Ýürekdeş sözler!
Relax : Durmuşda hemişe özümize degişli bolan zady biziň özümize satýarlar.#setdars
Şygyryýet dünýäsi
GÖZÝAŞLARYM SÜMSÜLEDIR ÖMRÜŇE+2
Seniň sümsüläňe seredip siňe,
Irkilen bagtymyz pikire batdy.
...Geýen zatlaň görkdi görküň üstüne,
Ýaglyk daňyşyňam duran sungatdy.
Keýik owlagy deý gyz gopuşyňdan
Düldürän mejnundym, ýanýardym çeper.
Syrly gülümsiräp, göz gypyşyňdan
Dogumly aklyma ýetipdi zeper.
Gyz başyňa ýaraşardy gök ýaglyk,
Aýna bakyp düzedişiň eserdi.
Toýlarda säw tapyp, gyzlardan galyp,
Golaý gelip pyşyrdardyň heserli.
"Saňa gerek dälmi ýaşajyk...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:33) okaldy (156) teswirler (2)
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler...+2
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.
Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.
Meger, şu bolmaly wysalyň solup,
Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri.
Ne-hä şatlyk galdy,
Ne-de gam galdy,
Günler kalendar deý tüketdi meni.
Içimdäki badyhow...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:31) okaldy (145) teswirler (3)
Sensiz oňmaryn+2
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.
Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.
Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!
Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 23:30) okaldy (132) teswirler (3)
Dushmak bagtymyzda yok eken bizin+2Dushmak bagtymyzda yok eken bizin
Bashga bir nazenin yar boldy mana
Belki, sen hazirem yeke yalnyzsyn
Gosha gorunmage utanyan sana
Yyllar yuzde goydy yakymsyz yzyn
Gozlerim uytgeman galypdyr dine
Belki, sen henizem owadan gyzsyn
Goja gorunmage utanyan sana
Italmaz Akmyradow...
dowamy...Dreamfull (09.01.2024 / 15:30) okaldy (156) teswirler (1)
Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?+3Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?
Gamsyz gezip yörün Ashgabatda men.
Yandak b/n yakyp demir pejiñi,
Duluña duwlanyp oturansyñ sen.
Ya jorapjyk örüp, Ya yamag yamap,
Unutjak bolyansyñ gaygyny-gamy.
Çyranyñ peltesin galdyryp käte,
Diñ salyp, Uludan alyansyñ demi.
Diñe pejiñ shatyrdysy diymeseñ,
Gum-guklukdyr, Bilyän, içeriñ eje.
Egsilen tüñçäni dolduryp arshy,
Goyarsyñ hemishe höwürdesh peje.
Kendirik gemiryän kör syçan kimi...
dowamy...Dreamfull (09.01.2024 / 12:38) okaldy (147) teswirler (4)
Arzywlaryn senin yoldasyn bolsyn...+2
Ynamsyzlyk boldy ykbal baýdagy Ownuk zatlar boldy bize bahana "Keçpelegem" söýgimizin aýdymy Ajy sözler dökülipdi dahana. Öňler bir-birege juda ýakyndyk Bagtly günler gabaklardan asyldy Bizi tomsuň yssy güni duşurdy Aýyranam şol aýylganc pasyldy. Diýerdim hemişe "Nesibam bolsa Sen öýüňii gelin bolup bezärin" Ýöne arzuw dagap, umyt şel açdy Inni dine seň bagtyny dilärin. Gündiz asla düsmesemem ýadyna Gi...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 12:07) okaldy (153) teswirler (3)
Bolup dur+2
Dost, dost diýip seni kän gujaklanlar,
Işiñ düşüp barsa ýalan bolup dur.
Düýnki maña derdin aýdyp aglanlar
Bu gün meñ derdime gülen bolup dur.
Kimler ata-enäñ, kim puluñ zary.
Kimler ýetip bilmez kim kowar ýary.
Bir haramlyk tapsa gaýtmaýan biri,
Il gözüne bäş egilen bolup dur.
Adam sen çydaman içdäki derde,
Dost diýip syr aýtsañ bir gün namarda.
