“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Alladdin : Sen birazajyk güýçlenmeseň,Durmush aňsatlaşmaz. #alladin

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Men uçmak isledim...+3
Men uçmak isledim, Onda-da neneň?! Arkamda asmany göterip mäkäm. Bolmady... (Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär). Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm, Oýlamadym - gereksizmi, gerekli? Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar, Soñ, özüme täze asman döretdim. Emma jinnek ýalam peýda görmedim, Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa. (Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar Serhoş bolup, özün asfalta urýar). Besdir indi,...dowamy...
soyyguli yaryma+2
Nameden baslajagym bilemok yene, Taryp etjek bolyan bolonok yene, Elime gelem dal alyan rucgany, Sana yazjak bolup jana soygulim. Soyan seni soyjek ozga seretman, Adyn yazdym yuregime nur edip, Indi basgan adyn yazyp bilmerin Cunki sen menkisin jana soygulim....dowamy...
Garaz...+3
Sensizlikde her sekundym asyrka Neneň dözýäñ aýralyga, asyl-ha? Her bir söziň ýüregimden asylsa Belki-de bilýänsiň belki bileňok Gowy däl ýagdaýym , Aldap bilemok Kalpdan çyksa duýgularyñ tebigy Wagt bolmaz ähli ýarañ tebibi Sensiz bolsam "şowsuzlygyñ garyby" Belki-de bilýänsiň belki bileňok Gowy däl ýagdaýym Aldap bilemok. Ýasamadan has ýasama gülkileñ eýesikäm, şolam ýarar, gör, kime Öwrülmeseň şor maňlaýmyň görküne B...dowamy...
Şahyra+4
ŞAHYRA. Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar. Şahyr ýigit! Bir pursat ýazmañy goýup, Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan, Ýene-de birini okap beräý-dä Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan. Galamyña buýsanyp, joşgunly oka! Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen. Magtymguly Meñlisini ýatlasyn, Kerim aga gelsin Geregi bilen. Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal, Ygşyldasyn başy gök derekleriñ. Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz, Pyşyrdysy bolsun p...dowamy...
Oýandym. Gije...+3
OÝANDYM. GIJE... Ýüregim tisgindi, Oýandym. Gije. Sen düýşüme girdiň diliň aýnadyp. Daýanyp kän ýyl öň kemsinen güýje Dikelýän, oturýan kofe gaýnadyp. ...Nokat goýup gitdiň eşret-aýşyma, Aglamjyrap diýip “Boldy, bes indi!”. Göýä, toý lybasyň şyňňyrdaýşy bar Nikel çemçäň jäje degýän sesinde. Men özüme nesip etmedik gijäň Haky üçin köp gijeler ýatamok. Ah, ýöne meň üçin, bilmedim, niçün Şol günden soň göýä g...dowamy...
Baha+1
                 Baha   ...Bir gün mekdebime öý işim etmän, Mugallymdan pes bahalar alypdym. Şonda kitaplaryň gatyna çümüp, Depderime berlen ýumşy ýazypdym.   «Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip, Bu bahany öpüp, papkama dykdym. «Men ökde okuwçy bolmaly» diýip, Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym.   Bu gün... Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy, Jan etsem-de, biraz sulbum büküdip. Goýdy, mollumd...dowamy...
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa...+5
Käbäm ejem ýene geldim gaşyňa Mähribanym "Inni näme" diyme sen Ýüregim azajyk ejizlik basýa Ýyly söziñ bilen göwnüm güýme sen Şu gün maňa yrsaraýa ýüregim Aldanan duýgulam zaryn aglaýa Wah sadalygym hem gurasyn eje Aldansamam ýene umyt baglaýan Maňa diñe sen düşünýäň Mähriban Senden görýän garşylyksyz söýgini Wah eje jan "Inni näme* diýme sen Ýetik ýyly söziñ bilen güýmeseň! Avtor: Amangeldiyewa Ayna...dowamy...
