Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Sen! Pardon siz mi demeliydim? Siz kaç yüzlüydünüz? Ben yanlışlıkla hanginizi sevdim?#Diamante
Şygyryýet dünýäsi
Seň toý günüň ...+6
Seň toý günüň...
Toýlan günüň gaýgymy
Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...
Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,
Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.
Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,
Howlugardyk bir-biregi görmäge.
Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.
Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!
Degerli bir bahana-da tapmandyň
Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.
Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,
Menem artyk söz tapmandym diýmäge.
Şeýdip, ahyrlady...
dowamy...yurekdes (10.01.2024 / 11:10) okaldy (160) teswirler (5)
Zar men+5
Öýkelegim öýke saklama menden.
Söýüp seni cykdym çak bilen cenden. Men pahyrda yshk peryadyn döreden
Seniñ shirin sözleriñe zar menem
Didelerñe satashanda gözlerim
Derbi dagyn bolyar aytjak sozlerim
Leýlajan diýmäge zardyr dillerim
Ayam söýýän sözleriñe zar menem
Gözümden daman yash adyñy ýazýar
Olar has köpelip topragy ezýar
Ine gülim eyyäm guÿz yetip gelyar
Mydamalyk ýar bolarña zar menem
Kemciliksiz adam yokd...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:36) okaldy (127) teswirler (3)
Meniň syrym sen+7
Ýyldyzlar süýndi, arzuw etdim men. Ýyldyzlar dey cäksiz umydym bolduñ!
On dördi gijäniñ aýy dey bolup,
Tümüssan dünýäme nur bolup dolduñ!
Ölen duýgularmy gaýta oýardyñ,
Bu gün goşgy yazmagyma sebäp sen!
Ellerimden tutduñ, düşdüñ öñüme,
Barýaryn sen bilen ba:tly ýöräp men!
Ykbal bize bagt wada berip du:r,
Ýylgyryp bakyp du:r bize bu durmuş.
Ynanýañmy? Geljegmizde täze-ce
Hemem bagtly günler garaşyp du:rmyş.
Meniñ...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:33) okaldy (195) teswirler (2)
Bolaýyn+4
Göwnüm aram tapýar sesiň gelende. Sözle sen sözleriňe maýyl bolaýyn.
Söýgüň ganat berdi galdym belende
Bu yşkyň jebrine kaýyl bolaýyn.
Mende ne erk goýduň ne-de ygtyýar
Göwnüm berip boldym mydan bagtyýar
Seniň barlygyňda jahan ýagtylýar
Ugruňda ser-sepil saýyl bolaýyn.
Kalbym elek kimin elendi her ýan
Göwnüm sende galdy gözlerim girýan
Bu älem ýüzünde şatdygyň görýän
Bulut ýaryp çykan Aýyň bolaýyn.
Goý ýagsyn ýa...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:30) okaldy (125) teswirler (1)
Müň gözelden birin saýlasaň+4
Müñ gözelden bir gözeli saýlasañ,
Ähli yşkyñ bir gözele gitmeli.
Müñ gözelden bir gözeli saýlasañ,
Müñ gözeliñ hatyrasyn tutmaly.
Söýgi diýilýänem umman ýalydyr,
Ahyr bir ýerlerden yklap çykmaly.
Ýöne müñ gözelden birin saýlasañ,
Tä ölinçäñ şonuñ näzin çekmeli....
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:28) okaldy (120) teswirler (2)
Sen owadan gyzdyň nowjuwan gyzdyň+3
Sen owadan gyzdyñ,nowjuwan gyzdyń
Seniñ kyrk keniziñ-yazyñ yelleri
Seyrana çykardyñ gulgun yaz bolup
Humay guş deý,yuz kereshme naz bolup
Örūm saçlań leylisaçyñ telleri
Òpsem,ópsem,ópsem diyyar yerleri!
Akyl-huśdan ayyrmasa yshk bormy?
Gözi yaşdan doyurmadyk yşk barmy?