Ýeñsäñden gybatyñ edip her ýerde,
Özi arassaja bolan bolup dur.
Dost diýi...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:31) okaldy (196) teswirler (4)
Gûÿz maňa pyşyrdap:"Men geldim!" diýdi+4
Kän bor güýzde süýji oýlara çümen,
Onda hyýal atym bolmasyn çaman,
Elinde sap-sary güllerden çemen,
Pyşyrdap güýz maňa: "Men geldim!" diýdi.
Şowsuzlyk duş gelse, görýän özümden,
Hiç ýalan tapylmaz ýöne sözümden,
Sypalap ýüzümden, öpüp gözümden,
Güýz maňa pyşyrdap: "Men geldim!" diýdi.
Eýäm alyp gitdi geňeşýänimi,
Men gizläp nädeýin göreşýänimi,
Göýä duýýan ýaly garaşýanymy,
Pyşyrdap güýz maňa:"Men geldim!" diýdi.
Ösmes...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:28) okaldy (179) teswirler (4)
Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak...+2
Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk,
Gelermikä indi giden şatlygam?
Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk
Kime gerek beýle düňle ýaşlygam
Unudulyp galdym duman düýbünde
Tozan basdym,
emma kalbym kireňsiz
Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde
Girewli ömri hasaplap men girewsiz
Asla haraý islamogam hiç kimden
Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir
Myhmanyňky diýilýädi üç günden,
Aýralykdan ençe hepde ötüpdir
Münejjimler ýylylygy söz berdi,...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:27) okaldy (162) teswirler (3)
Gûÿzûñ gelerine garaşýadym men.+4
Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat
ýeke söz üçinem göreşýädim men.
Hiç kime duýdurman, hemem assadan,
Güýzüň gelerine garaşýadym men.
Üstüme gülleriň ysyn sepelän,
Ýeller, ak çabgalar ýazlarda galdy.
Ýöne meniň görmek isleýän zadym,
Süýji arzuwlarym ýazlarda däldi.
Köýnek geýip egne sary güllerden,
Begenýädim güýz gelende çaga deý.
Aýdyň maňa, urup duran ýüregiň
küýsegine bolupmydy çäre heý?
Bir işiň başyna barmaly bols...
dowamy...yurekdes (09.01.2024 / 01:26) okaldy (181) teswirler (4)
ÝÜREKDEN SÖÝ SEN.+3
Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,.
Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň.
Häzir başga birin salsa-da ýada
Şapaga boýalan galňas köýnegiň,
Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde
Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň.
Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup,
Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip,
Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa.
Duýulmasyz zatlar...
dowamy...yurekdes (08.01.2024 / 20:53) okaldy (213) teswirler (2)
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, Bigünä söýgüden ar alanynda…+1
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap,
Ýene göz öňümde janlandy şol gün.
Neçün, henizlerem bilip bilemok—
Şol gün juda-juda göründiň solgun.
Durnalaň toýnugna dikip nazaryň,
Sypalap durşuňa güýzüň güllerin.
Bir zat diýmekçidiň,
başarmadyň sen,
Eda bilen gozgansa-da lebleriň.
Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi,
Seň ahmyrly gözleriňden okadym.
Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden,
Goýup söýgimiziň soňky nokadyn.
Haýran bol...
dowamy...yurekdes (08.01.2024 / 20:48) okaldy (182) teswirler (2)
Sensiz oñmaryn.+1
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.
Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.
Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!
Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur...
dowamy...yurekdes (08.01.2024 / 20:47) okaldy (199) teswirler (2)
Sapdyň+2
Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.
Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.
Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Taýyn däldik beýle agyr hijrana.
