Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Howanyn hıć hılı gunası yok sensızlık mana sowuk gelya??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Men bir derýa...+2
Men bir derýa... Ýitirdim men hanamy, Ganatym bar. Apardyň sen asmanym, Apardyň sen erkim, dol, eý gujagma, ...Ezizim, men näme samrap barýaryn. Men bir alaw, ýanyp ýörün heserde, Yzgydym gaçypdyr, Ýanypdyr janym. Labzymy süýjet sen, bir posa ber-de, Ýogsa men pelege gargap barýaryn. Men ýaş, ýöne ýitirdim men ýaşlygym, Saçymda ak, kalbymda çoh armanym. Güler ýüzlim, maňa ýaşlygyňy ber, Ýogsa men, ýogsa men garrap barýa...dowamy...
Adym...)+1
Adyma aşyk men, söýýän adymy, Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar. Agzalanda gobsundyrýar adamy, Onda men bar, onda saz bar, aýdym bar. Adymda nagma bar, agma bar hetden, Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen. Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden, Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen. Adym ― beýan yns-u-jynsyň matlabna, Adym ― pikirlere, pällere hemra. Adym uzap ýatyr ýyllaň gatlarna, Oň bilen hüňkarlar, soltanlar gümra. Şadyhorra...dowamy...
Dunye dek+2
Yasap yorin hic bir zady saygarman An tutamok hic bir soze dunle dek Yasap yorin goya tumlik dumanda Dar hem gin zat yok ekeni dunye dek Birde gecip barya ussinden basyp Gabadam gelip dur toyyn hem yasyn Sylamaz boldylar garrysy, ýaşyn Süýji hemem ajy zat yok dünýe dek Söýgiñ mukaddesin wada beryaler Wadasyny yuwdyp yurek dilyaler Erte basga kişa gujak geryaler Biwepa hem wepaly yok dunye dek Aglasan gul...dowamy...
"YASHLYK DRAMASYNA" goshulmadyk bentler. (shahyryñ arhiwinden)+5
Ne-hä eshik bardy, ne-de bir çörek, Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüshmäge ýürek gerekdi, ýürek, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Shonda-da käteler bälçiräp içgin, Diýerdik: "Söýüshmek hemme wagt mümkin, Öýlenmek - gerek zat köpelmek üçin, Urshuñ gazap wagty, Adam az wagty!..." Bir ýyllap degmändi lebiñe lebim, Diñe gatyshypdy demiñe demim. Soñ bir gün bozuldy beýle edebim, Meniñ Jeýhun wagtym, Seniñ ýaz wagt...dowamy...
Baýlyk+1
Bir gün Abdylla ibn Mübärek Horasanyň emiriniň ýanyna gelipdir. Emir ony şanyna laýyk garşy alyp, uly hormat goýupdyr. Olar gepleşip otyrkalar, Abdylla Mübärek hezretleri emirden: — Sen duşmanyňy gowy görýäňmi ýa baýlygy? – diýip sorapdyr. Ol: — Elbetde baýlygy – diýipdir. Abdylla Mübärek: — Onda näme üçin gowy görýän zadyňy (baýlygy) bu ýerde goýup gidýärsiň, halamaýan zadyňy (garşydaşyňy, hakyny iýen adamlaryňy) bols...dowamy...
Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy+15

Herkim birzadlara samyrdaýarlar, Yzyñda gürrüñler möwç alýar has hem. Olar öz göwnüni köp aldaýarlar, Sewäp sen döräpdiñ bulardan has öñ. Şonuñ üçin göripleriñ damary Gan aýlaýar, ýalan, ýaşryk töhmetli. Öñe gitýäñ, sen diñlemän olary, Ugryñ aýdyñ, ähli işiñ ähmiýetli. Ilki peýdalanyp soñra kesekläp, Ursalaram hiç gañyrlyp bakmadyñ.
...dowamy...
Sen meniñ dùnýâmde bir dùnýá dòret+6
Sen aslynda meñ ýoluma belet däl, Meniñ dùnýãm özgelerden baŝgaça. Yŝka dolan hyýallarym telek ďâl, Sen meñ ýoluma duś,ýoldan basla-da. Men aslynda tebigata has ýakyn, Bu zemine aśykdyryn doglamda. Kimdigimi bilmersiñ maña syn eýlàp, Sen sâhra nazar sal duman sovulanda. Meñ ýùregim ýyldyz söýen śugladan, Mesgen tutan beýik daglañ gerśini. Dunýá sygdym,oz dùnýáme sygmadym, Ellâp gaytdym giñ álemiñ arśyny. Sen meni ta...dowamy...