Dyrnayar+3
Dyrnaýar ýüregmi gaýgy, Indi ters salgyma akýar derýalar. Bir saparky aýdylmadyk sözlerim, Kalbymyň içinde göreş gurýalar. Göreş meýdanynda ýekeje özüm, Kim hak? Kim nähak? Bilip bilemok. Soňky wagt tozan basan arzuwlam, Hatda düýşümde-de hasyl bolanok. Bilýän. Şadyýanlyk ýakyn bolsa-da, Neçün hasrat bilen dertdeş boldum men? Arman bolup galan terje duýgulaň, Günäsizje o:tlaryna ýandym men. Goýjak. Unutjak men ähli zatlar...dowamy...
Şahyr bahar hakda bir goşgy ýazdy.+5
Ýanwaryñ içinde,astynda garyñ. Gülälekli sözler gar bolup ýagdy. Ynanyñ,dünýä ýaz gelendir öýdüp, Bir bägül açyldy üstünde garyñ. Baharda-da gyş hakynda ýazdy ol... Doñdy ömür doñup görmedik çeşme. Dünýänem özgerdip biljek ekeni, Eger-de,söz doly güýjüne geçse....dowamy...
Ynsan dälmidir?+5
Nirden dünýä geldi adam kemsitmek. Eýse olam Allaň guly dälmidir? Özünede ýakmaz şeyle edilse. Olam seniň ýaly ynsan dälmidir? Baýlygyna buýsandyňmy eý adam? O dünýäde bar baylygyň bir köpük. Kemsiden adamyña sen ýalbararsyn, O dünya baraňda dyzyna çöküp....dowamy...
Içeli-içiber+5
Görogly: - Howuz başynda duranlar, Näzlim, bir suw ber, içeli! Sözleşip, many tirenler, Näzlim, bir suw ber, içeli! Harmandäli: - Howuz başynda haýr olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Her tilki-şagal şir olmaz, Düş, özüň suwdan içiber! Görogly: - Elmydam derbent sakladym, Mydam ganymy okladym, Seniň dek näzli ýokladym, Näzlim, bir suw ber içeli! Harmandäli: - Suwu...dowamy...
Ýazdym...+3
ÝAZDYM... Ýazdym, Ýazdym diňe derdinmek üçin, Goşgy eken örtenşimiň peýzažy. Şeýtsem hem-ä biraz ýeňillik duýýan, Hem-de köşeşmäge ýok oň peýdasy. Birhili.., azajyk öwrenşipdirin, Kapasada gatnamaga ikiýan. Nä sebäpden şeýdýänimi bilmänem, Ozal şeýdip geçenleri okaýan. Bu ýerde üýtgeşik, bulaşyk zat ýok, Dogrusy, men ýöne ynandym, söýdüm. Köp gezek awundym duýgym zerarly, Durmuş kemçiliksiz bolýandyr öýdü...dowamy...
Nägilelik+4
NÄGILELIK Ilki yrmak üçin, soň görmek üçin, hemem tutmak üçin saçyň bir telin kä Aýly gijeler, kä tüm gijeler men seniň ýanyňa gatnapdym telim. Indi sen öýmüzde, ýol aşmaly däl, Gatnaýanym, garaşýanym ýadymda. Şonda-da nämçündir diýýärsiň maňa "Öňki ýaly köp bolaňok ýanymda". Seýitmyrat GELDIÝEW 2003 ý....dowamy...
Men şahyr däl...+7
Men şahyr däl...   Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy, Gähi ýazýan gelse ylham melegi. Emma goşgym dürre kimin tankytdan Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi.   Ol – men däl-ä, Ol köňlümiň tawuşy. Uruň meni! Lekin goşgyma degmäň! Bu günde kötekläp, saba ýene-de: «Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň.   Men Ony ýerden däl, kitapdan başlap, Pikir ummanyndan getiren zadym. Her sözüň üstünde ilgezik iş...dowamy...
* * * *+4
Durun öňki zynç ýaly ýerimde, Işden geleriňe sadylla bolup. Diýjek sözlerimi aýlap serimde, Oýlanýan görküňi ýadyma salyp.   Mejnun Leýliň itin eý gören bolsa, Men gatnaýan ýodaňyzy halardym. Garaşmakdan halys bez bolan bolsam, Howlyňyzyň kerpiçlerni sanardym.   Gara-çyraň görsem köçäň çetinden, Göhüm gelip, gök magraja uçardym. Maňa: «Däli» diýýän ýaly içiňden, Gaşyň çytyp, gapdalymdan geçerdiň.   Melallar...dowamy...
Bagt hakynda+4
BAGT HAKYNDA. Gujak-gujak bagt gowşuryp gujagma, Delje-delje goşgy baryn goşduran, Şahyrlaryň derdi ýaly dert berip, Ýürejigmiň bagjygyny açdyran! Bulutlara boýdaş bagt berdiň maňa, Sen meniň kalbymda bahar oýardyň. Arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp, Goşgy ýazmagyma bahana berdiň. Seniň arzuwyňda gijelerine Keýp edip ýazdym men, waspdan irmedim. Hyýalymda saňa goşgy diňledip, Seniň islegiňçe redaktirledim....dowamy...
Sòýgà+4
Söýgä Ýanyp-köýüp otyranym düýndi-le, Bu gün buza döndüm, nämüçin beýle?! Öñem käbir gülüp bakmaýan ykbal, Diýdi: "Sen indi bir dogry ýol saýla!". Ýogsa entek söýjekdim men bagrymy paralap hem agaçlary gujaklap, Ýok,sen birden beýdip öçmelem däldiñ, Goýduñ neçüýn aýaklarmy dushaklap?! Söýjekdim-ä onuñ ýylgyryshlaryn, Oýnaklaýan gözleriniñ agyny. Ony ýüregime ýat kyldyñ, indi kim çekisher ýüregimiñ dagyny. Ýok,men entek bu...dowamy...
Bir yurekdesh gozledim men.+5
Aglan wagtym yalnyzlykda Derdim ceken ozim boldum Gynalamson aram-aram Men bir yurekdesh gozledim Menzil gecip yollar ashyp Kan satashdym,nadanlara Ikiyuzli,yalancylyk Gelishyarem ka ' adama. Gunam name ,bilmedim men Soradym her bir otenden Aydyñsana name etdim men Bir yurekdesh gozlapdim men... Avtor nabelli......dowamy...
Sen gitdiñ.....+2
Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp, Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň. Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk. Diňlemeli boldum,diňlejek däldim. Indi asla eşdebilmen sözleriň, Seňem meni görebilmez gözleriň. Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin Alkyşymam, gargyşymam dözmerin. Indi bize iller ogryn garamaz, Indi baga barmarys biz bileje. Barmaklarym saçlaryňy daramaz, Posadan soň bulaşanda çalaja. Sen gidip, gör, jyda düşd...dowamy...
Enemiň üçi güni ýazylan setirler+5
Sen barada galp setir çyrşamak jenaýatdyr. Sen öwretdiň galp sözüň, çyn sözüň yslaryny. Beýik ene dilimde (diýmek, Seniň diliňde) Paýlapdym il-günüme sözleriň rastlaryny. Seniň diliňde gepläp, iliň gaşyna çykdym, Şol dil bilen ýazgardym biweçleň köstlerini. Şol dil bilen pyşyrdap, Baş söýgimi syzdyrdym. Şol dil bilen göterdim mukaddes tostlarymy. Bu gün meniň ýüregme ne tost,...dowamy...
Jemi: 503
<< 1 ... 20 21 22 23 24 ... 26 >>

Soňky teswirler

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Düýn, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Vector_Pro (20.06.2026 / 23:58)

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (20.06.2026 / 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (20.06.2026 / 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
MG8 (20.06.2026 / 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->