Ýürekdeş sözler!
Sebap : Durmuşda gülmegimi islän ýeke-täk suratçy olam puluny sorady :(
Şygyryýet dünýäsi
Oykeleme diyanmiii!!!+4
Aýdýan sözleñ täsind-ä, Öýkeleme diýýäñmi?! Käte göwnüm galsa-da, Öýkeleme diýýäñmi?! *** Düşnüksiz sözleñ bilen, Ynamly gözleñ bilen, Yşgyñ közleri bilen, Öýkeleme diýýäñmi?! *** Öýkelejek däl men-ä, Başyñ başlaýan sen-ä, Hasraty çekýäs deñ-ä, Öýkeleme diýýäñmi?! *** Öýkämi men ýazmaga, Bagt çukuruñ gazmaga, Sen ökdeje ýazmaga, Öýkeleme diýýäñmi?! *** Şonda-da söýýän seni, Ýokdur söýgümi...
dowamy...Aixcam_nx (23.05.2024 / 15:41) okaldy (182) teswirler (5)
Yurek zaryyy!!+4
Gownun halan gyzyn soyup bilmesen
Mundan erbet nm barka jan dostdum
Yureginden " soyyarin" diyip bilmesen
Mundan erbet nm barka jan dosdum
Gorusip bilmesen gorkunden doyup
Wah sypap bilmesen sachlaryn yayyp
Gezip bilmesen ol gyzy ozunki sayyp
Sundan erbet nm barka jan dosdum!!
PARAHAT!!...
dowamy...Hanogul (22.05.2024 / 23:48) okaldy (215) teswirler (9)
göz öňüňe getir+7
göz öňüňe getir... ony başgan elinde?
owadan,mylaýym,sada,asylly
ýylgyryp seredýär söýen ýaryna?
bir birin bir ömür görmedik ýaly
ellerinden tutup bagryna basýar?
senem synlap dursuň gyrpman gözüňi
edil häzir onuň uzyn saçlaryny?
başga bir elleriň sypaýanlygny
gözöňine getir olaryň toýlaram boldy?
owadan soýgiden bir çaga geldi
sen indi gerek däl,seni unutdy?
senli gunler oňa diňe ýat...
dowamy...Росия (22.05.2024 / 21:33) okaldy (191) teswirler (5)
atsyz gosgydan+4
Yagys yagya penjirami nagys edip,
Bilmen biri aglayamy yas edip,
Olam menin yaly soyguden yanan,
Soygulisi ucin otyr gozun yas edip.
Ykbalyn oynuda bu ayyralyk hem,
Onun gunasimi yada menki bilmerin,
Yone mena ony cyndan soyupdim,
Soygim basyn aylap ayyrdymy ya.
Duygular konemi yada tazemi,
Acylan gunca dey gulap otyrmy,
Soygi yurekde bolya diyanmi,
Soygi kellede yurekde butun gowrede.
Soygi hakda gosgy yazya enceler,...
dowamy...Akademik2 (17.05.2024 / 21:31) okaldy (146) teswirler (4)
MENDE BIR ARZUW BAR..+4
Men size aýdaýyn, ýüregimde baryny,
Kyn görýärin ownuk-uşak gürrüň etmäni.
Meni halys öz erkime goýanok,
Uzak ýaşamak hem ýazmak höwesi.
Çünki bir ajaýyp zyndan gurmakçy,
Bendi eder ýaly päli pisleri.
Geň görme halypa, geňirägem ýöne,
Arzuwlarymyz hakda henek etmäli.
(dünýä öňküdenem owadan bolar,
Bir ýere üýşürsek ähli betpäli.)
Emma bäbekhana meňzese gerek
Bir ýere üýşürsek ähli betpäli.
Ömür boýy şony gurup gezerin...
dowamy...BAYOGUL (16.05.2024 / 12:36) okaldy (160) teswirler (3)
Dostuma+4
Darykýanyň aňyp durun gözüňden,
Sözüňde däl, sesiňde bar howsala.
Ne dertdir ol,
Gaýra üzmän üzülmez,
Iki böl-de, dost öňünde goýsana!
Kalpdan-kalba ýoda ýaly çekilgi,
Tarlara dymmaklyk şerti ýetipmi?!
Dag hyýally ýumruk ýaly ýüregiň,
Yşkdan başgasyna erki ýetipmi?!
Biz şol yşga werziş ýüregmiz bilen
Söýüp-söýlüp bu dünýäden ötmeli.
Hemem ýamanlary ýazgarmazdan öň,
Ýagşyny söýmegi endik etmeli.
Joşgunlar öňdedir, daryk...
dowamy...BAYOGUL (16.05.2024 / 12:33) okaldy (137) teswirler (4)
Bu gün meni sòýen yigidiñ toýy (hekaýa )+3
Ondan bari 18 yyl geçdi.
O dòwur mena uly gyzdym Annageldi bolsa bir masgalañ 8 ya§yndaky kòrpeçe oglydy
Men oña Anny diyyadim
Annylar bilen biz goñ§y otyryadyk. Olaryñ karende pagta yeri hem ,biziñ yerimiz bilen bir yerdedi.Men ishlemage gidemde ol hem meniñ bilen, otag etsem kicijek katmenini alyp, suw tutsam kicijek pilin alyp bile ishleyardi
Biz Anny bilen gunde bile gityardik. Ara tapawydymyz 12 yyldy.Ola 8 yaśynda...
dowamy...Miss_minnosh (15.05.2024 / 18:21) okaldy (177) teswirler (8)
UJYPSYZ UMYT+1
Umydym sönmäkä,
Dyza çöküp üfleýän,
Körär ýaly közüne.
Käte, bir umudy göterip ýörmek,
Agyr düşýär ýek özüme.
Torç bolan ynamymy,
Sarç göwnüme geňeşýän:
Bir gün deregine,
Ýapylan gapylaň,
Egniňe serpaý ýapylar.
Şeýdip nesýe alýan,
Bir döwüm şatlygy,
Geljekki gowy günleriň hasabyna ýazdyryp.
Goşgy ýazýan!...
dowamy...BAYOGUL (13.05.2024 / 11:23) okaldy (138) teswirler (2)
AKJA PIŞIK+1
Bu gardan-da aşa ak,
Gel, öýe gir, daşda galyp üşäýme!
..Aramyzda akja bolup ýaşamak,
Bilmedim-dä, saňa ýeňil düşäýse?
Belki, gara ýokmaz.
Öýüňden örüp,
Bimahal ykmasaň, gezmeseň kän bir.
...Saňa—içi-daşy ala bu görip,
Goňşy pişikleriň gözi gidýändir...
Seret, it janawer ýaz-u-gyşyna,
Daňylgy dur! Sen birje gün çydarmyň?
...Ol ähli azaryn öz it durmuşnyň,
Boşanaýsa, bir özüňden çykardy...
Gör, ýene-de gitdiň etmän diýe...
dowamy...BAYOGUL (11.05.2024 / 20:18) okaldy (128) teswirler (0)
SEN HAKDA ŞYGYR ÝAZDYM+2
Sen hakda şygyr ýazdym,
Üýtgedi gijäň reňki.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Gymyldady garaňky.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Yşgyň bile awunyp.
Seret gögüň ýüzüni,
Terk edipdir mawylyk.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Galam ýasap polatdan.
Çagbasyn tama etmen,
Garny suwly bulutlaň.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Ähdi bozan baýnamaz.
Indi oýunçy dünýä,
Meniň bilen oýnamaz.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Ynan goýbersem-de köst.
Meniň saňa yşgymdan,
Gaýry...
dowamy...BAYOGUL (11.05.2024 / 20:15) okaldy (131) teswirler (0)
Durmuş saña çeper film däl+1
Ýalñyz goýsa, ýaryñ ýedi ýat bolup,
Sowaýarmy içiñ, serpeñde şerap?
Hasratyñ paýlaşýañ ýanyma gelip,
Hamala, Kaýysdan hallaryñ harap.
Ömrüne şatlygy, söýgüni, bagty,
Gelende şol gözel getiren ýaly.
Çolarypdyr daşy aýralyk wagty,
Barja umydynam ýitiren ýaly.
Aýralyk,
Men ony tanaýan öñem,
Eziz Wälidämden edipdi jyda.
Jigilem soraýar:" Atamdyr, enem
nirde?.. Biz olary küýseýäs juda!"
Üç sany doganmyñ başynda hossar,
Alad...
dowamy...BAYOGUL (11.05.2024 / 20:12) okaldy (118) teswirler (0)
A MENDE KINE ÝOK+1
Uzadan ýerime ýetenok elim, Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr. Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim, Meni hatalarym dara çekipdir. Arylar bal guýup berdiler bada, Soňam zerzaw edip sokdy neşderin. Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da, Uzaklardan horkuldyňy eşderin. Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym, Gezýärmikä özge bagda käkeläp. Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym, Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp. A mende kine ý...
dowamy...BAYOGUL (11.05.2024 / 20:09) okaldy (121) teswirler (0)
Käte görünmeýär her bakýan ýeriň+3Käte görünmeýär her bakýan ýeriň
Gözýetime el ýetmeýär, göz bilen
Ertire umytly garan günleriň
Aňsat ýaly taryp etseň söz bilen
Könelen kitap deý dörüler ömrüň
Az bolsun tozanly sahypaň sany
Aşagy çyzylan jümleler görner
Aklyň gamaşdyrýan umman mysaly
Seredersiň gögüň çuňluklaryna
Gözüň ýuman wagtyň görüner asman
Böwsersiň ýyldyzly umytlaryňa
Käte görüp bilýäň hiç ýere bakman
Açylar gözleriň, bakarsyň kämil
Ters garasa...
dowamy...Dreamfull (10.05.2024 / 23:48) okaldy (151) teswirler (2)
DURMUŞY ÝAŞAP ÖWRENMELI...+3Galbaň döşüň kä peselip, beýgelip, Içki harasadyň aýan edip dur.
Sen agladyň täleýiňden zeýrenip,
Sözleriň geçmişiň beýan edip dur.
Aýt, ýeri, men saňa näme diýeýin?
Bir senmi agtaryp tapmadyk bagtyn?
Getir bulguryňa şerbet guýaýyn,
Şerbet gam-gussaňy eliňden alsyn.
Seni betbagt eden men däl, özgeler,
Şoň üçinem maňa bakyp aglama.
Her kim öz derdine özi döz geler,
Durmuşa düşünýäň düşüp aldawa.
Durmuşyň kimdigin bilip bol...
dowamy...Dreamfull (10.05.2024 / 23:31) okaldy (122) teswirler (1)
Men ölmekden gorkýan+3
Men ölmekden gorkýan,Ýaşasym gelýär.
Synlap bu älemiñ ýagşy, ýamanyn.
Ýetip bilenlermi ýetime paýlap,
Ýetip bilmedigme dolup damagym.
Men ýagty jahandan gitmekden gorkýan,
Jogapsyz galdyryp ene azabyn.
Entek musulmanlyk parzymam üzmän,
Sesine oýanýan, her gün Azanyñ.
Goý bolsun ýalançy,Ýaşasym gelýär.
Aldanasym gelýär onuñ päkligne.
Agram berip ýörkäm mele topragna,
Ynanman Watana karzym ýokdugna.
Parzym, karzym belki...
dowamy...Мяхри (09.05.2024 / 21:41) okaldy (173) teswirler (5)
Ayralyk...+4
[b]Bu gun yiene goz yasx menin yoldasym
Ayralyk aydymy menin syrdasym
Seni kuyseyanim sen bir bilsedin.
Indi sen bagtyny ozga bagladyn
---
Belki ovadandyr saylap soyenin
Belki sylayandyr acyandyr govnun,
Sana yeke arzuv sag bolsun janyn
Dine sxol gyz bolsun dunyade baryn.
---
Unut indi menli gecen gunleri
Sen unutdyn beren vadalaryny
Bu gun yere caldyn beren sozlemi
Gynamany yaraladyn yuregimi
---
Yeke soze calysdyn sen s...
dowamy...YekeMen (08.05.2024 / 21:23) okaldy (144) teswirler (4)
Kerim Gurbannepesow - "Manlayyndan op"+1
Nama beydip tukat otyrsyn shahyr, Bu dunyanin sony gornup dur ahyr, Ola Zohre bolsa sen bolup Tahyr, Barda onun edil manlayyndan op , Manlaydan opende seretse ashak, Sachyndan op, boynun bukaw dek gushap, Onson her gashyndan uch gezek ogshap, Kem kem ashak sushup gabagyndan op, Gabakdan opende chytmasa gashyn, Ola chyn magshukdyr senem chyn ashyk, Onson burun diyilyan galadan ashyp, Nepese may berman dodagy...
dowamy...BAYOGUL (08.05.2024 / 21:03) okaldy (174) teswirler (3)
Gyzlar soýüşmäne akylly oglan gozleýäler tapansoñ bary bir däli etjek bolsañyz nä kösenýäñiz?+10
Gyz: Salam, näme edýäň? Oglan: Salam, şu wagt dostlarym bilen otyryn. Azyrak işliräk. Soňurak ýazyşarys. Gyz: Düşünikli, dostlaryň menden has möhümdä? Oglan: Näme samsyk gürleýäňe, aýdýana işliräk şu wagt. Gyz: Boldy boldy, düşündirip otyrma, men saňa gerekdäl. (5-munt soñ) Gyz: Meniň öýkelänim seniň parhyňada dälmi? Oglan: Näme? Nämeden öýkelediň? Gyz: Men öýde ýeke otyryn, sen bolsa...
dowamy...Burning (06.05.2024 / 05:10) okaldy (227) teswirler (14)
BU DÜNÝÄ+3
Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň?
Ajal — bakylyga yşmyň?
Men eýýamyň öweý ogly
Haýsyň aldyň buz deý yşgym?
Ömür — kätip, ölüm — kämil
Kaýan ýüzüp barýaň gämim?
Geçmiş — gije, geljek — gije
Bolanda nä! Haýsyň nänim?
Men geýmedim hüýpüpik täç,
Gallaç ýatdym güýlünip kän.
Menem bu dünýäň ýüzüne
Tüýkürilen tüýkülik däl!
Ömre baha goýlan — nepdir,
Ynsan derdi gepden depdir.
Ömür diýlen — ölmek üçin
Bize bir berlen müddetdir.
Akyl p...
dowamy...BAYOGUL (05.05.2024 / 23:17) okaldy (139) teswirler (2)
Giç bolan eken+3
Dostlugyñ içinde söýgüni bukup,
Ykbalmydy bizi bagta dözmedik
Ýygralyk çygryndan bilmänsoñ çykyp,
Yşgyñ syrly matalyny çözmedik.
Çagalykda gülüp, oýnap tersleşdik,
Açdyk gözümizi mekdep töründe.
Kalbyñ düwünçegin çözüp dertleşdik,
Geljege bolsady ekipdik şonda.
Göz ýetim ýakyn biz, ses ýetmez uzak,
Ýürek syryñ aýan edýär gözleriñ.
Göwün paltam daşa degip her gezek,
Hyýalymda her ýan ýüzdi sözlerim.
Meniñ ýygralygym, se...
dowamy...BAYOGUL (05.05.2024 / 23:01) okaldy (139) teswirler (1)
Jemi: 1348
Soňky teswirler
Lolular
Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...
dowamy...
Ýokaryk