Ejem başym sypap dursa+3
Ömrümde hiç gamym bolmaz, Özge hiç zat emim bolmaz. Hiç kimseden kemim bolmaz, Ejem başym sypap dursa. Hemmelerden bolaryn üstün, Taryp edip bolmaz waspyn. Tañrym ömrün uzak etsin, Ejem başym sypap dursa. Alnymdan bagt dañy atar, Şowlulyk elimden tutar. Ählije dertlerden gutar, Ejem başym sypap dursa. Heý bagt barmyka şeýle? Ýüregi bir giñiş ÿaÿla. Allam,ÿükün ÿeñil eÿle, Ejem başym sypap dursa....dowamy...
Aÿyrmasyn Hudaÿym+1
Çyndan söÿüñ,dünÿe ÿalan bolsa-da, Göreşmäge mydam taÿyn bol,taÿyn. Eneleriñ barja baÿlygy bolan, Perzendinden aÿyrmasyn Hudaÿym. Bagt satylsa,her kim satyn alardy, Bir çyn bagta,puly ÿetmez müñ baÿyñ. Ynsan balasyny ÿaşa gark edip, Atasyndan aÿyrmasyn Hudaÿym. Şükür etseñ,gije rahat ÿatarsyñ, Güni hem geçip dur,garyp gedaÿyñ. Bir çagany ömür boÿy kemsidip, Enesinden aÿyrmasyn Hudaÿym. Öz ÿurduma zar etmäwer Ÿaradan, D...dowamy...
Küýsegim!+5
Gije sagat 01:39. Saña jañ edesim gelýär.Bolsa bolupdyr bimahal.Näme üçin diýýäñmi? Aýdasym gelen söz kän,ýöne gorkma,hijisinem aýtjak däl.Diñe telefonyñ añyrsyndan dem alýan sesiñi eşdesim gelýär. Gör,näçe gezekler özüme saña jañ etmegi gadagan edipdim.Belgiñi telefonymdan ýok etmek isläpdim.Ýok etsem näme boljak?!Añymda zol-zol gaýtalap ýörenimi nädeýin?! Ýogsa-da näme üçin pursat döretdiñ telefon belgiñi bilmegime?Piki...dowamy...
Alanja puluñy bersene, dostum!(degishme gornishinde)+2
Zerur diÿip geldiñ, ÿumšuñ bitirdim, Alanja puluñy bersene, dostum! Ynjyk diÿme, üç ÿyl dymyp oturdym, Alanja puluñy bersene, dostum! Guda bolduk, oglumyzy öÿerjek, Karzyñ üzseñ, kömek edenje görjek, Hossarymdan ozal toÿa çagyrjak, Alanja puluñy bersene, dostum! Aÿalym igenÿär her gün, her sagat, "algyñ alyp bilmän, geziber ysnat...", Erkek kišä gep çekmeklik agyr zat, Alanja puluñy bersene, dostum! Algym barka karz so...dowamy...
Senin bilen geçdik ençe menzili+3
Senin bilen geçdik ençe menzili, Gululekler yygdyk depe-gollarda Geçmishe owurup gozyetimleri, Bagt gozledik,ylham tapdyk yollardan. Shatlansam,gam çeksem,yigrensem,soysem, Bu alys yollarda sen bolduň shayat Menem sana goz yetirdim kem-kemden Gozum yetdigiçe bolduň maňa yat. Sheydip kän yöredik depeler ashyp, Gitdigiçe bir-birekden dashlashdyk Bu gun yetdik iki yoluň çatrygna, Dost bolduk biz,dostluk bilen hoshlashdyk....dowamy...
Gördüñmi+2
Aldanyp gördüñmi ÿowuz ykbaldan, Ÿa doñan daş deÿin doñup gördüñmi. Bagtyñy arzuwlap söÿeniñ bilen, Soñam özge bilen oñup gördüñmi. Mynasyp dällere bagtyñy taşlap, Şum pelege tarap eñip gördüñmi. Kysmatyña kaÿyl bolup ajysyn, Ÿalandan ÿylgyryp ÿeñip gördüñmi. Için ÿakyp kalbyñdaky tümlügiñ, Heÿde hahaÿlap gülüp gördüñmi. Entek mazaryña barmazdan ozal, Munda ÿaşaÿarkañ ölüp gördüñmi....dowamy...
Ÿalan dünÿäni+0
Içiñ sowaÿança,ÿakasyñ geler, Aldap,señ üstüñden gülen dünÿäni. Gahardan,bar zady ÿykasyñ geler, Giñ bolup ÿeñmeseñ,ÿalan dünÿäni. Şükürdir,törüñe rysgal getirjek, Sabrdyr,bir seni bagta ÿetirjek. Haÿsy bir dert üçin,aglap otyrjak, Giñ bolup ÿeñmeseñ,ÿalan dünÿäni. Öñde duran bagty,tutup bilmeÿäñ, Gijelerine,rahat ÿatyp bilmeÿäñ. Hijem,garrylyga ÿetip bilmeÿäñ, Giñ bolup ÿeñmeseñ,ÿalan dünÿäni. Arzuw-hyÿallaryñ ÿykylyp...dowamy...
Ÿanyp gör+1
Unudaÿyn senli günleñ süÿjüsin, Goÿ sowuklyk her demimde güÿjesin. Gaÿtaryp bereÿin bagtyñ bijesin, Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör. Neler çekenimi bilersiñ bir gün, Seni özge kalba edemde sürgün. Ot alañda ÿaşyñy dökmän durgun, Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör. Kynmydy söÿgime boÿnuñy egmek, Gelişmeÿär gadyr bilmezi öwmek. Şeÿle añsat bolsa ÿüregi döwmek, Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör. Seniñem ÿüregiñ abat galm...dowamy...
Şükür+0
Gyn günüñde gol uzatjak tapylmaz, Ÿene eneñ-atañ barlygyna şükür. Abraÿsyz işiñe,serpaÿ ÿapylmaz, Her işde,Allamyñ ÿarlygyna şükür. Aglamda aglatjak,gülemde güljek, Tenime tiken batsa,özünden görjek. Ÿaşanja ömrüni,sen diÿip öljek, Dag ÿaly kakamyñ ärligine şükür. Jennet ysy ÿaÿrar,ÿakyn uzaga, Seni gorar,özi düşer duzaga. Gadyryn bilip,galmaz ÿaly gazaba, Ejemiñ bir melek,hüÿrligine şükür. Mähriñiz ÿakymly dutar-gyjak...dowamy...
Gaty ajam bolma gyz!+1
Gaty ajam bolma gyz, birden zyñaymasynlar. Gaty süýjäm bolma gyz, birden iýäýmesinler ! Söý sen ýöne saýlama, ençä özüñ taýlama. Saýlap gijä galaýma, görüp oñaýmasynlar ! Gözellige sen guwanma, owadan diÿip öwünme. Söýesize söýenme, birden ýykaýmasynlar ! Özüñ saýla ýigidi, saýla algyr bürgüdi. Ýar tutunma bir iti, birden dishläýmesinler ! Birini söý,iki söýme, üçünjisini goýma. Basha atañda öýme, aýbyñ açaýmasynlar ! G...dowamy...
Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy…+5
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady, Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn. Ne ýakan oduňa bile bişişdiň, Ne-de meň başyma bolduň pena sen. Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp, Ýetdim şu günlere degilmän deme. Sataşanym, soň bolsa tutaşanym, Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe. Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary, Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir. Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim, Paýhas elegimiň gözi bitipdir....dowamy...
Goşa Gabyr+5
Dostum bir wakany gurrun bereyin. Sen dey yigdin kysmatyna yazmasyn. Su zatlary yazmak yenil dusenak Yuregim jugleyar yadyma salsam. Obada yaşayan halypam bardy, Yedi ogly yetişen işennir zordy... Ejelerem yaş ustunde yogaldy, Yzynda goyany yaşajyk gyzdy. O cagany mahir bilen soyduler Elden ele alyp hormat goydylar Ol naşyja mahirlije bolanson Mahrigozel diyen ady goydular Durmusyn şapbadyn Mahri gyz iydi Her...dowamy...
DURMUŞYŇ KADASY ✏.+4
Bir ýigit baranmyş şahyr ýanyna, Beripdir şahyra bir täsin sowal, Diýenmiş: "Gyzlar-a mydam näz edýär, Oglanam näz çekyär bu niçik ahwal?! Köp işi bitirýän elbetde oglan, Köp zähmet çekýänem elbetde oglan, Ýöne nämüçindir taryplanýanam, Näzi çekilýänem şol saçy boglan?! Ählije döreden goşgularňyzda, Eposlarňyzda-da, romanlarda-da, Gyz-a höküm sürýär, oglanam guly, Oglanlar uçraýar erbet derde-de..."...dowamy...
Jemi: 1338
<< 1 ... 58 59 60 61 62 ... 67 >>

Soňky teswirler

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика