiç zat soldurmaz.
Gözleriňde gördüm dünýäň nury deý,
Seniň barlygyňdyr ömrüme many.
Söýgi diýmek — diňe şatlyk däl ahyryn,
Paýlaşmakdyr bar bolan bu dünýäni.
Garaşmak hem sabyr etmek söýgidir,
Gursagyňda saklamakdyr wepany.
Ynam bilen gurulan bu bagtymyza,
Nesip etsin diňe süýj...dowamy...
Aixcam_nx (02.06.2026 / 23:37) okaldy (102) teswirler (7)
HÖWÜRSİZ GÖWÜN+10
Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe,
Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy.
Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe,
Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi.
Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň,
Didelerim kän zat aýtdy, aslynda.
Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege,
Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda.
Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba,
Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri.
Bagtsyz başym geçmişimde awara,
Arzuwlarym ýeriň düýbüne çökdi.
Gijeler soragma...dowamy...
Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe,
Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy.
Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe,
Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi.
Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň,
Didelerim kän zat aýtdy, aslynda.
Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege,
Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda.
Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba,
Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri.
Bagtsyz başym geçmişimde awara,
Arzuwlarym ýeriň düýbüne çökdi.
Gijeler soragma...dowamy...Hyyalbent (31.05.2026 / 21:16) okaldy (99) teswirler (5)
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap+9
EDEBİ SÖHBETDEŞLİK
Essalamu aleýküm Goçmyrat aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL - JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
GOÇMYRAT ORAZBERDİÝEW
1. Men Goçmyrat Orazberdiýew, ýazyň orruk ortarasynda (23-nji aprel) dünýä indim. Duýguçyl, kisesi ýaly ýüregi ýuka oglan.
2. Ilkinji goşgularyňyz haýsy gazetde ýa žurnalda çap bolupdy we näçinji ýylda?
2. Ilkinji goşgymyň 2...dowamy...
EDEBİ SÖHBETDEŞLİK
Essalamu aleýküm Goçmyrat aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL - JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?
GOÇMYRAT ORAZBERDİÝEW
1. Men Goçmyrat Orazberdiýew, ýazyň orruk ortarasynda (23-nji aprel) dünýä indim. Duýguçyl, kisesi ýaly ýüregi ýuka oglan.
2. Ilkinji goşgularyňyz haýsy gazetde ýa žurnalda çap bolupdy we näçinji ýylda?
2. Ilkinji goşgymyň 2...dowamy...Hyyalbent (31.05.2026 / 13:26) okaldy (110) teswirler (5)
Naýynsap+1
Naýynsap “Çynçy men” diýp, bulama sen ýüregi, Hiç kim “men aldawçy” diýmez özüne. Dört barmakdyr ikisiniň arasy, Özüň aňýansyň-da öz aýdan sözüň. Ataň aýtmaz diýme seniň kimligiň, Özüň bilmeý şeýtan ýatyr zandyňda. Meni oýnandyryn öýtme, eý, tüntaw, Müň hile, müň ala ýatyr “antyňda”. Bu namany “ýazsam” diýip ýazmadym, Adam baryn “çynçy men” diýip irizdiň. Ýöne şygyr bossanymda öňdenem az däl, ýene bir gö...dowamy...
MaD_B (31.05.2026 / 08:58) okaldy (73) teswirler (2)
Nobatguly Rejebowdan+5
Nobatguly, kim sen? Kim sen aslynda? Asmany ataşmy gursakdaky ot? Pýedestal bar dabanyñyñ astynda, A üstüñde haýkyryp dur eşafot! Nebir ýaşadyñ sen, nebir ýazdyñ sen, Nebir söndüñ, Ne-de alawlap ýandyñ. Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan — Ne dogulýar, Ne-de ölýär talantyñ! Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap, Gündizlerne kyldyñ şagal mesligin. Mansur Hallajy deý ölmäge gorkup Gursakda jaýladyñ betbagt masly...dowamy...
MaD_B (31.05.2026 / 08:52) okaldy (65) teswirler (3)
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺+10
Salam gadyrdanlar! Ine, ahyrsoňy biz ahallylaryň hem özbaşyna edebiýat birleşmesi bar. Menem bu gün ilkinji edebiýat birleşmämizde bolup geçenleri gyzyklanýanlara gysgaça beýan etmekçi.
Duşuşyga bellenen wagtdan ýarym sagat giç baranlygym az ýaly, erkin döredijilik mekanynyň dogry girişini tapmanam ep-esli eglendim. Umuman men islendik ýere baranymda dogry girişi tapsam boýnumdan medal asmaly. Dogry girişini tapýan iki sa...dowamy...
Belki (31.05.2026 / 03:00) okaldy (156) teswirler (5)
Çäre bamy?+5
Ykbalyň öňünde ejizläp dursaň,
Söýgi ummanyna gark bolup dursaň,
Özüňden, özgeden jogap gözleseň,
Bu dertlere aýtmaga çäre bamy?
Gijeler ukusyz, gündizler bimaza,
Hasratymyz deňdir gyş bilen ýaza,
Taryny çalmasaň gelmeýän saza,
Sessiz aglamaga çäre bamy?
Gözleriň ýaşyndan deryalar dolsa,
Söýen gülüm diýeniň saralyp solsa,
Aýralyk saýasy başyňa gonsa,
Pelek oýunlaryna çäre bamy?...dowamy...
Vector_Pro (11.05.2026 / 07:05) okaldy (65) teswirler (5)
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)+5
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)
Hanha, Aýnabat ýeriň gaýmagyn bozman ýöräp gelýär. Egnindäki ýaşyl köýnegi oňa hasam gowy gelişýär. Şatlyk hasam onuň iki tarapyna örülip göýberilen garaja saçlaryny halaýardy. Aýnabat Şatlygyň ýanyna barha golaýlaýardy. Şatlyk aljyrady. Onuň ýanyna baryp kalbyndaky duýgularyny aýtmak isledi, ýöne nädip aýtmaly? Ol Aýnabadyň her bir hereketini sypdyrman synlaýardy. Onuň daşyndan bolup durşun...dowamy...
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)
Hanha, Aýnabat ýeriň gaýmagyn bozman ýöräp gelýär. Egnindäki ýaşyl köýnegi oňa hasam gowy gelişýär. Şatlyk hasam onuň iki tarapyna örülip göýberilen garaja saçlaryny halaýardy. Aýnabat Şatlygyň ýanyna barha golaýlaýardy. Şatlyk aljyrady. Onuň ýanyna baryp kalbyndaky duýgularyny aýtmak isledi, ýöne nädip aýtmaly? Ol Aýnabadyň her bir hereketini sypdyrman synlaýardy. Onuň daşyndan bolup durşun...dowamy...Gerceknazar (05.05.2026 / 18:58) okaldy (90) teswirler (3)
Söýgümiziň synagy+9
Dawalaşyp aramyzdaky inçe duýgunyň näzik tarlaryny üzendigime heniz ýarym günem geçmändigine garamazdan sesiňi küýsedim. Mundan öňki "nokat goýuşlarymyzda" asla küýsemegime gezek bermän, sanaýmalyja sagatlaryň içinde idärdiň. Häzir bolsa gijäniň bir wagty böwrümi diňläp otyryn.
Göwnüňi bu gezek yza dolanardan has öte gyýaýdymmykam? Senem meniň ýaly gijäniň sessizliginde beýniňdäki soraglar bilen ikiçäk galyp, kalbyňdaky...dowamy...
Belki (28.04.2026 / 13:40) okaldy (177) teswirler (11)
Eý, Dünýe..!+5
Eý dünýe, arzym bar, eşitseň zarymy.
Bu zaman, niçiksi zamana boldy.
Bir dula düýrlediň, erkek namyny,
Lolylaryň ady, äleme doldy.
Erkek sypatlylar läle kakýarlar,
Zenan bary, gije köçä döküldi.
Her gije, birini höwür tutýarlar,
Bu zaman, niçiksi zamana boldy.
Gornüşine seredip, gyz diýip bolmaz.
Binika gatnaşyk, gurbany boldy.
Garry, juwan diýmez, rehmi inmez
Bu zaman, niçiksi zamana boldy.
Bet iş kylmak, indi, döndi...dowamy...
MaD_B (25.04.2026 / 02:28) okaldy (70) teswirler (2)
Heser+2
HESER
«Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän»
Atamyrat Atabaýew
Joşubrak ýaşadym, gijiräk söýdüm,
Örtenäýdim öýdýän yşkyň iňrigne.
Elbetde, bu zatlar bir taraply däl,
Her niçigem bolsa meniň kimligme
Ýa-da armanyňa alnyň deginçä,
Başy boş umydym gezer gusully.
Bir töwra, haýakeş duýga ten berip,
Men bu meselede boldum usully.
Otagymyň günbatarna gysylyp,
Durmuşyň ýadyndan çykaýjak bolýan.
Utanjym zemine girip başlady,
Ama...dowamy...
yurekdesh (23.04.2026 / 11:54) okaldy (62) teswirler (0)
Jemi: 501
Soňky teswirler
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk
Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...