Heser bilen balkyldayan dideleñ
Gursagymda umman bolup daşyardy
Gòzler gamaşyardy,Akyl çaşyardy
Seniñ kyrk keniziñ-yazyñ gulleri
Sen seyrana gel...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:26) okaldy (142) teswirler (2)
Gyz-Gelin waspy+3
Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
llerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr.
Gözleriniň agy-dünyaň...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:20) okaldy (128) teswirler (2)
Ejejan, Sen hakda ýazasym geldi...♥♥+4
Her adamda iki sany ganat bolýar: biri Eje, beýleki Kaka. Biz şol ganatlar bar wagty al-asmana uçup bilýäris. Ýöne, bir ganat bilen uçmak kyn düşýar... Has agyram eger sen pyýada ýöreýän bolsañ. Ene-atañyz gadyryny biliñ. Diñe olar sizi asmana uçurjak ynsanlardyr...
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!
Ogul-gyzyn adam...
dowamy...xuliganka (10.01.2024 / 05:17) okaldy (141) teswirler (4)
Öwünjeň däl men)+2
Munkyň çeken suratyndan elhenç men,
Niliň joşan akymy deý bulanyk,
Bir ýagşynyň dünýesinde ýigrenç men
Ýigrenc gözler synlar meni guwanyp.
Açyş men- ýigrimi ikinji asyrdan
Pazyrygyň halysyndan köne men
Gözlemeli bor- bäşinji pasyldan
Ker eşider görünerin köre men
Çaplini-de hereketsiz güldirip
Wang:a palçy boljakdygyny aýdan-men
"Öli" deňzi bir ýumrukda öldirip
"Ortaýeriň" ortasyndan gaýdan men
Syrlydyryn. (Piramidaň n...
dowamy...yurekdes (10.01.2024 / 00:48) okaldy (139) teswirler (3)
??????+2
Sen gitdiñ. Şo pursat boşady ruhum.
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.
Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyñ manysy ýitdi.
Hatda öz ruhuñam aldyñ-da gitdiñ;
Gol, gaşyñ, egniñi gözden salamok,
Ýöne olañ baryn öñki bolşy deý,
Seniñ syratyñda jemläp bilemok.
Çasly çeshmelerim akýar...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:48) okaldy (132) teswirler (3)
Men kimdir birini unudan ýaly+2
Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.
Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal,
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.
Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.
Her kim göräýmäge hoşgylaw ýa...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:37) okaldy (140) teswirler (4)
GÖZÝAŞLARYM SÜMSÜLEDIR ÖMRÜŇE+2
Seniň sümsüläňe seredip siňe,
Irkilen bagtymyz pikire batdy.
...Geýen zatlaň görkdi görküň üstüne,
Ýaglyk daňyşyňam duran sungatdy.
Keýik owlagy deý gyz gopuşyňdan
Düldürän mejnundym, ýanýardym çeper.
Syrly gülümsiräp, göz gypyşyňdan
Dogumly aklyma ýetipdi zeper.
Gyz başyňa ýaraşardy gök ýaglyk,
Aýna bakyp düzedişiň eserdi.
Toýlarda säw tapyp, gyzlardan galyp,
Golaý gelip pyşyrdardyň heserli.
"Saňa gerek dälmi ýaşajyk...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:33) okaldy (145) teswirler (2)
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler...+2
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.
Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.
Meger, şu bolmaly wysalyň solup,
Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri.
Ne-hä şatlyk galdy,
Ne-de gam galdy,
Günler kalendar deý tüketdi meni.
Içimdäki badyhow...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:31) okaldy (138) teswirler (3)
Sensiz oňmaryn+2
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.
Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.
Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!
Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:30) okaldy (126) teswirler (3)
Dushmak bagtymyzda yok eken bizin+2Dushmak bagtymyzda yok eken bizin
Bashga bir nazenin yar boldy mana
Belki, sen hazirem yeke yalnyzsyn
Gosha gorunmage utanyan sana
Yyllar yuzde goydy yakymsyz yzyn
Gozlerim uytgeman galypdyr dine
Belki, sen henizem owadan gyzsyn
Goja gorunmage utanyan sana
Italmaz Akmyradow...
dowamy...Dreamfull (09.01.2024 / 15:30) okaldy (145) teswirler (1)
Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?+3Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?
Gamsyz gezip yörün Ashgabatda men.
Yandak b/n yakyp demir pejiñi,
Duluña duwlanyp oturansyñ sen.
Ya jorapjyk örüp, Ya yamag yamap,
Unutjak bolyansyñ gaygyny-gamy.
Çyranyñ peltesin galdyryp käte,
Diñ salyp, Uludan alyansyñ demi.
Diñe pejiñ shatyrdysy diymeseñ,
Gum-guklukdyr, Bilyän, içeriñ eje.
Egsilen tüñçäni dolduryp arshy,
Goyarsyñ hemishe höwürdesh peje.
Kendirik gemiryän kör syçan kimi...
dowamy...Dreamfull (09.01.2024 / 12:38) okaldy (142) teswirler (4)
Arzywlaryn senin yoldasyn bolsyn...+2
Ynamsyzlyk boldy ykbal baýdagy Ownuk zatlar boldy bize bahana "Keçpelegem" söýgimizin aýdymy Ajy sözler dökülipdi dahana. Öňler bir-birege juda ýakyndyk Bagtly günler gabaklardan asyldy Bizi tomsuň yssy güni duşurdy Aýyranam şol aýylganc pasyldy. Diýerdim hemişe "Nesibam bolsa Sen öýüňii gelin bolup bezärin" Ýöne arzuw dagap, umyt şel açdy Inni dine seň bagtyny dilärin. Gündiz asla düsmesemem ýadyna Gi...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 12:07) okaldy (143) teswirler (3)
Bolup dur+2
Dost, dost diýip seni kän gujaklanlar,
Işiñ düşüp barsa ýalan bolup dur.
Düýnki maña derdin aýdyp aglanlar
Bu gün meñ derdime gülen bolup dur.
Kimler ata-enäñ, kim puluñ zary.
Kimler ýetip bilmez kim kowar ýary.
Bir haramlyk tapsa gaýtmaýan biri,
Il gözüne bäş egilen bolup dur.
Adam sen çydaman içdäki derde,
Dost diýip syr aýtsañ bir gün namarda.
Ýeñsäñden gybatyñ edip her ýerde,
Özi arassaja bolan bolup dur.
Dost diýi...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:31) okaldy (188) teswirler (4)
Gûÿz maňa pyşyrdap:"Men geldim!" diýdi+4
Kän bor güýzde süýji oýlara çümen,
Onda hyýal atym bolmasyn çaman,
Elinde sap-sary güllerden çemen,
Pyşyrdap güýz maňa: "Men geldim!" diýdi.
Şowsuzlyk duş gelse, görýän özümden,
Hiç ýalan tapylmaz ýöne sözümden,
Sypalap ýüzümden, öpüp gözümden,
Güýz maňa pyşyrdap: "Men geldim!" diýdi.
Eýäm alyp gitdi geňeşýänimi,
Men gizläp nädeýin göreşýänimi,
Göýä duýýan ýaly garaşýanymy,
Pyşyrdap güýz maňa:"Men geldim!" diýdi.
Ösmes...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:28) okaldy (171) teswirler (4)
Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak...+2
Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk,
Gelermikä indi giden şatlygam?
Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk
Kime gerek beýle düňle ýaşlygam
Unudulyp galdym duman düýbünde
Tozan basdym,
emma kalbym kireňsiz
Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde
Girewli ömri hasaplap men girewsiz
Asla haraý islamogam hiç kimden
Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir
Myhmanyňky diýilýädi üç günden,
Aýralykdan ençe hepde ötüpdir
Münejjimler ýylylygy söz berdi,...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:27) okaldy (153) teswirler (3)
Jemi: 1338
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk