Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “Do I maybe like you?”
Şygyryýet dünýäsi
“Eje, şu ejeler maňa tapmaça...”+7
[i]Men bezzatdym.
Ýok, kezzapdym.
Kejirdim.
Ne gündiz, ne gije dynç aldyň menden.
Öwütlerňi — söýgi bilen ýugrulan
Gulagymyň ýelesinden geçirdim.
Sen hiç y:njalmadyň,
Ynjaldyň menden.
Goňşy çagalaryň eden etmişin,
Asla kakamda-da geçirmedigňi,
Üstüne abanyp özge dogrulaň,
Otyrkamam başujunda etmişiň,
Meň ähli günämi geçirmediňmi?!
Bu dogrumy ýa ýalňyşmy — bilemok,
Belki, bolup bolýan däldir başgaça.
Öz dünýäňden ýene...
dowamy...Baron (18.08.2024 / 09:53) okaldy (166) teswirler (2)
Küýsediñmi?+0
Düýşlerimde
Düşlediñ.
Maña heniz beýle ýakynlaşmadyñ.
Sussypes ruhumyñ keýpi göterler,
Taryplara ýuwan ýaly setirler,
Aradan aýryldy kilometrler.
Ädilmesiz ädimlerem ädilýär,
Alma ýañaklardan posa gädilýär.
Gujagmy bezeýär Jennet jemalyñ,
Tapyşdy taýyna teşne bu ýürek,
Ýüpek saçlaryñda taýýar ellerim,
Iñ süýji lezzetden datdy leblerim,
Gelmegiñe kän garaşdym leglegim.
Çaýymyzy süýji gürrüñläp içdik,
Arzuwlardan ganat ýas...
dowamy...Belki (17.08.2024 / 19:42) okaldy (165) teswirler (1)
“Sen gijeler Aýa bakyp aglaýaň...”+6
“Men gijeler Aýa bakyp aglaýan...”
Uzuk Nowruzowa
...Depäm gök diräpdi “Bor” diýen günüň,
Ak bulutdan aslyşypdym tasdanam.
Saňa goşgy ýazyp bilmedik günüm
Ýa waspyňa mynasyp söz tapmasam,
Şol gün bar küýümi diňe sen edip,
Geljegime suratyňy çekerdim.
Sen bolsa gijeler Aýa seredip,
Şo wagtlaram durşuň bilen pikirdiň.
Ýüregiň syzypmy ýa kelläň syzyp —
Bilemok, kämahal batardyň gama....
dowamy...Baron (17.08.2024 / 12:17) okaldy (196) teswirler (6)
Gideli!+6
Gideli!
Ho-ol söýgimiziň başlanan ýerine,
Bakyşlaryň bir-birekden gizlenip,
Ýüreklere labyrlaň taşlanan ýerine.
Göwünleň birazajyk kemsinip,
Ymsynyp galan ýerimize gideli!
Süýjüje bagtdan tamşanyp,
Birek-birege bir üýtgeşik söz
Aýdasymyz gelen ýerine gideli!
Soň unudaly durmuşyň
Agyrysynam,
Agysynam,
Gülkinem,
“Ilkinem”...
Aramyza daş atjak bolan “tilkinem”...
Gujaklara ilki giren ýerimize,
Yşkdan beýhuş bolan serimiz...
dowamy...Baron (17.08.2024 / 08:14) okaldy (202) teswirler (5)
Iň gowy söz+3
Iň gowy söz
Şükür bu ýyl hem Allajan öz rehmetinden eçildi. Ine maňa-da baýram namazyny okamak miýesser etdi . Men kakam bilen Gökdepe metjidine ýetip barýardyk. Howa azajyk sowgyrakdy,gündogardan çalaja sowujak şemal öwüsýärdi. Gökdepe metjidiniň depesinde Güneş gyzaryp gözüňi gamaşdyrýardy. Metjidiň mikrofonyndan ymamyň wagyzy ýaňlanyp dur.Daş töweregindäki adamlar biri-birinden gowy musulman eşiklerini geýip, iň gowy...
dowamy...Gerceknazar (15.08.2024 / 13:15) okaldy (124) teswirler (0)
GUDRAT WE GEÇIRIMLILIK+0
Soltan Mahmyt Gaznalynyň ýörişleriniň birinde älem-jahany gara bulutlar gaplap alypdyr. Ýerli porhanlar, jadygöýler we tilsimbazlar Soltanyň goşunlarynyň öňe ilerlemegine, öz ýurtlarynyň jümmüşine aralaşmagyna päsgel bermek üçin ähli hokgalaryny, pirimlerini ulanyp, howany bulaşdyrýan ekenler. Şeýdip, Mahmyt Gaznalynyň goşuny çar tarapy daglyk bilen örtülen gür tokaýlygyň içinde gabalyp galyberipdir. Zemin bilen Asman ara...
dowamy...Ysmayyl (15.08.2024 / 11:22) okaldy (119) teswirler (0)
GEÇIP GITDIŇ...+5

[b]Ne beýle düýş, bu ne ahwal,
Azaşdyrdy bu keç ykbal.
“Mežnun" diýip edip ykrar,
Söýgi andyn içip gitdiň.
Ah, düýnjigem çagadyk-la
Bile gülüp, agladyk-la.
Sähel ýele galgadyň-da,
Gollarymden uçup gitdiň.
On ýedimi, ýa on alty,
Ugradypdym söýgi haty,
Senem gören bolup gaty,
Menden ara açyp gitdiň..
Ynam etmän gitdiň ýada,
Söýgim ýalanmydy ýa-da,...
dowamy...Aixcam_nx (14.08.2024 / 18:16) okaldy (187) teswirler (6)
Ejeñiz dirikä gadyryn biliñ+4
Bir zat diyse göni ylgañ yanyna,
Şirin sözler derman bolar janyna.
Şükür ediñ,yanyñyzda baryna,
Ejeñiz dirikä gadyryn biliñ.
Ejeñ bolsa,gyşyñyz hem yaz bolar,
Hüwdi aytsa,soñlanmajak saz bolar.
Allam berse,ÿüz elli yaş az bolar,
Ejeñiz dirikä gadyryn biliñ.
Nahat etse,baldan süyji elleri,
Şypa bolar,sözläninde sözleri.
Bu dünyäniñ iñ owadan gülleri,
Ejeñiz dirikä gadyryn biliñ.
Ejeñ bolsa öylermiz nurlanar,
Käyinjide s...
dowamy...Aixcam_nx (14.08.2024 / 14:09) okaldy (140) teswirler (5)
Ýylgyr sen...+6
Sen özüñi ýalñyz duyma mahriban, Sen dey gözel saralarmy, solarmy? Sende hakyñ beren nury, màhri bar, Hey- de,seni ýeke goýup bolarmy?! Gam çekme sen, çytma asla gaşlaryñ, Ýylgyr sen ezizim, yylgyr mylayym. Men şonda señ ýürek sesin eşderin, Hem bir pursat señ màhriñe yylaryn. Soñ synlaryn alma yaly gözlerñi, Şol gözlerde belkide men yeterin. Sen şonda geñleme aytjak sözlermi, Men barybir ony aydyp...
dowamy...PeRMaN (14.08.2024 / 13:32) okaldy (148) teswirler (2)
Atsyz gosgylar+0
Asyklygyn derdimi bu bilmedim,
Yurek sen hakynda sygyr duzup dur,
Belki diyan bu bir bolmajak zatdyr,
Asyklyk derdi hem seytyami eysem.
Yzy bar yazan akademik2...
dowamy...Akademik2 (14.08.2024 / 06:59) okaldy (124) teswirler (0)
Aýdasym gelýär+6
Gyz ýüregim yşky güýzän
Ha:na: sygman, küýsär... küýsär...
Ýola baksam, saňa meňzäp,
Boýdaşyň gelýär-ä, eje!
Dogan-gardaşdyr ýeňňe kän,
Mähriňçe mähir ýok eken,
Başym sypalsa, senmikäň
Öýdesim gelýär-ä, eje!
Munda jaý tapman janyma,
Bak ýüregim harlanyma!
Sen gaýtmasaň, men ýanyňa
Gaýdasym gelýär-ä, eje!
Gamgyn tutup çep ýanymy,
Gözýaşlarmy bukýanymy,
Saňa üşäp uklanymy
Aýdasym gelýär-ä, eje!
©Uzuk NOWRUZOWA...
dowamy...Baron (14.08.2024 / 06:44) okaldy (143) teswirler (1)
Gyzlara kiçiräk maslahat,?+4
[b]Gyzlara kiçiräk maslahat,?
Onsuz geçen günleñ tümlükdir saña,
Eger ol bolmasa ötmezdi günüñ.
Söyse dolanarmy diyip sorama,
Eger söyyän bolsa gitmezdi gülüm.
Diñe öñe yöre,bagtyñ tapylar,
Seni gecmişdäki,yşgyñ dañmasyn.
Gynanma,aglama unutma hijem,
Bag hem yere dökyär çüyrük almasyn.
Eger dagy agaç söymedik bolsa,
Daşlañ arasynda bitmezdi gülüm.
Söyse dolanarmy diyip sorama,
Eger söyyän bolsa gitmezdi gülüm.
manyly...
dowamy...Aixcam_nx (12.08.2024 / 23:11) okaldy (138) teswirler (2)
Öveý kaka+2
Öveý kaka.
Sen gidensoň ýeke, galdym ýalňyzdym,
Ýyrtypdylar, senden gelen bir haty,
Öveý kakam, otyrsada seredip,
Öveý inim bilen,urşypdym gaty.
Görüp şonda, öz oğlunu övşüni,
Gaharma ne gelse, sözlápdim baryn,
Şondan soňam ,süýräp köne kövşümi,
Golaýna barpdym, öňkü Çynaryň.
Damagym dolupdy, barypdym şonda,
Ýene öveý kakam, urdy diýmäge,
Gözleriňe bakyp, ajy ýylgyryp,
Ejemem seredip , durdy diýmäge.
Emma o gezegem, ge...
dowamy...Aixcam_nx (12.08.2024 / 23:02) okaldy (138) teswirler (1)
Okanyñyza degjek goşgy.+3
BAGYŞLA...
Biri ýoldan gyzyl tapdy bir tokga,
Bir bölek ýüp taşlap geçdi ýerinde:
Ýüp gözläp kösenmez asylmak üçin
Soñra şol gyzyly gaçyran bende.
(Platon)
Şunça ýyl ýaşadym gerdenim ýükli,
Şunça ýyl ýaşadym goltugym ýüpli...
Eger meniñ bagtym getiren bolsa,
Seni...
dowamy...Belki (12.08.2024 / 15:06) okaldy (193) teswirler (6)
GÜÝZÜGEN HESER+2
“Näzik hesretiňe dözülmedimi?!” Italmaz Akmyradow Saňa ýetsin diýip yşkymyň saly, *Burgunlarda güzap görülmedimi?! Ýusubyň al ganly köýnegi ýaly, Ýüregim ýoluňa serilmedimi?! Enemiň çöregne meňzeş elleriň, Üzümiň suwundan şirin lebleriň, Umydymy saçbag eden telleriň Meniň nesibäme berilmedimi?! Däli ýazda bulut bolup oýnadym, Orruk tomus jöwza bolup gaýnadym, Gamly güýzde ýa...
dowamy...Baron (11.08.2024 / 08:55) okaldy (132) teswirler (3)
Külbikejik+3
Külbikejik
Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.
Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.
Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"
Onsoñ sen -...
dowamy...Belki (10.08.2024 / 16:05) okaldy (142) teswirler (3)
Soygi gosgusy+2
Sen ýaşaýyş, sen meň dem alýan howam,
Sen zikrim - pikirim, dilimde dogam,
Ýurdym şäherim hem-de etrap obam,
Sen barkaň, ýaşaýşym edip dur dowam.
Sen päkize gözbaş, sen akar çeşme,
Sen söýgi, meň kalbym ugruňda teşne,
Meň başyma gelen iň gowy zat sen,
Bezeg berdiň, sensiň ömrüme keşde.
Sen dag-dere, köl-çöl, sen deňiz-umman,
Adyň tesbi deýin sanaýan durman,
Güýçli tüweleý sen, bilinmez duman,
Sen ýerdäki hüýr - perişdes...
dowamy...BAYOGUL (09.08.2024 / 13:10) okaldy (140) teswirler (0)
Derman bolsa...+2
Hiç kim munda dul gezmezdi,
Namys pula durÿan bolsa.
Kapyr Hudaÿsyz bolmazdy,
O dünyäni göryän bolsa.
Iman nirde,nirde sogap,
Garaşyp dur onda syrat.
Erkek däldir,erkeksiräp,
Gelin-gyzyn uryan bolsa.
Kimler seźdä ylgap yetdi,
Kimler Namazyn unutdy.
Köpler ÿatyp tagzym etdi,
Kim bäş manat beryän bolsa.
Dirikäñ yeriñ üstünde,
Pikirlen,sen kim aslynda.
Kim yatsyn toprak astynda,
Direlmäne derman bolsa....
dowamy...Miss_minnosh (09.08.2024 / 04:27) okaldy (110) teswirler (5)
Lal çaganyñ gözünden süzülen setirler+1
Kemsindim men,kemsinÿärin häzirem,
"A" diymäge ÿaltanÿar diliñ güÿji.
Sizde gadry ÿokdur,emma meñ üçin,
Bir söz sözläp bilmek şeylebir süyji.
Enem-Atam isleyärmika meni,
Yok,yok kim islesin peydasyz laly.
Dost-ÿarym yok,biraz içimem gysÿar,
Ömür bäş gün,olam gelmejek ÿaly.
Lal bolmakdan peydalandym käwagt,
Paÿyş söze jogap beremok hälem.
Sögünyärler "Dogan",Ejäni"agzap,
Şol sebäpden azdyr belki günälem.
Iñ bolmanda el-...
dowamy...Miss_minnosh (09.08.2024 / 04:25) okaldy (142) teswirler (2)
Ak goşgy+4
AK GOŞGY.
Nirede sen?
Sesim eşderdenem alysdamyñ ýa?
Ýa joram aýtmyşlaý halys
"Ýalñyş ýerde, ýalñyş wagtda..."
(Wah, ol beýem diýmändi-le.
Gödegräk aýtdy dogrusy)
Nirede sen?
Setirlerim mätäç ýaly
Hut senden geljek ylhama.
Geñem görünäýýärmi ýa,
Yhlasym çyr-çytyr edip,
Ylham ugrunda ylgamak.
Bilýäñmi, indi dünýäde
Ýaşamak kyn umytlaryñ
Gutarjak - gutarjagynda.
Wiý, aýtmak ýatdan çykypdyr
Töwekgel gyz däldirin men.
Me...
dowamy...Belki (08.08.2024 / 22:06) okaldy (192) teswirler (4)
Jemi: 1349
Soňky teswirler
Ýokaryk