Kem-kem boýun aldym h...
dowamy...yurekdes (08.01.2024 / 20:45) okaldy (148) teswirler (2)
Gabanma!+2"Gabanyan" diyemde, "Gabanma" diydin. "Aglayan" diyemde, "Gamlanma" diydin. Kate gowunlikdin. Ejiz kalbyma, Kate gownum yykdyn, Donup salgyma. Goresim gelende,"Sabyr et" diydin, Shygyrlarmy okap,"Gabyr et" diydin. Duymadyn yuregmin,Ejiz galanyn, Cydaman dowuldi,Ejiz galamym. "Men yeke" diyemde,Sowdun yuzuni. "Men iki" diyemde,Yashlap gozuni "Meni yekelikde tashlama" diydin. "Menem bir wagtlar tashlanan" diyd...
dowamy...Dreamfull (08.01.2024 / 10:11) okaldy (204) teswirler (3)
Söýgi bilen dolumydy kükregiň+1Söýgi bilen dolumydy kükregiň Ýa-da özüň durşuň bilen söýgümi Ygşyldadyp gülälekleň ýapragyn Durmuş berdi maňa seniň aýdymyň. Hasrat bilen dolumydy gözleriň Ýa-da özüň doňup galan gaýgymyň? Ygtyýarym elden alyp sözleriň Meni derde goýdy seniň aýdymyň. Ýa şatlyga ýugruldymy ýüregiň Ýa baharlar joşup akýan derýamyň? Seni diňläp hem söýgüden, hem gandan Hem şatlykdan doldy meniň çar ýanym. Göý, ýaşasyn aýdy...
dowamy...Dreamfull (08.01.2024 / 10:05) okaldy (155) teswirler (0)
****+2
"Bir derdim var artık tutamam içimde..."
(Aýdymdan)
Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim.
Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!".
Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?!
Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri.
Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik
Unutdyk ertiri,öýle,giçligi
Dünýä gurduk ikimizden ybarat
Soñam oña salaýmadyk hiç kimi.
Ökünýäñmi?
Egmesene başyñy!
Indi yza garamaklyk nä gerek?!
Bu dünýäde...
dowamy...Belki (07.01.2024 / 21:56) okaldy (185) teswirler (5)
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap...+4
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap,
Gyssandyň gunçala:n gőwnűň açmaga
Sebàp ýokdy bukjalaryň gujaklap
Őnűp-ősen ojagyňdan gaçmaga.
Gaçdyň gitdiň,sorup ýuwdunaryňdan,
Az ýaly őýňűziň tàmiz howasy
Çagalykdan diňlàn hűwdűleriňden
Ýakymlydyr őýtdűň yşkyň owazy
Aýdym-saza hem zenzelà çolaşyp
Ýetdiň edýàň arzuwyňa-geregňe
Şatlan,aldyň bu şatlygy çalşyp
Ataň-eneň sőýgűsiniň deregne.
Diýýàň bu gűn«Razy bol» bir diysemd...
dowamy...Perman (07.01.2024 / 21:47) okaldy (176) teswirler (3)
Gitmeýäň gerek.+3
Geçmişiň çolaşan ýumagyn söküp
Henizem sen meni ýatlaýaň gerek?!
Ýalňyzkaň otagda göz ýaşyň döküp
Armanly günlere ätleýäň gerek?!
Keşbimi küýsäňde suratym jyklap
Kalbyňy ýalandan şatlaýaň gerek?!
Hyýalyňda ötünç sorap, gujaklap
Söýgüde özüňi aklaýaň gerek?!
Ömrüme ýakymly ýatlama diýip
Menli günleriňi toplaýaň gerek.
Aýralygyň otly donuny geýip
Janyňy ataşa oklaýaň gerek.
Bir namardyň ýazgarylsa edeni
Sessiz başyň egip...
dowamy...Fantom (07.01.2024 / 19:15) okaldy (178) teswirler (3)
Ýaman aýal hakynda.+1
Diňle dostum ýaman bolsa aýalyň,
durmuşda köp bolar çeken zyýanyň,
köýüp gider arzuw bilen hyýalyň,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Aklyň haýran bolar çaşyp dargarsyň,
zeýrenersiň öz özüňe gargarsyň,
içiň ýanyp wagtyndan ir garrarsyň,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Etjek işiň üstüne gar ýagdyrar,
sygmajak ýeriňe depip sygdyrar,
çagalaň öňünde başyň egdirer,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Doganlaryň gele bilmez, çe...
dowamy...Fantom (07.01.2024 / 19:06) okaldy (173) teswirler (3)
Jemi: 1467
Soňky teswirler
Ýokaryk