Ýürekdeş sözler!
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
Kynçylykdan saplan+3
KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!
Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok? Köp sanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň ýanynda ýene-de derdi egsik, gaýgysy az bende özüň bolup galarsyň. Ýyllarboýy düşekden galyp bilmän, agyrydan ýaňa p... dowamy →
👤 Mawy📅 12.05.2026 / 22:34👁️ 53💬
Yitirilen gapjyk we Uly sapak+2
Bir gezek gartaşan bir adam awtobusda barýarka, gapjygyndan pul çykaryp, petek (bilet) alýar. Şol wagt gapjygy ýere gaçýar, ýöne ol muny duýmaýar. Awtobusdan düşüp, biraz ýöräninden soň gapjygynyň ýokdugyny bilýär. Içinde bolsa barja puly we iň zerur resminamalary bar eken.
Adam yzyna ylgap barýar, ýöne awtobus eýýäm gidipdi. Ol bir gyrada oturyp: "Nätsemkäm? Indi hemmesi gutardy" diýip, gussa batýar. Şol wagt ýanyna bir... dowamy →
👤 Pandajyk📅 13.05.2026 / 10:52👁️ 55💬
"DarkWeb" - ýa-da ýagtylykdan tümlüge tarap (fantastiki hekaýa) (2-nji bölüm)+1
“Sessiz Signal” — 2-nji bölüm
Otag garaňkydy.
Diňe monitorlaryň gök ýagtylygy Albertiň ýüzüne düşýärdi.
Soňky dört gün bäri ol diýen ýaly uklamandy. Gözleriniň aşagy garalypdy. Elleri titräp durdy.
Émile Laurent-niň ölümi onuň aňyndan çykmaýardy.
Her gezek gözüni ýumanda şol ýazgy görünýärdi:
PATIENT STATUS: DECEASED
Birden monitor çyrpyldap gitdi.
Internete baglanyşyk kesildi.
Wi-Fi öçdi.
Telefon signaly ýitdi... dowamy →
👤 yegelekov04📅 18.05.2026 / 01:20👁️ 49💬
Zöhre ýyldyzy0

Klassyka girip giden Leýlidiñ, Men Mejnundym bakylyga öwürlen. Ýok biz hijisi-de däldik bularyñ, Men —aşykdym señ mähriñe höwrügen. Sen—magşukdyñ meñ mährime höwrügen, Ýaşdyk hemem bir mynasyp ýardyk biz. Biz durmuşa ýeñil garamyzokdyk, Bagtyñ manysyna düşünýärdik biz. Sebäbi sen asly daýhan gyzydyñ. Ýigiflere el ýetmez bir şahadyñ. Men daýhan ogludym, topragy düýnäp, Aslyşdym şol el ýetmez şahadan. Men... dowamy →
👤 MG8📅 12.06.2026 / 00:13👁️ 23💬
Ejeme0

75-i arka atyp, Sacyña gar ýagsa-da, Ýyllar ajap keşbiñ, Gasyn bilen bezesede. Meniñ üçin şol öñkije, Näme diýsem çekýän näzim, Gujagynda mähir doly Sowulmajak bahar ýazym, Ejemsiñ sen Mähribanym. Dilegim kän, uzak ýaşañ, Öz janyndan jan dözenim, Iñ ajaýyp arzuw bilen, Gutlaýaryn doglan günüñ! ....... dowamy →
👤 MG8📅 12.06.2026 / 01:21👁️ 28💬
Durmuş şeyle geň+3
Ÿagşylyk bilen ýamanlyk...
Suwlaryny şeylebir garyşdyran iki derýa bolup, olary biri- birinden aýyrmak mümkin däl.
Kynçylyk görmedik...
Durmuşyň ýükini egnine almadyk, ertiriniň gaýgysyny bilmedik, agyr dert çekmedik biri bilen derdiňi paýlaşmana synanşmak samsyklykdyr.
Durmuş şeýle geñ...
Iñ ýakynym diýip yörenleriňden alan ÿaralaryña ÿat adamlar derman bolÿar.
Häzirki döwür ynsanlygyña görä däl-de, hasap bilen syl... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 13.06.2026 / 16:24👁️ 26💬
Sessiz arhitektor we daşky sesler+2
Bir wagtlar, öz maşgalasy üçin uly we weýran bolmaz ýaly berk gala gurmagy ýüregine düwen bir binagär bar eken. Ol galanyň diňe bir owadan bolmagyny däl, eýsem iň güýçli tupanlara, harasatlara we kynçylyklara çydamly bolmagyny isläpdir. Şonuň üçin ol gurluşygy iň çuň we agyr fundamentden — esasdan başlapdyr.
Binagär ir-säherden tä gije gijä galýança işleýärdi. Daş-töwerekdäki adamlar, köçeden geçýänler we işsiz oturanlar... dowamy →
👤 hickim📅 14.06.2026 / 21:38👁️ 30💬
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 40
6.
Ýagşylygyň șahsy çägiňe girýärmi?
Hemme adamyň şahsy çägi bardyr. Eden ýagșylygyň șahsy çägiňe girmeli däl. Şol sebäpli hetdenaşa ýagşylyk etmek, saňa zyýan berse-de ýa-da seni kyn ýagdaýda goýsa-da ýagşylyk etmek bellibir derejede zyýanlydyr. Eliňden gelýän zady etmeli.
-Soňy.... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 15.06.2026 / 14:23👁️ 17💬
Ömür ýoly0
Ömür Ýoly
Sada ýaşa, sada gezgin dünýäde,
Ýüregiňe gussa bergin az-kem.
Dine ýagşylyk et ähli bendäge,
Mähirden döräpdir ynsan diýen zat.
Garaşýar ykbalyň her bir gününe,
Ynsanyň paýyna düşen bu ömür.
Baky zat ýok, barha ýakyn – düýşüne,
Ýyllar yzyndan gelýär şybyrdap.
Arzuwlar ynsan bilen ýaşasyn,
Pikirleriň päk bolsun her pursat.
Bagt – ýönekeý ýagşylykda ýaşyran,
Sada ýaşap, ömri etmekdir lezzet.... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 15.06.2026 / 14:28👁️ 16💬
Söýgi Gudrat (hekaýa)0
Aýjereniň giň dünýäsi daralyp, näderini bilenokdy. Näçe günden bäri göz monjugy ýaly oguljygy Meýlisjigiň aglap-eňräp ýatyşy, lukmanlar tarapyndan edilýän emleriň hiç hili täsir etmeýşi Aýjerene hiç ynjalyk berenokdy. Ilkibada etrap hassahanasyna ýüz tutan Aýjeren, soňra paýtagtdaky merkezi hassahana maňlaýyny diredi. Bu ýerde lukmanlaryň eden emleri, bejergileri netijesinde Meýlisjigiň aglamasy galdy, gyzgyny hem kadalaş... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 15.06.2026 / 14:30👁️ 16💬
Durmuş ýoly+1
DURMUŞ ÝOLY
Ýollaryň ugrundan sowaýma ýöne,
Hakyky sözleriň ýeri bar welin.
Aýralyk agyrdyr, gowuşmak gysga,
Ynsan ömri ýaly sowulýar ýeliň.
Ýönekeýje ýaşap, göwünleri aç,
Ýalançy dünýäniň hyrydary az.
Hakykata guwan, ýagşylyga teşne,
Ýürekde näme bar, şol bolar miras.
Göwnüňe degenler bolupdyr bizar,
Sabyr – adamyň iň gymmat baýlygy.
Dünýäniň işleri synagdan ybarat,
Hakyky dost bolsa – durmuşyň paýy.... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 15.06.2026 / 14:51👁️ 21💬
Ilkinji garpyşyk+2

Çingiz hanyň Horezmşalygyna çozmak üçin ýygnan gurultaýynda sözlän sözi
-Gara gylly atlaryň dabyrdysy, sähra ýelleriniň uwlamasy we mawy gögüň astynda lowurdaýan gylyçlaryň şöhlesi... On iki müň ýyllyk gumuň we ganyň taryhy şu pursatda, Onon derýasynyň boýundaky beýik gurultaýda täzeden ýazylmalydyr.
Beýik Han, sähra gopuzynyň iň soňky we iň elhenç owazy ýaly, öz goşunynyň öňüne çykdy. Onuň gözlerinde diňe bir gaharyň dä... dowamy →
👤 Mishel📅 15.06.2026 / 18:28👁️ 21💬
Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.+1
Mähri çekinip zordan hawa diýdi. Öýlän giçlik ýola çykansoňlar garaňky gatlyşyp barýardy.
Ýolda gelýarka sürji ýolyň ugryndaky ýylgynly oýyň garşysyndaky obalyga girip ýanyndaky ýigdiň bir işin bir minut bitirýänja garaşmaklarny haýyş etdi.Mähri münen maşyny taksi bolansoň gownüne hiç zat getirmedi.Ol arkaýyn Jemal bilen ondan mundan haýalrak mesasy gurruň edip otyrdy.Ol aýnajykdan özlerini synap otyran bu iki pälýamanyň... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 08:59👁️ 9💬
Hudaýsyzlar 3- nji bölümi.0
Mähri:
—hudaýsyz,beýtme,degme:- diýen sözi ýada düşýar,ýüzine urlan batly şarpygyň zarbyna ol özinden gitdi ...
Naçe sagat ýatany bilmedik Mähri özine gelende ,ýylgynyň ýüzine gaçan pürlerin aýryp ýuzune düşýan guniň şöhlesine seredip, bu kemsitmä çydam bilman, bagryn çägä berip ýer bagyrtlap aglady.Birden sesin goýyp
— Jemaaaaaaaal: - diýip ýylgynyň duýbinden baldyzna garşy emedekläp ugrady
Jemal bolsa özini bilman ýatyr... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 09:48👁️ 10💬
Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.+1
Mähri ekizleri gujagyna gysyp öz otagyna garşy gitdi
Ol çagalar bilen
guýmenip öz otagyndan öýläne çenli çykmady,ol olara guýmenip otyrka gaýyn enesi içeri girdi
- gelin diýýän-ä, Jemaljana ot ýaly gyzyp ýatyr men, jaň edýan welin oba doktormyz jaňyn alanok, bir işi çykyp daşaryk ukola puloka dagy telpunyn taşlap gidaýipdir öýtýän,men şoňa gidip geljek,we ondan aňyry daýy ugrymyz agşama sadaka aýtdy şoňa görnüp gijiräk ge... dowamy →
👤 афганка📅 Düýn, 09:54👁️ 13💬
Paşmadyk hyýallar we paşmajak arzuwlar0

Türkmen jemgyýetinde kommunizme we sowet döwrüne bolan garaýyş birmeňzeş däl-de, örän çylşyrymly, köptaraply we garyşykdyr. Bu düşünje taryhy wakalara, nesilleriň tejribesine we häzirki zaman syýasy-medeni ýagdaýlara görä üýtgeýär.
Türkmenleriň kommunizme bolan garaýşyny birnäçe esasy döwre we ugurlara bölüp öwrenmek mümkindir:
1. Taryhy Garşylyk we Basmaçylyk Hereketi
Kommunizm Türkmenistana ilkinji gezek XX asyryň başyn... dowamy →
👤 Mishel📅 Düýn, 11:36👁️ 8💬
Täze türkmenler köne taryhy musor guta zyňýarlar0

Taryhy öwrenmek ýa-da anyk hakykaty bilmek üçin Wasilij Ýanyň "Çingiz han" ýaly çeper romanlaryna ynamly çeşme hökmünde seredip bolmaz.
Muny subut edýän birnäçe möhüm sebäp bar:
1. Bu Taryh Kitaby Däl, Edebi Eser
Ýazyjy taryhy faktlary öwrenen hem bolsa, esasy maksady taryh ýazmak däl-de, gyzykly we dramatik roman döretmek bolupdyr. Çeper edebiýatda ýazyjynyň gahrymanlary götermäge, olary has ýigrenji ýa-da has akylly edi... dowamy →
👤 Mishel📅 Düýn, 21:11👁️ 6💬
JAŇ EDIŇ!0
Günde iñ bolmanda ýekeje gezek,
Beýniñizi ümsümlige sem ediñ.
Idäp, bar wagtynda, sylap, hormatlap
Käbäñizden habar tutup jañ ediñ.
Söýgüñizi diñe gyza gidirmän,
Mähiriñiz her bir zada deñ ediñ.
Ýok wagtynda aglap, eñräp, gynanman
Bar wagtynda, ýatlap ejä jañ ediñ.
Hatda, edil şuwagtam bir pille,
Hany, ähli pikiriñiz jem ediñ.
Ertir ýa-da bir sagat däl, şuwagt
Käbäñize, ejeñize jañ ediñ.
Mekan Ýagmyr
Çeşme:
"O... dowamy →
👤 Gulmahrem📅 Düýn, 22:02👁️ 5💬
Jemi: 1798 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta







